IÑ BEÝIK SENETKÄR ALLATAGALADYR!
Durmuş käte görýän-u-eşidýän zatlarymyza täzeden akyl ýetirmegiñ wagtyny gözleýär. Şol wagt birnije zatlar aýan bolýar.
Geñ galmak adam ogluna mahsus duýgy. Hawa, adamzat käwagt ýoluny urdurýar-da, öz günäsini taryhyñ üstüne atyp, üstüni örtäýýär. Gynansak-da, taryhy islegimize görä egildirip bükmek mümkin däl. Belkäm, üýtgewsiz taryhy ýoýup we egip-büküp bilersiñiz, emma muña taryh däl-de, masgarabazlyk diýilýär. Bu meseläniñ köki hak we adalatdan daşlaşan adamzadyñ bähbitparazlygyndan başga zat däl. Eýse şu zamanada haýsy taryhy hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolarkam diýen soragyñ yzyndaky tolgunma tolkuny barka ulalýar. Şonuñ üçin taryhy teleseriallara we kinofilmlere kyrk gylykly dünýäniñ garşysynda täzeden özümizi tanamagyñ serişdesi hökmünde garalyp başlandy.
"Baharyñ gelendigini nädip bilýärsiñiz?" diýen soragy orta atsak we biziñ günlerimizde bu soraga "Taryhy teleseriallardan" diýen jogap alsak, ýatlap oturasy iş ýok garşylyk hökmünde öñümize çykar. Şonuñ üçin has köp senariýalar ýazylýar, has köp kino meýilnamalaryñ amala aşyrylmagy üçin hummaly işler alnyp barylýar. Çünki baharyñ gelendigini ýedi yklym bilýär.
Ynha, şonuñ üçinem bu pudaga ser salanymyzda bolup geçýän tutda-baslyga düşünip bolýar. Bu - begenmeli ýagdaý. Kä görünip kä görünmeýän, sessiz-sedasyz we içgin çekişmeleriñ bolup geçýändigini, hatda birnäçe syrly wakalaryñ hem bolýandygyny görmek bizi buýsandyrýar.
Biziñ iññän gadymy we baý taryhymyz bar... Onuñ iñ bir göze görnüp duran köki hem 2 müñ 500 ýyla uzaýar.
Dogruçyllygy iñ uly baýlyk hasaplaýan, bolup geçen munça hikmetli wakalary sungat eserine öwrüp bilýän, gadymy taryhy orta goýup, täze nesil terbiýeläp ýetişdirmegiñ gamyny iýýänleriñ zähmeti, elbetde, puja çykmaz we gadry bilinmäge mynasyp.
Elbetde, inçelik bilen, ýokary derejedäki ussatlyk bilen ýol ýöremäge çalyşýanlar öñe geçer. Ýagdaý şeýle bolsa, hemmämiz ýeñiz gazanarys, özem bu gazanylan ýeñiş diñe birtaraplaýyn bolmaz.
Biz goşa ganatly uçarys. Azap baryny siñdiren zähmetimizi tragiki ýagdaýda soñlamajak bolsak, nusgalyk işlerimiziñ sany köpeltmek gerek. Eýýäm amala aşyrylanlara seredenimizde hem juda umydygärdiris. Diýseñ gowy üýtgeşmeler bolup geçýär we ýene-de bolar!
Gynansak-da, sungatyñ täsir ediş güýjüni indi-indi duýmaga başladyk. Sungaty elden gidermegiñ öwezini dolup bolmajak nähili erbet netijelere getirendigini agyr synaglardan soñra göz ýetirensiñiz diýip umyt edýärin.
Başgalara öýkünjek bolmagyñ göze dürtülip duran ýeñlişiniñ, aslynda kän bir bilinmeýän hakykatlary bar. Bularyñ üstünde durup geçenimizden, indi gaýtalanmazlygy üçin doga-dilegde bolanymyz has gowy bolar. Hawa, işimizi has ýokary hilli we uniwersal ülñülerde ýerine ýetirmek bilen bu ýaramaz añyýete ikilenç ýol bermeris.
Sungaty jemgyýetiñ gymmatlyklaryndan üýtgeşik we özbaşdak bolmalydyr öýtmek - samsyklaç ynanç. Türk kinomatografiýasyna-da, dünýä kinomatografiýasyna-da şu nukdaýnazardan baha bermeli. Tebigy taýdan türk kino sungaty Türkiýe taryhynyñ sosial, syýasy we beýleki ugurlaryndan täsirlenip ösüş ýoluna dowam etdi. Jemgyýetiñ derdini paýlaşan käbir ýokary hilli nusgalary hasaba almasak, sekulýar düşünjäniñ hökmürowanlygynyñ propogandaçy syýasaty bilen jemgyýeti penjesine gysyp saklan döwürlerinde kinomatografiýanyñ mundan täsirlenmegi kyn boldy.
Düýn, gynansak-da, şugünki günem kinomatografiýanyñ dlinde yslam dininiñ jemgyýetçilige wagyz edilmezligi, wagtal-wagtal edilenem bolsa, bigäneleşdirilen we ygtybarsyzlaşdyrylan görnüşde edilendigi baradaky hakykata göz ýumup bolmaz.
Birwagtlar sungat eseri hökmünde götergilenen adamyñ düýp gurluşyna ters gelýän we mädesini bulaşdyran, añ gurluşyny tök edip taşlan, başga medeniýetlere we wagtlara öýkünme hökmünde orta çykan garaýşyñ häli-häzirem galyndylary bar. Ýöne olaryñ gadagan etmegiñ deregine, olary yzda galdyryp çañymyza gömjek kämil eserleri döretmek has adalatly we has täsirli bolar.
Taryhymyzyñ we gadymy gymmatlyklarymyzyñ has gowy tanalmagy, durmuşymyza aralaşmagy we gündelik durmuşymyza ýetirýän täsiriniñ artmagy üçin fanatizmden ýat kämil dil we kinomatografiki beýan ediş stili diýseñ täsirlidir.
Kino sungatynyñ häzirki wagtda hemme zatdan täsirli serişdedigi her kese mälim hakykatdyr we bu pudagyñ adamzadyñ galkynmagy üçin ulanylmagy hökmany zerurlyga öwrülip barýar.
Iñ beýik senetkär Allatagaladyr. Ýeri, onda näme?..
Bahadyr ÝENIŞEHIRLIOGLY.
Teatr we kino sungaty