09:18 Hudaý hemme zady görýär | |
HUDAÝ HEMME ZADY GÖRÝÄR
Geň-taňsy wakalar
Bihar ştatynda ýerleşen uly bolmadyk obajygyñ ýaşaýjylary bu bolan zada haýran galdylar. Ýerli daýhanyñ ogly, 5 ýaşly Hawender Çudhuri bambuk agajy bilen üç sany ýetginjegi ölinçä ýenjipdir. Bu waka şeýle bolupdy. Hindistanda sygyrlar keramatly haýwan hasaplanýar. Emma üç sany ýetginjek (ýedi, sekiz hem-de on ýaşynda) belki, muny ýatlaryndan çykaranlarynda, obadan daş bolmadyk ýerde bakylyp ýörlen iki sany sygyr bilen "oýnamagy" karar edipdirler. Olar ilki sygyrlaryñ üstünde aýlanjak bolup synanşypdyrlar, ýöne olaryñ bu oýnu başa barmansoñ, haýwanlary agaç bilen ýenjip başlapdyrlar. Şol wagt olaryñ duşunda zähmet çekip ýören kakasyna nahar eltip barýan, kiçijik Hawender geçip barýan eken. Ol ikiýana elewräp ýören sygyrlary hem-de elleri taýakly üç sany oglany görüp biraz säginýär-de, eline bambuk agajyny alyp, olaryñ üstüne topulýar. Bu wakanyñ näçe dowam edenligi oglanjygyñ ýadyna düşenok. Ol diñe haçan-da iki sany daýhan onuñ elinden agajyny çekip alansoñoar akylyna aýlanypdyr. Daýhanlar oba barýarkalar ýolda ýatan içi naharly tory üstünden barypdyrlar, ýoluñ gyrasyndaky uly bolmadyk depäniñ ýanynda bolsa eli taýakly kiçijik oglanjygyñ durandygyny görüp, oña tarap ýönelipdirler. Baryp görseler, ol ýerde ýene-de üç sany çaga garagan bolup ýatan eken. Olary şol wagtyñ özünde keselhana eltipdirler, emma wraçlara olary halas etmek başartmandyr. Oglanjygy eline taýak almaga nämäniñ iterendigi hem-de özünden daýaw oglanlaryj nädip hötdesinden gelenligi entek syr bolup galýar. Emma ýerli ýaşaýjylaryñ hemmeei keramatly haýwanlary gynan ýakymsyzlara oglanjygyñ elleri bilen Hudaýjanyñ göz görkezendigine ynanýarlar. Bolan wakadan soñ Hawenderiñ ene-atasyny gorky gaplap aldy. Olar aradan çykan çagalaryñ hossarlarynyñ ar almagyndan heder edip, oglanjygy öýlerinden çykaryp kowupdyrlar. Kanun boýunça Hindistanyñ alty ýaşamadyk graždanlaryna garşy jenaýat işiniñ gozgalmaýandygy sebäpli, şu wagt polisiýanyñ işgärleri-de aljyraññy ýagdaýda. Daşary ýurt neşirlerinden taýýarlan: R.Nurgeldiýew. "Watan" gazeti, 1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |