11:24 Käsemiş | |
KÄSEMIŞ
Goşgular
Bir käse getirip goýdy öñümde, Dünýäden habarly ýatan käsemiş. Dokuz müñ dokuz ýüz on iki ýaşynda, Pany dünýä bilen ýaşyt käsemiş. Çyzygy üç, dört ýeriniñ moýy bar, Purgun Nebi jandan görgen öýi bar, Yzyna ýetişdim bir gün waýy bar, Soñuny gazana guýan käsemiş. Sylagy ýetipdir, basypdyr kire, Içine çoh salnyp, çekilmiş hara, Ini deşik-deşik, endamy ýara, Gutulmany batyl ýatan käsemiş. Eýäñ Mämetoraz sag bolsun başy, Içi gara goñur, ýelimli daşy, Soltansöýün şonuñ deñ-duşy, How ene dörände dörän käsemiş. Gurban aýdar, eýesi öwüp pul beren, Ýaşlygyndan gelin-gyza dil beren, Ahyrynda gerçek pire gol beren, Pire mürit bolup ýatan käsemiş. Gurban şahyr (1890/91-1917/18). | |
|
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |