10:14 Stefan Sweýgiñ gündeligi | |
STEFAN SWEÝGIÑ GÜNDELIGI
Edebi makalalar
Gündelik ýöretmegiñ mende aýratyn möhüm orny bar. Gündelik - edebi žanrlaryñ arasynda iñ pynhan we iñ gyzykly ugurlardan biridir diýip pikir edýärin. Döwrümiziñ görnükli ýazyjylaryndan Stefan Sweýgiñ "Gündelikler" kitabyny okanymda ýazyjyny, sungat adamsyny we alymy tanamak üçin gündelikleriñ nähili ähmiýetlidigine düşündim. Sweýg hemmetaraplaýyn kämil intelligent bolmagyñ agyr ýüküni gerdeninde göteren we ömrüniñ galaba bölegini sürgünde geçirmäge mejbur bolan ýazyjy. Ýakynlaryndan arany açmaga, daş-töwereginden daşlaşmaga, uruş we genosid ýaly betbagtçylyklar bilen dünýäniñ ýaşar ýaly bolmandygyna, ynanýan gymmatlyklarynyñ sozulmagyna çydam edip bilmän 1942-nji ýylsa aýaly bilen birlikde öz janyna kast edipdir. Bu ýazyjy uruşyñ iñ rehim-şepagatsyz ýüzüniñ we bolup geçen tragediýalaryñ janly şaýadydy. Şonuñ üçinem gören-eşden we başdan geçiren zatlaryna bolan nägileliklerini kagyza geçiripdir. Hakykatlaryñ berýän çökder ruhy ahwaly bilen kämahal "Gündeligine" belleýän ýazgylaryny ýyrtyp zyñanam bolsa, galamyny hiç elinden düşürmän ýazmagyny dowam etdiripdir. Sweýgiñ kitaplarynda umuman edebi jogapkärçilik, şahyrana dil, çuññur düşünjeler jemlenýär. "Gündelikler" Sweýgiñ tutan dokuz depderinden ybarat we 1988-nji ýylda Germaniýada çap edilen ýazgylaryny öz içine alýar. Sweýgiñ durmuş ýoluna we eserlerine uly üns berlen bu kitap diýseñ baý mazmuna eýe. Bu kitapdan onuñ birinji we ikinji jahan uruşlaryny gören biri hökmünde hem-ä döwrüne, hemem öz içki dünýäsine degişli gyzykly bellikleriñ üstünden baryp bilersiñiz. Bu ýazgylar onuñ uruşlaryñ getiren gorky-ünjilerini ýeñmegiñ tagallalaryny, adamzadyñ adyndan umytlaryny we wagtal-wagtal zeýrenmelerini, begençlerini äşgär edýär. Şeýle-de Sweýgiñ okan kitaplary we täsirlenen ýazyjylary hakdaky pikir-oýlaryny, döwürdeş ýazyjylary bilen habarlaşmalaryny, edebi sferasy bilen gatnaşyklaryny, gezen aýallaryna we tanyş-bilişlerine, dost-ýarlaryna bolan duýgylaryny-da öwrenip, onuñ durmuşyna has ýakyndan seretme mümkinçiligini berýär. "Günüñ iñ gowy sagady - agşam ýalñyz galanymdaky imisalalyk. Diñe şonda pikirlenip we dynç alyp bolýar!" Sweýg Gitleriñ gara nebsi zerarly uruş we zulum batgasyna batan Germaniýanyñ we dünýäni ýakyp-ýandyran uruşyñ getirjek netijelerini hemmelerden öñ we düýpden duýýardy. Ol bu meseleleri öz şahsy meselesi ýaly görýärdi. "Uklap bilmedim. Gije sagat 03:00-da turdum. Eşden habarlarym ganymy gyzdyrypdy. Diñe alada edeniñ bilen çäklenip bolmajak derejede köp zat eşitdim. Soñy gelmezmikä bu zatlaryñ barsynyñ. Germaniýanyñ hasabyna söz bilen beýan edip bolmajak gorkyny başdan geçirýärin..." Stefan Sweýg (1881-1942) Ýazgylarynt ýiti täsir ediji stilde ýazan Sweýgiñ gündeligindäki hasaplaşmalar, ýazyşmalar we döwürleýin maglumatlar hem-ä okyja täsir edýär hemem taryhy çeşme emele getirýär. Bolup geçen wakalar, ýitirilen adamlar, döwrüñ öñdebaryjy şahsyýetleri bu gündelikde ýaşamagyny dowam etdirip, ýatdan çykarylmakdan halas bolýarlar. "Gündeligiñ" sosial ylymlar we çeper edebiýat ýaly dürli ugurlaryñ kämilleşmegine uly goşant goşandygyny pikir edýärin. Tolstoýyñ "Boýun almalarym", Antonio Gramşiniñ "Türme depderleri", Dostoýewskiniñ "Ýazyjynyñ gündeligi" bu žanryñ iñ gowy mysallarydyr. Şol sebäpden gündelikleriñ, ýatlamalaryñ, hatlaryñ okalmagyny hökmany gerek zat hasaplaýaryn. Men islendik okyjynyñ ýazyp bilme ukybynyñ bolmalydygyny pikir edýärin. Okamak täze-täze zatlary bilmegimizi gazandyrýar. Ýazmak bolsa öwrenen zatlarymyzy berkitmegi, peýdalanmagy we belläp goýmagy öwredýär. Şahyryñ ýa-da edebiýatçynyñ oý-pikirlerini edebi formada beýan etmegini elmydama möhüm hasaplaýaryn. Çünki olar roman, hekaýa ýaly žanrlarda ussatlyga ýetýär. Käbirleri pikirlerini ylmyñ sowuk we guraksy dilinde beýan etse, edebiýatçylar poeziýanyñ we romanyñ gyzgyn, duýguly sözlerini saýlap alýar. Islendik intelligenti ýaşan döwründen aýry göz öñüne getirip bolmaýar. Olaryñ geçen durmuş ýoly ýaşan döwürleriniñem yzlaryny özünde saklaýar. Sweýg gündeliklerini käwagt-a gahryman, käwagtam synçy ýaly ýöredipdir. "Gazetler Germaniýadan gelýän gorkunç habarlary ähli jikme-jikligi bilen berýär: akar suwlara awuly himikatlar taşlanypdyr, garawsyz şäherler bombalanypdyr. Bizden kelam agyz söz ýok. Biçäre ejem eýýäm bizi gaýgy edip aglamaga başlady. Hernä onuñ edýän gaýgysy dogry bolup çykmasady-da..." Meşhur ýazyjy gündelik wakalary gazetlerden, radiolardan, gelýän hatlardan we dost-ýarlary bilen edýän gürrüñlerinden yzarlapdyr. Uruş belasynyñ getiren ugursyzlygyny we trawmalaryny süññi bilen syzypdyr. Hemme zady anyk senesi, güni bilen ýazypdyr. Eýsem-de bolsa, her gören-eşden zadyny belläp goýmaga ähmiýet beren Sweýg üçin gündelik ýöretmek nämäni añladypdyr? "01.05.1915 ý. Ikinji depderime başladym. Meniñ üçinem garaşylmadyk we eýmençlik duýgusyny oýarýan zat". Ýazma işi bilen meşgullanmak onuñ başdan geçirenleriniñ hunabasyny ruhunda täzeläp durandygyna garamazdan ýazmagyny dowam etdiripsir. Gözi bilen gören zatlaryny hunaba çeke-çeke belläp goýdy. Belki-de adamlar bu wagşyýanalygy okar we dagy-duwara beýle zatlar gaýtalanmaz diýip ýagşy niýet etdi. Sweýg biperwaý intellektual bolmakdan ýüz öwrüpdi. Ýazma jogapkärçiligi hakykatdanam şeýtmegi talap edýär. Hatda adamy tragediýa we ýalñyzlyk bilen başa-baş goýýanam bolsa... Stefan Sweýgiñ "Gündeligini" okamak mende onuñ biografiki kitaplaryny, romanlaryny we hekaýalaryny gaýtadan okamak meýlini oýandyrdy. Gündelik ýöretmek ýakynlarymyz bilen hatlaşmak, olary jemlemek, ýatlamalarymyzy kitaba geçirmek üçin bizi pikirlenmäge iterýär. Sosial mediýa ulgamlary bilen gurşalan döwrümizde az-kem haýallap, edýän işlerimizi we gören-eşden zatlarymyzy ýazmak özümizi diñlemäge we tapmaga ýardam edip biler. Sweýgiñ gündeligi ýazmak bilen durmuşyñ arasyndaky arabaglanyşygy diýseñ owadan görnüşde açyp görkezýär. Sweýg öz döwrüne hemmetaraplaýyn añ edip, ötgür galamy bilen bize aýdyp berýär. Hernäçe öz durmuşyndan bölekleri berýänem bolsa, aslynda ol dünýä taryhyny gürrüñ berýär. Okamagyñyzy maslahat berýärin. Behçet DARGYN / behcetdargin@gmail.com Şenbe, 02.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |