18:10 Heýkeller we olaryñ manylary: Merkezi Aziýa sapaklary | |
HEÝKELLER WE OLARYÑ MANYLARY: MERKEZI AZIÝA SAPAKLARY
Taryhy makalalar
Аngliýaly alym, imperiýalary we kolonial uruşlary öwrenýän, ruslaryň we sowetleriň Merkezi Aziýada galdyran yzlaryna aýratyn nazar salýan taryhçy Aleksandr Morrisonyň heýkeller baradaky makalasyny çap etmek bilen, Türkmenistandaky ýadygärlikler barada söhbete başlamagy nazarda tutýarуs. Heýkelleriň ýykylmagy Anglofon dünýäsine, bu ýagdaýa 21-nji asyryň täzeçilligi hökmünde seredýän künjege sarsgyn berdi. Bu öňki Rus imperiýasynyň we Sowet Soýuzynyň çäklerine doly tanyş bolan ýagdaýa düýpden ters gelýär: olar 20-nji asyryň başyndan bäri azyndan üç ýadygärlik ýykmak tolkunyna şaýat boldular. Patyşa geçmişiniň yzynda galan nyşanlary yzygiderli syryp-süpürmek bilen, bolşewikler syýasy nyşan pitneçileri bolup, munuň iň bir ýatda galan sahnalarynyň biri Eýzenşteýniň "Oktýabrynda" (1928) görkezilen görnüşleri, mähelläniň patyşa Aleksandr II heýkelini ýykýan pursatyny hem öz içine alýar. (Sergeý Eýzenşteýn bilen Grigoriý Aleksandrowyň "Oktýabr: Dünýäni sarsdyran on gün" atly sessiz filmi nazarda tutulýar. Bu kino 1917-nji ýyldaky Oktýabr rewolýusiýasynyň 10 ýyllygyna gabat efire çykaryldy. Başda Sowet Soýuzynda "Oktýabr" diýlip atlandyrylan film soňra redaktirlendi we "Dünýäni sarsdyran on gün" ady bilen meşhur boldy. Eser Jon Ridiň 1919-njy ýylda rus rewolýusiýasyna bagyşlap çykaran kitaby esasynda döredildi. - redaktoryň belligi.) Hruşýow döwründäki stalinsizleşdirmek syýasaty hem "şahsyýet kultynynyň" galyndylarynyň, ony ýatladýan zatlaryň, şol sanda Staliniň mumiýalanan jesediniň, bir topar heýkeliň ýok edilmegine, filmleriň bolsa gaýtadan redaktirlenmegine, "düzedilmegine" sebäp boldy. 1991-nji ýyldan bäri başga-da köp heýkel ýykyldy, şol sanda bir wagtlar Moskwadaky Lýubýankanyň, KGB-iň mirasdüşeriniň baş binasynyň öňünde duran demir Feliksiň, Feliks Dzeržinskiniň äpet heýkeli hem ýykylyp aýryldy. Ýogsa ol Çekany (ÇK – Bütinorsýet adatdan daşary komissiýasy – red.belligi.), bolşewikleriň esasy howpsuzlyk gullugyny esaslandyryjylaryň biri bolupdy. Emma muňa garamazdan, Dzeržinskiniň äpet heýkeliniň ýykylyp aýrylmagy akronimden, gizlin gullugyň gysgaldylan KGB adynyň FSB-ä öwrülmeginden başga hiç bir zady üýtgetmedi (KGB - Döwlet howpsuzlyk komiteti, FSB – Federal howpsuzlyk býurosy – red. belligi.), ol şindem Lubýankada otyr we ýakasyny tanadan çekist Wladimir Putiniň hökümdarlygy astynda rus döwletine edýän gözegçiligini has-da güýçlendirdi. Bir bellemeli zat, Dzeržinskiniň ýadygärligi 1991-nji ýylyň awgust aýyndaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň birden, öz-özünden diýen ýaly ýykylan sowet ýadygärlikleriniň biri boldy. Şondan soň ýykylan ýadygärlikleriň köpüsi Ýelsin režiminiň gaýtadan kanunlaşdyrylmagyny maksat edinýän taslamanyň bir bölegi hökmünde aýrylyp taşlandy. Emma adamlaryň sowet heýkellerini düňdermek we taryhyň hendegine zyňmak höwesi 1990-njy ýyllaryň ahyrynda düşüşdi we hiç wagt sowet režiminiň san-sajaksyz pidalaryny hatyralamak ýa-da repressiýa arhiwlerini doly açmak bilen bagly ugurdaş arzuw-isleglere laýyk gelmedi. Hatda şu günki günde-de Orsýetde Gulag ýa-da Stalin döwrüniň elhenç açlyklarynyň pidalarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň sanyny bir eliň barmaklary bilen sanamak mümkin, özem olaryň tas hemmesi diýen ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat jemgyýeti toparlarynyň agzalarynyň tagallalary bilen guruldy, rus döwletiniň tagallasy bilen dikeldilmedi (Gulag – lagerleriň (türmeleriň) döwlet dolandyryşy; Stalin döwründe döwlet syýasaty netijesinde, daýhanlaryň durmuşyna zor bilen gatyşylmagy, olaryň emläkleriniň elinden alynmagy... bilen millionlarça adam öldi, Türkmenistanda ilata bu wakalar barada ýeterlik maglumat berilmeýär – red.belligi). Bu ýerde ýadygärlikleri aýyrmak, ýykmak meselesinde, aýdaly, olary ýykmaly däl, Dzeržinskini şol durşuna goýmaly ýa-da, has gowusy, ýüzin ýatyryp goýmaly we gapdalynda onuň pidalaryna ýadygärlik dikmeli, şeýdilse, taryhy hakydanyň dikeldilmegine has oňyn täsir ederdi diýen delil hem bar. Elbetde, Ukrainada has töwerekleýin geçirilen simwoliki sowetsizleşdirme bölünüişigi, agzalalygy güýçlendirdi we ýurduň meseleleriniň çözülmegine peýda getirmedi. Rus ýa-da sowet dolandyryşy astynda Orta Aziýada gurlan ýadygärlikler bolsa, diňe bir ideologiki taýdan aladaly geçmişiň ýatlatmalary bolman, köp adam üçin kolonial döwrüň, basyp alyşlygyň nyşanlary bolup durýar. Rus patyşalygy döwründe Merkezi Aziýadaky basyp alyşlaryň esasy pursatlaryny ebedileşdirýän onlarça heýkel, şol sanda 1864-nji ýyldaky Ikan söweşine, 1865-nji ýylda Daşkendiň ýykylmagyna we 1881-nji ýylda gökdepe türkmenleriniň gyrylmagyna bagyşlanyp, bir topar ýadygärlik dikildi. Emma bularyň ählisi 1917-nji ýyldan soň, bolşewikler tarapyndan ýykyldy. Şol bir wagtda, rus Daşkendiniň iň simwoliki ýeri, megerem, şäheriň merkezi meýdançasy boldy. Bu ýerde 1865-nji ýylda şäheri basyp almak ugrundaky söweşlerde ölen söweşijilere we Türküstanyň ilkinji gubernatory Konstantin Petrowiç fon Kaufmana dikilmeli ýadygärlik ugrunda otuz ýyllap edilen dawadan soň, ahyry 1913-nji ýylda dikilen ýadygärlik bary-ýogy alty ýyl soň ýykylyp aýryldy. Soň bu meýdançada Staliniň dürli-dürli wagtlaýyn heýkelleri oturdyldy we ahyrynda, 1940-njy ýylyň aýagynda onuň hemişelik ýadygärligi dikildi. Emma ol ýadygärlik hem 1961-nji ýylda ýykyldy, biraz soň, 1996-nji ýylda onuň ýerinde Karl Marksyň heýkeli oturdyldy. Ýöne bu ýadygärlik hem ýykyldy we ahyrynda, 1993-nji ýylda Daşkendiň merkezi meýdançasyna ady dakylan Emir Timuryň häzirki at üstünde oturan heýkeli bilen çalşyryldy. Patyşa döwrüniň Merkezi Aziýada şu wagta çenli saklanyp galan iki-ýeke harby heýkelleri 1878-nji ýylda Özbegistanyň Zarafşan jülgesindäki Jam obasynyň golaýynda mergi sebäpli ölen esgerlere dikilen kiçijiik ýadygärlikden we rus goşunlary 1860-njy ýylda häzirki Almaty şäheriniň golaýyndaky Kokant hanlygyny syndyranda, Uzynagaç söweşine gatnaşan rus güýçlerine dikilen ýadygärlikden ybarat. Bu ýadygärlikleriň birinjisiniň saklanyp galmagynyň sebäbi düşnüksiz, belki-de, gözden düşüp, unudylyp galandyr; ikinji ýadygärlik 1921-nji ýylda bölekleýin söküldi, emma ol Semireçýä (Türki halklarda Ýedisuw, Ýediderýa diýip atlandyrylan – red. belligi) göçüp gelen orsýetlileriň şahsy kimliginiň nyşanyna öwrülene meňzeýär, 1950-nji ýyldaky sowet kinosynda bolsa ol I Jahan urşuna gatnaşan rus we gazak esgerleriniň öýlerine dolanyp gelmeginiň alamaty hökmünde görkezilmäge çalşyldy. Bu ýadygärlik golaýda seresaplyk bilen abadanlaşdyryldy. Bulardan başga, Gyrgyzystanyň Garagol şäheriniň golaýynda geograf we gözlegçi Nikolaý Pržewalskiniň hatyrasyna dikilen ýadygärlik saklanyp galdy. Pržewalski aç-açan jynsparaz garaýyşly we rus imperiýasynyň giňeldilmeginiň öňdebaryjy wekili bolan hem bolsa, sowet režimi tarapyndan geografiýa goşan goşantlary üçin "progressiw" hasaplandy we onuň ýadygärligi şindi hem dikilen ýerinde dur. Bu günki günde Pržewalskiniň karýerasynyň garaňky taraplaryna köplenç göz ýumulýar we onuň (görnükli) heýkeli ýaş çatynjalaryň dabaraly surata düşýän ýerine we ýaşaýjylaryň ýerli buýsanjyna öwrüldi. Sowet ýadygärliklerini gorap saklamak meýilleri dürli-dürli bolup görünýär. Özbegistan we Gazagystan Daşkendiň, Alma-Atanyň we beýleki uly şäherleriň şäher giňişliklerini bezän leninleriň köpüsini aýyrdy, emma mozaika we heýkel ýaly aňsatlyk bilen aýrylyp bilinmeýän ikonografiýa köplenç saklanyp galýar we häzirki wagtda olara sungat gymmatlygy babatynda baha berilýär. 2003-nji ýylda Täjigistanyň Hojant şäherine ilkinji gezek baranymda, bu ýeriň sowet döwründäki Leninabat adyny ýada salýan ullakan Lenin Syrderýanyň ýokarsyndaky belentliklerden şäheriň üstüne abanyp durdy. Bu heýkel indi Täjigistanyň täze milli nyşany Ismoil Somoniniň ýadygärligi bilen çalşyryldy, emma Lenin derýa kenaryndaky görnüksizräk orunlaryň birinde saklanyp galdy. Bişkekde Gyrgyzystanyň milli nyşany bolan ajaýyp "Alaý şa zenany" Kurmanjan Datkanyň döwrebap ýadygärligi, Mihail Frunzäniň ýolbaşçylygynda sebitiň gaýtadan basylyp alnan wagtynda ölen gyzyl goşun esgerleriniň hatyrasyna dikilen irki bolşewik ýadygärligi bilen bir seýilgähde dur. Bu ýer şol wagtlar Ýewropadan göçüp gelenler tarapyndan Pişpek diýlip atlandyrylypdyr. Merkezi Aziýada sowet döwründen bäri saklanyp galan ýadygärlikler köplenç kiçiräk we kän barylmaýan ýerlerde duşýar, olaryň iň gözgynysy, belki, meniň Gazagystanyň demirgazygyndaky Tonkoşurowka obasynda gören kiçijik beton Leninim bolsa gerek. Aşak etegindäki ýazgylar bu ýadygärligiň şol wagtky "Frieden kolhozynda", 1940-njy ýylyň tomsunda bina edilendigini görkezse, bu at ol obanyň deportasiýa edilen wolga nemesleriniň ornaşan ýeri bolandygyny aňladýar. Şindem agardylýan we 1990-njy ýyllarda gurlan katolik ybadathanasynyň garşysynda oňaýsyz hala düşen heýkel indi, taryhy şahs hökmünde Lenine, onuň ideoligiýasyna wekilçilik etmekden geçen, elhenç görgüleriň görlen döwrüni we ýitip giden jemgyýeti ýada salmak bilen, Tonkoşurowkada, soňky ýigrimi ýylda nemes ýaşaýjylarynyň köpüsiniň terk eden obasynda täze, döwrebap bir mana eýe bolýar. Bu heýkelleriň hemişe öz temalaryna ygrarly galýandygyny ýa-da olaryň özlerinde döredijileriň şol wagt, ilki guranlarynda tomaşaçylara ýetirmekçi bolan manylaryny saklaýandygyny asla aňlatmaýar, bu düýpden dogry däl. Almatydaky Wozenenski ybadathanasynyň gapdalynda ýerleşýän beýik Panfilow söweş ýadygärligi Brežnew döwründe hiç haçan bolmadyk wakanyň - 28 sany panfilowçynyň Moskwanyň faşistlerden goralýan wagtynda görkezen gahrymançylygynyň hormatyna guruldy. Bu Stalin döwrüniň toslamasydy we bir wagt paş edildi, 1976-njy ýylda bina edilende, hatyrasy tutulýan erkekleriň käbiri şindi hem aýatda diridi we bu heýkel hakykatda taryhyň bilkastdan, bürünç we mermer garnuwyndaky galplaşdyrmasy boldy. Ýöne almatylylaryň häzir, şu günki günde bu ýadygärlige berýän manysy onuň aslynda ýatan zatlara bagly ýa garaşly bolup görünmeýär. Ol faşistlerden üstün çykylmagynda diňe bir etniki ruslaryň däl, eýsem ähli sowet raýatlarynyň oýnan roluna bolan dowamly we esasly buýsanjy görkezýär. Onsoň, uruş ýadygärlikleriniň öňki Sowet Soýuzynyň ähli ýerinde bolşy ýaly, ol durmuşyň möhüm wakalarynyň, hususan-da nika toýlarynyň badalar we maşgala suratlary bilen bellenilip geçilýän ýeri bolup durýar. Ýadygärlikleri ýykyp ýok etmek olaryň unudylmagyna getirip bilýän bolsa, olary duran ýerinden gozgamazlyk we taryhy ähmiýetini saklap, şol bir wagtda-da şu günki gün üçin ulanmak usullary hem bar. Demirgazyk Hindistanda 1857-nji ýylda turan gozgalaň wagtynda uly gabaw astynda galan Laknow şäherindäki ýaşaýyş mekany munuň iň netijeli mysaly bolup durýar. Harabalyklaryň, ýadygärlikleriň we mazarlaryň ägirt uly toplumy btitaniýalylar tarapyndan mukaddeslik ýaly goralyp saklandy, olar muňa Rajy guranlaryň gahrymançylyklary we pidakärlikler hökmünde seretdiler. Ol ýer Hindistan garaşsyz bolanyndan soň hem üýtgemedi, ýöne hindi hökümeti, öldürilen hindi gozgalaňçylaryny hatyralamak üçin, öz ýadygärligini gurdy we bu ozal “gozgalaňçy” diýilýänlere indi bu ýerde watançy hökmünde garalýandygyny görkezdi. Merkezi Aziýa paralleini çekmek üçin Daşkentdäki Emir Timur meýdanynyň 1913-nji ýylda fon Kaufmanyň ýadygärligi, 1968-nji ýylda Marks ýadygärligi we Amir Timuryň häzirki heýkeli bilen bezelen görnüşini göz öňüne getiriň. Bu häzirki zaman şäherini edil şu günki durkuna getiren güýçleriň - rus kolonializminiň, sowet kommunizminiň we häzirki özbek milletçiliginiň anyk şöhlelenmesi bolup durýar. Soňky ýyllarda bu geçmişiň örän köp bölegi ýer ýüzünden süpürilip aýryldy. Geçmişiň haýsy nyşanlarynyň henizem kabul edilip bilinjekdigini ýa däldigini kesgitlemek meselesi heýkelleri ýykyp aýyrmak isleýänleriň öňünde-de, olary gorap saklamak isleýänleriň öňünde-de kynçylyk döredýär. Staliniň heýkelleri, olaryň wekilçilik edýän adatdan daşary rehimsizligi we häzirki zaman syýasy ýygnanyşyk nokatlary hökmünde ulanylmak mümkinçiligi bolsa, meseläniň has bir çatak tarapy bolup görünýär. 2014-nji ýylda Moskwanyň Wernadskiý prospektinde Gökdepäniň gassaby, general Mihail Dmitriewiç Skobelewiň täze ýadygärliginiň gurulmagy Orsýetiň öz kolonial geçmişini, basybalyjylygyny inkär edendigine we "ak general" diýilýäniň şahsyýet kultunyň täzeden dikeldilendigine ýene bir delil bolup durýar. Onuň 1912-nji ýylda Twerskaýa köçesinde dikilen ilkinji ýadygärliginiň bolşewikler tarapyndan ýykylyp aýrylmagy, belki-de, ilkinji nobatda, şu huşsuzlygyň ýeňlemegine getiren zat boldy. Her niçik-de bolsa, maňa bolşewikleriň geçmişe bolan çemeleşmesinden, häzirki režimleriň we ortodoksallaryň biziň jemgyýetçilik giňişligimizdäki ideologiki monopoliýasyny talap edýän nukdaý nazaryndan ägä bolmalydygym örän düşnükli. Ahyr netijede ýadygärlikler bir jansyz zatlar, olaryň içinde duran ýerindäki jemgyýetiniň we jemagatynyň özlerine berip biljek zatlaryndan başga hiç bir serişdesi ýok. Onsoň, olar duran ýerlerinde durmalymy ýa däl diýen karara, iň gowusy, hökümetler däl-de, ýerli jemgyýetler we raýat jemgyýeti gelse ýagşy. Aleksandr MORRISON. Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýоwşаn АNNАGURВАN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||