00:07 Iki häsiýet / kiçijik hekaýa | |
IKI HÄSIÝET
Satiriki hekaýalar
Saña jañ edýärler diýip maña trubkany uzatdylar. - Sen näme entegem işde agaç ýuwdan ýaly bolup otyrsyñ? - diýip telefonda tozan turuzdylar. - Häziriñ özünde öýüñde dikil! Ýogsa, eýgilik tamasyny etme... Telefonyñ sesi şarta ýolundy. Keýwanyñ bilen kejeleşseñ, eýgilige garaşmajagyñ belli. Hasyr-husyr sagadyma äñetdim. Dogrudanam, iş wagty tamamlanaýan ekeni. Smena naçalnigimiz maña duýgudaşlyk bildirdi: - Ýeri, bolýa-la, Muhin, ötägit. Sprawkany ertir gutaraýarys. ...Şol günüñ ertesi men ýene gijä galmaly boldum. Düýnki sprawkaly işi birýan ýüzli etsegem, başga bir zat tapyldy duruberdi. Telefon jyññyrdady. Trubkany smena naçalnigimiz göterdi. Añyrdan aýalymyñ sesi aýyl-saýyl eşidildi: - Alýo! Bü sehmi? Bagyşlañ, kyn görmäñ-de, Muhini çagyryp berseñizläñ! Näme, ol gyssagly bir iş bilen gümra bolup otyr diýýäñizmi? Şeýlemi, aý, onda zeleli ýok. Ýöne aýaly sorady diýip aýdaýarsyñyz-da... - Beh, señ gelniñ häsiýeti nähilaý? - diýip, smena naçalnigi trubkany ýerinde goýup, eginlerini gysdy. - Düýn-ä it ýaly üýrüp durdy, bu günem mylaýym bir adam. - Bu gün men aýlyk alýan-da... Rygor PRUDOWSKIÝ. Belorusçadan terjime. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |