08:46 Jelaleddin Meñburny | |
HALKYMYZYÑ GAHRYMANLARY
Taryhy şahslar
▶ JELALEDDIN MEÑBURNY Türk(men) taryhynyñ beýik gahrymanlarynyñ köpüsi, ýel deýin ýeñişiñ yzyndan ýüwüren şahsyýetlerdir. Gynansak-da bu gahrymanlaryñ käbiriniñ arasynda bagt gülüp bakmadyklary bar. Olar merdanalykda beýleki ýeñişli gahrymançylyklardan pesde durmaýanam bolsa, taryhyñ sahypalaryna ýeñliş bilen soñlanan gaýgyly dessanlar bolup galdylar. Taryhyñ iñ uly öwrülişigini amala aşyryp, halky üçin serini duşmanlara berenler, türk(men) halkynyñ iñ uly duşmanyna garşy çaklañja goşun bilen taryhyñ iñ şanly söweşleriniñ birine girip ýesir düşenler, jemlenip ýurduna hüjüm eden Ýewropanyñ haçparaz mähellesini bir zarbada ýere serendigine garamazdan, öz kowmundan bolan başga bir gahrymana ýeñilip ýurdundan we tagtyndan jyda düşen merdana türk(men) ýigitleri hem şanly, hem belent, emma bedibagt gahrymanlardyr. Jelaleddin Horezmşa hem halkymyzyñ şonuñ ýaly mañlaýy şor çykan gahrymanlarynyñ biridir. Kakasy Horezmşa Muhammediñ birnäçe badyhowa pikirlere uýup, Çingiz hana garşy söweşmek islemegi bilen iki döwletiñ arasynda uruş ody tutaşanda, Jelaleddin boý ýeten we ýurdunda giñden tanalýan ýigitleriñ biridi. Tañry onuñ merdanalygyny synamak üçin garşysyna ýeñilmezek bir adamy we goşuny çykardy. Jelaleddin Çingiz han we onuñ emrindäki mongollar bilen birnäçe ýyllap uruşmaga mejbur boldy. Horezmli türk(men)leriñ bu gerçek ýigidi Tañrynyñ bu uly synagyndan alnynyñ agy bilen çykyp, taryha adyny ýazdyrmagy başardy. Gysga wagtyñ içinde mongollara ýeñilen Horezmşa Muhammet ýurdundan, tagtyndan, maşgalasyndan we hazynasyndan jyda düşeninden soñ gözlerini baky ýumanynda onuñ ýanynda Jelaleddin we beýleki ogullary bardy. Şol sagatdan başlap ähli ýük Jelaleddiniñ gerdenindedi. Iñ berk galalary mongollaryñ eline geçip, goşunlary derbi-dagyn bolan Horezmşalar döwletiniñ dikeldilmegi üçin iñ soñky demine çenli jan aýaman söweşip, hars urup, bu uruşyñ iñ beýik gahrymanlarynyñ birine öwrüljek Jelaleddin bu gaýduwsyzlygy bilen Çingiz hanyñ özüni-de haýrana goýjak gahrymançylyklary görkezip, türk(men) taryhynda öz mynasyp ornuny tapmalydy. Jelaleddin kakasy aradan çykandan soñra, doganlary we ýetmiş atlysy bilen Horezme gelende halkyñ şatlygynyñ çägi bolmandy. Bu meşhur gahrymanyñ mongollara garşy mert söweşjegine ynanýandyklary üçin çagşan goşunyñ bölek-büçek otrýadlary onuñ ýanyna jemlenýärdiler. Onuñ özem boş durman baran ýerinden güýç toplaýardy, käbir begler bilen gepleşik geçirýärdi. Ol mongollaryñ basyp alan şäherleriniñ ilatyny aýaga galdyrmaga çalyşýardy we aýaga-da galdyrýardy. Çingiz han Horezmşalaryñ tepbedini okadym diýip duran wagtynda Jelaleddiniñ orta çykyp, özüne garşy gaýdanyny eşidip, näderini bilmedi we onuñ üstüne bir tümen goşun ugratdy. Bu tümen basyp alynan şäherlerde aýaga galan ilaty rehimsizlik bilen gyrandan soñra, Jelaleddiniñ üstüne gaýtdy. 1221-nji ýylda bolup geçen aýgytlaýjy söweşde Jelaleddin mongol tümenini çym-pytrak edip taşlady. Onuñ kalbynda ar alyş hyjuwy şeýle bir tutaşypdy welin, ýesir düşen mongollara birjigem nebsi agyrmady we olara görlüp-eşdilmedik jezalary berdi. Bu ýeñişden soñra Horezm ýurdunyñ bir galasyny gabawa alan ýene bir mongol goşun birligini kül-peýkun etdi. Yzýany bilen ýene bir çaklañrak mongol goşun birliginiñ külüni asmana sowurdy. Negözel döwleti weýran eden mongol şagallaryndan şeýdip ar almaga çalyşýardy. Horezmşalaryñ gerçek oglunyñ yzly-yzyna gazanýan ýeñişleri Çingiz hanyñ hinine suw giderdi. Goşunlaryny gara ýere gatyk eden bu ýigit bilen garpyşmak üçin hut özi onuñ üstüne gaýtdy. Ol oña mongollaryñ güýjüni görkezmek isleýärdi. Jelaleddin Çingiz hanyñ öz üstüne gaýdanyny eşidip, yza çekilmegi makul bildi. Çünki ol elindäki az sanly güýçler bilen Çingiz hana garşy durup bilmejegine gözi ýetip durdy. Aslynda Jelaleddiniñ goşunyny bir bitewi goşun hasap eder ýalam däldi. Çünki goşunda türkmenlerden başga-da eýranlylar we dürli halklardan toplanan esgerler bardy. Başga halklardan toplanan esgerler bilen türkmenleriñ ýygy-ýygydan agzy alaryp durýardy. Jelaleddine olary köşeşdirip, ýaraşdyrmagam hylallady. Ahyrynda türkmenlerdenem bir bölek goşun bölünip gitdi we Jelaleddiniñ goşuny juda kiçelip galdy. Çünki goşunyñ ruhy türkmenlerdedi. Çingiz hanyñ goşunlaryna garşy ýeñişleri olar gazanypdy ahyryn. Jelaleddiniñ beýleki halklardan toplanan esgerleriñ söweş meýdanynda gatybir tapawutlanyp durmajagyna gözi ýetip durdy. Jelaleddin Horezmşa Sind derýasyna tarap çekilip başlady. Çingiz hanam gije-gündiz ýol ýöräp, ony ele salmaga çalyşýardy. Ahyrsoñy ol Sind derýasynyñ kenarynda ilkinji bolup goşunlaryny ýeñen gahryman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Deñ bolmadyk gazaply söweşde ýeñilen Jelaleddin aty bilen bile däli derýanyñ goýnuna özüni atdy. Çingiz han Jelaleddiniñ diri ele salynmagyny isleýärdi. Şonuñ üçin mongol esgerleri oña ok atman, diñe gabaw halkasyny daraldyp, Jelaleddini ele saljak bolýardylar. Jelaleddin bolsa özüni az sanly egindeşlerini gurşap alan mongol sülsadyna garşy gözsüz batyrlyk bien garpyşýardy we görlüp-eşdilmedik gahrymançylyk dessanyny ýazýardy. Hernäçe jan etse-de, barha daralyp barýan halkany böwsüp bilenokdy. Ahyrsoñy ol gabawy söweşip böwsüp bilmejegine gözi ýetdi we duşmanlaryna ýesir düşeninden ölenini abraýly hasaplady. Sowudyny çykardy we atynyñ başyny suwa tarap öwürdi. Baýdagy elinde, galkany arkasyndady. Şol durşuna-da özüni aty bilen bile derýa oklady we garşy kenara tarap ýüzüp başlady. Onuñ ýanyndakylaram agyr sowutlaryny çykaryp gahryman serkerdeleriniñ yzyndan özlerini suwa okladylar. Wakalary synlap duran Çingiz han haýran galmakdan ýañy aññalyp galypdy. Jelaleddin aty-esbaby bilen suwa böken wagtynda mongollar bu gaýduwsyz gerçegi ele salmak üçin onuñ yzyna düşmek isläpdirler. Emma Çingiz han kowgyny goýbolsun edipdir we ýanynda duran ogullaryna bakyp: "Ynha, atanyñ ogly şeýle bolmalydyr!" diýipdir. Diñe şu waka we şu aýdylan jümle hem Jelaleddiniñ deñsiz-taýsyz gahrymançylygyny göz öñüne getirmek üçin ýeterlik bolsa gerek. Garamañlaý Jelaleddin Çingiz hanyñ ölüminden soñra biraz wagt öñki güýjüne dolanyp gelipdi. Hatda ol Eýran bilen Horezmiñ ep-esli bölegini gaýdybam alypdy. Muña garamazdan onuñ boş sana kowalaşyp düzülen leşgeri bir bitewi legionar goşun bolup bilenokdy. Çünki goşundaky türk(men)ler belli bir derejede eýranlaşypdylar we türk(men)e mahsus söweşijilik häsiýetlerini ýitirip başlapdylar. Adatlara wepaly we ýeñiş gazanmakdan başga zat pikir edesleri gelmeýän türkmenler soñabaka "ýeñilmezek" hasap edilýän mongollara goşulanlaryny kem görenokdylar. Ýagdaý şeýlekä duşman bilen garpyşylaýanda-da ýene-de Jelaleddiniñ ýeñiş gazanmak mümkinçiligi juda azdy. Muña garamazdan ol ýene-de ýan bermedi. Mongol hüjümlerine döz gelip bilmedik eýranly esgerler duw-dagyn bolup gidipdi. Eýranlaşan türk(men)lerem onçakly gaýtawul berip durmadylar. Goşunynyñ çar tarapa gaçyp giden wagtynda, onuñ ýanynda az sanly adam galypdy. Bu gezek gaçyp gutulmak mümkin däl ýalydy. Mongollar onuñ daşyny juda mäkäm gabap alypdylar. Emma Jelaleddiniñ polat ýaly güýji ýene-de sarsmady, ol ilkinji nobatda kalbyna gorkaklyk aralaşan bir serkerdesini öz eli bilen gylyçdan geçirdi. Soñra mongollaryñ üstüne gurt kimin darap, özüne ýol arçady. Mongollary bu gezegem haýrana goýan Jelaleddiniñ bu söweşden soñky durmuşy juda bulam-bujar ýagdaýda geçýär. Beýik soltanlaryñ tagtynda oturmaga mynasyp ýigit aç galtamanlar ýaly ýaşamaga başlaýar, hor-homsulykdan we yzy üzülmeýän betbagtçylyklardan ýaña alajyny ýitirýär. Ýene bir ýeñlişden görlüp-eşdilmedik bahadyrlyk bilen sypan Jelaleddin daglarda entäp ýören bir gurrumsak kürtüñ elinde şan-şöhratlardan we gam-gussalardan, gowgalardan doly geçen ömrüni soñlaýar. Jelaleddin Horezmşa türk(men)iñ beýik gahrymanlaryndandyr. Eger oñat şertlerde ýetişen bolanlygynda, ol taryha beýik türk(men) hökümdarlarynyñ biri bolup geçäýmelidi. Emma şor çykan mañlaýy ony hem-ä Horezmşalar döwletiniñ iñ agyr günlerinde ýaşatdy, hemem Çingiz han ýaly beýik bir basybalyjynyñ garşysyna çykardy. Ýeñlişlerine we çeken kynçylyklaryna garamazdan ol barybir halkymyzyñ gahrymanlarynyñ biridir. XIII asyry lerzana salan Çingiz hana “Bir atanyñ ogly şeýle bolmalydyr!” diýdirenden bäri alty asyr geçensoñ Namyk Kemal ýaly beýik ýazyjynyñ kalbyny heýjana salmagy-da, onuñ belent watançylyk ruhunyñ ömürbaky ýaşaýanlygynyñ subutnamasydyr. Beýik türk şahyry, milliligiñ we azatlygyñ waspçysy Namyk Kemal Jelaleddine bolan çendenaşa söýgüsini beýan edip, onuñ hormatyna "Jelaleddin Horezmşa" atly ölmez-ýitmez eserini ýazypdyr. Neždet SANJAR, türk ýazyjysy. Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||