18:35 Jyrjyryň nagmasy | |
JYRJYRYÑ NАGMASY
Ertekiler
Bir gezek dag etegindäki ýaýlanyň mör-möjekleri üýşüp, geňeş etdiler. Olara başga ýere göç etmek zerurdy. Üstlerinden goş öküzleriň toýnaklarynyň depgilemeýän, adam aýaklarynyň çemenzarlara takyr ýodalary salmaýan ýerine göçmek gerekdi. Elbetde, täze ýurt tutunmak üçin iri haýwanlaryň çykyp bilmejek beýik gaýasy ýa-da harsaň daşlaryň arasyndaky giň, güneşlik bir yşgalaňjyk tapylaýsa oňa ýetesi zat ýokdy. Uly il şu pikiri unady. Birnäçe günden soň ýurt gözlegine gidenlerden bir balary şeýle habary getirdi (balarylaryň uçup ýetmeýän ýeri ýok): – Bir ajaýyp derejik bar: tutuşlygyna gül-çemene bürenip ýatyr, içindenem sapak ýalyjak üç sany dury çeşmejik şildiräpjik akyp geçýär. – Ol ýer adamlardan uzakdyr-la hernä? – diýip, bir garaýagyzyň owadany garynja gelin sorady. – Uzak – diýip, balary märekäni begendirdi – Şeýle bir uzak welin, ol belent mekandan aşak seredeniňde adamlar mallaryň yzynda towsaklap ýören bürelere meňzeýärler. – Onda eglenmän ýola düşeliň-dä! – diýip, uly märeke birden gowur tapdy. Ine, şeýdibem, elýetmez belentlikde, dag-daşlaryň arasyndaky yşgalaň ýerde mör-möjekleriň abadan, asuda mesgeni döredi. Dag etegindäki bereketli ýaýlalardan ol ýere egni azyk ýükli azapkeş garynjalaryň hatarlary tirkeş gurap uzaýardy. Şadyýan wazzyldaşyp, gül şiresiniň gözleginde çarh urýan balarylar daragtyň köwegindäki öýjüklerini anbar ysly, şirin-şerbet baldan doldurýardylar. Agşamlaryna, şem tomzajyklar öz çyralaryny ýakanlarynda bolsa obanyň çaklaňja mähelle meýdançasyna mylaýym yşyklar çaýylýardy. Howa, şeýdip rahatlyk hem-de bereket üçre ýaýlaýan bu obanyň şadyýan goýnunda aram-aram bir täsin-ajaýyp nagma eşidilýärdi. Aýdym aýdyp, saz çalmakdan başga zady bilmeýän juwan jyrjyr gyzyň kemança goşup hiňlenýän şadyýan nagmalary hemmeleriň kalbyny şat edýärdi. Özleri hem ezber sazandalar bolan çyrlawyklar jyrjyryň tarypyny aýdyp, ýerde-gökde goýmaýardylar. Bolmanda-da onuň täsin owazy baradaky myş-myşlar eýýam tutuş etraba ýaýrapdy. Emma oba geňeşliginiň penjiresinden bir jübüt çaşy göz jyrjyryň ýaşaýan tamjagazyna göriplik bilen tiňkerilýärdi. Başy haýbatly gara slýapaly, eli hasaly, tulum ýaly çişik arçyn tomzak beýik kemança ussady bolmaga näçe jan etse-de, onuňky teý paşanokdy. Uzyn günler otagyna gabşanyp, kemançasyny zygyldadýan tomzak saz çalma-ga beýlede durzun, ýalpyldawuk penjeleriniň gyýçak-gyýçak, demir ýaly gaty barmaklarynyň arasynda kemançany oňly saklabam bilmän, häli-şindi ýere gaçyrýardy. Käteler gijäniň bir wagty bu beýhuda azaplardan halys bolan arçyn penjiräniň öňüne tasap barýardy-da, Aý şuglasynyň astynda şirin-şirin nagmalary gaýyrýan jyrjyra öçli nazaryny dikýärdi. Göriplik diýen zat ýürekde dömen gara çigit ýaly bir zat bolýar: öz wagtynda köki-damary bilen sogrup taşlamasaň, soň ösüp-ýaýrap, tutuş ýüregiňi çyrmaşak kimin dolap alýar. Hut şeýle derdesere ýolugan arçyn hem indi öz kemençesiniň ýürekbulaýjy zygyrdylaryny çekip-çydap bilenokdy. – Biziň-ä hemmämiz işleýäs, jyrjyr bolsa bikär gezip ýör, eýsem şü adalatmy? – diýip, arçyn bir üýşmeleňde oba ilatyna sorag berdi – Onuň bar bileni-bitireni aýdymdyr saz. Ine, balary uýamyz bal getirmek üçin näçe elewlemeli, bu jyrjyr bolsa han gyzy ýaly heran-haçan aýdym aýdyp, şadyýan kakyp ýör. – Ol aýdym aýdyp, bize şatlyk eçilýär – siz şuny diýjek bolduňyz gerek, arçyn aga? – diýip, aýdym-sazyň ölemen muşdagy balary arçynyň tersinden turdy – Diýseňiz-diýmeseňiz, aslynda bu howanyň özi mukama ýugrulan-da. Howadaky zatlar bolsa hemmelere degişli. – Senem-ä howada uçýaň, emma sen işleýäň – diýip, arçyn ony magtan boldy – Sen bal ýygnaýaň ahyryn. – Ol-a şeýle-le welin, men öz peteklerim üçin bal ýygnaýan, mukam bolsa hemmeler üçin. – Hakykat gürrüň şo! Tüýs hakykat gürrüň! – diýip, garynjalaram tassykladylar. – Hakykat! Hakykat! – diýip, çyrlawyklaram güwä geçdiler. – Siz entek muny aýdýaňyz, meniň gürrüňimi diňleseňiz-le! – diýip, gyzyl köýnegi gara-gara menekli kekene söze goşuldy – Düýn men öz körpejäme şapbat çalmakçy boldum welin, birden jyrjyr jigimiziň owazy ýaňlandy-da, meniňem elim howada doňdy galaýdy. Bu nämedendir öýdýäňiz? – Gelneje, bu ýaz gowuja doýup, biraz ýaltaňyz çykan bolaýmasa? – diýip, jykyr-jykyr gülen jyrjyr öz çaklamasyny orta atdy. – Şondan bolmagy mümkin, jigim, emma seniň nagmalaryňdan bolmagam mümkin. Olar ýüregiňe mähir çaýýar. – Olar erkiňi baglaýar – diýip, arçyn hüňürdedi. – Erkiňi baglaýarmy-ýokmy, onçasyny bilemok, ýöne men şonda körpämi urmadym. Dogram etdim, beýtseň soň özüň ökünýäň. Çagalar mydama bezzatlyk edýärler, emma olaryň kalplary päkize. – Her näme bolsa-da, meniň sizden soraýanym: biziň hemmämiziň işläp, şu gyzyň bikär gezip ýörmesi adalatmy? – Onuň işi – aýdym aýtmak, arçyn aga – diýip, şem tomzajyk öz agymtyl çyrajygyny ýylp-ýylp lowurdadyp seslendi. Märeke alagowurdy bolup, şem tomzajygy goldady. Sypaýy tomzajyk şobada kiçigöwünlilik bilen çyrajygyny öçürdi. Jedelde utulyp barýandygyna göz ýetiren arçyn jyrjyryň özüni gepletmegi ýüregine düwdi. Ol naçar özüne bildirilýän aýyplamalardan goranyp bilmez öýden arçyn: – Goý, näme üçin işlemeýändigini jyrjyryň özi düşündirsin! Goý, ýa özüni aklasyn, ýa-da günäkärdigini gös-göni boýun alsyn! – diýip, talap etdi. Tutuş märeke jyrjyryň sözüni diňlemek üçin bir gulaga öwrüldi. – Men aslynda aýdym aýtmak üçin doglupdyryn öýdýän – diýip, jyrjyr alňasaman söze başlady – Eger bu günä bolýan bolsa-da, meniň günäm däldir. – Ýöne öňem bir dana kişi seniň arly tomus aýdym-saz edip, gyşda gallaç galan garry mamaň hakda bize rowaýat galdyryb-a gidipdir – diýip, zoňtar arçyn onuň sözüni böldi. – Hany, dymsaňyz-la! – diýip, balary şeýlebir batly, şeýlebir hökümli gygyrdy welin, gaba şlýapaly we haşam hasaly häkim şobada lam-jim bolaýdy – Jyrjyr sözüni tamamlasyn-a, ýaşuly. – Mahlasy, meniň bar işim-pişäm – aýdym aýtmak. Elmydama meniň göwnüme şu zähmetimiň irde-giçde beýlekilere peýdasy degjek ýalydy. Nädip beýle bolýanyny bilemok welin, aýdymyň kalplar üçin derkardygyny bilýän. Aýtjak bolýanym, siziň ýürekleňiz üçin. – Dogry, dogry – diýip, çyrlawyklar güwä geçdiler, şeýdibem bu goh-galmagally ýygnak tamamlandy. Şol gün giç agşam juwan jyrjyryň ýaşaýan tamynyň penjiresinden şu wagta çenli görlüp-eşidilmedik şeýle bir ajaýyp nagma ýaňlanandyr welin, bütin oba aýdymçyny alkyşlap, soňuna çykyp bilmedi. Emma arçyn tomzak teý köşeşenokdy. Onuň ýüreginde kök uran gara çigit barha pajarlap, gol-şaha ýaýýardy. Ilkinji güýz ýagyşlary sepelenip, obanyň ýaşaýjylary sowuklamadan asgyryp-üsgürip başlanlarynda ol öz gahba niýeti üçin amatly günleriň gelendigini duýdy. – Wah-waheý, arçyn aga! Gulaklarym agyryp, alyp barýar! – diýip owadanja kebelek nalaýardy. – Ýewstahiý turbasydyr ol, gülüm. Gulagyň içindäki örän näzijik agzadyr. Aýdym-saza kän bolýan däldir. – Be, men-ä bilemokdym beýle zady! – Şeýledir ol, gyzym. Aýdym-sazdan harap bolýandyr. Bu nälet siňen aýdym-sazlary eşitmezlik üçin saňa bu ýerden allaowara uçup gidäýmek galýar indi. – Diýmek, muňa jyrjyr günäkär-dä? – Eýsem näme, bizde şondan başga aýdym aýdýan barmy, gülüm? Şolar ýaly batly owaz bilen aýdym aýdýan barmy? Hakyna garanda ol “...hem-de şolar ýaly ajaýyp owaz bilen...” diýip hem üstüni ýetirmelidi welin, ölse beý diýermidi ol? Soňra arçyn sümmükler bilen gürleşmäge gitdi. Ýollaryň üstünde kümüşsöw yzlary goýup gidýän sümmükler-dä. – Ýagdaýlar niçik, sümmük uýam? – Bir tap bar, arçyn aga. – Täze jaýyň neneňsi? – Ölçege lap-laýykdyr, arçyn aga. – Gowy-da şol. Ýagyş-ýagmyrda gönendirer seni. – Şony diýsene. Ýagyş suwy çaňňalagymyň daş ýüzünden akyp geçýär, içine bir damja-da syzanok. Ýöne, erbet ýeri: günuzyn içerä gabsanyp oturmaly. Daş-töwerekde erbet dümew ýaýrap ýör diýýärler. – Neme... Içerä ses gowy gelýärmi? – Eýsem näme? Jaýymyzy guranymyzda biz muny hökman göz öňünde tutýarys. – Gepem şonda-da. Bu örän howply ahyry! – Howply? – Içeri girýän ses seni para-para eder goýbär, uýam. – O nähili? Siziň aýdýanyňyz näme? – Saz diýlen zat, uýajygym, ýokary ýygylykdaky sesleriň gaýtalanyp durmasydyr. – Gaýtalanyp durmasy? – Edil özi, hut şeýle. Seniň çaňňalak öýüň bolsa ýokary hörpli sesleriň ýygylygyny köpeldýän ötlem-ötlem towlançak bir zat. – Şeýlemi? – Elbetde. Ol bolsa şol bogazyny ýyrtyp dur, ýyrtyp dur. Hiç dynuwy ýok. – Jyrjyrmy, arçyn aga? – Elbetde, jyrjyr. Öňde-soňda hemmämiziň başymyza ýeter ol. Sen dagy ýagty jahanda ölmek üçin daşara-da çykmaga ýetişmersiň. Hiç kimiň habary hem bolmaz, çaňňalagyň içinde gatap-doňup galarsyň. Halys gorkan sümmük görgüli gapyny şarka ýapyp, çaňňalagyna gabsandy, içigara tomzak bolsa öz zäherli gybatynyň bu çekinjeň jandarjyklara edýän täsirine şat bolup, ogrynça ýyrşarýardy. Ol şo jüre gürrüň bilen obanyň ilatynyň ýüregine şeýle bir gorky saldy welin, olar tiz wagtda jyrjyri diňlemegi düýbünden bes etdiler. Bir bün irden öz pyglyny gutarnykly amala aşyrmagyň pursatyny saýlan arçyn aga dört sany gurçukdan ybarat ýaragly gorag bilen jyrjyryň gapysyny kakdy. – Kanunyň adyndan sen tussag edildiň, näzenin. – Haýsy kanunyň adyndan? – diýip, jyrjyr sorady. – Akustiki kanunyň adyndan! – diýip, arçyn aga birgiden möhürdir sürgüçli kagyzyň epinlerini açyp durşuna dabaraly yglan etdi. Şol günüň agşamy we soňraky agşamlarda juwan jyrjyryň penjireleriniň garaňkyrap galandygyny aýdyp oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Şeýdip gyş paýawlady. Obanyň kiçijik jandarlary indi aýdym-saz eşidenokdylar. Käteler körpe balalara gaharly şapbatlar degende, ol neressejikler özlerine näme üçin beýle zabun temmi berilýänine düşünmän, zar-zar möňňürýärdiler. Ýene-de bahar geldi. Bir gaý-ýagmyrly gün agşamaralar bu obada hiç kimiň düýşüne-hyýalyna gelmejek bir waka ýüz berdi. Birden bir aýylganç loh-loh gülki howany sarsdyryp, asmany lerzana getirdi, ol gülkiniň zarbyndan obadaky üç jaý weýran boldy: – Hah-hah-ha! Menem gelendirin ynha! Yşgalaňja ýerinde kiçijik jandarlaryň küren obasy ýerleşen gaýanyň gerşinde mähnet gurbaganyň kellesi somalyp göründi. Äpet dilini gamçy ýaly şarpyldadýan nägehan: – Hany, hemmäňiz derrew tabyn bolup, huzuryma geliň! – diýip, azm urýardy. Obanyň ýaşaýjylary gorkudan ýaňa ilkibada butnabam bilmediler, soňra wekilçilikli topar döredildi. Ak gül ýapragyny galgadyp, gurbaganyň huzuryna gelen toparyň baştutany arçyn tomzak süýr depesinden başlap tä gyýçak-gyýçak penjelerine çenli titir-titir saňňyldaýardy: – Lepbeýk, hanum! Biz siziň alyhezretleriňize nädip hyzmat edip bileris? – Dürli-dümen we tagamly nahar bolup hyzmat edersiňiz. – Emma biz beýle kän däl ahyry, siziň alyhezretleriňiz. Bizden ýarty tabak naharam bolmaz – diýip, gorkudan ýaňa çalajan arçyn iki bükülip tagzym kyldy. Diňe balarylar titremedi, çünki olar köp işleýärler we şonuň üçinem durmuşda göreşiň nämedigini gowy bilýärler. Bir merdana ary zenan öňe çykyp: – Eý, sen gurwakka! – diýip gygyrdy – Sen erkana halkyň ýaşaýan dagyna aýak basdyň, şoňa düşünýärmiň sen? Biraz kütgüren gurbaga: – Bä, bü-ýä meni gorkuzd-ow – diýip, ýaňsa salan boldy. – Gork, gorkma, emma pälazanlar uzak ýaşanoklar, şony bil! – Kimiň uzak, kimiň gysga ýaşajakdygyny häzir göreris – diýip, gurbaga hemle bilen öňe müňzedi. Emma obamyň kiçijik jandarlary hinlerinde gizlendiler. Namut galan gurbaga gahardan ýaňa hum ýaly çişip: – Size oýlanmak üçin iki sagat mütdet berýän! – diýip, çirkin gurruldady – Ýa tabyn bolarsyňyz, ýa-da men sizi ýer ýüzünden syryp-süpürip taşlaryn! Sagatlar jykgyldap, minutlary we sekuntlary sanap ugradylar. Älem tümlüge gaplandy, asmanda ýyldyzlar ýandylar. Parlak reňklere beslenip gelen bu uzyn agşam dag obasynyň bu kiçijik jandarlary üçin iň soňky agşam boljaga meňzeýärdi. – Biz haýal etmän munuň bir çäresini görmeli – diýip, arçyn aljyraňňy pelesaň urýardy. – Munuň çäresini görmek saňa galmandyr – diýip, ahyry bir garynja onuň nagt jogabyny berdi. – Men siziň arçynyňyz! – Sen öň arçyndyň – diýip, balary çöp döwen ýaly etdi – Ho-ol gotur mahluga “Lepbeýk, hanum” diýen mahalyň seniň arçynlygyň gutardy. – Hakykat! Hakykat! – diýip, çyrlawyklaram güwä geçdiler. Argyç ýüzüni sallady. Şu ýerde gaba şlýapasynyň oňa uly bolýandygy, hasasynyň bolsa gysgajykdygy hemmelere aýan göründi. – Biz göreşmeli – diýip, balary dowam etdi – Kimdir biriňizde meýilnama ýa bolmanda bir oý-pikir ýokmy? Bir deşli garaýagyz garynja zenan müňňüldäp öňe çykdy-da, şeýle diýdi: – Doganlar, nägehan gaýanyň depesine çykdy, emma onuň yzynda jülge bar. Eger onuň yz ýanyndaky ýeri gazsak, gurbaga gorpa ýykylyp gaýdar. – Aý, berekella! Tüweleme! Iň gowy tärini tapdyň! – diýip, hemmeler gygyryşdylar. Emma balary biraz oýlanandan soň başyny ýaýkady: – Ýok, bu başa barmaz: biziň dag gerşinden aýlanyp geçýänimizi gurbaga görer. – Ol-a dogry – diýip, garaýagyz garynja zenan ylalaşdy, çypar garynja pyýada bolsa elýaglyk bilen maňlaýyndan sowuk derini syldy. – Onda näderkäk? – diýip, ýaş çyrlawyjak pyşyrdady; daşyň aşagynda ýaşaýany üçin ol entek çuw-akjady. Nägehanyň hötdesinden geläýmek gaty çetin meseledi. Onuň öz-özünden aşak ýykylmajagy-ha belli. Uzaga çeken dymyşlyk aralaşdy. Birden hemmeler şem tomzajygynyň öz çyrajygyny ýakandygyny gördüler. Kiçijik jandarlaryň barysy oňa umyt bilen seretdiler. – Doganlar, jyrjyr bar ahyryn! – diýip, şem tomzajygy gygyrdy. – Hawa, bar. Onsoň? – Onuň dostuň ýüregine mähir çaýýan, duşmanyň erkini elden alýan sazy bar! – Häý, bular ýaly wagşyny ol eýgerermikä? – diýip, kebelek ikirjiňledi. Emma çyrajygyny ýakmazdan öň oňat oýlanýan şem tomzajyk ýan bermedi: – Emma bize nägehanyň diňe biraz irkileni, gözüni sähelçejik ýumany ýeterlik ahyryn. Şeýdäýse biz dagyň beýlesine geçip, onuň astyny gazyp bileris. – Ine, muny oňarsa bolar – diýip, baş atan kebelek şatlyk bilen sorady – Hany, ol jyrjyr ejekemiz nirede onsoň? Jyrjyr bolsa bireýýäm hemmeleriň ýadyndan çykyp gidipdi. Şol arada arçyn elini gara penjeginiň jübüsine sokdy-da, titrekläp, türmäniň açaryny çykardy. – Asyl sen ony türmä-de basypmydyň? Her zat çykar senden! – diýen balary açary ondan garbap aldy-da, türmä tarap uçup gitdi. Türmäniň hüjresini açyp, içerä sereden ary stol başynda oturan jyrjyryň nota kagyzyna bir zatlar ýazyp oturanyny gördi. – Uýajygym! Eger sen wesýetnama ýazyp oturan bolsaň-a, beýle zady goý! – Wesýetnama? Beýle bolgusyz zady kim aýdýa? Men aýdym ýazýaryn. Meniň bu dünýäde goýup giden aýdymlarymy haçandyr bir wagt aýtjaklar tapylar. Bogazy dolan balarynyň gözünden bir katra gözýaş syrykdy. Emma ol özüni tiz ele aldy. Aglamagyň wagty däldi häzir. – Jan uýajygym, seniň sazyň bize edil şu gün zerur gerek. Il-güni halas etmäge bize kömek edermiň? – Ýör, gitdik – diýip, bir agyz jogap beren jyrjyr kemançasyny alyp, ýerinden turdy. Jyrjyr öz tamyna girip, gurbaganyň edil burnunyň astynda diýen ýaly penjiresini giňden açanda gözýetimde daň şapagy gyzarypdy. Aşakda bolsa çypar we gara garynjalar, çyrlawyklar, kebelekler we sümmükler esgerler kimin hatara düzülip, onuň nagmasyna garaşýardylar. Ine, birden tamyň penjirelerinden ajaýyp mukam ýaňlandy-da, pel-pelläp asmana galyp ugrady. Ol mukam halkyň güýç-kuwwatynyň, hemmeleriň biri üçin, biriniň bolsa hemmeler üçin dert-aladasynyň beýanydy. Äpet gurbaga ýaňsyly ýylgyrdy. Emma dura-bara onuň bedenini nähilidir bir gowuşgansyzlyk gaplap aldy-da, gabaklary gat-gat epinli agyr tuty ýaly aşak sallandy. Şol pursatda hemmeler bukudan çykdylar. Dagyň beýlesine aşyp geçen mähelle agzybirlik bilen ýeri gazyp ugrady. Ahyry kimdir biri “Yza çekiliň!” diýip gygyrdy. Şondan soň ýer süýşdi-de, gurbaga öz ajalyna tarap gorpuň içine güwläp girdi. Ine, şondan bäri ol obada iş wagty aýdym aýdyp, hiňlenilmeýän gün ýok, aýdym-sazyň owazy astynda tans edilmeýän agşam ýok. Ol juwan jyrjyr birmahallar ölüp gitdi. Emma meýdançanyň edil ortasynda onuň ýadygärlik heýkelini görmek bolýar. Jyrjyr öz kemançasynyň üstüne eglibräk dur. Ylla diýersiň ol häzirem öz halkynyň ölmez-ýitmez nagmalaryny ýaňlandyryp duran ýaly. 1962 ý.
| |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||