18:09 Entoni de Mellodan meditasiýa-hekaýajyklary | |
ENTONI DE MELLODAN MEDITASIÝA-HEKAÝAJYKLARY
Hekaýalar
“Haçan-da Hudaý gülende” (Meditasiýa-hekaýajyklaryň ýygyndysy) Ol meni hakykydyr öýdýär! Bir maşgala restorana günortanlyk edinmäge gelipdir. Ofisiant gyz ululardan isleýän zatlaryny ýazyp alandan soňra olaryň ýedi ýaşlyja ogluna tarap öwrülipdir. -Siz näme sargyt edersiňiz? Oglanjyk ýygralyk bilen ululara seredipdir-de: -Men hot-dog alardym...-diýipdir. Hyzmatçy gyz sargydy ýazyp ýetişmänkä, ejesi goşulypdyr: -Hiç hili hot-dog bolmaz! Oňa ýeralma goýultmagy we käşir bilen kakmaç (bifşteks) getiriň. Hyzmatçy gyz oglanjygyň ejesiniň sözlerine pitiwa etmän: -Siz hot-dogy ajyhurş (gorçisa) bile iýersiňizmi ýa-da üwmeç (ketçup) bilen?-diýip, oglanjykdan sorapdyr. -Üwmeç bilen. -Men ýene-de bir minutdan gelerin.-diýip, hyzmatçy gyz aşhana ýönelipdir. Ol gidensoň ara agyr dymyşlyk aralaşypdyr. Birhaýukdan soň oglanjyk töwereginde oturanlara seredipdir-de: -Bilýäňizmi, näme? Ol meni hakykydyr öýdýär!-diýip pyşyrdapdyr. Ynjyk çaga Kiçijik Meri ejesi bilen deňziň kenaryna gelipdirler. -Eje, men çägede oýnaýaýyn?!-diýip gyzjagaz haýyş edipdir. -Ýok, mähribanym. Sen tämizje eşikleriňi hapalarsyň. -Eje, onda men suwda ylgaýaýyn? -Ýok. Sen myžžyk bolarsyň we sowuklarsyň. -Eje, men beýleki çagalar bilen oýnasam bolýarmy? -Ýok. Sen köpçülikde ýitersiň. -Eje, maňa buzgaýmak satyn alyp bersene! -Ýok. Sen bokurdagyňy sowukladarsyň. Kiçijik Meri şondan soň ulili bilen aglamaga başlapdyr. Ejesi bolsa ýakynragynda duran zenana garşy öwrülipdir-de, zeýrenmäge başlapdyr: -Eý Hudaý janym! Siz şunuň ýaly ynjyk çagany mundan öň heý gördüňizmi? It üçin balyk ýagy Bir adam özüniň doberman itine balyk ýagyny berip başlapdyr. Sebäbi oňa munuň it üçin örän peýdalydygyny aýdypdyrlar. Ol her gün özünden dyzap sypmakçy bolýan itiň kellesini dyzlarynyň arasyna gysypdyr-da, zor bilen onuň äňini açyp, bogazyna balyk ýagyny dykypdyr. Bir gezek bolsa, it ondan sypypdyr-da, balyk ýagyny ýere döküpdir. Soňam öz hojaýynyny biçak geň galdyryp, ol yzyna dolanypdyr-da, ýere dökülen ýagy ýalamaga başlapdyr. Itiň eýesi soň aň ýetirse, it balyk ýagyny iýmejek bolup garşylyk görkezmeýär eken-de, şol ýagyň özüne berlişine gaýtawul berýän ekeni. © ENTONI DE MELLO | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||