IKI GOÝNUŇ BIR GUZUSY
Gyş sowuk we gazaply geçdi. Indi köp ýyllardan bäri maldarlar beýle aňzagy görmändiler. Öri meýdanlarynda ot-çöp, has beteri-de suw ýetmazçilik edýärdi. Bahar pasly hem ir, emma gurak geldi. Ýagyş-ýagmyr az ýagdy. Sonarly öri ýok diýen ýalydy. Ýazlamadyk mallaryň haly harapdy. Tizara dowarlaryň owlak-guzy möwsümi-de başlandy. Halys tapdan düşen goýun-geçiler garaýelin halynda guzlap başladylar.
Çopanyň dowarlarymyzy öýe getirmegi bizi kyn ýagdaýa saldy. Sebäbi birnäçe ýyl bäri goýun-geçilerimiz gyş örülerinde bakylýardy. Şonuň özin hem indi arkaýynlyk edip, ätiýaçlyk ot-iým taýýarlamaýardyk. Hernä başyna iş düşende adam ähli zada kaýyl eken. Dowarlary günde iki wagtyna agylda iýmlemegi ýola goýduk.
Şol gün ir säher goýun-geçilere heniz iým bermänkäm, agyldaky dowarlary birlaý gözden geçirdim. Goýunlaryň biri ýaňyja guzlan ekeni. Ol garaýelin bolansoň, guzusyny emdirip bilenokdy. Janawar zaryndan-zaryn mäläp, daşyndaky dowarlardan haraý isleýärdi. Guzusynyň daşyndan aýlanyp, ikiýana pelesaň urýardy. Heniz gurap ýetişmedik guzusyny ýetişip bildiginden ýalaýardy. Guzujyk bolsa ýerinden galyp, enesini emmek, agyzlanmak üçin gaýrat edýärdi. Ýöne…
Owuz süýdünden doýmadyk malyň ömri kelte bolýar. Ol hemmä mälim hakykat. Şonda-da çarwadarlar owlak-guzulara goşmaça sygyr süýdüni berip, olaryň başyny aman saklamagyň aladasyny edýärler. Ýöne gurakçylyk hemmelere deňlikdi. Obada sygyr süýdi hem ýetmezçilik edýärdi.
Ynha, agyldaky goýunlaryň ýene-de birisi guzlapdyr. Ýöne bu janaweriň guzusy öli dogan eken. Ene goýun hereketsiz, saň gaty bolan guzusyna geň galyjylyk bilen seredep, mäläp durdy.
Men şonda garaýelin halyna guzlan goýnuň guzusyny bu goýna agyzlandyrmak isledim. Onuň ýelnine owuz süýdüniň inendigi daşyndan mesaňa-mälim bildirip durdy. Emma näçe yhlas, erjellik etsem-de, guzyny agyzlandyryp bilmedim. Guzujyk kesirlik maňa garşylyk görkezip, emmekden ýüz dönderýärdi.
Öýlän ýene-de goýunlary iýmlemäge ýataga geldim. Garaja guzynyň agyzlanyp, şol goýny hezil edip emip durandygyny görenimde, çaga ýaly begendim. Şol günden başlap, ene goýny goşmaça iýmläp başladym.
Her gün gijara adaty endigime görä, agyldaky mallara ser salýardym. Dolan Aýyň ýagtysyna şol garaja guzynyň iki goýnuň arasynda irkilip ýatandygyna nazarym düşýärdi. Goýunlar bolsa guzujyga tarap ýüzlerini öwrüp, göwnühoş halda gäwüş çalyp ýatyrdylar.
Çagalar edebiýaty