16:39 Iñ soñky mamlýuk soltany Tomanbaýyñ ölüm jezasyna höküm edilişi | |
IÑ SOÑKY MAMLÝUK SOLTANY TOMANBAÝYÑ ÖLÜM JEZASYNA HÖKÜM EDILIŞI - 16.04.1517 ý.
Taryhy makalalar
"Ýawuz bilen Tomanbaý uruşmazdan owal biri-birlerine habar ýollaýarlar. Ýawuz "Men bu uruşdan zyýat bu uruşyñ netijeleriniñ yslam üçin haýyrly bolmagyny dileg etdim" diýýär. Tomanbaý "Menem şeýle dileg etdim" diýýär." Salih Mirzabeýogly. Mamlýuk soltany Kansu Gawri Merjibadik söweşinden ýeñliş bilen çykylmagyny ýüregi götermedi we aradan çykdy. Mamlýuk döwletiniñ emeldarlary Tomanbaýy täze hökümdar edip saýlamagy makul bildiler. Tomanbaýy hökümdar tagtynda oturmaga kynlyk bilen razy etdiler. Tomanbaýa çözmesi iññän kyn mesele garaşýardy. Ýawuz Selim Siriýadyr Palestinany alany bilen oñjaga meñzänokdy, onuñ Müsüre girjegi görnüp durdy. Şeýle ýagdaýda mamlýuk döwletine, aýratynam Tomanbaýa ölüm bilen ýaşaýşyñ arasynda jygba-jygly göreş garaşýardy. Ýawuz Soltan Selim bolsa Siriýa-Palestina sebitlerinde häkimiýetini pugtalandyrmak bilen birlikde indiki basyp almagy meýilleşdirýän ýurdy Müsür üçin taýýarlyk görýärdi. Müsüre baryp ýetmek üçin aşmasy kyn päsgelçilik bolan Sina çöli bardy. Sina çölüni geçmek üçin Ýawuz Soltan Selim iñ amatly wagty peýläpdi we ýagşyñ köp ýagýan wagtyna garaşýardy. Şol iki arada Ýawuz Soltan Selim Tomanbaýa boýun bolan ýagdaýynda Müsüre degjek däldigini aýdyp, habar ýollady. Ýawuzyñ teklibi ret edildi. Tomanbaý teklibi ret edende iki zady göz öñüne tutupdy. Birinjisi Ýawuz Selim Sina çölünden geçmäge het edip bilmez, ikinjisi eger geçäýende-de işi ugruna bolmaz. Ikinjisi - eger Sina çölüni geçip geläýenlerinde-de agyr ýoldan gelen ýadaw we aç-suwsuz goşun taýýarlykly mamlýuk goşunynyñ garşysynda durup bilmez. Osmanly goşunynyñ bu meselede ymykly karara gelendigine göz ýetiren Tomanbaý haýdan-haý taýýarlyk işlerine başlady. Kairiñ golaýyndaky Ridaniýe obasynda düşläp, gorag halkasyny gurmaga başlady. Ýewropadan we ýakyn töwerekdäki galalardan getirilen 200 töweregi top osmanly goşunynyñ geljek ugrunda ýerleşdirildi. Hendekler (garymlar) we okoplar gazyldy. Gorag we söweş meýilnamasyna görä edilmeli kemsiz ýerine ýetirildi. Mamlýuk goşunynyñ taýýarlyk işlerini öwrenen Ýawuz Selim olaryñ näme etjek bolýanyna düşünmek üçin söweş meýilnamasyny şoña görä taýýarlady. Iki goşun 1517-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda Ridaniýede garşylaşdy. Ýawuz Soltan Selim serkerdelerinden bir böleginiñ garamagyndaky güýçler bilen Tomanbaýyñ garaşýan ýerinden hüjüme başlatdy. Özi esasy güýcler bilen mamlýuk goşunynyñ merkezine hüjüme başlaman, olaryñ garaşmadyk ýerinden - El-Mukaddam dagynyñ arkasyndan aýlanyp, gapdaldan we yzdan hüjüm etdi. Gandöküşikli uruşyñ soñunda mamlýuk goşuny dargamaga başlady. Olaryñ topy derege ýaramady. Soltan Tomanbaýyñ gaçmakdan başga alajy galmady. Osmanly goşuny gysga wagtyñ içinde Kaire girdi. Muña garamazdan şäher doly eýelenmändi, has beteri-de Tomanbaý ele salynmandy. Şonuñ üçin goşunyñ karargähi şäheriñ daşynda guruldy. Tomanbaý häzirem umydyny ýitirmändi. Ol bir zarbada osmanly goşunyny aljyratmagy we Ýawuz Soltan Selimi ýok etmegi meýilleşdirdi. Emma onuñ niýeti öñünden öwrenilendigi üçin taýýarlyk görlüpdi. Çozuşdan netije gazanyp bilmedik Tomanbaý yza çekilýär. Birnäçe gün geçensoñ Kaire girip şäheri eýeledi we osmanly esgerlerini pürreledi. Tomanbaýyñ söweş meýilnamasy şäher urşudy. Hendekler gazyldy, barrikadalar guruldy. Şäher halkynyñam goldawy bilen aldym-berdimli söweş bolup geçdi. Emma mundanam netije çykmady we Tumanbaý ilki Mysyry-Atige, ol ýerdenem Saide gaçdy. Tomanbaýyñ indiki niýeti Siriýa aşmakdy. Ýöne bu mümkin däldi. Sebäbi gaçyp bolýan ýollaryñ hemmesi berk gözegçilik astyna alnypdy. Ol bialaç ýagdaýda Ýawuz Selimden bagyşlanmagyny sorady. Onuñ maksady gowşak halkany tapyp gaçmaga çykalga gözlemekdi. Özüniñ bagyşlanýandygyny bilenden soñ herekete geçdi, ýöne gaçyş ýollarynyñ beklenendigini gördi. Üç müñ adamy bilen bile halkany böwüsmäge synanyşdy. Ýawuz Selimiñ özüne tarap gelýänini bilip yza gaçdy. Ýawuz Selim Rumeliniñ beglerbegi Mustapa paşany, Şasuwarogly Aly begi, mamlýuk serkerdelerinden Haýyr begi, Janberdi Gazalyny ony tutup getirmäge iberdi. Salymyny bermän giden yzçylar Nil derýasynyñ boýunda Tomanbaýyñ yzyndan ýetdiler. Ol ýerde uly söweş bolup geçdi. Tomanbaý iñ soñky demde Nil derýasyna özüni zyñdy, emma halas bolup bilmedi. Ele salnan Tomanbaý Ýawuz Selimiñ huzuryna getirildi. Onuñ edermenligine we söweşjeñligine Ýawuz Selimem hormat goýýandygyny aýtdy. Taryhçylardan käbirleri Ýawuz bilen Tomanbaýyñ arasynda şeýle gürrüñiñ bolandygyny aýdýarlar: Tomanbaý Ýawuz Selime gazanan ýeñişiniñ gahrymançylyga dahylly däldigini, onuñ ulanan top-tüpeñleriniñ bu ýeñişi getirendigini aýdýar. Ýawuzam öz gezeginde oña bir ýurduñ hökümdarydygyny ýatladýar we nämüçin zamanabap ýaraglar bilen goranyp bilmändigini gyjalat berip, munuñ bilen baglanyşykly "duşmana şol bir ýaraglar bilen garşy durulmalydygy" baradaky aýat bilen jogap berýär. Ýawuz Selim yzynda güýçli duşman goýmak islänokdy. Tomanbaýy halkam gowy görýärdi. Şonuñ üçinem ol mamlýuk döwletinii gaýtadan dikeltmek umytlaryny doly söndürmek isleýärdi. Ine, şeýle pikirlere goldanyp Tomanbaýa ölüm jezasyny bermek makul bilindi. Taryhçylaryñ başga bir topary bolsa osmanlynyñ hyzmatyna giren mamlýuk begleriniñ onuñ diri galan ýagdaýynda gelejekde özlerinden ar alma isleginden gorkynyñ bolandygy üçin Tomanbaýyñ ölüm permanyny berdirmek üçin rol oýnandygyny aýdýarlar. Ýagny, bu begler öz gorky-ünjilerini-de nazara alyp, Ýawuz Soltan Selimi Tomanbaýyñ diri galan ýagdaýynda hökman tagt üçin ýañadandan göreşe girişjekdigine ynandyrypdyrlar. Müneçjimbaşynyñ aýtmagyna görä bolsa, Ýawuz Selimi bu karara iteren sebäp - Tomanbaýyñ bolşundan we hereketlerinden hyýanat alamatlaryny syzan käbir kişileriñ halky aýaga galdyrjak bolmalarydyr. Ölüm permany oñlanandan soñ Tomanbaý Şasuwarogly Aly begiñ eline berildi. Şasuwarogly Aly begiñ kakasy Dulkadyrly Şasuwar beg 1472-nji ýylda osmanlylara tabynlygyny bildirendigi sebäpli mamlýuk soltany tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilipdi. Şasuwarogly Aly beg Tomanbaýy birmahal kakasynyñ asylan ýeri bolan Kairiñ Babüz-Züweýle derwezesinde asyp öldürtdi. Şeýlelikde, 1517-nji ýylyñ 16-njy aprelinde mamlýuk döwletiniñ iñ soñky hökümdary, başgaça aýdanda Müsüriñ soltany bakyýete göç etdi. Ýawuz Soltan Selimiñ görkezmesi bilen Tomanbaýyñ hatyrasyna uly jynaza çäresi gurnaldy. Onuñ jynazasyna Ýawuz Soltan Selimiñ hut özi gatnaşdy we osmanly hökümdarlarynyñ ýörelgesinde öñ bolmadyk zady edip - Tomanbaýyñ tabydyny göterdi. Şeýle-de, Tomanbaýyñ hormatyna üç günläp garyp-gasaplara pul paýlandy. • Çeşmeler: 1). "Müneçjimbaşy taryhy" (Müneçjimbaşy Ahmet däde. Taýýarlan: Ysmaýyl Erünsal, tom II, "Tercüman" neşirýaty.) 2). "Osmanly taryhy" (Professor Ysmaýyl Hakky Uzunçarşyly, tom II; TTK 1983) 3) "Dewlet-i Aliýýe" (Professor Halil Inaljyk, "Türkiye İş Bankası" neşirýaty, 2009) 4) "Osmanly taryhy" (Ýymaz Öztuna, tom I, KTB 1998. Ysmaýyl ÇAL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |