ISGENDER
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň gündogar tarapynda, 45 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýan demir ýol duralgasy şeýle atlandyrylýar. Bu berkitme galasy Makedoniýanyň patyşasy Aleksandryň esgerleri tarapyndan biziň döwrümizden ozalky ikinji asyrda bina edilipdir. Bu gadymy harby gala stansiýanyň güneý tarapynda ýerleşýär. Isgender Zül-Kernereýn-Iki şahly Aleksandr ady gündogar ýurtlarda meşhurdyr.(Gurhanyň 18-nji süresiniň, 83-nji aýatynda ady getirilýän Isgender Zulkarneýn bilen Isgender Zulkarneýn şahlynyň, ýagny, ikisiniň bir şahs däldigini, olaryň arasynyň ýigrimi asyra barabardygyny bellemek gerek.) Makedoniýaly beýik serkerdäniň lakamynyň gelip çykyşy, söýgüli aty we başga-da oňa dahyly bolan wakalar bilen baglanyşykly rowaýatlar halk arasynda ýörgünlidir. Olar ýyllaryň dowamynda dilden-dile geçip biziň häzirki bagtyýar günlerimize gelip ýetipdir. Halk döredijiligine degişli şol wakalar bolsa heniz-häzir özüniň terbiýeçilik ähmiýetini ýitrenok.
Şahyr Didarberdi Allaberdiýew “Sözlär senaly dilim” atly kitabynda özüniň doglan ýeri, önüp ösen mekany bolan Isgender obasy barada:
Obam, adyň müňýyllyklar aşmasa,
Arşdan saňa Hak nazary düşmese,
Älem şasy sende gyşlap geçmezdi,
Keramata ýa gudrata duşmasa.
- diýip, şol rowaýatlara esaslanyp ýazýar. Ol bu bentde obam diýip häzirki Isgender obasyny, älem şasy diýibem-Isgender Zülkerneýni-Aleksandr Makedonskini göz öňünde tutýar.
Didarberdi Senaly bedewlere bagyşlap ýazan setirlerinde şeýle diýýär:
Bedewler, waspyňyz saýrak dillerde,
Ýow güni ýoldaş siz ýowuz ýollarda,
Bakylyga dalaş edýär adyňyz-
Byrag, Düldül, Gyrat, Busefallarda.
Ol bu bentde dünýä taryhda öçmejek yz daldyryryp, atlary rowaýata öwrülen iň beýik şahsyýetleriň ýaranlary bolan Muhammet Pygamberiň - Byragyny, Dört Çaryýarlryň biri, Hezreti Alynyň - Düldülini, Göroglynyň - Gyratyny, Aleksandr Makedonskiniň-Isgenderiň - Busefalyny bir setirde waspnama mysalynda ussatlyk bilen sanap geçýär.
Biziň eýýamymyzdan ozalky 356-njy ýylda Makedoniýanyň paýtagty Pelle şäherinde eneden dogulan şazada Aleksandryň kakasy Makedoniýanyň patyşasy Filip II, ejesi Molos patyşasy Epiriň gyzydyr. Ene-atasy şazadanyň akylly, edermen, buýsançly we adyl bolmagy üçin köp tagalla edipdir. Ol Aristotel, Diogen ýaly ylymly adamlardan terbiýe, dürli ugurlar boýunça bilim alypdyr.
Busefal şazada Aleksandryň söýgüli bedewidir.Dünýä belli syýahatçy Marko Polo bu argamagyň Aziýanyň nusgawy bedewleriniň nesli bolandygyny, we onuň Nusaýyň tohum ( igdiş) atlaryna degişlidigini tassyklaýar. Bedewiň kellesi öküziňkä çalymdaş bolany sebäpli “Busefal” diýlip atlandyrylypdyr. Ol grek dilinden sözme-söz terjime edilende “Öküz kelleli” diýmekdir.
Fessally söwdagär Filonik bedewi Filipp II-ä 340 kilogram kümüşe hödürläpdir. Bu baha şol döwürde iň nusgawy bedewler üçin berilýän nyrhdan birnäçe esse gymmatdy. Özdiýenli sarç bedewe baş öwretmäge hiç kim milt edip bilmänsoň patyşa ony satyn almakdan ýüz dönderipdir. Şazada Aleksandr şol pursat kakasynyň ýanynda durup, degresindäki wakalara syn edýär eken. Şol wagt şazada 10 ýaşynda eken. Ol ähli zady seljerensoň, argamaga baş öwredip bilmese, onuň bahasyny özüniň tölejekdigini aýdypdyr. Bu barada meşhur grek biografy we filosofy Plutarh şeýle ýazýar: “Aleksandr dessine ata bakan ýüwrüp baryp, bedewi uýanlap, onuň tumşugyny Güne tutupdyr. Şazada sarç bedewiň öňünde gaýmalaşýan kölegeden ürkýändigini bilen eken. Ol biraz wagt bedewiň ýalyny sypalap, gapdalyndan ylgaýar. Busefal ýorgalap, demini dürseýär. Aleksandr ýapynjasyny taşlap, sarç bedewe ýeñiillik bilen münýär-de, onuň jylawy ýuwaşlyk bilen çekip, ony saklaýar. Bedew öňe okdurylsa-da, töweregindäkilere howpsuzlygyna göz ýetiren şazada Busefalyň jylawyny goýberýär, debsiläp gyssaýar. Filipp II we onuň emeldarlary wakanyň soňy neneňsi tamamlanar diýip howsala düşüp başlaýarlar. Bedewiň gerşine ýelmeşen ýaly bolup oturan şazada yzyna öwrürende, bu ýere ýygnananlar ony şatlyk-şowhun bilen gapşylaýarlar. Şazadanyň kakasy begenjinden ýaňa gözlerine ýaş aýlaýar, bedewden syrygyp düşen ogluny gujaklap: “Özüňe şalyk gözle, çünki Makedoniýa saňa juda kiçi bolýar!” diýenmiş.
Aleksandr Aziýa harby ýöriş guranda Busefaly münse-de howply ýagdaý ýüze çykanda, başga-başga atlara atlanypdyr. Busefal serkerdäni howply ýagdaýlardan ençeme gezek aman-sag alyp çykansoň, Aleksandryň bu ata bolan guwanjy çäksiz eken.
harby ýörişleriň birinde Busefal tüýkesme ogrularyň eline düşende, Aleksandr üçin dünýäniň gyzygy gaçan ýaly bolupdyr.
Rowaýatlarda ilkinji gezek makedon-grek goşunynyň häzirki Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç obasynyň ilaty bilen duşuşandygy aýdylýar. Oturymly türkmen taýpalarynyň kethudalaryna patyşa Aleksandryň hökmürowanlylygyny ykrar etmek baradaky teklibi hödürlenilýär. Ýöne, öz kada-düzgünleri boýunça ýaşamaklyga endik eden ilat bu teklibi ret edýär. Aleksandr öz garşyna çykan taýpalary pitneçiler diýip yglan edip, olary paýhynlamagy, küren obany ýer bilen ýegsan etmegi buýurýar.
Oturymly ilatyň gerçekleri ýarag-serenjamy berkden tutulan, köp sanly makedon esgerleriniň güýjünedöz gelip bilmeýärler. Ençeme adam wepat bolýar, ýesir düşenleriň arasynda gozgalaňa baştutanlyk eden han hem bar eken. Hatara düzülen ýesirleri jezalandyrylmak üçin ýörite meýdança alyp ugraýarlar. Aleksandr atynyň üstünde belentlikde durup, dabaraly harby ýörişi kabul edýärdi.
Taryhy çeşmeler mynasyp duşmana mynasyp derejede hormat goýmagyň Aleksandryň häsiýetinde jemlenendigini tassyklaýarlar. Elleri arkasyna mäkäm daňylan türkmen gerçekleriniň arasynda ejizlik edeni, dyza çöküp patyşa Aleksandrdan aman sorany bolmandyr. Isgender Zülkerneýn esgere hataryň soňundan gelýän gojany öz huzuryna getirmegi buýurýar. Ýanyna getirilen goja:
- Serenjamyňyzyň egsik, san taýdan az halyňyza dişine çenli ýaraglanan, tejribeli goşunyň garşysyna çykmaga neneň het edip bildiňiz?- diýýär. Goja:
- Eý, parasatly patyşalaryň patyşasy, bu sowalyň jogabyny maňa garanyňda özüniz has gowy bilýarsiňiz ahyryn. Ýüz elli ýyl mundan ozal grekler Fermopil söweşinde Watan azatlygy ugrunda şirin janlaryny orta goýdular. Biz hem halkymyzyň, ýurdumyzyň azatlygy ugrunda aýaga galdyk. Çalgy daşsyz bolmasa - ötgür gylyç, mynasyp garşydaşy bolmasa - edermen esger bolýan däldir-diýip, arkaýynlyk bilen jogap berip: - Çakmak daşdan ot döreýändir, barlyşyksyz duşmandan ynamdar esger-diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir..
Bu parasatly jogap patyşa Aleksandryň göwnünden turansoň, ol garşysyna çykanlary jezalandyrmak baradaky hökümini ýatyrypdyr. Türkmen gerçeklerini çadyryna çagyryp, hödür-kerem edýär we olar bilen wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşýar. Bu ýerde Aziýa halklarynyň arasynda türkmenleriň at etini iýmeýän ýeke-täk halkdygyny eşidip haýran galýar. Aleksandryň wajyp meseleler çemeleşişi, çözüşi türkmen gerçeklerine ýaraýar.
Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Aleksandr Makedonskiý Köpetdagyň günorta-günbatarynda çeşmelik we daglyk ulgamyndaky köne gala ýanaşyk ýerde harby berkitme gurdurýar. Onuň burçlary gyzyl reňkde, dag daşlaryndan bolup, dörtgyraň makedon ülňüsinden ugur alnyp gurulan. Şeýlelikde bu bina hemgadymdan dowam edip gelýän grek-makedon däpine eýerilip, Aleksandryň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol hem arilerdäki sazlaşyk bilen utgaşdyrylyp - Iskandariý diýip atlandyrylýar.
Harby gala birnäçe wagt Aleksandryň goşunlarynyň daýanç merkezleriniň biri we ýaraty esgerler üçin esasy hassahana bolup hyzmat edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň bir ugry hut şu galanyň deňinden geçýär. Bu ýol kerwenler üçin ýoluň iň howpsuz şahasy hasaplanypdyr. Onuň güneý - dag tarapy gür tokaýlyk, ýabany ir-iýmişli baglyk eken. Aw guşlary, ýabany haýwanlar köp eken. Ilkinji kärizler peýda bolupdyr. Ilat aglaba süýji suwly çeşmeleriň boýunda jemlenip, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Dag derelerine düme we bakja ekinleri ekilipdir.
Ýyllaryň geçmegi, döwrüň üýtgemegi bilen, harby gala kerwensaraýa öwrülýär. Bu ýerde argyşçylar üçin zerur şertler döredilýär. Ol gündogardan we günbatardan gatnaw edýän kerwenler üçin amatly düşelgedi.
Nusaýdan Dehistana tarap uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň bu şahasy Nil derýasynyň boýundaky Aleksandriýa şäherine we Syrderýanyň kenaryna çenli uzap gidýärdi. Taryhy ýazgylaryň şaýatlyk etmegine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň şu şahasynyň howpsuzlygyna we söwdasynyň pajarlap ösmegine ägirt uly ähmiýet berlipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň argyş kerwenleriniň ugrundaky Isgender galasy kerwensaraý hökmünde parfiýalylaryň, pars-sasanidleriň, araplaryň, seljuklaryň, mongollaryň we Temirleňiň imperiýalarynda ýaşamagyny dowam etdirdi. Emma ol ХV asyryň ikinji ýarymynda bolup geçen apat—ýer titremesine, sile döz gelip bilmändir.
Asyrlar gadymy galanyň sudurlaryny dag daşlarynyň we çägeleriň teýinde gizläpdir. Ýöne bu gadymy gala baradaky ýatlamalar weli, halk hakydasyndan çykanok. Ol taryhyň altyn sahypalaryndan galypdyr. Häzir gadymy Isgender galasynyň ýerleşen ýerinde “Taryhy medeni ýadygärlik” BN 62-197 belgi bilen döwlet tarapyndan bellige alyndy” diýen memorial tagta bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 2018-nji ýyly “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gadymy kerwenleriniň ýollaryny gaýtadan, täze röwüşde dikeltmek babatdaky başlangyjy dünýede goldanyldy we giň seslenme tapdy.
Bitaraplyk taglymyny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň öňden görüji syýasaty netijesinde, transmilli awtoulag, demirýol we gaz magistrallaryny gurmak boýunça halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz şu ýylyň 2-nji maýynda Ýewropa we Aziýa yklymlarynynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ygtybarly köpri boljak Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilişine gatnaşdy we täze döwürde berkarar Watanymyzyň öňünde durýan belent wezipeler barasynda taryhy çykyş etdi.
Men bu gün dogduk şäherim Berekete tarap nazar aýlaýaryn. Geçmişi we şu günlerimizi serimden geçirýärin. Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň, türkmen halkynyň milli Liderimiziň daşyndaky mäkäm jebisliginiň we zähmet gahrymaçylygynyň netijesinde Bereket şäheri “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ýollarynyň çatrygyndaky iri demir ýol merkezleriniň birine öwrüldi.
Bu gün berkarar Watanymyzyň ruhubelent halky gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen, ýeňişlerden-ýeňişe barýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýyl ýazgysy-da dowam edýär.
Şahymerdan Sary ogly,
yazyjy.
#turkmenistan
Taryhy ýerler