14:11 Itiň gowusy bolmaz / satiriki hekaýa | |
ITIŇ GOWUSY BOLMAZ
Satiriki hekaýalar
Hol öňräk ýol bilen barýardym, daş-töwerek hemişekileri ýalydy, garaz, keýpiň göterilýärdi. Ynha, birdenem, bir howlyny haýatyna gysdyrylgy ýazgyjyga gözüm kaklyşaýdy. Has ýakynrajyk gelip äňetsem, itiň şekili çekilipdir. Ýöne başga haýatlardaky ýaly gyňyr, hyýrsyz däldi-de, tüýlejikden mähirlije gürjüjikdi. Itiň şekiliniň astyndaky ýazgam täsindi: "Howluda ümsüm it bardyr". Elbetde, bada-bat tüýsüm üýtgäp gitdi, myrryhym tutdy. Petekämi gaýşardyp, ýumruklarymam düwüp, derwezejige tarap ýöredim. Bir gezek kakan badyma gapy açyldy - kilklemegi unudaýypdyrlar öýdýän. Howluda adam-gara görnenokdy. Diňe şol gürji ýatagynyň ýanynda dilini şalkyldadyp, süýt ýalaýardy. Öý eýesini gygyrdym. Bir goja daşaryk çykdy. - Graždanin, edip ýören işiňiz nähili? - diýip, men derrew abaý-syýasat etdim. - Beýle geň ýazgyny asyp goýmagyňyz näme? - Ýogsa-da, siz kim? - diýip, goja-da ýeň bermedi. - Şu töwerekde ýaşaýanlaryň biri - diýip, men jogap berdim. - Ýeri, muň näme ähmiýeti bar? - Bar, bolýaram diýeli. - Goja biraz ýumşady. Onsoň, bütüki ýazgyň nämesi size ýaranok. - Bar gepem şonda-da - diýip, menem janygyp düşündirmäge durdum. - Okan badyňa iniň jümşüldäp gidýä. Eger itiňiz, hakykatdanam ümsüm bolanlygygynda siz beýdäýmezdiňiz. Beýtdirip ogurlary duzaga düşürjek bolmaklyk nämäňize derkar? - A men öňi-soňy itimi gijesine öýüme salýan - diýip, garry başga hörpden gopdy. - Birden ogurlaýmazlary ýaly. - Men näme diýýän - dutarym näme diýýä. - Halys ganym depäme urdy. - Kim siziň itiňizi başyna ursun! Men siziň goş-golamlaňňyz barada gürläp durun. - Iliňkiden üýtgeşik goşumyz ýok. - Garry kineli gürledi. - Ýöne siz itler bilen iş salşyp görmänsiňiz. Muň ýaly ýuwaş iti gözläbem tapmarsyňyz. - Bilmeýän zadyňyzy gürlemäň! - Men kes-kelläm garşy çykdym. - Nämäni tanamasamam itiň tohumyna-ha beletdirin. Men ýörite bir pikire-de uýýan: itiň gowusy bolmaz. It itdir-dä. Birbada-ha şondan mähirli jandar ýokdur, ynha, duýman durkaňam, injigiňden agyz urar welin, gözüň ýeňsäňe aýlanar. Şonuň üçinem ýazgyny ýok ediň. Geçegçileriň halys aňkasyny aşyrýaňyz. Bolduňyz meň başyma özboluşly täsin kişi. - O näme üçin men hakykat ýazylan ýazgyny aýyrmalymyşym? - diýip, garryjyk tutgaýyna tutdy. - Siziň samsyk pikire gulluk edýäniňiz üçinmi? Ine, özüňiz itimiň ýanynda dursuňyz, a, oň welin piňine-de däl-ä! - Biderek gürrüňiňizi goýsaňyzlaň - diýip, halys janym ýandy. Maňa samsyk diýiň, saňsar diýiň. Öz işiňiz. Ýöne şeý diýeniňiz bilen ýüregim suwlanaýanok. Iň esasam meniň nämä gulluk edýänim bilen işiňiz bolmasyn! Iseleseňiz, häzir men size özümiň mamladygymy subudam edip bilerin? Men şeý diýdim-de, sen-men ýok, ýazzyny beräýdim. Adatça, itleriň ylgap barýanlary jyny almaýar. Gapa çenli şapadaklasamam, gürji şol duran ýerinde sarsman dur. Käbir itler adamdan sussy basylansoň, guýrugyny ýamzyna gysyp oňaýýar. Ýöne pişik gördügi welin topulýa. Men aşak çökdüm-de, emedekläp ugradym. Pişik bolup, gürjä ýakynlaşyp başladym. Ol ýalagyndan başyny galdyrdy-da, hyňranman zat etmän maňa nazaryny dikdi. Goja bolsa yzymda jykyr-jykyr edýär. Ýöne ol nähak gülýär. Sebäbi gürji meni pişikdir öýtmän, eşekdir öýden bolmagy ähtimal. - Mýaw! - diýip, pişigiň agzyna öýkündim. - Mýaw! gürjiniň gözleri hüşgärlik bilen ýanyp gitdi, garry bolsa, öňküdenem beter wahahaýlaýardy. Emma ol meniň gulluk edýän pikirimiň ýekejesiniň-de ýalana çykan gezeginiň ýokdugyny bilenokdy. Kät itler pişik bilen oňşaýýaram. Ýöne biri-birini görende welin, edil ýagysyna duşan ýaly. Men maňlaýym bilen gürjiniň tumşugyna kakdym-da: - Haw! Haw! Hrr! Uww! Haw - etdim. Gürjiniň gözleri biynjalykdan ýaňa ligirdäp gitdi. Gorkujygyndan ýaňa-da götinjekläp ugrady. Öý eýesi bu wagt howluny göçüräýjek bolup gülýärdi. Haý, akyly çaşan goja. Sen entek meni tanaňok öýdýän. Şeýdäge-de men gürjiniň alkymyndan agyz urdum. It çyňsady-da, silkinjiräp, aýagymdan aslyşdy! Men güýjümde baryny edip, aýagymy çekeledim. Balagym jaýyrdap gitdi! Hakyt bir bölegi dişinde galaýdy. Men balagymyň ýyrtygyny gürjiniň agzyndan silkip aldym-da, ony baýdak ýaly edip, howada galgadyp gygyrdym: - Görýäňmi, ýalançy garry! Han-a, seň ýuwaş itiň edäýşini gördüňmi? Sen meň uýýan pikirim bilen işiň bolmasyn! Howludan çykagetdin nälet siňmiş ýazgyny goparyp taşlap goýberdim. Özümem buýsanç bilen ýolumy dowam etdim. Gerbert KEMOKLIDZE. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.02.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |