13:58 Hezreti işan kim? | |
HEZRETI IŞAN KIM? Şu makalany ýazmagymyza 1938-nji ýylda rus dilinde neşir edilen "Türkmenistanyñ we türkmenleriñ taryhyna degişli materiallar" atly kitabyñ 2-nji tomunda halkymyzyñ taryhyna degişli duş gelen bir maglumat sebäp boldy. Ýagny, bu kitabyñ "Asrtabad raýonunda Mahdum-Kulynyñ gozgalañy" atly ýerinde manysy boýunça: "1841-nji ýylda Gürgende uly şahsyýetleriñ hatarynda görülmegine dalaş edýär..." diýlip ýazylypdyr. Soñra türkmenleriñ arasynda uly abraýdan peýdalanýan Mahdum-Kuly hanyñ hem bu gudratly kişiniñ gepine gulak asýandygy aýdylýar. "Türkmenleriñ arasynda şeýle adamlaryñ ady hormat bilen tutulýar, olaryñ ady aýdylmaýar, goralýar we: "Siziñ aly Hezretiñiz", "Hezreti işan" diýip ýüzlenilýär" diýip, kitapda ýazylan. Şeýle hem bu maglumatlara degişli kitapda bir goşmaça hem berilýär. Şol goşmaçanyñ terjimesini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik: "Mahmudguly gan bilen bagly bu waka "Tarihi-muntazami Nasiri" atly kitapda hem bar bolup, şeýle görnüşde beýan edilýär. Kitapdan bu derwüş baradaky bir maglumaty belläp geçmek gyzyklydyr: "Şu ýyl [1257-nji hijri ýa-da 1841-nji ýyl] Mahmudguly han Nagyşbendi silsilesinden bolan bir derwüşe ýüregi bilen ýakynlaşdy. Ol derwüş özüni sufi we gudrat görkezip bilýän keramatly adam hökmünde görkezýär, türkmen we türki dillerde goşgy, gimn ýazýar. Hormatlamak bilen oña "işan" diýip at berdiler". Soñra onuñ garrydygy, müridleriñ bardygy-da aýdylýar. Bu maglumatymyzy alan kitabymyzyñ adyny türkmence "Nasyryñ tertipleşdirilen taryhy" diýip terjime edýärler. Kitap Eýranyñ şasy Nasyreddine bagyşlanyp, üç tomdan ybarat bolup, öz içine 622-nji we 1822-nji ýyllar arasyndaky wakalary alýar. Kitabyñ awtory belli taryhçy Muhammet Hasan han kitapda beýan edilýän maglumatlaruñ "Nasih-ut-tawarih" we "Ruzat-us-safa" atly kitaplarda-da bardygy barada aýdýar. "Şu wagtky dowam edip gelýän derwüşler mekdebiniñ iñ gadymkysy Bagdatda ýaşan Abdy Kadyr (1166-njy ýylda ýogalan) tarapyndan esaslandyrylan... Orta Aziýada derwüşçiligiñ iñ abraýly wekiki Bahaweddin Nagyşbendidir, ol XIV asyrda Buharada ýaşapdyr". Dilçi alym Myratgeldi Söýegow metbugat sahypasynda çap edilen "Magtymguly Pyragy we Nyýazguly Nyýazy" atly makalasynda şeýle ýazýar: "Şahyr sopuçylykda (sufizm, tasawwuf) Bahaweddin Nagyşbendi (1318-1389) tarapyndan esaslandyrylan nagyşbendiçilik ýolundan ýöräpdir. Allany gözel gyz, magşuk, sopyny bolsa onuñ hak aşygy hökmünde suratlandyrmak bu ýoluñ esasy aýratynlyklarynyñ biridir". Bu düşündirişlerden soñ, Hezreti işana berilýän häsiýetnamadaky derwüş, sufy, nagyşbendi ýaly sözler düşnükli bolsa gerek. 1. 18 ýaşdan 30 ýaşa (30 ýaş hem girýär) çenli ýaşlyk döwri. Bu aýdylanlara esaslanyp, Hezreti işanyñ şol wagt (ýagny, 1841-nji ýylda) iñ azyndan 90 ýaş töwereginde bolandygyny aýtsa boljak (Şu ýerde Magtymguly Pyragynyñ öz ýaşyna degişli 18 sany goşgusynda söz açandygyny, bir goşgusynda bolsa, özüniñ 100-den artyk ýaşynyñ bardygyny ýazandygyny okyjylarymyza ýatladasymyz gelýär). ■ Indi Hezreti işanyñ müridleriniñ bolandygy hakda. "Mürid" sözi sözlükde şeýle düşündirilýär: "Öz erkim bilen söz diýmen, Sözüm ýerde galmaz, diýdigim geler, Sandan çykdyñ togsan ýaşda, Gürrüñini edýän maglumatymyzda Hezreti işanyñ diñe bir türkmen we türki dillerde goşgy däl, eýsem "gimn" ýazýan şahyrdygy hem agzalyp geçilýär. Garrygala etraplarynda ýaşan, ömrüniñ soñky ýyllarynda (XIX asyryñ 30-njy ýyllarynyñ ahyrynda) Gürgene göçüp baran bolmaly, sebäbi taryhçy ol hakynda "Gürgende peýda boldy..." diýip ýazýar. Jora GURBANOW. # edebiyatwesungat | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||