@Haweran, ýokardaky teswiriň ýerini "tapmadyk" ýaly bolup görünse-de, ömrümden bir wakany ýatlatdy.
Moskwanyň Kazan wokzalyndan ugran otluda, ol Türkmenistana tarap gaýdan bolsa-da, düşen kupämde bir özüm türkmendim. Özümem gögele oglan, orsçamam öwrenje.
Üç ýarym günlük ýoly gürleşmän geçirjek gümanyň ýok. Biz ýerli-ýetimize geçenimizden, gürleşip başladyk. Ömrümiň şol üç ýarym güni ýaly çalt hem gyzykly geçen döwri ýok bolsa gerek. Küpämizde meň üçin juda ýaşuly, ýöne,indi pikir edip otursam, kyrk ýaşlaryndaky bir ors adamsy bardy. Şol döwürlerde şonuň salgysyny almandygyma heniz-henizlerem gynanýan. Dogrusy, onuň belli bir salgysam ýokdy. Özi aýtmyşlaýyn, onuň adresi: Garagum çölüdi.
Men ondan gaty köp zatlary öwrendim hemem henize çenli özümiziň çölümize şondan beter aşyk adama duşamok. Bismylla, Aşgabadyň territoriýasyndan çykdyňmy, üç tarapa ýönelseňem, bilmeýän çopan goşy, bilmeýän guýusy ýok.
Men, gögele oglan bolsamam, soranymy bilýän:
" Näme üçin Garagum? Gyzylgum ýa Sahara däl? "
Onuň gözlerini göräýseň!!!
" Sen näme soraýanyňy bir bilýäňmi?!"
Dogrusy, çöle wagtlaýyn aşyk bolup görsemem, ony şol adam ýaly söýüp bilnedim. Belki, özümiň dagly obadan bolanym üçindir? Ýogsa, olam-a Leningradlydy...