17:36 Ilkinjileriň biri / oçerk | |
ILKINJILERIÑ BIRI
Edebi makalalar
Kakajan dellekçi kürsde oturan müşderiniň depesinde gaýçysyny şyrkyldadyp durşuna, nobatyna garaşyp oturanlara öwrülip: —Onsoň, şu bara, Ata Köpek Mergen Ýaponiýa sapara gidip barýarka...—diýip, meşhur wäşiniň ýomaklaryndan biriniň başyny başlamakçy bolanda, entek ýomak ilkinji ädimini ätlemänkä, dilewar dellekçiä belet diňleýjiler “şyg-şyglap”, gülkülerine badalga berýärler: —Kakajan, o nähili bolýar-aý, Mary nire, Ýaponiýa nire!? —Wah, menem şony aýtjak bolýan-da. Ata aga “Ýaponiýa gidip geljek” diýip, aýaly bilen hoşlaşyp, öýden çykan badyna Ikinji jahan urşy turaýypdyr. Frontdan sag-aman dolanyp gelýärkä-de, “ýüzugruma sowlyp geçäýeýin-le” hem diýipdir-le... Ýöne ol: “Ýaponiýaň gidýän ýeri ýok-la, aýlanaýyn Altynjemalymdan” diýip, obasyna dolanypdyr. Öýüne gelende gapyň agzynda duran ýeňňemize: “Keýwany, seň şol maňa garaşyp durşuňmy? Öýe giräýmeli ekeniň-dä!” diýen-de, ýeňňemiz hem gep alyp galman: “Sen ilerki oba—Ýaponiýa gidip geljek diýdiň, men hem “ind-ä geler uçrasy bolandyr-da” diýip çaýyňy basyryp, garaşyp otyryn. Hiý, munuň ýaly hem bir eglenmek bolarmy?!” diýip, dellekçi ýomagyň soňuny soňlap-soňlamanka dellekhanadaky adamlar ala-wakyrdy boluşýarlar. Gülkiler köşeşensoň, müşderileriň biri: —Kakajan aga Siz Ata Köpek Mergeni gördüňizmi? —Hawa-la, edil sizi synlap durşum ýaly. Ata aga her hepde diýen ýaly ýa saçyny aldyrmaga, ýa sakgalyny syrdyrmaga gelerdi. —Kakajan aga, Siz harby gullukda bolduňyzmy? —Hawa. —Kim bolup gulluk etdiňiz? —“Tankyň yzyndan ylgaýançy bolup”—diýip, goşun gullugyna gitmezinden öňüsyrasy saçlaryny syrdyrmaga gelen ýaş ýigitleriň ýüzüne ýylgyryp seredýär. Indi ýarym sagatdan bäri müşderileriniň içleri gysmaz ýaly, her dürli şorta sözler we ýomaklar bilen güýmäp duran dilewar dellekçiň “tankyň yzyndan ylgaýanyny” göz öňüne getirip, sözüni soňlamanka, ýaş ýigitler edil buýruk berlen ýaly, hemmesi birlikde “wakyr” bolýarlar. Olaryň arasyndan biri gülmäge güýç tapman, sessiz “şyg-şyglap”, gapdalynda oturan ýoldaşynyň egnine ýaplanýar. Kakajan dellekçini saglyk ýagdaýy sebäpli goşun gullugyna çagyrmandyrlar, harby gullugy barada her kim sorasa onuň jogaby taýyn. Geljekki şadyýan esgerler kellelerini ýalpyldadyp, ala-ýaz bolup çykyp gidensoňlar, bir ýaş ýigit bilen eli çagaly gelin dellekhana girýärler. Ol ýigit dellekhanadakylara salam berensoň: —Kakajan aga kim bolýar? —Men. —Maňa Sizi salgy berdiler. Düýn gyzymyzyň—diýip, eli çagaly gelnine tarap ümläp: —bir ýaşy doldy. Saçjagazyny Size syrdyraýaly diýdik—diýip, ýylgyrdy. Dellekçi elindäki guralyny iş stoluna goýdy-da, agzy ýaşmakly gelniň ýakynyna gelip, çagajyga lak atdy. Gyzjagaz ýadyrgap, ejesiniň egnine bukuldy we gözüniň gyýtagy bilen ak ýektaýly daýyny ynamsyzlyk bilen synlady. Kakajan aga çagajygyň towlanypjyk duran saçjagazyny sypalady-da, kakasyna ýüzlendi: —Aý, inim bu çagajygyň gulpajygyny men syryp bilmen, sen ýalňyşyp gelipsiň. Ör-gökden gelen ýigit aljyrady, haraý isleýän ýaly daş-töweregine göz aýlady, näme diýjegini bilmän dili tutyldy. Ýigidi köşeşdirmek üçin dellekçi “ýumşady”: —Sen haýsy obadan?— mylaýym soraday. Ýigit obasynyň adyny aýdansoň: — Garyndaş bolaýmaly oba ekeni—diýip, ak ýürekden aýtdy, soňra ýigidi köpmanyly nazary bilen synlap: —Sen ilki bilen çagaň daýysy bilen maslahatlaş, goý, ýegenjiginiň ilkinji saçyny şol syrsyn! —Wah, gyzymyň daýysy ýok-da. Gaýynymyň gelnimden başga çagasy ýok. —Beý diýme! Hiý-de, bu dünýede daýysyz adam bolarmy? Ejesi bar bolsa, daýysy hem bolaýmaly. Seň gelniň daýylary hem şujagaz çagaň daýysy bolar, iň bolmanda, gelniň obadaşlary çagaň daýy-daýzalarydyr—diýdi-de, Kakajan dellekçi hoşamaý ýylgyryp, ýigide göwünlik berdi: —Eger-de maňa syrdyrmagy niýet eden bolsaň, onda çokuljagazyndan bir çugdamjygyny daýysyna gyrkdyryp geläý, ata-babalarymyzyň däbinden çykmaly, inim—diýip, hoşlaşýandygyny duýdurdy. Ýigit bilen gelin gapa ýetip barýarkalar, olaryň yzyndan: —gyzjagazyň başyndan seçilen nogullaryňyzdan bize hem dadyrgyn! —diýip, eşitdirip ýetişdi. Olar çykyp gidensoňlar Kakajan aga ýaşlygyny ýada saldy: babasy onuň hakydasyna gelenok, mamasy—Patma gelneje ömrüniň ahyryna çenli frontda dereksiz ýiten ýeke ogly, Möwlama garaşdy... Patma gelnejäň gyzy, Kakajanyň ejesi—Ogulbibi eje, “atam öýüm ýitip gitmesin” diýip, adamsy Allamyrat aga ýalbaryp-ýalbaryp, ahyry ony göçüp gelmäge yrdy. 1968-nji ýylda mamalarynyň obasyna göçüp gelen gününden, Kakajan aga, Möwlam daýysynyň obadaşlaryna hormat goýup, “pylan daýy, pylan daýza” diýip ýüzlenip başlady. Jemgyýetde näçe pudak bar bolsa şonça-da hünär bar, ol hünärleriň hemmesi-de hormatly. Eger adam durmuşda öz hünärini dogry saýlap alsa, ol kärinde üstünligem, abraýam gazanýar halkyň alkyş-hormatyna-da mynasyp bolýar. Dellekçiň işi oňa ilkibada gyzyksyz hem garaňky göründi, sebäbi saç-sakgalyny bejertmäge gelýän müşderileriň dürli-dürli häsiýetleri bar, hersiniňem saçyna timarlaýşyna bolan talaby hem dürli-dürli. Dellekçiň halypasy—Nikolaý daýy, şägirdiniň eline ilkinji gezek gaýçy tutdyranda Kakajan agaň ýaňy on alty ýaşy dolan ekeni. şonda halypasy oňa: “Oglum, halka hyzmat etmek sogap işdir. Köpçülik bilen işlemek ýeňil-ýelpaý iş däldir, adamlar bilen mylakatly, sypaýy bolmaly, hersiniň göwnünini tapjak bolmaly. Ýatda sakla: aglaba müşderi hakdyr. Her bir hünäriň bolanda-da ilki bilen at-abraý gazanjak bolmaly. “Pylany dellekçi” diýip at-owazaň ýaýrasa, müşderilerden ýaňa üstüň hümer bolar, ýetişip bilseň kaýyl bolarsyň” diýip ak pata beripdi. Şeýde-şeýde, Kakajan dellekçi mylaýymlygy, mähirliligi we alçaklygy bilen derrew özüni aldyrdy. Hakykatdanam, Mary şäheriniň “Ýolbarsly” çaýhahanasynyň garşysyndaky № 1-nji hammamynyň dellekhanasynyň bosagasynyň adamsyz wagty bolanokdy, hatda müşderileriň käbiriniň birnäçe gün öňünden Kakajan aga duýdyrýany hem bardy. Halk üçin bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutyp, 1986-njy ýylda hökümetimiz oňa “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglaýar we “Žiguli” kysymly awtomobili sowgat berýär. Ol bolsa şol öňki endigi boýunça ir bilen welosipedini münüp işe barýandyr. Agşamara ýene-de welosipedli öýüne dolanyp gelýändir. Muňa obaň adamlary: “Kakajan, tozana basdyryp ýörmän maşynyňy münseň bolmaýarmy, hözirini bir gör-dä!” diýenlerinde, ol: “Ogullarym tozana basdyrar ýaly däl, her gün biri münýär, şu günki münen ýuwup, süpüripjik ertir münjege tämizläpjik tabşyrýar. Keýwany ikimizi nirä diýsek, haçan diýsek äkidýälerem, getirýälerem, şondan başga-da bir hözir bolarmy! Welosipedi men saglygym üçin münýän” diýip jogabyny berýär. Günleriň bir güni, adatkysy ýaly, işden soň, welosipedli, agşamara iňrik garalyberende obaň ortaky köçesiniň çetinden girip, iki kese köçäni geçensoň, ýoldan yraň-daraň ýöräp bir serhoş barýar. Kakajan aga oňa ýakyn baranda, atanlykda kakaýmaýyn niýet bilen, welosipedden düşüp, pyýadalap ýoluny dowam etdirende, ýaňky serhoş entirekläp, dellekçiň aýagyna “çolaşýar”. Kakajan aga welosipedini ýoluň gyrasyna ýaplap, serhoşyň goltugyndan tutup, goltgy berýär-de, ýaşy özünden ep-esli kiçi hem bolsa, onuň adyny tutup, “Salawmaleýkim!” diýýär. Serhoş ýigit obaň abraýly ýaşulylarynyň biriniň hemaýat berip duranyna we salam berenine haýran galyp, serhoşlygyndan açylýar. Ýuwaş-ýuwaşdan aňy durlanan ýigit öz bolşundan uýalyp, ýere giräýjek bolýar: “Kakajan aga meni bagyşlaň!” diýip üzlem-saplam gepläp, müýnli ýaly ötünç soraýar. Kakajan aga oňa degişme äheňde: “Inim, haýwanyň dört aýagy bar, şol hem büdreýär-ä how, ynsan oglunyň-a bary-ýogy iki aýagy bar, onsoň nädip büdremesin!? Inim elmydama başyň dik bolsun, indiden beýläk, hiç haçan, hiç bir ýagdaýda aýayň büdremesinl!” diýip, dileg edýär. Ömrüne oýun edip hem agzyna çilim-nas, ýa arak-çakyr almadyk dellekçiň pendi ol ýigide sapak bolýar—şol günden başlap galan ömrüni diňe päkize durmuş ýolundan ýörejegine öz-özüne söz berýär, sözünde hem tapylýar—ol takwa ýigit indi obaň abraýly adamalarynyň biri boldy. Mary şäheriniň №-1-nji hamamynyň “Dellekhana” ýazgyly otagynyň gapysynda bu gün müşderi görnenok. Bu gün duşenbe—dynç güni, Kakajan agaň bu gün kanun boýunça edil beýleki işçi-gullukçylaryňky ýaly hepdede bir gün dynç almaga haky bar. Ýöne ol hepdäniň anna güni hem işe gelenok, onuň sebäbini hiç kim bilenok, diňe edaraň uly başlygy habarly. Hepdäniň her anna güni, Kakajan dellekçi Türkmenistanyň kompartiýasynyň Mary oblast komitetindäki iş kabinetine ir sagat sekize işe gelýär. Gar ýaly päkize ak donuny egnine atyp, operasiýa girjek hirurg kimin, tahyldan ýalpyldap duran gurallaryny iş stolunda rejeläp goýýar-da, gara telefonyň jyňňyrdysyna garaşyp oturýar. Oblastyň ýolbaşçylary baryp biljek wagtlaryny aýdan badyna depderine bellik edýär. “Kakajan aga, olar uly wezipeli adamlar, haklaşanlarynda-da razy edýändirler-ä?!” diýip degişip soranlarynda: “Aý, wezipeli bolanlarynda-da, olar meniň her aýda hökümetiň gaznasyna tabşyrmaly meýilnamamyň bardygyny gowy bilýärler” diýip, jogap bererdi. “Şonda-da, olaryň saçlaryny mugdyna bejeräýýän dälsiň-le!?” diýip, erkine goýanoklar. Ahyry, dellekçi: “Men bir ýumuş oglany, saçlaryny-sakgallaryny bejerip berýän, işiň soňunda bolsa duldaky stoluň tahylyndaky ýygnanan kagyz pullaram rejeläpjik, pulhana tabşyrýan” diýip, eňek bermeýänleň jogabyny berýär. Kakajan agaň ýanýoldaşy, alty çagaň ejesi we on sekiz agtyk bilen ýedi çowlugyň enesi—Enebaý gelneje adamsynyň suratyny we 1986-njy ýylda dellekçä gowşurylan “Hormat nyşany” ordeni bilen “Zähmet weterany” medalyny sypalap oturşyna: “Kakajan işden gelensoňam dek oturmazdy—eline plilini-kätmenini alyp, ogullaryny yzyna tirkäp mellege girerdi. Şu günki etmeli işini mümkingadar dynyp, ondan soň arkaýyn çaýyny içerdi” diýip, gürrüň berýär. Kakajan Annageldiýewiň 1963-nji ýyldan, on alty ýaşyndan başlap, kyrk dört ýyl zähmet çeken edarasy—“ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kombinaty” 2000-nji ýylda ýapylýar. Ondan soň ol, tä nepaga çykýança Watançylyk urşuna gatnaşanlar üçin hassahanadaky näsaglara hyzmat edýär. Onuň ýetişdiren onlarça şägirtleriniň biri—onuň ogly, Abdyrahym, kakasy aradan çykandan soň, onyň ussahanasynda täze, nätanyş, müşderilere hyzmat edip başlaýar. Abdyrahymyň ýaş müşderileri Kakajan aganyň ýaş ýigitkä murt götereninden, örän wäşidiginden we türkmen dellekçilerinden ilkinjileriň biridiginden bihabar, ýöne olar çal sakgally dellekçini salyhatly, sypaýy, nurana ýüzli, elmydama şadyýan we çagaň ýüregi ýaly päkýürekli ýaşuly hökmünde tanaýarlar. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |