22:29 Barha uzap barýar ýollaryñ Lenin | |
BARHA UZAP BARÝAR ÝOLLARYÑ LENIN
Goşgular
Her ýyl baýram edip seniñ ýaşyñy, Aýdyma besleýär dillerim, Lenin. Hormat bilen Söýgi bilen daşyñy Bezeýär al-elwan güllerim, Lenin. Partiýanyñ goldaw-daýanjy bilen, Ynsanlygyñ beýik ynanjt bilen, Ägirt ýer şarynyñ bäş künji bilen, Dostlukly tutuşýar ellerim, Lenin. Rewolýusiýa! Bady gaýtmaz tolkundy, Zynjyrlar paýrady, göreş galkyndy... Mukaddes ýoluñdan ýöreýär indi, Milýonlap ak ýürek dillerim, Lenin. Bir görsediñ SSSR-iñ çägini! Döretdik dostlugyñ sönmez çoguny. Beýik Ýeñişleriñ sallançagyny, Üwreýär asyrlar... ýyllarym, Lenin. Diýipdiñ: - "Göreşiñ berip egin-egne, Şübhe ýokdur hakykatyñ ýeñjegne". Adamzat bagtynyñ röwşen geljegne, Barha uzap barýar ýollaryñ, Lenin. | |
|
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||