20:02 Ilkinji ädim | |
ILKINJI ÄDIM
Goşgular
Uçar guşa dönüp saña topuldym, Ilkinji ädimi äden pursatyñ. Begendim, Begençden dilim tutuldy, Ilkinji ädimi äden pursatyñ. Guwanjymyz dolup daşdy sil bolup, Ädimime guwandyk biz il bolup, Asman maña hyzmat etdi ýol bolup, Ilkinji ädimi äden pursatyñ. Sarpa goýdum höwes bilen ynama, Kuwwat berdiñ, Ganat berdiñ synama, Hötde geldiñ sen bu uly synaga; Ilkinji ädimi äden pursatyñ. Kyndyr kämillige el bermek, duşmak, Durmuş - göreş, gowşaklykdyr ýalñyşmak, Taýyn bol, garaşýar daglardan aşmak, Ilkinji ädimi äden pursatyñ. * * * Galamdaşym H.Şerabowa Herimizi bir ýan zyñanda ykbal, Men kiçidim, A sen maña agadyñ. Ol günlerden diñe ýatlamalar bar, Hem bar ýadygärlik beren sagadyñ. Käte-käte seni ýatlap oturýan, Käte-de diñleýän sagadyñ sesin. Eşidýärin şonda binalar gurýan, Zähmetsöýer señ ýüregiñ urgusyn. Abdyreşit TAŞOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |