21:37 Jynlar we jynlan adamlar hakynda | |
JYNLAR WE JYNLAN ADAMLAR HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
''Jyn'' sözi ㅡ örtülgi, ýapyk, gizlin manylary berýär. Bu sözden döreýän ençeme meñzeş sözler bar. Jenan ㅡ Bu sözüñ ''kalp'' diýen manysynyñ bardygyny aýdýanlar bar (gyzlara türkmen edebiýatynda-da ''Jenan'' diýlip atlandyrylýar). Jyn sözi birnäçe asyrlardan bäri ''urma'' sözi bilen ulanylyp gelýär diýsegem bolýar. Jenap ㅡ adamy örten eşik ''gizlin'' edilen iş manysyny berýär. Jenen ㅡ gabyr, kepen diýmek. Belli bir maksat üçin ýaradylan jyn we adam barada Kurany Kerimiñ ençeme aýatynda giñişleýin aýdylýar. ''Allatagala adamy bişen kerpiç ýaly palçykdan ýaratdy. Jyny hem tüýs, ýagny tüssesiz otdan ýaratdy (Rahman s. 14-15)''. Bu aýatdaky tüýs ot manysyny berýän ''märiç'' we ''naryñ'' nämedigi barada anyk maglumat ýokdur. Ýöne onuñ radiasiýa ýa-da ion ýaly antimaddadan emele gelen bir garyndy bolmagy mümkin. Emma jynlar ne fotondyr ne-de atomlary emele getirýän elektron, proton we neýtron bölejikleridir. Başga bir aýatda: ''Kasam bolsun, biz ynsany palçykdan, jyny bolsa has öñ zäherli, gowrujy otdan ýaratdyk (Hijr. 27)''. Adam protein garyndysyndan, jyn bolsa nary semumdan ýaradylan. Nary semum bedene täsir edýän o:t, ýa-da zäherleýän diýen manyda gelýär. Ýöne munuñ nähilidigi biziñ üçin näbelli. Belki, jynlar efirden ýaradylan barlykdyr. Jynam edil adam ýaly dogulýar, iýýär-içýär, öýlenýär, köpelýär, ýaşaýar, garraýar we ölýär. Aýal-erkeklik hem olarda bardyr. Ymam Şibli olaryñ müñ ýyl töweregi ýaşaýandygyny aýdypdyr. Jynlar ýaradylyş taýdan adamyñ elinden gelmejek agyr işleri etmäge ukyplydyr. Kuranda Süleýmanyñ (a.s) guşlardan we jynlardan goşunynyñ bolandugyny, jynlaryñ galalar, howuzlar gurandygyny aralarynda jaý ussalarynyñ bolandyklary aýdylýar (Enbiýa. 82, Neml. 39, Sebe. 12, Saad 37) Adamyñ birinji aklyna gelýän zat ''jyn urmasy, jynlamak'' hadysasy, fiziki taýdanmy, ýa ruhy taýdanmy bolýarmy, bu hemişe çekeleşikli mesele bolupdyr. Köpsanly uruglarda esasanam jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlar bu gorkyny ulanyp özlerine girdeji gelmegine ýol açýar. Günümüzde-de palçy, bilgiç, medýum ýaly atlar bilen özlerine ýer edinmäge synanyşýanlaram adamlaryñ bu häsiýetlerinden peýdalanýarlar. Jyn adamy urarmy? Jyn hiç kimi urmaz, hiç kimiñ içine girmez, ýöne hemme taraplaýyn artyk adam bilen gatnaşyga geçse ol adam gorkar. Bu gorkynyñ netijesinde häsiýetlerinde geñlikler görüner. Nerwisi çöker, energiýasy peseler we özüniñ häkimýetini ýitirer. Ine şuñ ýaly adam bilen jyn gatnaşyga girer. Adam muña çydap bilmez we bedende geñ reaksiýalaryñ bardygyny duýup başlar. Öz gorkusyndan dörän islegsiz hereketler jynyñ hereketleridir. Jynlan adamy nädip bilip bolar? ''Jynlapdyr'' diýilýän adamyñ aslynda göze dürtülip duran görkezýän hereketleri bolýar. Ol adam gipnoz edilen ýaly bir nokada sereder, doganlarynam tanamaz, öz-özi gürlär. Signal tutar, olar bilen gürleşer. Şol adam bilen gürleşjek bolsañ, ol bedenden dürli gaýtargylary berer (urar, topular). Ine muña jynlamak ýa-da ''Jyn uran, al kakan'' diýilýär. Jyn adamyñ içine girip bilenok. OnuN muña ukyby ýokdur. Ol diñe beýnä höküm edýär. Ýagny jynyñ bedeni bilen biziñ bedenimiz däl-de añymyz birleşýär we jyn bedeni ele salýar. Jyn eger bir adamy ''jynlatsa'', onda şu häsiýetler bolar: ''Ol gygyryp, goh edip başlar, jyn adamyñ agzyndan gürlär. Jynlan adam çepe zarply sereder. Nazary doñup, gözüni erbet edip açyp ýumar. Jyn hassanyñ dilinden gürlär we kämahallar ''Jyn'' sözüni diline alar. Surat: "Ýedinji jyn" kinofilminden / "Özbekfilm", 1976 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |