11:18 Horasandan şeýtan tapyp bolarmy? | |
HORASANDAN ŞEÝTAN TAPYP BOLARMY?
Edebi makalalar
Ysmaýyl Hakky Bursewi "Rûhu’l-Beýân" atly tefsirinde şeytanyñ şerinden beýik Allatagala sygynmak bilen baglanşykly ybrat alynmaly şu aşakdaky hekaýaty mysal getirýär: Bir adam ylym öwrenmek üçin Horasandan Yraga barýar we ol ýerde bir alymyñ ylmy söhbetlerine gatnaşýar. Ol bu alymdan köpugurly ylymlary özleşdirmek bilen birlikde dört müñ sany hikmetli sözleri hem öwrenipdir. Aý geçýär, ýyl geçýär, bir gün ol öz ýurduna gaýtmak isläp, ussadyndan ejaza soraýar. Ussady oña: ~ Saña şeýle bir zat öwretjek welin, häzire çenli ähli öwrenen zatlaryñdan has haýyrlydyr we peýdalydyr - diýýär. Şägirdi: ~ Baş üstüne!" diýýär. Soñ halypasy ony soraga tutýar. ~ Horasandan şeýtan tapyp bolarmy? ~ Hawa, tapyp bolar. ~ Ol siziñ ýüregiñizde waswasylyk döretse näme edýärsiñiz? ~ Öz içimizden dep etmäge çalyşýarys. ~ Ikilenç waswasylyk berse näme edýärsiñiz? ~ Alajyny tapyp ýene dep edip bilýäris. Şonda ussady ol adama şeýle pent edýär: ~ Allanyñ duşmany şeýtan siziñ ýanyñyza gelip waswasylyk, başagaýlyk döretse we sizi tagat-ybadatdan sowaşdyrmaga çalyşsa onuñ başagaýlygyny özbaşdak dep etjek bolup azara galmañ. Şeýtana ýeñ bermän gezmeklik juda kyndyr. Şeýle ýagdaýda edip boljak iñ gowy iş: çopanyñ iti size topulsa edýän hereketiñizi etmekdir. Eger siz bir goýun sürüsiniñ ýanyndan geçende, sürüniñ iti size topulsa, ondan halas bolmagyñ iñ añsat ýoly - derhal çopana gygyryp, "Itiñi sakla!" diýmekdir. Ynha, edil şu mysaldan görnüşi ýaly, Allanyñ iti bolan şeýtan size topulsa, onuñ bilen gidişjek bolup durman, derhal onuñ eýesi bolan Allatagala sygynyñ we sizi ondan goramagyny diläñ. Ol sizi hökman gorar.” # "Gysga süreleriñ tefsiri", Ibn Ajibe el-Haseni, "Semerkand" neşirýaty, birinji neşir, fewral 2016, Stambul. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |