23:58 Her kimiň öz paýy / slowak tymsaly | |
HER KIMIŇ ÖZ PAÝY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Kiçiräk şäherleriň birine çykyş etmek üçin sazanda gelipdir. Ol şäherjigiň tomaşa jaýyna barsa, asla hiç kim ýok diýen ýalymyşyn. Käýerde bir adam otyr diýýä. Sazanda öňki hatarda ýeke özi oturan tomaşaça ýüzlenipdir: — Näme, adamlar meniň çykyşymyň boljagyny eşitmedilermikä? — Ony-ha biljek däl, özüm-ä tötänden eşitdim — diýip, tomaşaçy jogap beripdir. — Sen nähili pikir edýäň, men indi saz çalsammykam ýa çykyşymy goýbolsun edäýsemmikäm? — diýip, ol öňde oturan tomaşaça ýüzlenipdir. Tomaşaçy şeýle jogap beripdir: — Aý, men bir ýönekeý atbakar. Bu zatlar barada üýtgeşik aýdybiljek zadym-a ýok. Ýöne bir zady aýdybiljek: atýataga baranymda, beýleki ýabylaryň barysy gaçyp gidip, ýekejesi galanam bolsa, men oň iýmini berýän. Atbakaryň aýdanlary sazanda güýçli täsir edipdir. Ol sesini çykarman, yzyny üzmän birnäçe saz çalypdyr. Soň ýene çalypdyr. Ahyrsoňy, çykyşynyň täsirini bilmek üçin ýene-de öňde oturan tomaşaça ýüzlenipdir. — Nähili, saz size ýaradymy? Ýene çalaýynmy ýa indi bes edäýsemmikäm? — Wah, aýdýan-a, men bir ýönekeý atbakar, sazdan başym çykýar diýsem ýalançy. Ýöne, ine, şuny aýdaýyn: atýataga baranymda, beýleki ýabylaryň barysy gaçyp gidip, ýekejesi galanam bolsa, men ony mazaly iýmleýän. Emma oňa beýleki ýabylaryň paýyny beräýemok. Oňa diňe öz paýyny berýän — diýip, atbakar jogap beripdir. Rus dilinden terjime eden Şabibi TOÝLYÝEWA | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |