20:42 Häzir Belarus we Lukaşenko nämüçin dünýä derejesinde öñe saýlanýar? | |
HÄZIR BELARUS WE LUKAŞENKO NÄMÜÇIN DÜNÝÄ DEREJESINDE ÖÑE SAÝLANÝAR?
Publisistika
"Ýadro ýaraglarynyñ Belarusyñ çäginde ýerleşdirilmeginiñ howplary goñşy Ukraina çenli uzaýan täze "geosyýasy" reallygy getirýär. Belarusyñ döwlet ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenkonyñ ady öñümizdäki günlerde köp eşdiljege meñzeýär. Belarus respublikasy "fotokartinanyñ" öñki hataryna dolanyp geldi. Muny üpjün edenem onuñ döwlet ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenkonyñ äden birnäçe ädimi boldy. Şol ädimleriñ ilkinjisi ýadro ýaraglaryñ öz ýurdunyñ çäginde ýerleşdirilmegini oñlamak ýa-da has dogrusy, talap etmek boldy we munuñ özi ýer ýüzüne täze geosyýasy reallygy dakdy. Bu reallygyñ sebitleýin we halkara arenadaky güýç deñleşmelerini çepbesine çöwrüp taşlajakdygynyñ alamatlary bar, bulam Lukaşenkonyñ we Russiýanyñ paýtagtyndaky karar kabul etme gatlaklarynyñ birnäçe wekiliniñ çaklamalaryna görä, NATO güýçleri we olaryñ ýanynda duran elliden gowrak Günbatar ýurdunyñ wekilleriniñ peýdasyna bolmaz. Sebitde Russiýa-Ukraina urşunyñ çäginde bolýan üýtgeşmeler we "Wagner" toparynyñ başlygy Ýewgeniý Prigožiniñ gozgalañyndan gelip çykan "haý-haýly" ber-başagaýlyk Lukaşenko ýerli we sebitleýin syýasy arenanyñ öñki hatarlarynda täze rol berdi. Lukaşenko bu roly arada durmak we "gozgalañy" soñlandyrmak üçin ulandy. Munuñ özi Belarusyñ "Kiýewi azat etmek" üçin elmydama bil baglaýan "garşylyklaýyn hüjümi" bilen bir wagtdaky "ukrain konflikti" bilen bir hatarda 10-11-nji iýulda Litwanyñ paýtagty Wilnýusda geçirilmegi meýilleşdirilýän NATO guramasynyñ agzasy ýurtlarynyñ ýolbaşçylarynyñ ýygnanşygyna degişli soñky üýtgeşmeler pellesinde oýnap biljek başga bir roly üçin giriş bolup biler. Soñky birküç hepde Belarusyñ garaşylmadyk netijeleri emele getirip biljek ýagdaýa tarap barýandygyny görkezýän birnäçe ädime şaýat bolundy. Belarus 2020-nji ýylyñ awgustynda döwlet ýolbaşçysy Lukaşenkony agdarmaga edilen synanşygyñ getiren gapma-garşylyklarynyñ tasdan pidasyna öwrülýärdi. Aýdylyşy ýaly Minsk öñ bolşy ýaly häzie ýene "islemezden" "topuñ öñünde" durýar. Has öñem Belarus Ikinji jahan urşuna tarap hökmünde aradan aýrylandygyny mälim etmek üçin 1941-nji ýylyn 22-nji iýunynda ýurda çozan nemes faşistleri bilen ýüzbe-ýüz bolup galan ilkinji soýuz respublikasydy. Synçylaryñ nygtamagyna görä Prezident Aleksandr Lukaşenko rus teleýaýlymyna Belarusyñ Moskwa bilen Kiýewiñ arasyndaky çaknyşyga "taýma" ähtimallygy hakda durup geçdi. Lukaşenko Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñ Minskden bu çaknyşyga goşulmagy talap etmändigini we taktiki ýadro ýaraglaryny güýçlendirme babatdaky kararyñ öz şahsy kararydygyny aýtdy. Ol öñem Sowet Soýuzynyñ dargamagynyñ yzyndan Gazagystan we Ukraina bilen meýletin ýagdaýda el çeken "ýadro ýaraglarynyñ" ýurduna berilmegini Putinden towakga edendigini boýun alypdy. Munuñ özi jemgyýetçilik tarapyndan tanalmagyñ şerti hökmünde bu üç ýurduñ çäginde ýerleşdirilen ýadro ýaraglaryñ Russiýa gaýdyp berilmeginiñ we "Ýadro ýaraglaryñ ýaýramagynyñ öñüni almak boýunça şertnamasyna" gatnaşygy boýna dakýan halkara ygtyýarlygyñ hökmanylygydy. Şunuñ bilen birlikde SSSR-iñ ýanynda Belarus we Ukraina garaşsyz iki ýurt hökmünde Ikinji jahan urşunyñ netijelerine görä geçengeçdi bilen BMG-nyñ düýbüni tutan agzalaryñ arasyna girizildi. Munuñ özi Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiniñ geçen 17-nji fewralda Mýunhende geçirilen Ýewropanyñ Howpsuzlyk konferensiýasynda ýadro statusynyñ ýurduna gaýdyp berilmegi hakdaky talabyny ýada düşürip biler. Putin şu meseläni ýatladyp, Ukrainanyñ "öñki ýadro sowet" mümkinçiliklerinden galanlary ulanmak ähtimallygy hakdaky aladalanýandygyny aýtdy. • Ýadro haýbaty Synçylar Lukaşenkonyñ "Putiniñ Minskden Ukraina garşy uruşda Russiýanyñ tarapyna geçmegi talap etmändigi, çünki munuñ has erbet boljakdygy, üstesine äden ähli ädimlerine garamazdan Günbataryñ giñ gurşawly täze uruşdan öler ýaly gorkýandygy" hakdaky sözlerini ýatladýar. Russiýanyñ Ukraina çozan gününden bäri Lukaşenko ädýän ädimlerinde we berýän beýanatlarynda juda seresaplydy we çekinjeñdi. Muña garamazdan ýurdunda 2020-nji ýylyñ tomsunda bolup geçen we Lukaşenkonyñ agramly möçberde üstün çykandygyny mälim eden prezident saýlawlarynyñ netijeleriniñ "ýoýulandygy" hakda aýdylanlar bahana edilip, prezidenti agdarmaga eden synanyşyklaryñ yzyndan "ýadro ýaraglarynyñ" yzyna berilmegini talap eden adamyñ özüdigini aýdypdy. Lukaşenko "ýurda çozulan ýagdaýynda ýadro ýaragyny ulanmaly bolsa ikirjiñlenmän ulanjakdygyny aýtdy. Russiýanyñ içindäki we daşyndaky synçylar Lukaşenko bilen Pribaltika ýurtlary (Estoniýa, Latwiýa, Litwa) we bilelikde Polşanyñ liderleriniñ arasynda bolan "sene-menä" we bu ýurtlaryñ arasynda bolup geçen garşylyklaýyn ädimlere yşarat edýär. Agzalan ädimleriñ arasynda 2020-nji ýylda Lukaşenkony agdarmaga synanyşan oppozision liderlere arka durmak we Belarusdan gaçanlaryndan soñ olaryñ alyp baran ähli duşmançylykly işlerini goldamak hem bar. Lukaşenko muña ýurdunyñ bu ýurtlara we 2 müñ 500 kilometrdejem gowrak umumy serhetleriniñ bardygyny aýdyp, agzalan meseleleriñ soñuna nokat goýmalydygyny, ýogsam hiç kimsäniñ şol ýerlerden Minskä gönükdirilen howpuñ abanmajagyna kepil geçip bilmejekdigini nygtady. Ol sözüniñ üstüni ýetirip, şeýle diýipdi: - Günbatar tarapdan geljek bular ýaly samsyklaç zatlar biziñ köp ýerde kellämizi agyrdar. Aýdýanlaryna begenişleri ýaly, bellenen çyzykdan geçen ýagdaýlarynda özleri awunmaly bolar. Lukaşenko ýurdunyñ goranmak maksatly ýadro ýaraglaryny ulanma ähtimallygyna we Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñ belarus topraklaryna ýollan ýadro ýaraglarynyñ ulanylmagynyñ "Russiýanyñ gözegçiligi astynda boljakdygy" hakdaky sözleri bilen "Belarusyñ garaşsyzlygyna we özbaşdaklygyna ýaramaz täsir edýän ýaly" bolup görünen zada degişli tutumlarynyñ düýp mazmunyny düşündirdi. Munuñ özi Prezident Lukaşenkonyñ pertligini we has öñ "ýadro ýaraglarynyñ ýurduna gaýdyp berilmegini" talap eden adamyñ özüdigini aýdandaky höwesini görkezýär. Olga Skabeýewa Şeýle-de, Lukaşenko tanymal rus žurnalisti Olga Skabeýewa bilen geçiren duşuşygynda gülen bolup: "Belarusyñ goranmak maksatly ýadro ýaragyny ulanmagyñ üstünde Putine edilen ýeke çagyryş bilen ylalaşyga gelip bolar" diýdi. Belarus respublikasynyñ prezidenti gürrüñini şu sözler bilen dowam etdirdi: - Uruş tursa, men töweregime garanjaklap durar öýdýärsiñizmi? Şobada elime telefonymy alaryn, nirede bolamda-da elime telefonymy alaryn. Islendik pursatda til kakaryn. Eger şeýle bolsa, bular ýaly agdarlyşygy koordinirlemegiñ nämesinde bökdençlik bar? Belarusda ýerleşdirilen goranmak maksatly ýadro ýaraglary ABŞ-nyñ (Ikinji jahan urşy soñlanmanka 1945-nji ýylyñ awgustynda) Hirosimada we Nagasakide ulanan bombalaryndan üç esse güýçli. • Aýgytlaýjy arakesme Birleşen Korollyk Ukraina gönüden-göni ýadro tehnologiýasy bilen baglanyşykly kemeldilen uran raketalaryny berendigini mälim edýänçä, Putiniñ soñky hepdelerde goranmak maksatly ýadro ýaragyny ulanma ähtimallygyna ýüz urmagy ýa-da has dogrusy mejbur bolma ähtimallygy boýunça görkezen çynlakaýlygyndan dil ýarmazlygy gyzykly. Geçen maý aýynda Lukaşenko ýurdunyñ rus ýadro ýaraglary üçin ammar gurma işleriniñ tamamlanandygyny habar berip, "Minskiniñ" ýurdunyñ çäginde ýerleşdirilen Moskwa ýaraglary bilen doly jogapkärçilikli gyzyklanjakdygyny we hemme zadyñ ugruna boljakdygyny" belläpdi. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy-da ýakynda Sankt-Peterburgda geçirilen ýyllyk ykdysady forumynda bu meseläniñ üstünde gaýtadan durup geçip, ýurdunyñ gazanan zadynyñ ähli NATO agzalarynyñ gazanan zatlarynyñ jeminden has köpdügine ünsi çekipdi. Bütin bularyñ barsy Aleksandr Lukaşenkonyñ ýakyn wagta çenli "prezidentiñ aşpezi" diýlip gelnen we Sankt-Peterburgda iñ gelim-gidimli birnäçe restorana eýelim edýän adamyñ "gozgalañyndan" gelip çykan konfliktiñ gözegçlik astyna alynmagy babatda oýnan we oýnamaga dowam eden merkezi rolundan soñ gelýär. Gürrüñi gidýän restoranlarda Putin günbatarly ýurtlaryñ liderlerinden birnäçesini myhman alypdy. Şol myhmanlaryñ arasynda Fransiýanyñ öñki prezidenti Žak Şirak, ABŞ-ly kärdeşi Jorj Buş bilen birlikde Ýewgeniý Prigožin bilen Putine we beýleki liderlere nahar hödürlände tanşandygyny aýdýan Aleksandr Lukaşenko hem bar. Belki-de Lukaşenko we onuñ Prigožin bilen tanyşlygynyñ baglanyşygynda Prigožin hakyndaky habarlaryñ ýygy-ýygydan Belarus bilen bile ýatlanmagyna yşarat etmek täsin bolup biler. Agzalan habarlara otuz iki sany "Wagner" agzasynyñ soñky ykbalyna dahylly habarlaram degişli. Şol otuz iki adam 2020-nji ýylyñ awgustynda Belarusdaky prezident saýlawlarynyñ netijeleriniñ mälim edilmeginiñ yzysüre Günbatar kontrrazwedkasynyñ Ukraina bilen birlikde taýýarlan Lukaşenkony agdarma meýilnamasyna goşulmaklary üçin Ukraina tarapyndan aldawa düşürilen adamlar. Belarus respublikasynyñ Howpsuzlyk gullugy Lukaşenkony agdarmaga synanyşanlara şärikdeşlik etmekde aýyplaýan "wagnerçileri" tussag astyna alypdy. Soñra bu meýilnamany Moskwa äşgär etdi we yzyndan olar boşadyldy. Şol wagtdan bäri şu güne çenli dowam eden belarus oppozision hereketleriniñ garşysynda we günbatarly sferalaryñ synlamasynda iki paýtagt Moskwa bilen Minskiñ arasynda ýakynlaşma marşruty başlady. Ukrain frontunda ýa-da Polşa ýa bolmasa beýleki goñşy ýurtlar tarapyndan Belarusa garşy gönükdirilen haýsydyr bir howpuñ garşysynda partlap biljek haýsydyr bir urşa goşulma mümkinçilikleri ilkibaşda baglanyşykly zatlardan ötri Prigožin bilen köp sanly "wagnerçileriñ" Belarusa ýollanmagy heýjanlandyrýar. Ýöne bu biziñ pikirimizçe Putiniñ "hyýanat" we "arkadan pyçaklama" diýip baha beren operasiýasy sebäpli Russiýanyñ bagyşlamajagy anyk bilinýän Prigožiniñ geljegi üçin kepillik bolup bilmez, biz munuñ üstünde Moskwadan gelen öñki habarymyzda-da durup geçipdik. Şol wagta çenli gözler hemme zatdan öñ Moskwanyñ Putin aýtmyşlaýyn "Russiýa howp salýan howp-hatarlaryñ emele gelen" ýagdaýynda ulanmak üçin belarus topraklarynda ýadro ýaragyny ýerleşdirmegine dikildi. Bu ýagdaý Lukaşenkonyñ "Russiýa dargasa, hemmeler onuñ harabasynyñ astynda galar" diýen sözlerini tassyklaýar we Lukaşenkonyñ ýurdunyñ global syýasat kartasynyñ öñki hatarlaryndaky ornuny dowam etdiren ähli beýanatlarynyñ üns berilmegini talap edýär. Sami IMARE. Şenbe, 01.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |