22:06 Jeliliñ edermenligi | |
JELILIŇ EDERMENLIGI
Edebi makalalar
Şahyry nasistleriň Ikinji imperiýa sudy ölüme höküm etdi. Jelladyň paltasy onuň depssinde gezelip, islendik sekundda aşak inmäge taýýar bolup dur. Emma Musa jeliliň özi-de, onuň dostlary-da ölüm hakda pikir etmeýärdi. Şol wagt şahyryň oý-pikirleri Watana, ýagty durmuşa, azat zähmetiň we bagt ugrundaky göreşiň adamlaryna bakan gönügipdi. Ölümden ýeňilmek däl äre haýyp. Özüňi söweşsiz tabşyrmak aýyp diýip, Musa Jelil merdemsi seslenýär, şonuň bilen birlikde ýer ýüzünde hakykatyň dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan göreş barada oýlanýar. Barlyk dünýäsine, gözellige, göreşiji hem dörediji ynsan gudratyna aşyk şahyr durmuş hakda, ynsan kalbynyň gözelligi hakda öý-pikire çümmegini bes etmeýär. Depesinde jellat paltasy howala bolup durka-da, ol özüniň joşgunly ylhamyndan kuwwat tapýar. Men garlawaç bolsadym, Uçup göge galsadym... Musa Jelil Oktýabryň gaflat ukusyndan oýaranlarynyň birisi. Ol ýaşlygyndan rewolýusiýanyň hyzmatynda durdy. Oktýabr rewolýusiýasyny ol on bir ýaşly oglanjykka Orenburgda garşylaýar. 1919-njy ýylda şäheri ataman Dutowyň kazak bandalary gaban mahaly, on üç ýaşly Musa komsomola girýär, bu bolsa ýaş Sowetler respublikasyny goraýjylaryň hataryna goşulmagyň alamatydy. Hyjuwly komsomol ýeňiş üçin janyny gurban etmäge taýyndygyny özüniň “Bagt” diýen şygrynda aýan etdi. Aşagyna “Kiçijik Jelil” diýip gol çekilen bu ilkinji şygry “Gyzyl ýyldyz” diýen harby gazetiň birinji sahypasynda çap bolupdy. “Komsomol işi meniň durmuş tejribämi baýlaşdyrdy, meni taplady, dünýägaraýşymy täzeledi” diýip, MusA Jelil ýazypdy. Ol 1920-nji ýyldan komsomol işlerinde aktiw işläp başlady: komsomolyň wolost komitetiniň çleni, insturuktory, soňra uezd komitetiniň býuro çleni, WLKSM MK-nyň tatar-başgyrt seksiýasynyň sekretary boldy. Ol çagalaryň hem ýaşlaryň žurnallaryny döretmegiň guramaçysy hem-de şol neşirleriň redaktory boldy. Ol faşistleriň elinden heläk bolan wagty otuz sekiz ýaşyndady. Asyl ol biziňm üçin ýaşlygyň, baharyň aýdymçysy bolubam galdy. Musa Jelil gaty köp, örän erjel, yzygiderli okap-öwrenýärdi. Ol Kazandaky rabfaky, soň Moskwa uniwersitetini tamamlap, Gyzyl professura institutyna girmäge taýýarlyk görüp ýördi. Gündogaryň, Günbataryň poeziýasyny içgin öwrenýärdi, beýik rus hem doganlyk halklaryň edebiýatyny çuň hem hertaraplaýyn bilýärdi. 1935-nji ýyldan Beýik Watançylyk urşuna çenli Musa Jelil “Jigan”, “Jim”, “Hat gatnadyjy” poemalaryny, soňra opera öwrülen “Ildar”, “Altyn saç” dramatik poemalary, bir topar aýdym, tankydy hem publisistik makalalar ýazdy. Täze poemalaryň, dramadyr librettolaryň (hususan-da, “Ilkinji bahar”, “Balykçy gyz” we ş.m.-leriň) sýužetlerini taslady. Musa Jelil 1941-nji ýylyň 13-nji iýulynda goşun gullugyna çagyrylýar. Kän wagt geçmänkä, ol syýasy işgärleriň alty aýlyk kursuna iberilýär. Harby ýagdaý ony döredijilik işinden uzak wagtlap aýra düşüräýjek ýaly görünse-de, kyrk birinji ýylyň aýagyna çenli ol eýýäm front temasyndan tutuş bir ýygyndylyk şygyr ýazyp ýetşdi. Şol goşgulary tatarystan döwlet neşirýaty 1942-nji ýylda “Topçynyň kasamy” ady bilen okyjylara ýetirdi. Uruş gutarýança Musa hakda hiç kim bilmedi. Ilkinji gaýgyly habar Aleksandr Fadeýewiň adyna gelipdi. 1945-nji ýylyň maýynda berliniň köçelerinde söweş gidýän mahaly harby bölümiň soldatlarynyň biri Moabit türmesiniň agzynda üýşüp ýatan zir-zibiliň içinden rusça ýazgyly kazgy bölejigini tapýar. Haýsydyr bir kitapdan ýyrtylyp alnan şol kagyzüa Musa özüniň Moabit türmesindedigini, faşistleriň elinden öläýmeginiň ähtimaldygyny ýazypdyr. Ruslar gelensoň (Berlini Sowet Goşuny alansoň), kimde-kim şuny tapyp okasa, özi hakda Moskwa bilen Kazana habar ýetirmegini hem-de Fadeýewe, Gladkowa, Wl.Bahmetýewe, Korneýçuga, Tyçina we beýleki ýazyjylara salam gowşurmagyny haýyş edipdir. Nebsimiz agyrsa-da, şol hat Moskwada, Ýazyjylar soýuzynda ýitirim boldy, ondan henize çenli-de derek ýok. Şondan tegelek bir ýyl geçensoň – 1946-njy ýylda ýesirlikden gaýdyp gelen Nigmat Töregulow Musa Jeliliň “Moabit depderiniň” birinjisini Tatarystan Ýazyjylar soýuzyna getirýär. Musa Jeliliň latyn elipbiýinde ýazylan ikinji depderini bolsa uruşdan soň – 1947-nji ýylda belgiýa watançysy Andre Timmermans Brýusseldäki sowet ilçihanasyna gowşurdy. Ilçihana hem ony şol ýylyň özünde tatarystan Ýazyjylar soýuzyna iberdi. Şeýlelikde, Musa Jeliliň ýüz töweregi goşgudan ybarat iki depderi-de Watana gowuşdy, emma welin şahyryň özünden nam-nyşan ýokdy, soň nä günlere sataşanlygy hem belli däldi. Arap elipbiýinde zynjyr ýaly ýazylan birinji depderiniň soňunda ol wesýet edipdir, egindeşleriniň hem adyny tutupdyr. “Tatarça düşünýän hem şu depderimi okan dostuma. Muny ýazan belli tatar şahyry Musa Jelil. Onuň başdan geçiren külpetleri şeýle... Ol 1942-nji ýylda frontda söweşdi hem ýesir alyndy. Ýesirlikde azap baryna döz geldi. Kyrk ajalyň kyrkysyndanam geçdi. Soň Berline getirildi. Bu ýerde ol gizlin gurama gatnaşmakda, sowet propogandasyny ýaýratmakda aýyplanyp, türmä salyndy. Ony ölüm jezasyna höküm edýärler. Ol öler. Emma onuň ýesirlikde, bendilikde ýazan 115 goşgusy-da özi bilen gider. Ol şo goşgulary üçin bikarar bolýar. Şonuň üçinem, ol 115 goşgynyň hiç bolmanda 60 sanysyny beri göçürmäge jan çekdi. Bu depderçe eliňe düşäýse, dykgat bilen gowy edip, täzeden göçür-de, ikisinem mäkäm sakla, uruşdan soň bolsa Kazana habarymy ýetir, goşgularymy tatar halkynyň gurban bolan şahyrynyň şygyrlary diýip çap et. Wesýetim şundan ybarat. Musa JELIL. 1943-nji ýylyň dekabry”. “Moabit depderiniň” latyn elipbiýinde ýazylan ikinjisinde özüne çekiji habar bar: Munda 33 goşgy bar. Ýesirlikde hem bendilikde – 1942-nji ýylyň sentýabryndan 1943-nji ýylyň noýabrynyň ahyryna çenli aralykda – bar ödredenim 125 goşgy bilen poema. Ýöne welin, olary nämä ýazyp galdyrjak? Olar meniň bilen bile öler”. Musa Jelil özi bilen pikirdeş ýoldaşlaryndan gizlin gurama döredýär. Gurama giňelip, aktiw herekete başlaýar, faşistik propoganda garşy tutanýerli göreş alyp barýar, onuň hile-pirimlerini paş edýär, faşistleriň söweşjeň güýçlerini gowşadýar. Basym tatar legionynyň ilkinji batalýony gündogar fronta iberilmesine iberilýärem welin, gitlerçileriň tamasy puja çykýar. “Legionerler” ýaraglaryny öz doganlaryna däl-de, gitlerçilere gönükdirýär. Faşistik ofiserleri ýok edip, batalýon söweşjeň tertipde Witebskiniň çäginde Sowet Goşunynyň tarapyna geçýär. Şu ýagdaýdan soň, gitlerçiler beýleki batalýonlary fronta ugratmaga ýürek edip bilmeýär. Bu bolsa gizlin guramany özüniň göreş taktikasyny üýtgetmäge mejbur edýär. ýaragly gozgalaňa gaty dykgatly taýýarlyk görýärler. Emma... bu gizlin gurama haýyn aralaşyp, gozgalaňa dörtje gün galanda, Musa Jelil tussag edilýär-de, Warşawa türmesine iberilýär. Ertesi, 11-nji awgustda bolsa beýleki podpolýeçiler hem tutulýar. Otuz adamdan ybarat gurama çlenlerini gitlerçiler sud edip, olara dürli möhletleýin iş kesýärler. Warşawa türmesinde iki gün saklanansoň, Musa Jelil Berline geçirilýär. 1943-nji ýylyň sentýabrynda Jerlil hem onuň ýoldaşlary birinji ýola sud bolup, ölüme höküm edilýär. Musa Jelil bilen onuň egindeşleri – çagalar ýazyjysy Abdylla Alyş, inžener Fuat Bulatow, mugallym Gaýnan Kurmaşew, 1urnalist Ahmet Simaýew, maliýe işgäri Garif Şabaýew, sowet ofiseri Abdylla Battalow, towarowed Zinnat Hasanow, sowet işgäri Fuat Seýfulmulýukow, ýene üçüsi (entek olaryň atlary belli edilenok) ýowuz hökümi sowukganlylyk bilen diňleýärler. Gahryman watançylar özleriniň sowet graždanydyklaryny, Sowet häkimiýetine wepalylykdan ugur alyp eden hereketleri üçin, olary faşist sudunyň sud edip bilmejekdigini buýsanç bilen mälim edip, gahar-gazapdan doly protest bildirýärler. Ikinji imperiýa sudy 1944-nji ýylyň martynda Drezdende olara sud edýär. Jelilçiler ölüme höküm edilýär. Höküm 1944-nji ýylyň 25-nji awgustynda ýerie ýetirilýär. Ölüme garaşyp oturylan mahaly dörän “Moabit depderleri” biziň eýýamymyzyň täsin edebi ýadygärligidir. Bu – şahyryň faşizme garşy göreşiniň dowamy, döredijilik edermenligi. “Moabit depderlriniň” ikisi hak eýesine gowşan-da bolsa, bulardaky eserler Jeliliö döreden şygyrlarynyň hemmesi däl. Onuň dostlarynyň üsti bilen Tegel türmesindäki bendi M.I.Ikonnikowa başga birine gowşurmak üçin berlen üçünji ýazuw depderçesi häzir gözlenip ýör. “Moabit depderiniň” ýüzündäki ýazgydan mälim bolşuna görä, kazgy ýetmezçiligi zerarly, ähli goşgusyny depdere geçirmäge ol ýagdaý tapmandyr. Goşgulary okap, olary ölüme höküm edilen adamyň döredendigine haýranlar galýarsyň! 94 şygryň 67-sini şahyr ölüme garaşyp otyrka döredipdir. Gözi bilen görenleriň aýdyşlaryna görä, faşistik zyndanda eli-aýagy gandally Musa Jelil legendar durnuklylyk görkezipdir, erkine buýrupdyr. Gynaglar, wagşylyk bilen sorag etmeler onuň ruhuny syndyryp bilmändir. “Moabit depderleriniň” merkezinde parahatlyk hem adalat ugrundaky göreşiň öň hataryna çykarylan liriki gahryman durýar. Belli fransuz ýazyjysy kommunist Lui Aragon Musa Jelil hakynda “Ol biziň hemmämiz üçin öldi” diýip ýazdy ol şeýle diýmek bilen, şahyryň döredijilik edermenliginiň dünýä ähmiýetini tassyklady. Jelil azatlyk söýüji ähli adamlaryň ýüreklerinde ýaşaýar. Onuň aýdymlary dünýä ýüzünde ýaňlanyp, hüşgärlige, parahatlyga, adalata çagyrýar. Gazi KAŞŞAF. Kazan. “Edebiýat we sungat” gazeti, 16.02.1966 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||