09:11 Hukuk sorag-jogaplary - 11. Hususy telekeçilik işi we ygtyýarnamalaşdyryş ulgamy | |
HUSUSY TELEKEÇILIK IŞI WE YGTYÝARNAMALAŞDYRYŞ ULGAMY
Hukuk maslahathanasy
Bellenip geçilişi ýaly, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, telekeçilik işleriniň aýry-aýry görnüşlerini, 2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edilen, „Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýörite rugsatnamanyň (ygtyýarnamanyň) alynmagyny talap edýän halatlarynda, hususy telekeçi döwlet belligine alnandan soň, degişli rugsatnamany (ygtyýarnamany) almalydyr [“Edara görnüşindäki taraplary döretmeýän hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi hakyndaky düzgünnama №31”. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan 2003-nji ýylyň 7-nji noýabrynda tassyklanan. Aşgabat: Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndysy, 2011. №1(11), 331-nji sahypa. II böleginiň 5-nji bendi.]. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, işleriň aşakdaky görnüşleri ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir: • lukmançylyk işi; • dermançylyk işi; • lukmançylyk-tehniki iş; • dezinfeksion, dezinseksion we deratizasion işleri geçirmek boýunça iş; • weterinariýa işi; • tohum maldarçylyk, garaköli baganalary öndürmek we ýerlemek babatynda iş; • tohumçylyk işi; • balyk tutmak we beýleki suw haýwanlaryny awlamak bilen baglanyşykly iş; • tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş; • nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş; • spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek babatynda iş; • azyk önümlerini we ot-iýmleri öndürmek we ýerlemek hem-de sarp edijileri çüýşelere gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş; • ilatyň iýmit nokatlaryny guramak we taýýar azygy ibermek boýunça iş; • standartizasiýa we metrologiýa babatynda iş; • senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş; • ýangyn howpsuzlygy babatynda iş; • awiasiýa işi; • deňiz we içerki suw ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi; • awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi; • elektroenergetika babatynda iş; • aragatnaşyk babatynda iş; • himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş; • geodeziýa we kartografıýa işi; • gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş; • gurluşyk babatynda iş; • bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi; • neşirýat işi; • çaphana işi; • syýahatçylyk işi; • bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş; • humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş; • auditor işi; • ätiýaçlandyrmak babatynda iş; • gymmatly kagyzlaryň bazaryndaky hünär işi; • baha kesmek işi; • rieltorçylyk işi; • bank işi; • gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş; • aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş; • edara görnüşindäki taraplara we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek; • neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky iş; • raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş; • medeniýet we sungat çygryndaky iş; • audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek hem ýaýratmak bilen baglanyşykly iş; • awtoulag serişdelerini ýerlemek babatynda iş [„Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny. Aşgabat: Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008. № 2, 34-nji madda. 20-nji maddanyň 1-nji bölegi.]. Şonuň ýaly-da, „Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly, işleriň beýleki görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň girizilmegi mümkindir. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň düzüminde önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kiçi görnüşleri we (ýa-da) sanawy bellenilip bilinýär. Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan resminamada kesgitlenýär [“Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda kabul eden, №13180 belgili karary we onuň goşundysy. Aşgabat: Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013. № 8, 2767-nji madda.]. Bellik: Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynyň "HUKUK MAGLUMATLAR MERKEZI" atly bölüminde (saýtyň salgysy: https://minjust.gov.tm/hukuk/merkezi) islän adam internet aragatnaşygynyň üsti bilen tanşyp, okap-öwrenip bilýär. Zerurlyk ýüze çykanda şol saýtyň üsti bilen degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar boýunça mugt hukuk maslahatlaryny we düşündirişlerini alyp bilýärler. Ondan başga-da Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň degişli ugruny amala aşyrýan we döwlet dolandyryşynyň bellenen pudagynda ygtyýarly edara hökmünde hereket edýän, ýagny profilleýin ministrlikleriň, gulluklaryň, guramalaryň hem-de edaralaryň resmi saýtlarynda olaryň öz işlerini amala aşyrýan çygyrlary boýunça kanunçylyk namalary bar, dürli sowallar bilen ýüz tutup, olar bilen habarlaşyp bolýar. Çeşmesi: Ýagmyr Nuryýew, Serdar Ataýew, Aýdogdy Çaryýew, Döwran Orazgylyjow. Telekeçilik işi: kanunçylyk we tejribe. Ylmy-amaly gollanma. Aşgabat: Ylym, 2015. Sah. 37-39. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |