08:30 Kellämi çişiren takyklyk / satiriki hekaýa | |
KELLÄMI ÇIŞIREN TAKYKLYK
Satiriki hekaýalar
Köne jaýdan bez bolan ýoldaşlarym bilen täze jaýa görme-görşe bardyk. Her kim öz ýanyndan oturjak ýerini gözden geçirýärdi, iş stoluny nireräkde goýmagyň aladasy: aýnanyň öňündemi, ýa çeträk bir ýerdemi, gün düşýän tarapymy, ýa kölege tarapymy. Bu zatlary nähili etsegem, iň soňunda meseläni çözjegiň başlykdygyna akylymyz ýetibem dur weli, onda-da göwün ýüwürden bolup otyrsy. Ahyry barymyz bir otaga jemlendik. Barymyz bolup biz köpem däl-le: başlyk, onuň orunbasary (orynbasarsyzam bir başlyk bolarmy?), orunbasaryň kömekçisi (kömekçisizem bir orunbasar bolarmy?), olaryň sekretarlary (bular hökman), onsoňam iş etmeli şu bäşimiz. Şu wagt bäşimiz. Geçen gyş odunsyz birneme ejir çeken ýoldaşymyz oslagsyz ýerden bir soragy orta atyp, barymyzyň ünsüni böldi oturyberdi: - Aýt, ýogsa-da gyşdan üşemän çykmagyňam-a aladasyny etmeli. Bu jaýlary gyzdyrmak üçin näçeräk kömür gerek bolarka? Her kim bir sanyň başyny agyrtdy. Belli bir netijä gelip bilmän otyrkak, gapdalymyzdan geçip barýan bir adama gözüm kaklyşdy. Men ony çalarak tanaýardym. Ol şäherdäki institutlaryň birinde işleýärdi, özem ýylylyk energiýasy bilen iş salyşýardy. Ýalňyşmaýan bolsam onuň familiýasam, ady hem odun atlaryndan. Göwünmi bire baglap, Sazak Arçaýewiçden soramagy makul bildim. - Sazak Arçaýewiç, salam. Bagyşlaň siziň bir azajyk wagtyňyzy almak mümkinmi? Men sizden bizi gyzyklandyrýan bir zat barada soramakçy. Wagtyňyz bolsa azajyk saklanyň! Ol meniň ýaýaplap durşuma dözmezçilik etdimi, nätdimi, gadyrly salamlaşdy, kimdigimi sorady. Soň islendik soraga jogap bermäge taýyndygyny, hatda borçludygyny äşgär etdi oturyberdi. - Sazak Arçaýewiç, ynha şu jaýa tiz wagtda biziň edaramyz göçüp gelmeli. Şu jaýy gyzdyrmak üçin näçeräk odun gerek bolarka? - Birinjiden-ä, siziň sorag goýşuňyz nädogry. Näçeräk diýip sorag goýulmaýar. Sorag konkret goýulmaly. Men näçe diýen soraga jogap bermäge endik eden adam. Ikinjidenem siziň soragyňyza jogap bermek üçin men size birnäçe sorag bermeli bolaryn, başgaça aýdylanda men käbir detallary anyklamaly bolaryn. Siz meniň tarapymdan beriljek soraglara örän takyk jogap bermeli bolarsyňyz. Diňe şondan soň siz takyk jogap alyp bilersiňiz. Öňi bilen maňa jaýyň umumy meýdanyny, onuň uzynlygyny, dikligini, inini bilmek zerur, näçe gapysy bar, aýnasy näçe? Biz bir-birimiziň ýüzümize seredişip, egnimizi gysdyk, çalaja ýylgyryşdyk. Sazak Arçaýewiç soragyny dowam etdirip başlady. - Aýnalar näçe gatdan ybarat, gapylaryň jebis ýapylyş derejesini kesgitlemeli. Günüň dowamynda gapylar näçe gezek açylyp ýapyljak? Sazak Arçaýewiç elini arkasyna tutup, salyhatly görnüşe girip, iki-baka gezmeläp, söze başlady. - Bu meseläniň bir tarapy ýa-da ikinji dereli tarapy. Indi meseläniň esasy tarapy bilen baglanyşykly soraglar. Munda-da iki sany möhüm mesele ýüze çykýar: olaryň birinjisi peç, ikinjisi ýangyjyň görnüşi. Meseläniň şeýle çynlakaý hem ähmiýetli formada goýulmagy bize-de birneme täsir etdi. Ýoldaşlarym agraslyk bilen dem alyp, epeý-epeý basyp, gapyny emaý bilen açyp, Sazak Arçaýewiçe peçleriň ýagdaýy hem onuň görnüşleri bilen tanyşmak üçin jaýa girmegi haýyş etdiler. Gürrüňiň yzy jaýyň içinde dowam etdirildi. Ol peçleriň hemmesini birlaý gözden geçirdi, o ýerine, bu ýerine kakyşdyryp gördi, gapylaryny barlaşdyrdy. Soň uzak wagtlap bir nokada seredip: - Peçli mesele düşnükli. Indi ýangyjyň görnüşi barada konkret soraglar: Siz peçde näme ýakmakçy? Men birhili geňirgenip, bada näme diýjegimi hem bilmän, sakawlap: - Kö-ömü-ür.. - Ym, kömür, ol nähili kömür? – diýip, dikanlap, meniň gözüme seretdi. Hasam aljyradym. Birhili inim çümşülläp gitdi, zordan özüme gelip: - Ho-ol topbazdaky kömürden, daş kömür. Her ýylam alýas-a, ana şo kömürden. Sazak Arçaýewiç gaharlanjak ýaly etdi, ol gezmelemegini çaltlandyrdy, ahyry durup, iki elini birden ýokary galdyryp: - Siz meselä ýene bir taraply çemeleşýärsiňiz, has takygy meselä ýüzleý çemeleşýärsiňiz. Galyberse-de, kömre biperwaý garaýarsyňyz. Ynha siz şu ýerde bäş adam. Siziň bäşiňiz biri-biriňizden tapawutly. Ol meni görkezip: - Ynha siz gysga, ýanyňyzdaky ýoldaşyňyz sizden bäş santimetr uzyn, ynha, bu ýoldaş hor, beýlekiňiz semiz. Umuman, tebigatda absolýut meňzeşlik ýok, bu diňe meniň pikirim hem däl, gadymy grek filosoflary hem şeýle pikirde. Adamyň adamdan parhly bolşy ýaly, kömürler hem biri-birinden tapawutlanýar. Tapawut olaryň repki boýunça-da, sostawy boýunça-da bolup biler. Reňki boýunça kömürler gara hem goňur, sostawy boýunça... Gürrüň şu ýere ýetende ol dymdy, aýnanyň öňüne baryp, ýüzüni aşak salyp durdy: - Sostawy hakyndaky mesele barada ertir pikir alşarys. Siz nähili kömür aljak bolsaňyz anyklaň. Has takygy ýangyç bazasyndan onuň hili barada sprawka talap ediň. Düşnüklimi? Biziň hemmämiz komanda berlen ýaly hor bolup, “düşnükli” diýäýipdiris. Sazak Arçaýewiç meniň elimi goýberip: - Ynha, şu maglumatlary jemläň, on bäş gündenem konkret jogabyňyzy talap ediň! Mesele diňe şeýle çözülmeli! Hoş! Men gitdim. Sazak Arçaýewiç heniz daşlaşmanka, goňşy edaramyzyň zawhozy gapdalymyzdan geçip barýan ekeni. Ýoldaşymyň biri ony saklap: - Aşyr aga, şu jaýa näçeräk odun gerek bolar? – diýip, sorady. Ol gapydan kellesini uzadyp: - Aý, bäş tonnarak alsaňyz, gyşdan arkaýyn çykarsyňyz – diýip, geçip gitdi. Ertesi işe gelsek, hemmämize duýduryş berlen buýruk gapynyň agzynda asylyp goýlupdyr. Haýdar MUHYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |