23:30 Kitap bilen nanyñ mukaddesligi hakynda rowaýat | |
KITAP BILEN NANYÑ MUKADDESLIGI HAKYNDA ROWAÝAT
Goşgular
Gadym-gadym zamanlarda bir dana Belent sarpa goýup kitaba, nana, Diýip: "Ikisi-de mukaddeslikdir!" - Wagyz eýlänmişin barça ynsana. Abraýy artanmyş kitap okanyñ, Sarpasy has belent bolupdyr nanyñ, Şeýle gowy dessur günlerde bir gün Ýoýlup gulagyna ýetipdir şanyñ. Danany ýanyna çagyryp derhal, Şa diýipdir: "Sowalym bar, eý ynsan! Wagyz edýän bolsañ aýdyp ber maña, Kitap mukadesmi, Mukaddesmi nan? "Sabyrlylyk bilen dymypdyr dana, Birazdan soñ şeýle diýipdir dana: "Ikisem mukaddes..." Sözün soñlatman şa buýrupdyr: "Taşlañ eltip zyndana! Akyly ýerinde bolsady eger, Nany kitaba deñ tutmazdy meger. Şeýle bir synagdan geçiriñ ony Paýhasly bolmagna peýdasy deger. Niçe ýyldyr men-ä kitap okamok, Nansyz welin birje günem oñma ýok. Şa elýetmez ýerde goýupdyr nany, synap görmek üçin hälki danany, galyñ bir kitaby tutduryp oña göz astyna alanmyşyn zyndany. Şeýle belentlikde goýulypdyr nan, Näçe yhlas edip, çekse-de ol jan, Kitabyñ üstüne çykmasañ welin, Nana ýetjek dälmiş dananyñ eli. Açlygyndan aýñalanda aklyna, Ajal Diriligiñ cyksa kastyna, alar öýdenmişler nany bigüman, şol kitaby goýup aýak astyna. Gije geçip, dañ atypdyr... otyrmyş. Gündiz geçip, gün batypdyr... otyrmyş. Hepde geçip, aý ötüpdir... otyrmyş. Şeýdip ýaz geçenmiş, geçenmişin gyş, dana bolsa ýañy ornun tapan deý, kitap okap, kitap okap otyrmyş. Meý içip, meslikden zäherlenen şa, Gazap donun geýip gaharlanan şa, diýenmişin göge tutup burnuny: "Çalşyñ kitap bilen nanyñ ornuny, Dana oññut edip bilmez kitapsyz, bu gezek lebzini unudar hökman". Sadyk nökerlerne berk tabşyrypdyr: "Her bir hereketin synlañ howlukman". Şeýle belentlikde goýlupdyr kitap, Dana yhlas bilen bökse-de ylgap, şol nanyñ üstüne çykmasa welin, kitabyna ýetjek dälmişin eli. Gije geçip, dañ atypdyr,otyrmyş. Gündiz geçip, gün batypdyr... otyrmyş. Hepde geçip, aý ötüpdir... otyrmyş. Şeýdip ýene ýaz geçipdir, soñra gyş. Dana tagzym edip mukaddes nana Kümüş kellesini egip otyrmyş. Soñ kitapdan, nandan düşüpdir jyda, dana agyr jeza berlipdir juda. Şol synaga welin döz gelebilmän, ençe gün ýatypdyr ýerinden galman, Görseler bir güni açyp zyndany, entek onuñ çala barmyşyn jany. Şondan soñam turup gidenmişin ol, eline berseler kitaby, nany. Ahwalaty başdan geçiren dana, Belent sarpa goýup kitaba, nana, Ömürboý olaryñ mukadesligin wagyz eýlänmişin barça ynsana. Abdyreşit TAŞOW. | |
|
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |