11:23 Jokrama yssy Sibirde doñ topragyñ doñuny açdy... | |
JOKRAMA YSSY SIBIRDE DOÑ TOPRAGYÑ DOÑUNY AÇDY: 46 MÜÑ ÝYLLYK SOGULJAN JANLANYP, KÖPELMÄGE BAŞLADY
Geň-taňsy wakalar
Global maýlama dünýäniñ demirgazygyny gurşap alan permafrost gurluşy çözmäge başlady. Sibirdäki çözülme çaltlaşyp barýarka, 46 müñ ýyllyk soguljana jan girdi we köpelmäge başlady. ABŞ-nyñ "Washington Post" gazetiniñ berýän habaryna görä, alymlar Sibiriñ doñ topraklarynyñ (permafrost) çuñluklarynda 46 müñ ýyl bäri gysylyp galan urkaçy mikroskopik soguljanyñ üstünden barypdyr. Soguljany janlandyranlarynda soguljan partenogenez ady berilen we taýyna mätäçlik duýmaýan proses bilen köpelmäge başlady. • Metabolik prosesleriñ barsy asyrlar boýy dur Berilen metbugat beýanatyna görä, soguljan kriptobioz ady berilen uky ýagdaýynda müñlerçe ýylyny geçiripdir. Manoadaky Gawaý uniwersitetiniñ beren beýanatynda hemişelik dowam edip bilýän şeýle ýagdaýda köpelme, özgerme ýaly ähli metabolik prosesler agsaýandygy aýdylýar. Penşenbe güni "PLOS Genetics" žurnalynda çykan bir makalada alymlar soguljanyñ genomyny barlanlaryndan soñ onuñ "heniz üsti açylmadyk jandara" degişlidigi aýdyldy. "Live Science" žurnaly öñ "Plectus murrayi" we "Tylenchus polyhypnus" nematodlary birnäçe dýužina ýyldan soñ moh we gerbariý böleklerinden direldilipdi. Emma alymlaryñ "Panagrolaimus kolymaensis" adyny beren bu täze görnüşi ýene on müñlerçe ýyl ukuda galdy. Holli Bik Çuñ deñizler boýunça biolog Holli Bik okean çöketlikleri, tundralar, çöller, wulkaniki topraklar ýaly dürli şertlerde ýaşaýan millionlarça nematod görnüşleriniñ bardygyny çaklaýar. Alymlar şindize çenli bary-ýogy bäş müñ deñiz jandaryny anyklap bildi. • Elli müñ ýaşly soguljan Florida uniwersitetiniñ nematology we ylmy-barlag işlerine gatnaşmaýan Uilýam Krow "The Washington Post" gazetine beren beýanatynda bu soguljanyñ 50 müñ ýylyñ dowamynda nesli ýitip-ýok bolandygy çaklanylýan bir görnüşe degişli bolmagynyñ mümkindigini aýtdy. Munuñ bilen birlikde Krow "Emma heniz hiç kimiñ bilmeýän, köp duşulýan nematod bolmagy-da mümkin" diýdi. Permafrost ýylyñ dowamynda 0 gradusdan pesde galan topraklardan we gaýalardan ybarat. Permafrost topraklar ýüz müñlerçe ýyllap üýtgemän saklanyp we ýer gatlagynyñ aşagyna tarap birnäçe metr bilen 1,5 km-e çenli uzap bilýär. Permafrost köplenç ortaça ýyllyk gyzgynlygyñ suwuñ doñma derejesinden has az bolan sowuk ýerlerde emele gelýär. Bular ýaly ýerlere Demirgazyk we Günorta polýuslary bilen birlikde Alp daglarynyñ käbir ýerlerinde gabat gelinýär. Metbugat beýanatyna görä, soguljanyñ şunça wagtlap ölmän galmagy şol öwrenilen soguljan ýaly mikroskopik organizmleriñ iñ kyn şertlerde-de diri galmak üçin biologiki şertlerini togtadyp biljekdigini bilýän alymlar üçin täzelik däl. "PLOS Genetics" žurnaly makalasunda "Tapyndylarymyz nematodlaryñ potensial taýdan ýaşaýşy geologiki wagt ölçeglerinde dowam etdirmeklerine rugsat berýän mehanizmleri işläp düzýändigini görkezýär" diýildi. • Russiýanyñ topraklarynyñ doñy çözülýär we çökýär Russiýanyñ Uzak Gündogarynda bir kilometr çemesi ýaryk bolan we dünýäniñ iñ uly doñ toprak kraterini emele getirýän Batagaika krateri barha ulalýar. Global maýlama zerarly her ýyl biraz doñy açylýan topraklar çökýär we sebitiñ halky üçinem uly howp abandyrýar. A gash that is nearly two-thirds of a mile long in Russia's Far East forms the world's largest permafrost crater. As the planet warms, it is only getting bigger https://t.co/2teksBQV1G pic.twitter.com/qDnkxxOSbY — Reuters (@Reuters) July 22, 2023 "Reuters"-iñ dronda düşürip paýlaşan ýazgylary-da howpuñ näderejede uludygyny görkezýär. Dünýäniñ iñ uly doñ toprak krakeri planeta maýladygyça goduklap barýar we bu ýaryk barha ulalýar. • Täze köpçülikleýin ýokanç keseller golaýlap gelýär Permafrost karbon we beýleki hapa gazlary goýbermän saklaýşy ýaly antik mikroplary-da saklaýar. Käbir bakteriýalaryñ we wiruslaryñ müñlerçe ýyllap ukuda ýatandygyna ynanylýar. "Zombi" patogenler düşünjesi gulagymyza gorkunç eşdilýänem bolsa, bu antik mikroplaryñ howp abandyrma ähtimallygy daşda däl. 2016-njy ýylda Sibirde ýüze çykan şarbon ýokanjynyñ bakteriýalar bilen doly doñy açylan permafrosta gysylyp galan onlarça ýyllyk sugunyñ nejasatyndan ýaýrandygy belli boldy. Emma mama (ospa) keseli ýa-da 1918-nji ýylyñ ispan dümewi bilen ölen adamlaryñ saklap biljek bu doñ topraklardaky patogenlediñ täzeden epidemiýa sebäp bolma ähtimallygy heniz belli däl. Ýöne Demirgazyk polýusynda gymmatbahaly metallary we nebit çykarmak üçin zaýalanan millionlarça tonna permafrostyñ adamlatyñ antik we bolup biläýjek zombi patogenler bilen ýakynlygyny artdyrandygy welin belli. "OKSIJEN" gazeti, 30.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |