22:03 Igde gülleri... | |
IGDE GÜLLERI...
Goşgular
Baglarda igdeler ýene gülledi, Dilleri dillere baky baglady, Arzuwlar bagryna bizi çarlady, Küýsedik biz seni bahar ýellleri. Söýgimize şaýat igde gülleri. Köňlümiň köşgünden ýitipdir göwher, Almazyň ornuna bar awy, zäher, Hakyň synaglary kyn bo:r beýle bir, Biziň atdaşdyr-da, ömür ýollary. Söýgümize şaýat igde gülleri. Şeýtan duzagynda meni awlady, Dünýäň şöhleleri gözüm baglady, Mekru hyýanata kalbym çarlady, Ýollarymdan çykdy hile torlary. Söýgimize şaýat igde gülleri. Munda men görmedik galmady azap, Çyndan edep berip aldady harap, Duşmanym dost diýip tutanda şerap, Bu dertden ýüregmiň akdy ganlary. Söýgimize şaýat igde gülleri. Aýralykda geçen her demim gynar, Hyýalym her zaman saňa atygsar, Söýgülim, sen ýaly kim meni söýer, Gürlesin, baharyň bolsa dilleri. Söýgimize şaýat igde gülleri. Sensiz bagtym ýarym, bu köňül ýarym, Özüňsiň kalbymda bibaha zerim, Allahym gaýtarsyn ýitirenlerim, Küýsedim söýgilim bagtyň ysyny. Küýsedik biz seni bahar ýelleri. Söýgimize şaýat igde gülleri. Ahad QAYUM. Özbekçeden terjime eden: Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |