23:57 Jynlara namaz okatdyran adam | |
JYNLARA NAMAZ OKATDYRAN YMAM
Geň-taňsy wakalar
Tokadyň (Türkiýede bir şäher - t.b.) heläkçiliginde ýoň bolan gürrüňlerde we hekaýalarda, halk arasynda jynlaryň görünýändigini dile getirýärler. Bu hekaýa şeýleräk görnüşde beýan edilýär: Ulyjamyň ymamy, bir gün ertir namazyny okap bolanyndan soň töwür etmek üçin arkasyna tarap öwrülip oturanda öňler hiç gözüne görülmedik bir topar üýtgeşik adamlary görüpdir. Ymamyň maňlaýyndan şagga derler akyp başlapdyr. Ýöne ymam gaýduwsyzlygy elden bermän olardan: ''Kim siz, nireden gelip nirä barýarsyňyz?'' diýip sorapdyr. Aralaryndan biri molla aga garap şeýle jogap beripdir: ''Biz Oglan Deresinde ýaşaýan musulman jynlardyrys. Oglan Deresinden Gögerçiniň gülüne (çalı / kustarnik-dermanlyk ösümlik - t.b.) gelin eltip barýarys. Gelýärkäk ertir namazynyň azanyny eşitdik-de namaz okamak üçin mesjide geldik'' diýipdir. Aýdylmagyna görä ''Oglan Deresi'' we ''Gögerçin Güli'': jynlaryň ýaşaýan mekanydygy aýdylýan iki ýeriň ady hasap edilýär... Hakan İNJE. Terjime eden: @Jeksparro | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||
| |||||