INDI BARYSY GÜLALA-GÜLLÜK
Men Nahat Duzaýak diýen bir dogtory gowy tanaýaryn. Ol medikleriñ birleşmesiniñ agzasydy hem-de partiýalaryñ birinde durýardy. Bolu etraplarynda wraçlyk edensoñ, ol özüni şu ýerleriñ adamy saýýardy. Özi Izmirde doglandy, ýöne syýasatdan başy çykýan kişidi. Saýlawlaryñ öñüsyrasynda men onuñ bilen gabat gelşäýdim.
- Dost jan - diýip, şonda ol maña aýtdy. - Ýüz prosent kepil geçýän, şu saparky saýlawlarda men hökman deputat bolýan. Ýogsa-da, señ Ankaradaky işleñ niçik?
- Näme, merkezden goltgy tamakinmi? - diýip, ondan soradym.
- Merkeze-de umyt bar, iñ esasy meni halk goldar. Boluwyñ ilaty men diýip ölüp-öçüp barýa. Men bärde iki aý bäri işleýän.
- Gepläp ýörmek ýadadanokmy?
- Aýdýanyñ näme, gep-gürrüñe sogan dograýan ýok. Men öz partiýamyzyñ agzalaryny mugtuna bejerýän. Aspirindir hininem mugt berýän.
Saýlawlar geçdi gitdi.
Günlerde bir gün "Mezeret" kafesinde dogtor bilen ýene sataşdym. Onuñ özüni alyp barşynda deputatyñ haýbatlylygy duýulmaýardy. Şonda-da, bilip bolmaz - pelek işi diýenlerini etdim:
- Gutlaýan! Elbetde, deputatlyk üçin sende esas bary bardy...
- Gutlap oturma, dost. Sürä-de goşmadylar - diýip, ol naýynjar gürledi.
- O näme üçin!
- Saýlamadylar, wessalam. Iñ az ses alan men boldum.
Soñ ol öñküsinden beter ahmyrly gürledi.
- Adam diýeniñ gadyr bilmez ekeni! Obama-oba aýlanyp, halys ýagyr boldum ýogsa. Näçe azap çekdim.
Men onuñ pikiriniñ üstüni ýetirdim:
- Näçe aspirindir hinin gitdi...
- Walla, adam tanamandyryn. Ulanyp-ulanyp, soñundanam it masgarasy edäýmek bor oguşýa!
- Bähbit bolsun - diýip, men oña göwünlik berdim. - Täze saýlawlara-da kän wagt galmady. Belki, şu sapar çüwer.
- Belki, Hudaý - diýip, ol uludan demini aldy. - Boluwyñ töweregindäki obalara at tezegini gurytman gatnaýan. Öz müşderilemmi hiç owarram edip bilemok.
Bir sapar sud reportažyny alyp barmak üçin meni Boluwa iberdiler. Myhmanhanada bir jenap bilen tanyşdym. Gümür-ýamyrçylygyñ arasynda saýlawlarda öz kandidaturasyny görkezen Nahat Duzaýak atly wraç bilen tanyşlygymyñ bardygyny ýañzytdym.
- Bä şeýlemi! - diýip, ol başam barmagyny galdyrdy. - Men ony gaty gowy tanaýan.
- Oñ bilen tanyş diýseñizläñ.
- Dagy näme, ony Boluwda tanamaýan ýok.
- Näme üçin ony bärde halanoklar?
- Tersine - diýip, ol meniñ aýdanlaryma garşy çykdy. - Gaýta şo diýip zar-zelil. Daýhanlar oñ arkasynda dag ýaly direnip durlar.
- Geñ zat... Diýmek saýlawlarda nähilidir bir düşünişmezlik bolupdyr-da...
- Düşünişmezlik diýlen zat bizde bolup bilmez.
- Onda näme Nahat saýlanmady? Eýse şondan gowusyny taparyn öýdýäñizmi?
Jenap ýylgyryp-ýylgyryp düşündirdi:
- Biziñ daýhanlammyzam keçe telpek däl. Özlerine nähili adamyñ haýyrlydygyny bilýäler. Heý, olar şuñ ýaly dogtory sypdyrlarmy? Mugt medisina kömegi, hininem, aspirinem şeýle.
Arada ýene Nahat Duzaýak bilen duşuşdym. Salamlaşyp-salamlaşmankak aldygyna gürläp başlady:
- Men Boluwa rentgen enjamyny getirdim. Indi rentgene düşmegem mugt. Baý, obadan millet çozar-ow!
- Şu sapar geçjegiñe ynam bard-a!
- Ynamyñ barmy diýýäniñ dagy nämejik. Bu gezek barysy gülala-güllük bor.
Ol geljekki ýeñşine öñünden serhoş bolupdy.
- Saýlawyñ öñüsyrasynda çykyşam gerek däl, obama-oba aýlanmagam gerek däl... Millet meni goldaýa!
- Hawa-da! - diýip, men gözlerimi süzdüm. Millet bir ýapyşansoñ, añsat-añsat sypdyraýmaz.
Ol rentgen enjamyna juda bil baglansoñ, ýene bir sapar gaýtalady:
- Şu gezek barysy gülala güllük bor.
Ryfat ILGAZ.
Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW.
"Tokmak" žurnaly, 1992 ý.
Satiriki hekaýalar