17:33 Kelte jümleler | |
KELTE JÜMLELER
Sözler
Watan ullakan ýürekdir, onuñ urgusy seniñ kiçijik ýüregiñi terpendirmese, damaryñda ganyñ egsildigi biläý. "Türkmenistan ~ Diýarym!" ~ ötegçi syýasatyñ şygarydyr öýtmegin sen muny. Ençe asyrdyr nesilleriñ hiñlenip öten pynhan aýdymydyr bi. Jahana türkmen isimli inen bolsañ, seniñem muña, iñ bolmanda mahal-mahal, hiñlenesiñ gelmelidir. Ýogsam ahyrda özüñ bilen äkitjek abyrsyz ahmyryñ günäsi öz boýnuña düşer. Watanyñy jübiñe saljak bolma, kükregiñe sal. Iliñe bergiñ bolsa, üzlüş, sudlaşyp ýörmeli etme. Gözýetim gözüñ ýetýän ýerinden añyrrakdadyr. Sungatyñ iñ inçesi hem belendi, iñ kynu hem ynjygy biri-biriñi eý görmekdir. Türkmeniñ kalbyndan önen bir tükeniksiz owaz ýañlanýandyr. Mukammy ol ýa nagmamy, şygyrmy ýa kyssamy, manymy ýa ylhammy, dogamy ýa tobamy... bilen bolmaz. Ol ~ türkmeniñ ene dilidir. Sen ondan şermendeligiñi içine sygdyryp gezjek bolma. Gol uzat, olam saña gujagyny açar. Üýtgeşik bir ruhuñ älemine ulaşarsyñ. Belki, sen beýle älemsizem oñup bilýänsiñ. Oñma ne oñma. Ene süýdüni emmedik göýdük çaga mysalydygyñy biljek günüñ geler. Gorsanarsyñ ~ giç bolar. Onuñ adamlary näler gowy göresi gelýär. Arman, endamyna lap-lap allergiýa örüberýär. Durmuş: "Tur küştden!" diýende, kürsiñi egniñe atyp gidiberip bilmeseñ, mertebäñi püçege-de saýmaýanlardan bolarsyñ. Ýeñiñe bukulyp, ýüzüñ garasyny ýaşyryp bilmersiñ. Gowy adam bolsañ, ýakaña ýarlyk dakmasañam, il görer. Hantamaçylygyñ çöwre ýüzi baknalykdyr. Ömür ýolunda azyk-suwlugyñ üpjünçiligine baýrynma. Ädimiñi dürs bas ~ gep şunda. Ylmy bilim diñe paýhasyñy iýmitlär, kalbyñ iýmitini özüñ tapmalysyñ. Zorluk gülüni ekme, tiken bolup gögerer-de, garagyña sanjylar. Utulmakdan gorkana sogap iş el bermez. Ýagşylyk hakda sözleseñ, içiñden söýle. Halaýyk hoş sözüñ gedaýy däl, çyn sözüñ eminidir. Saña ne boldy, eý, zamana, täzelendigiñ bozuldygyñmy ýa bozuldygyñ täzelendigiñmi? Ne beýle urunýañ, Köñül? Etmişiñ böwrûne sanjylýarmyka? Beýle bolsa, gam çekme. Saplanmaga yş açylýandyr. Ne ahwalat bi, adamlar! Ýüzüñizdir diýip ýüzlenseñ, ýeñsäñiz bolup çykýar. Ene-atañy ynjytmak üçin kän gaýrat gerek däl. Bigaýrat bolsañam, ýeterlik. Adamoglunyñ öñde-soñda tapan iñ zabun jezasy ~ gep bilen öldürmek bolsa gerek. Ýüregiñ paýhasyndan akylly bolsa, diñe şonda ýüregiñe geñeş. "Dünýäñ derdini kim egser?" "Men!" diýen seda çykdy. Ol Sogabyñ sesidi. Bagt guşunyñ seniñ başyña-da gonmagy mümkin. Şonda, bilgin, pyrlap-pyrlap asmana zyñar, başyñ aýlansa ~ özüñden görgün. Başarsañ, Hudaýa-da dileg salma. Dost-ýar senden gaçsa gaçsyn ~ tanarsyñ. Özüñden weli gaçma ~ dargarsyñ. Göwün galasy çat açsa, suwag tapylmaz, ýene göwnüñ özi salgy bermese. Lebziñi ýuwudyp ýörme, bir gün damagyña tegek bolar. Gözleriñi giç açanyñ bilen görmersiñ. Ýüregiñ görsün. Eşitmiş gulak bilen alym bolup bolmaz. Magtymgulynyñ "loly dünýä" diýýänem biziñ dünýämizmikän-aý! Adamlaryñam sürüsi bolýar. Sürüden saýlanyberseñ, daşlaşýarlar. Sen şonda yzyñy dolanmagyn. Gidiber öz ýoluñ bilen. Ol maña gadyragaç dikdi. Gadyr meni taşlap, agaça geçdi. Baýlyk diýlen närseden gaçjak bolup azara galma. Kimiñ goltugyna girmelidigini onuñ özi gowy bilýändir. Wah, taýpañ neýlesin, gardaş, türkmen bolup bilmeseñ! Egniñ pes bolsa-da, göwnüñi belent tutjak bol. Dogramaly çanak bilen kelle çanagynyñ parhyny bilmeýäne bende diýjekmi ýa gende? Ýalakdan ýalamaga endik edeniñ tabakdan iýesi gelmez. Zenanyñ zynaty ejaby bilen namysydyr. Aýal gorkunjyndan aglap biler, ýöne erkegem şeýdip biler, eger ol aýal bolsa... Lolyny ele salmak añsat, ýola salmak kyn. Aýal sürünse, ýekeje çykalgañ ~ erkek bolmalysyñ. Bäbegini bäbekhanada taşlap gaýdan tuladan bogaz ganjygam sowlup geçdi. Kimsäniñ üstüne ýuwundy serpjek bolanyñda, ahmal bolma, arada şemal bardyr. Baş egmek iki hili bolýar: biri ~ egniñe çenli, beýlekisi ~ dyzyña. "Akyl satýañ" diýdi biri maña. Özi welin et satýardy. Gözüñ çaşy bolsa, aýby ýok, özüñe geregini görersiñ. Imanyñ çaşy bolsa ~ beteri şol. Il oñlasa atyñy soý, ýöne ondan öñ "iliñ" kimligini tana. Iki at depişer, iýmli torba eşege galar. Bazarda "Goý, menden gitsin!" diýilýän pursatlar bolýar. Şonda nepkeşlik iki elini ýüzüne tutup möññürermiş. Nebis akmaýa bolup gelse-de, münme. Ýyksa, aýñalyp bilmersiñ. Eşek aññyrany bilen aýdymçy bolmaz, şerraý gygyrany bilen beýemçi. "Halallyk dollara satylmaýam bolsa, nämä gerek!" diýdi puldaryñ biri. Iki egnimde iki perişde, emma ikisiniñem gözüne çöp atyp bilýän. Sungatda oýnamak bir zat, oýnatgy bolmak ~ başga zat. Itler gepleşende üýrýär. Adamlar beýtmejek bolmaly. Ýüzügaradan aklyga garaşma, päli garadan ~ päklige. Seni ýaradan ~ Hudaý. Seni adam etjek weli özüñsiñ. Bilimiñ şasy bolsañam, wyždanyñ guly bolmagy başar. "Men ~ ejiz" diýme. Adam diýen belent adyñ bardyr. Dünýäni ahmal bilip, egilme, büküleniñ galar. Işşegiñ eti bilen ýaşasañam, kellesi bilen ýaşama. Nadanlyk akyly gamçylap dursa, onuñ elinden gamçysyny kim alar! Hakykatyñ ajysy köpmükä ýa süýjüsi? Bir zat belli: onuñ ajysy sogan ajysy däldir, süýjüsi bal süýjüsi däldir. Halkyñdan nägile bolma. Ol senden nägileligini aýdyberse, diliñi dişlemeli bolarsyñ. Gurplulyk öz gurbuñdan däl bolsa, öwünme: öwündigiñçe, paş eder seni. Wezipehonyñ pendi: säher bilen tur-da, kabinetiñe salam ber, onsoñ telefonyña... Pirine hyýanat eden müridiñ takwalygyna bakma... Çemçe bilen ýygnap iýdi ~ doýmady, çanak bilen ýygnap iýdi ~ doýmady. Diñe demir gözenekden uzadylan alýumin jamdan iýende, kanagat tapdy. Göribiñ diline düşme: deñiz bolsañ, ýatasuw diýer, derýa bolsañ, ite suw diýer. Halal-haramyñ terezisi eliñe düşse, özüñden başla. Nebis halys alarladyberende, oýlangyn: içki öýe bir öz jesediñ sygýandyr. Halka sygynsañ sygyn, ýöne halalhonlaram, haramhorlaram halkyñ içinden çykýandyr. Dowzaha ýol salanlara-da behiştde ýer tapylmazlygy mümkin. Dinem, pygamberlerem goý gününe. Olar agzamak üçin däldir, uýmak üçindir. Bilmeýän bolsañ, öwretjek bolma. Bilýänden bolup dymjagam bolma. Iñ uly bilim ~ bilmeýäniñi boýun almakdyr. Doga okañda, kalbyñdan gaýtsyn. Ýogsam agzy nasly aýdym aýdan ýalydyr. Jynazadan şeýtel isleýän mollanyñ o dünýesi gömük bolmaly. Köpügören kemçin: "Eliñe dollar tutdurýarlar weli, iniñ halallanan ýaly bolaýýar". Sakgala goýulýan hormat onuñ eýesine goýulýan hormatdan artyk bolsa, beýle akyly syrdyran ýagşy. Geçmişe sögme ~ pederler bardyr, geljege-de sögme ~ perzentler bardyr. Zenanlardan zorlugyñ diñe erkekligiñe syrygýan bolsa, heleýçe ýoklugyñdyr. Halkyñ zadyny "dokumentleşdirip" alsañam ~ ogurlykdyr. Öwgi syrçadyr, köp çaldygyñça, öçer. Ol sürünse - zemzen, gorksa ~ suwulgan. Sözünde tagam bolmadygyñ pikirinde agram bolmaz. Ol gelniñ dördünji äri, emma şol bir aýdymy: "Ölsemem, dönmenem senden..." Aýal pälini bozsa, añtawçydan dalla ýetmez. Öýüme ýeke köpük haram pul getirýän däldirin, elinje oýnaşyma eltýändirin. Äre meñzejek bolup telpek geýdi, kethuda meñzejek bolup selle geýdi, jahyla meñzejek bolup tahýa geýdi, emma özünden özge hiç kese meñzäp bilmedi. - A-how, ýalançy dünýä, ugur hanjak? - Ýalançyñ ýalan jogaby nämäñe derkar? Özüniñ kimdigini bilmeýän adamyñ dili uzadan ýerine ýetýändir. Muhammediñ dini adamoglyny bir akabadan inip-çykar ýaly etmegiñ ýoludyr. Kimde-kim ony agyzlary alartmak üçin ulanýan bolsa ~ dowzahydyr. "Türkmeni dürtmeseñ duýmaz". Ol bu nakyly gaýtalap ýör-gaýtalap ýör, dürtmesiz duýýanlar bolsa deñinden geçip dur-geçip dur. Diñe bilýän zadyñ hakda gürleseñ, diliñe ençe ýyllap dynç biljegiñi unutma. Çaman gopýanam bolsañ, her hal gopsañ ýagşy. Derdiñi biri bilen paýlaşañda, öz paýyñam onuñ egnine atyberme. Gor tutýanyñ eli ýuwulgy bolmasa, küýze "gusarmyş". "Ozal garyp bolup, soñra baýan äri", esewan etseñ, münüp barýan maşynyndan tanarsyñ. Hudaýdan gorkanok, öz kölegesinden weli öler ýaly gorkýar. Aýdym ýürekden çyksyn diýýärler. Ses agyzdan çykýan bolsa, ýürek neýlesin. Özüñe göwnüñ ýetende, ýene bir ýola oýlanyp gör, göwnüñ saña öte baha kesýän bolaýmasyn. Göwün taryñdan çykan owazy hiç bir simfoniýadan eşidip bilmersiñ. Türkmeniñ biri-birine göwni ýetse, bo-how, bu güýjüñ öñünde duran özüñ bolma. Kime dirikäñ öli bolmak berlen, kime ~ ölükäñ diri bolmak. Sen, byradar, darykma-da, jibrinme-de. Töweregiñe ser sal, many agtar. Set müñ kerem ýörelen ýodalar bilen barýansyñ. Muña düşün, eger düşünseñ, mañlaýyñy diwara uryberesiñ gelmez. Çek asmany üstüñe! Eýgermersiñ! Gel, gowusy, şol asmanyñ astynda pälimizi päkläli... Şugulyñ sözi diñe öz bazarynda geçginlidir. Adamogly ozal-u-ahyrda geplän sözlerini bir çukura gapgaryp, ýañadan dil açsa, haýsy sözden başlarka? "Men ~ adamdyryn!!!" diýip seslenäýse, ne ýagşy. Bu dünýäñ harmanyny kim sowrup, kim çäjini-samanyny saýlap biler? Ýa-da adamyñ daýyma çekmeli ejirimikä bi?... Pikir basanda, ýegşeriliberme. Ol saña adamdygyñy duýdurýandyr. Gurşunly kenegi tirläp goýberseñ, hatara düzülen aşyklary dyr-pytrak edip biler. Käte adamlaram, göwnüñe, aşyga çalymdaşdyr. Ýöne seresap bolmaly: kenek yzyna gaýtsa, ýüz-gözüñ diýip durmaz. Tamdyrañ tarynda diñe owaz bardyr, sen ondan özge zat gözleme. Aýallar kowmunda egri ýol geñlenmese, erkekler kowmunyñ ýoluny urdurdygy biläý. Paýhasy sap dine sygdyryp bolmaz. Geçmişe buýsanmak ~ paýyñdyr, geljegiñ gamyny iýmek welin borjuñdyr. Kim paýyny söýlär ~ hasapdandyr, kim borjuny söýlär ~ azapdandyr. Bakylyk ýyllardan, asyrlardan, müñýyllyklardan durýan bolsa, biziñ döwür-heññamymyz hem bakyýetiñ ujundan bir parçadyr. Eýsem-de bolsa, men özümiñ şeýle kelteje ynsan ömrüm bakyýete dahyllydyryn diýip ýaşaýan göwnübelentler, kaýda siz? Asmanyñ diregi bolmasañ, jahandan kineli bolup ýörme. Gedaýdan gaýtargy dilemäge dili barýan hannasa etini iýen diýjekmi ýa bitini iýen? Ten humaryna gözleriñ ümezlände, ruhuñdan jellat oýansyn. Bolmasa, haramlyk howzuna çümdügiñ biläý. Ýüp düwnüni her näçe çigşenem bolsa, çözüp bolýar, çözüp bolmasa, kesip bolýar. Ýürek düwnüni çözüp bilene başym gurban. "Gel, gardaş, iç döküşeli" diýdim. "Içim boş" diýdi. "Gel, gardaş, ýurduñ hossasyny paýlaşaly" diýdim. "Hossam ~ gara başym" diýdi. "Gel, gardaş, ertiriñ sözüni söýläli" diýdim. "Ertiriñ başyny agyrtma. Şu günlügimi tapsam, besdir maña" diýdi. Degimsiz çinownik adyny sorasañ, edarasynyñ adyny aýdar. Müñ kişä ýaraşmagy ündänden iki kişini ýaraşdyrmak ybaly dälmikä? Eteginde namaz okabermeli hadymlar metjitden tapylmasa, darygyberme. Ilçilikdir. Gybat ogurlyk haryt mysalydyr. Gybatkeşler şol harydy ogryn paýlaşýandyrlar. Töhmet ~ hyýanatdan ýasalan gülledir. Şeýle gülle bilen tüpeñleýän kişi, bilgin, bigaýratdyr. Men derdimi özümde saklasam, sen derdiñi özüñde saklasañ, olam derdini özünde saklasa, nädip dertleri dep edip bolarka? Ölüm her kesiñ başynda bardyr. Sen ony ömrüñ ahyrynyñ puçduguny döwnemek üçin ýatlama-da, gysga menzili ynanan şekilli ýaşamalydygyñy tekrarlamak üçin ýatla. Hudaýberdi DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||