HARUT WE MARUT
Harut hem Marutyñ başyndan geçen wakalar barada eşitdiñmi? Olaryñ bar işi Allaha ybadat etmekdi. Ilkibaşda olar perişde hökmünde asmanda ömür sūrdūler. Soñra olaryñ endam-jany, döwleriñki ýaly gam-gussa öwrūldi. Olar nebisden we şöwketden uzak durdular, serhoşlyk diýen zady bilmediler, gūna etmediler.
Allah Adam atany yere gönderende, olaryñ kalbynda bir ot tutaşdy. Olar Allatagallanyñ huzuryna gelip, içlerini dökdūler. Başda olar şeýle diýdiler: ''Belki, Adama Ýerdäki wekil laýyk bolmak bolsa-da bolandyr, emma onuñ nesilleri azgynçylyga we ganhorlyga ýūz urdy, ýeriñ ýūzi bulagaýlykdan doldy".
Olar özini adamdan artyk saýdylar we şol sebäpli hem yagşylyk garasyny görmediler. Allatagala olara gonalga berdi, dūnýäniñ paýtagtyna yollady. Ajaýyp Zöhräniñ ýūzūni görūp, öz gutulyşlarynyñ ūstūni galam bilen çyzdylar. Oña aşyk boldylar-da, bar zady unutdylar, gūndizlerini elewräp, gijelerini ýatman geçirdiler. Zöhre gelip, olara tarap egildi-de, ýuwaşlyk bilen olaryñ ikisiniñ hem gulagyna pyşardady: " Siz meni hakykatdan hem söýýän bolsañyz, meniñ permanlarymdan beýleki permanlara gulak asmak size gadagan ediler. Gozgalañçylaryñ geýýän lybasyna būreniñ, azgynçylyk ediñ, adam öldirin we şerap için! Hemrañyz bolmagymy isleýän bolsañyz, mana Ismi-Agzamy öwrediñ!".
Olar başda azgynçylyk etmediler, adam öldūrmediler, emma şerap içenlerinden soñ, şol işleriñ ikisini hem etdiler. Olar Zöhra Ismi-Agzamyn syryny açdylar we daş ýaly bolup, hasrat guýusynyñ içine gūtläp dūsdūler. Zöhre Ismi-Agzamy öwrenen badyna, bu ismi-şerif ot ýaly bolup, ony çirkizdi. Ol bu ady agzyna alan badyna asmana göterildi, Aý onyñ gapy garawuly, Gūn janpenasy boldy.
Olar duşmanlar tarapyndan harlanan, serhoşlukdann başlary sämäp duran, gözgyny haldaÝerde galyberdiler. Haýyr-da, şer-de täleýe bagly. Olar şerap içip, täleýiñ kararlaryny yzyna aldyryp bilmediler.
Serhoşlykdan aýňalanlaryndan soñ, olar lapykeçlige dūşdūler. Uludan dem aldylar. Agyzlaryndan çykan dem oduñ tūsseden saýlanyp duran alawyny yatladyardy. Bir işiñ gaýdansoñ,uludan dem alanyñ peýdasy näme? Olar: "Hata--guldan, ata (bagyşlamak)--patyşalardan" diýip, gūnalerini geçmegimizi diläp huzurymyza geldiler."Biz eden işimize şeýlebir utanýarys welin, hatda gūnämizi geçmegiñizi haýyst etmage-de çekinýäris. Bize jezamyzy şu ýerde ber, çūnki beýleki tarapda dūýn hem, şu güm hem,ertir hem ýok" diýdiler.
Olar Babyldaky guýularyñ birinde başaşak asylgy durlar wr lapykeçlik gözýaşlaryndan başga içere şerap tapanoklar. Adamlar säher çagy olardan jadygöýligi öwrenmek ūçin, guýynyñ başyna gelýärler. Olardan islän zatlaryny öwrenýärler we göwūnleriniñ isleýşiçe zorlukdyr adalatsyzlyk edýärler".
Ferideddin ATTAR.
"Bilbilnama"
Halk döredijiligi we rowaýatlar