03:18 Edebiýat tankydynyñ derwaýys wezipeleri / dowamy | |
▶ Begmyrat USSAÝEW:
Edebi tankyt
- Biziñ ýurdumyzda durmuşyñ ähli meselelerinde, ähli pudaklarynda uzak wagtlap durgunlygyñ bolandygy SSKP MK-nyñ aprel (1985-nji ýyl) Plenumynda hem-de SSKP-niñ XXVII gurultaýynyñ materiallarynda esasly nygtaldy. Şonuñ üçin hem ýurtda Oktýabr rewolýusiýasynyñ ruhunda täzeden gurmaklyga girişildi. Durgunlyk başga ugurlarda bolşy ýaly, edebi döredijilikde-de boldy. Edebi tankytda ol hasam çökder duýuldy. Dişliräk ýazylan tankydy materiallary çap etdirmek juda kyn düşdi. Şol döwürlerde ýitiräk ýazylan çeper eserleri hem çap etdirmek añsat bolmady. G.Kulyýewiñ "Gijigen ökünç" romany hakda köp aýdylýar. Eser köp ýyllap çap edilmedi. Onuñ ýañy-ýakynda okyja gowuşmagyny üstünlik hasaplap bolmaz. Sebäbi romanyñ ilkinji görnüşi köp derejede özgerdilip, täsirliligi gowşadylyp çap edildi. Geçen ýyllarda tankydy pikirleriñ gysylyşy ýaly, belli-belli adamlar tankytdan ýörite goraldy. Şeýle ýagdaý ýazyjy-şahyrlaryñ özlerine-de peýda getirmedi. Aýdaly, 60-70-nji ýyllaryñ görnükli şahyry M.Seýidowyñ poeziýasy 80-nji ýyllarda göz-görtele pese gaçyp başlady. Onuñ sebäbi hem şahyr tankydy pikirlerden daşda galdy. Şu ýagdaý K.Gurbannepesowa-da oñaýsyz täsirini ýetirmän durmady. Telim ýyllaryń dowamynda tankydy bellik eşitmedik şahyr muña juda öwrenişdi. Hemişe öwgüli pikirlere garaşdy. Bu hemişe şeýle hem boldy. Şeýlelikde, zehinli, ukyply şahyryñ poeziýasyna ýugrumy ýetmedik ençeme goşgy ýa-da goşgy setirleri aralaşdy. Kähalatlarda onuñ liriki gahrymanynda ýeñles hereketler ýüze çykyp başlady. Esassyz akyl bermek, öz-özüñi gaýtalamak, howaýy gürlemek ýaly ýagdaýlar hem az däl. Şahyryñ "Rubagy poemasyndaky" "rubagyñ bahasy ~ gyzyñ bahasy" diýen ýaly howaýy pikirler-de eserlerinde duşup başlady. Sorag ýüze çykýar: biziñ gyzlarymyz şeýle bigadyrmyka? Elbetde, ýok. Bu ýerde diñe badyhowalyk bar. Halypa şahyrymyz kähalatlarda esassyz taryplamalara berk ynandy. "Taýmaz babanyñ" A.Twardowskiniñ "Wasiliý Týorkin" poemasyna deñelmegini doly ykrar etdi. Bilşimiz ýaly, Wasiliý Týorkinw halj gahrymany hökmünde Smolensk topragynda ýadygärlik guruljak. Taýmaz baba babatda şeýle pikir etmek bolarmyka?! Şeýdibem şahyr öz-özüni gowşatdy. Onuñ "Sowet edebiýaty" žurnalynda çap edilen "Parahatlyk ilçisi" poemasy biziñ pikirimizi tassyklasa gerek. Poema ideýa taýdan onçakly dürs çykmandyr. Muny ýañky öz çykyşynda G.Kulyýew hem dogry belledi. Tema bilen ideýanyñ birligi-de ýok. Eseriñ ýüküni göterýän baş gahrymanam ýok. Diýmek, esasy ideýa liniýasy ýok. Taryhda uly gan döküşiklige sebäp bolan din wekiliniñ hakyky adyny gizläp, onuñ sosial lakamyny ~ işany has at hökmünde baş harp bilen ýazmak hem eseriñ peýdasyna däl. Taryh ylymlarynyñ doktory M.Annanepesowyñ "sözsoñusy" eseriñ nogsanlyklaryny aklap bilmeýär. Doly bahaly çeper eser öz agramyny özi götermelidir. Hormatly şahyrymyz edebi jemgyýetçilik bilen, öz ýoldaşlary bilen maslahatlaşyp, poemany düýplüräk işläýen bolsa, kem bolmazdy. Şeýle ýagdaýlaryñ ýüze çykmagy hem şahyryñ köp wagtlaryñ dowamynda tankytdan daşda galmagy sebäpli bolsa gerek. ▶ Anatoliý KARPOW, professor, (Moskwa): - Biziñ edebiýatymyzyñ ähli bela-beterliklerinde hemmeden öñürti tankydy günäkärlemek endik bolup galypdyr. Ýöne edebiýatyñ özüne mynasyp tankydy bar. Üstüni ýetiribem aýdyp bilerdim: edebi tankydyñ bar zatdan ozal jemgyýetçilik durmuşynyñ ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Mundan sähel öñräkki wagtlarda bolşy ýaly, eger tankydyñ ähmiýeti şeýle tiz pese gaçyrylan bolsa, ol gönüden-göni edebi tankydyñ özüni görkezip bilşi bilen baglanyşyklydyr. Ol ýaşamagyny dowam etdiripdi, pähimli-paýhasly, manyly-mazmunly, käte-de ýiti işlerde nogsanlyklardan-da halasdy, onuñ sesi eşidiler ýaly derejede-de ýañlanypdy, gönüläp aýtsak welin, beýle belent däldi. Ýene bir bellemeli ýagdaý, ol-da onuñ adresine aýdylýan gödek sözler. Tankytçyny hyzmatkär hatarynda görmek, onuñ işine ol ýa-da başga bir hormatly awtory öweni ýa tankytlany üçin baha bermek islegi adatdan daşary derejede ýaýrapdyr. Ol biziñ günlerimizde-de düýp-teýkary bilen ýok bolup gitmändir. N.Hojageldiýewiñ "Edebiýat we Sungat" hepdeligindäki (20.03.1987) sözlerine salgylanyp-da bileris: "Biziñ ýazyjylarymyz edebi tankydyñ edebiýata hyzmat edýändigini ýatdan çykardylar, ony öz hususy hyzmatkäridir öýdüp geldiler". Ýaş tankytçy A.Nurmämmedow diñe çynlakaý, özem meniñ garaýşymça G.Kulyýewiñ "Magtymguly" romanyna örän esasly belliklerini aýdanda, ussat awtor şeýle haýbatly, şeýle hem adalatsyz aýyplamalary bilen hüjüme geçdi: "Tankytçy makalasyny goh turuzmagy, eseri puja çykarmagy niýetläp ýazypdyr. Içki gyzgyn, içki howur oña sabyr-takady elden bermän, galamy duýgurlyk bilen ýöretmäge maý bermändir". Ol öz gaharly aýyplamalaryny tankytçynyñ nirede, nähili hökman näme işlemelidigi hakdaky gös-göni görkezmeleri bilen jemläpdir. Edebi tankyda şeýle çemeleşilende, oña ýaşamak kyn, özüniñ adatdan daşary jogapkärçilikli borjuny edebiýatyñ hem okyjynyñ öñünde ýerine ýetirmek kyn. Tankyt üçin yzarlamalara, gysmalara juda ýowuz daraýan kanunlar barka, näme üçin olary edebi tankytda peýdalanmaly däl? Türkmen edebi tankydynyñ ýagdaýy tutuşlygyna baha bermegi maksat edinemok, meniñ okan zatlarym az, ýöne şu iki ýagdaý hakda aýtmaga welin esas berýär. Birinjiden, tankytçylaryñ gözýetiminiñ darlygy äşgär. Olaryñ edebi hadysalary edebiýatçylykdan saýlanyp bilenok. Şeýle halda analiz çuñlugyna, takyk baha bermeklige garaşmagyñ kyn boljagy tebigydyr. Ýöne başga bir tarapy-da bar, seljerilýän eserler gürrüñ edeniñe degenok, analizi çäklendirýär, eger şeýle aýtsak, olar ownuklygyñ girdabyna batyrýar. Setirleriñ, bentleriñ, obrazlaryñ ýasalyşy hakda umuman, şoña göräräk gürrüñ etmeli bolýar. Tankytçy edebi prosesiñ oýlanmalaryna, möhüm problemalaryna ýetmek baradaky islegini synap bilmeýär. Ýañy çykyş edenleriñ biri, şeýle halatda prowinsializm keselini ýeñip geçmegiñ zerurlygyny aýtdy. Ikinjiden, edebiýat meýdanynda işleýän türkmen kärdeşlerimiziñ işinde teoretik çuñluk, edebi prosesiñ kanunalaýyklygyny, edebi gurluşyñ düzgünlerini, ahyrynda-da, hususy estetiki planyñ talaplaryny özünde jemläp, bolup geçýän hadysalara şu günüñ edebiýatynda baha bermek isleginiñ ýetmezçilik edýäni açyk duýulýar. Muña mysal hökmünde D.Nuralyýewiñ "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalasyndan soñky çekişmäni görkezmek bolar. Gazetde habar berlişine görä, makala altmyşdan gowrak seslenme gelipdir, olaryñ köpüsi çap edilipdir. Seslenmeleriñ sany-da makalanyñ umumy işiñ bähbidine ýazylandygyny görkezýär, onda şu günki ýaş türkmen poeziýasynyñ düşen haly hakynda ajy hakykat aýdylypdyr. Menin garaýşymça, makala gyzykly hem paýhasly, batyrgaýlygy bilen bolsa möhüm. D.Nuralyýewiñ aýdanlarynyñ hemmesi jedelsiz däl, ýöne ol çynlakaýlyga, jikme-jiklige, gyzykly gürrüñçilige äheñ berýär. Ýöne, arman, şeýle gürrüñçilik bolmandyr, bu nähili geñ bolsa-da, oña kän okyjy gatnaşyp, edebiýatçylar çetde durupdyr. Iş bolsa makalanyñ pozisiýasyny hem aýry-aýry pikirlerini makullamaklyga ýa-da ylalaşyp bilmezlige gönügipdir. Bar iş diñe onda däl ahyry. Çekişmäniñ geçiriliş medeniýeti hem o diýen ýokary derejede bolmandyr, oña gatnaşanlar hususy pikire ýykgyn edipdirler. Ýöne tankytçy ol ýa-da beýleki bir şahyryñ döredijiligi hakda ýönekeý gürrüñe başlaman, poeziýanyñ ösüş aýratynlyklary hem problemalary baradaky gürrüñçiligi gozgapdy. Şeýle gürrüñçilik dowam etdirilmändir. Onuñ bilen şahyrlaryñ özleriniñ (D.Nuralyýewiñ tankytlanlaryndan başgalarynyñ) hem tankytçylaryñ gyzyklanmazlygy geñ. Eýsem, bu şu günki türkmen tankydynyñ derejesini görkezmeýärmi näme? Ýo.Annagurbanowyñ "Edebiýat we Sungatda" çap edilen (29.08.1986 ý) makalasyndaky soñky ýyllaryñ edebi tankydyna degişli sözleri ýatlalyñ: "...tankydyñ özüne tankydy nazar salynmazlygy edebiýatymyzyñ bu söweşjeñ žanrynyñ durgunlaşmagyna getirdi", "tankytda esassyz mahabatlandyrmalara... ýol berildi". Gönümel, ýöne adalatly aýdylypdyr. Biziñ durmuşymyzyñ ähli ugurlaryndaky janlanma edebi tankyda işlemäge mümkinçilikler berýän ýakymly täzelikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleriñ doly güýjünde ulanyljakdygyna ynanasyñ gelýär. ▶ Ales KARLÝUKEWIÇ (žurnalist): - Sungatda-da, edebiýatda-da ilkinji rol talantly, giñ gözýetimli şahsyýete degişli. Öz döwründe Maksim Gorkiniñ ýaş edebiýatçylara bilimleri ele almagy nähili erjellik bilen talap edendigini biz bilýäris. Islendik käri saýlap alan her bir adam şol ugurdan kän tejribe toplan halypanyñ goldawyna, maslahatyna eýerýär. Şeýle halypalar ýaş edebiýatçylar üçinem zerur. Näme üçin respublikamyzyñ Ýazyjylar soýuzynyñ garamagynda ýaş edebiýatçylaryń mekdebini açyp bolmaýar? Şol mekdebe gatnaýan otuz-kyrk okuwçynyñ her ýylda biriniñ öz ykbalyny edebiýata baglap, ugrugyp gitmegi-de az zat däl ahyryn. Şol mekdepde edebi tankyt seksiýasynyñ bolmagyny-da talaba laýyk hasap edýäris. Ýazyjylarymyzyñ mekdeplere baryş ýagdaýy barada näme aýtmak bolar? Olaryñ ýygy-ýygydan okuwçylaryñ arasynda bolmagy, sapak berip, ýaşlaryñ edebiýatdan taýýarlygyny, bilim derejesini öwrenmekleri özleri üçinem peýdaly bolardy. Akjemal Omarowanyñ öz çykyşynda aýdan düýpli makalalaryñ seýrekligi baradaky tankydy bellikleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Ýöne onuñ özem metbugatda aýal-gyzlaryñ poeziýasynyñ gowy hem kemter gaýdýan taraplary barada çykyş edäýse, ýerine düşerdi. Ýa-da bu möhüm meseläni ol öz işi hasap etmeýärmikä? Öz problemalaryny ýazyjylaryñ özlerinden gowy biljek adam tapylmasa gerek. ▶ Rahym ESENOW: - Durmuşda bolşy ýaly, edebiýatda hem tankyt hakykatçyl, dogruçyl bolmalydyr. Ýazyjy özüniñ ýokary terbiýeçilik missiýasyna ygrarly bolmalydyr, ýaşlara görelde görkezmelidir, birek-birege, halkyñ baýlygyna, köp milletli sowet edebiýatynyñ hazynasyna öwrülen eserlere hatyraly garamalydyr. Tankyt etmek gerek, ýöne şerraýlyga, nigilizme ýüz urmaly däl. Yza galak, durgun zatlary paş etmek bilen birlikde, bizde gadymdan gelýän parasatly pikiri ýatdan çykarmaga hakymyz ýokdur: gaş bejerjek bolup göz çykarmaly däldiris. Men esasy iki dokladyñ hem tutumlydygyny, mazmunlydygyny haladym. Ýöne dokladçy N.Hojageldiýewiñ: rus tankytçylarynyñ originaly bilmezlikleri olaryñ mümkinçiligini çäklendirýär, sözme-söz terjimeden edilýän edebi terjime bolsa, türkmen awtorlarynyñ köp kitaplary hakynda hemişe dogry düşünjäni berip bilmeýär diýen pikiriniñ üstüni azda-kände doldurasym gelýär. Sypaýyçylykly aýdylypdyr: şeýle praktika edebiýaty garyplaşdyrýar. Biz islesek, islemesek özümize zyýan edýäris, özümiziñ ruhy gymmatlyklarymyzy harlaýarys. Nebsimiz agyrsa-da, köp ýyllaryñ dowamynda türkmen edebiýatyny öwrenýän moskwaly tankytçylaryñ hiç biri-de biziñ dilimizi bilenok, olar resenziýalary-da, hatda monografiýalary-da terjime eserleri esasynda ýazýarlar. Türkmen edebiýatyna bagyşlap ýazan monografiýalarynda ýalñyşlyklara ýol beren Swetlana Alyýewany hem-de professor Göroglyny dokladçy adalatly tankyt etdi. Olar originalyñ dilini azda-kände bilen bolsalar, sözme-söz terjimeden edilen eserlerden peýdalanmadyk bolsalar, beýle tagaşyksyzlyklar bolmazdy. Sözme-söz terjimeleriñ hiliniñ pesligi ýa-da edebi terjimeçiniñ ussatlygynyñ kemterligi, kähalatda bolsa, onuñ biparhlygy eseriñ originaldan daşlaşmagyna getirýär, onsoñ awtor özüniñ edebi eserini tanabam bilenok. Magtymgulynyñ, Zeliliniñ, Keminäniñ genial eserlerini terjime eden ajaýyp şahyrlaram, elbetde, olary harsallykda günälemek bolmaz, şonda-da olaryñ sözme-söz terjimeden edendikleri üçin köp zady ~ manysyny, mazmunyny, filosofiki äheñiniñ çuñlugyny ýitirdiler, milli koloriti hem öwüşginleri hakda-ha aýdybam oturmaly däl. Ukrainada, Pribaltika respublikalarynda edebi eserler diñe originalyñ dilinden terjime edilýär. Ýañy-ýakynda Wengriýada "Sowet poeziýasynyñ antologiýasy" neşir edilip, türkmen şahyrlarynyñ şoña girizilen goşgulary-da originalyñ dilinden terjime edildi. Şu ýagdaýa seredeniñde, respublikada çeperçilik syýasatyny kesgitleýän ýokary edaralarda-da türkmen edebiýatyna terjime üsti bilen serenjam berýänleriñ oturanlygyna nebsiñ agyrýar. Çyzga düşünip bilmeýän inženeri ýa-da karta düşünmeýän topografy göz öñüne getirip görüñ. Bu-da şo tetelli bir zat-da... Türkmenistanyñ ýazyjylar guramasy diñe bir türkmen dilinden däl, eýsem, rus, ukrain, gruzin hem beýleki dillerden-de geljekde terjimeçiler kadrlaryny taýýarlamak barada aladalanar diýip umyt bildirýärin. Bu hakda oýlanyşmak gerek. Biziñ maslahatymyza gatnaşýan TKP MK-nyñ sekretary M.Mollaýewanyñ bolsa şu meselede bize hemaýat bermegini haýyş edýäris. Ene dilimiz hakynda aladalanmak bilen birlikde bilimleriñ hem progresiñ ýagty dünýäsine gönükdirýän rus dilini, beýik Leniniñ hem Puşkiniñ dilini yzygiderli, has düýpli öwrenmegi-de ýatdan salmaly däldiris. Onsoñam, özümiz bilen doganlyk maşgalada ýaşaýan, şatlygymyzy, gaýgymyzy deñ paýlaşýan galamdaş rus doganlarymyzy-da dostlarça köteklemek isleýärin. Olar respublikada ujypsyz, ýöne tas ömürboýy ýaşap, türkmen halkyna bagyşlanan ençeme eserler döredip, şonda-da öz doganlarynyñ dilini öwrenmelidir öýtmediler. Dogry, olaryñ arasynda türkmen dilini bilýänleri-de bar, ýöne barmak basyp sanaýmaly. Her bir dili bilmek uly baýlyk, aýratynam ýazyjy üçin. Dil bilmek edebiýatçynyñ dünýägaraýşyny giñeldýär, onuñ gahrymanlary baý hem koloritli bolýar, şonuñ bilen-de edebiýat ösüş gazanýar. Ýene bir zat. Respublikada ýaşaýan rus ýazyjylary türkmen dilini bilseler, öz galamdaşlarynyñ eserlerini sözme-söz terjimeden rusça geçirmän, originaldan terjime edip, türkmen sowet edebiýatynyñ mundan buýana-da ösmegine önjeýli goşant goşup bilerdiler. Munuñ özi internasional ideýasyny añladýan, sosialistik realizm esasynda berk durýan türkmen sowet edebiýatyny öñküden-de baýlaşdyrardy. ▶ Akmuhammet WELSAPAROW: - Bizi bökdeýän esasy sebäpler nämeler? Belli bir menzile ýetensoñ, türkmen sowet edebiýaty ozalky galan belentligini ýitirip, pessaýlap ugrady. Çünki, biziñ edebiýatymyzda salgyma kowalaşyp başladylar. Tankytçylarymyz türkmen ýazyjylarynyñ eserlerine doganlyk halklaryñ ýazyjylarynyñ eserleri bilen deñeşdirip baha bermän, diñe türkmen edebiýatynyñ çäklerinde biri-biri bilen deñeşdirip, baha kesmäni çykardylar. Bu ýagdaý kem-kemden milli çäkliligi döretdi, türkmen ýazyjylaryndan edilýän talaby gowşatdy. Güýçli ýazyjy ýa-da gowşak ýazyjy diýlen düşünjeleriñ hasap-hesibi diñe milli edebiýatyñ çäklerinde çykarylanda, köplenç hakykatdan sowaşyk düşülýär. Çünki hemme zat hakyky deñeşdirmede mälim bolýar. N.Hojageldiýew, J.Allakow, D.Nuralyýew ýaly tankytçylar diñe bir türkmen okyjysynyñ ynamyny däl-de, eýsem käbir ýaşuly ýazyjylarymyzyñ özüni hem aldamagy başardylar. Olary siz beýik diýip ynandyrdylar. Emma biziñ respublikamyzda juda uly ýazyjy diýlip gürrüñi edilýän käbir ýazyjynyñ eserlerini doganlyk edebiýatlaryñ eserleri bilen deñeşdirýäñ welin, tankytçylarymyzyñ irmän-arman gaýtalap ýören sözleriniñ hakykatdan juda sowaşykdygyna göz ýetirýärsiñ. Şeýle deñeşdirme aglaba biziñ ýazyjylarymyzyñ peýdasyna däl. Wagty gelip, türkmen ýazyjylarynyñ soñky nesilleriniñ içinden eserleriniñ hili bütinsoýuz okyjysyny azda-kände imrindirýän adamlar çykdy. Olaryñ eserleri hakynda seýregem bolsa, merkezi metbugatda ýatlanylyp ugrady. Bu bolsa respublikanyñ çäginde uly diýlip ýörlen ýazyjylarymyz bilen soñky ýazyjylaryñ arasynda belli bir derejede gapma-garşylyk döretdi. Tankytçylarmyz şol gapma-garşylygy akylly-başly çözmelidiler. Emma olar beýle etmediler, tersine, gaýta öz tendensioz makalalary bilen has-da ýitileşdirdiler. Munuñ sebäbi näme? Birinji sebäbi: ýüz görüp, gapyrga syrmak. Ikinjisi: ady agzalan tankytçylaryñ öz derejeleri hem meniñki bolsun diýerlik däl. Üçünji bir sebäbi hem bar: olara ozal telim ýyllaryñ dowamynda gaýtalap gelen sözleriniñ belli bir derejede hakykata gabat gelmeýänliginu boýun almak kyn. Ýaşuly ýazyjymyz Berdinazar Hudaýnazarow hatda öz çykyşlarynda telim gezek şeýle sözi gaýtalady: "ýaşlaryñ kitaplary Moskwada, rus dilinde çykyp dur, olara haý-küş diýýänem ýok". Begenmeli zada gynanyp ugranlygyny ýazyjynyñ özi hem duýman galdy. Umuman, milli çäklilik hiç haçan peýda getirmändi. Biziñ edebiýatymyzy-da ol uly zyýan berdi, oña bulaşyklyk saldy. Şu dörän ýagdaýdan näçe tiz çykylsa, şonça-da gowy. Ýogsam, türkmen sowet edebiýatyndaky häzirki jedeller salgyma kowalaşmakdan başga zat däldir! ▶ Annaberdi AGABAÝEW: - Düýnki bolan gürrüñçilikden soñ pähimler köşgi şu ajaýyp kitaphanamyzdan çykyp barýarkak, men dogrusy: "Eger-de maksat bary-ýogy iki sany şahyryñ, A.Atabaýewdir N.Rejebowyñ, birem tankytçy D.Nuralyýewiñ gürrüñini etmek bolsa, onda olar nähili üýtgeşik zehin bolaýanlarynda-da, şunuñ üçin epeý bir delegasiýanyñ Moskwadan bärik şunça ýol söküp gelmeginiñ, oña munça halk serişdesiniñ sarp edilmeginiñ, bu ýerde bir hem däl, birdenem goşa Sowetiniñ mejlisiniñ geçirilmeginiñ zerurlygy bir barmyja berin" - diýip oýlandym. Islesek-islemesek, düýn, N.Hojageldiýewiñ eden düýpli dokladyny hasaba almanyñda, galan çykyşlaryñ aglabasy, ýagny uzak günki söhbet diñe şu atlaryñ daşynda aýlanyp duran ýaly boldy. Bu babatda men-ä hormatly myhmanlarymyzyñam ýek-tükünden öññesiniñ ýüküni gaty ýeñil görüp, haýran galdym. Myhmanlar, göwnüme bolmasa, gürrüñi juda uzaga çeken araky "Edebiýat we Sungatyñ" şol iki-üç sany makalanyñ terjimesinden gaýry hiç bir zat bilen bilkastdan tanyş edilmedik ýaly. Ýöne iki-üç sany atdan ýa iki-üç sany makaladan häzirki edebi prosesi ýasap bolmaz ahyry. Edebi tankyt barada edebi prosesden üzñe ýa-da onuñ çygryndan daşda gürrüñ edilende bolsa, bu gürrüñe hiç haçan çynyñ bilen pisint etmersiñ. Kerim Gurbannepesow ýaly uly ile meşhur, hakyky halk şahyrymyzyñ adyma aýdylan nähak gürrüñlere üns etmän geçmek naýynsaplygyñ añyrbaşy bolardy. Men öz halypamyzyñ döredijiligidir ussatlyk derejesi barada bu gün kimdir birinden eşidip bilmeli däl. Öz wagtynda men muny ýörite-de öwrenipdim, bu barada "Литературная газета" makala-da ýazypdym. K.Gurbannepesowyñ şu ýerde agzalan "Parahatlyk ilçisi" atly poemasy iññän çylşyrymly we agyr temany gozgaýar. Dogrusy, biziñ aramyzda bu temadan töwekgelçilik edip ýazyp ýören ýazyjam kän däl. Sebäbi material kyn. Şonuñ üçin şahyryñ özem bu poemany boldum edendirin diýen pikirden daşdamyka diýýän. Ol megerem, entek oña öwran-öwran dolanar. Kimdir biri häli şu ýerde "Aýgytly ädimi", Kerbabaýewi ýatlady. Bu beýik eseriñem ýüzlenen temasy öz döwründe çylşyrymly saýylan temalaryñ biridi. Şonuñ üçinem B.Kerbabaýew roman çap bolanyndan soñam bu eseri çyn eser etmek üçin ýene 20-30 ýyllap der döküpdi ahbetin! Şu ýerde "Edebiýat we Sungat" gazeti hakynda her zeýilli pikirler aýdyldy. Menem bu barada iki agyz aýtmakçy bolýan welin, dogrymdan gelsem, çekinmänem duramok. Sebäbi men bu gazetde "yzyny üzmän" aldygyna haýdap çykyş edýän awtor hökmünde agzaldym-da, indi özüme şol gazetiñ "aklawjysy boljak bolýan kişi" diýdirermikäm diýýän. Hut şol sebäpdenem men şu ýerde şu kiçijik sprawkany bermäge mejbur: men şu gazetde soñky sapar alty aý mundan ozal, ýagny 1986-njy ýylyñ 19-njy dekabrynda çykyş etdim. Gazet hakda bolsa şeýle diýmek isleýän. Bu redaksiýanyñ öz işini täzeden gurýandygy barada men onuñ sahypalarynda çap bolýan ýiti-ýiti makalalardan çen tutup netije çykaramok. Men gazetdäki çynlakaý döwrebap özgerişlikleriñ baş we esasy alamatlaryny, ozaly bilen, onuñ dürli-dürli, käte hatda biri-birine açykdan açyk garşy çykýan, çapraz gelýän pikirlere giñ ýol açanlygynda görýän. Eýsem soñky ençeme ýyllaryñ içinde biziñ ýazyjylarymyzyñ arzuw edip, ýetibilmeýän zady şu dälmidi näme! Redaksiýa, redaktorlar "makalalara seslenme gurýarlar" diýlip hem nägilelik ýañzydyldy. Men-ä şeýle edilýän bolsa, onda olara gaýtam hoşallyk bildirip, sag bolsun aýtmalymyka diýýän. Sebäbi hut şol iş her bir redaktoryñ jana-jan gulluk borjy ahyry. Elbetde, redaksiýada gazet çykyşlaryna gelýän seslenmeler belli bir niýet bilen saýlanyp-seçilip çap edilýär diýilmekçi bolýan bolsa başga gürrüñ. Onda TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ ýörite derñew komissiýasynyñ bardygyny, onuñ bu ýagdaýy Aý dogan ýaly edip biljekdigini ýatladasym gelýär. ▶ Jora ALLAKOW: Edebi tankydyñ borjy edebi prosesi yzygider yzarlap, analizläp durmakdan ybaratdyr. SSKP MK-nyñ "Edebi-çeper tankyt hakyndaky" kararynda şu pikir nygtalyp bellenilýär. Sebäbi edebi prosesden örksüz ýazylan makalanyñ, hatda sanynyñ-da ýerine düşmezligi gaty mümkindir. Her bir täze eseriñ gymmaty, getirýän täzeligi tutuş edebi proses nazara alnan mahalynda belli bolýar. Emma bizde edebi prosesiñ yzarlanyşy göwnejaý däl. Käbir žanrlar bütinleýin diýen ýaly edebi prosesiñ nazaryndan düşüp galýar. Edebi prosesi yzygider yzarlap durmak üçin metbugat organlarynyñ tagallasy biçak zerur. Metbugat organlarynyñ edebi prosesi tutuşlygyna analizlemäge gönükdirilen planly işi gerek. Ol organlaryñ köpüsi özlerine setanda-seýranda düşen tötänleýin makalalardyr synlar bilen oñşuk edip gelýärler. Tötänleýin düşen makaladyr synlar bilen edebi prosesi analizlejek gümanyñ ýok. Dogry, soñky döwürde "Edebiýat we Sungat" gazeti, "Sowet edebiýaty" žurnaly edebi tankyda berýän ünsüni güýçlendirdi. Emma "Ашхабад" žurnalynda weli entek hiç hili janlanma duýlanok. Bu žurnal uzak ýyllardan bäri edebi prosesden örksüz ýaşap gelýär. Žurnal edebi tankyda öz sahypalarynda ujypsyzja ýer berýär. Bu žurnalda çap edilýän ýüzleýje, öwgüli makaladyr synlar arkaly türkmen edebiýatynyñ ösüş prosesini sähelçe-de göz öñüne getirmek mümkin däl. Beýleki metbugat organlarynda-da edebi prosese düýpli aralaşan, ony çuñdan analizleýän makaladyr synlar göze ilmeýär. Bu kadasyz ýagdaýy olar özleriniñ edebiýat organlary däldikleri bilen tasa getirjek bolýarlar. "ПРАВДА" gazeti ýaly metbugat organynyñ sahypalarynda her hepdede diýen ýaly edebiýat we sungat meselelerine bagyşlanan düýpli makalany okamak bolýar. Şu ýagdaýy nazara alanyñda, biziñ metbugat organlarymyzyñ çeper edebiýatyñ, edebi tankydyñ möhüm meselelerine ýeterlik üns bermezliklerini hiç zat bilen aklamak mümkin däl. Edebi tankydy janlandyrmak, edebi prosesi analizlemek üçin ýazyjylaryñ öz tagallalary-da biçak zerur. Ýazyjylaram edebi prosesi çuñ bilmeli. Edebiýatyñ möhüm problemalary, galamdaşlarynyñ eserleri hakda seslenip durmaly. Emma ýazyjylarymyzyñ köpüsi edebi tankyt diñe tankytçylaryñ işi diýen nädogry düşünjä gulluk edýärler. Bu düşünjäniñ ýerliksizdigini uly ýazyjylaryñ döredijilik tejribeleri aýdyñ tassyklar. Belli söz ussatlarynyñ her biriniñ döredijiliginde olaryñ tankydy garaýyşlary uly orun tutýar. Aslynda, edebi-tankydy pikirleri döredijiler ýazyjylaryñ özleri bolup durýarlar. Biziñ tankytçylarymyzyñ hataryndan gidýän kän-de, oña gelip goşulýan biçak az. Sebäbi biziñ respublikamyzda tankytçynyñ zähmetine berilýän üns juda ujypsyz. Olaryñ kitaplary juda seýrek hem biçak azajyk tiraž bilen çap edilýär. Ol kitaplar hatda studentlere-de ýetmän galýar. Ýogsam tankytçylaryñ kitaplaryna bolan isleg az däl. ▶ Tirkiş JUMAGELDIÝEW: Men tankyt boýunça Sowetiñ başlygy N.Hojageldiýewiñ dokladyndan türkmen tankydynyñ şu günki ýagdaýy barada çuññur analize garaşypdym. Doklad tankytçylarymyzyñ işi hakda däl-de soñky döwür edebiýatymyzda žanrlar boýunça döredilen eserleriñ hasabatyna meñzeýär. Eger ol stil taýdan özgerişlikler, şol özgerişliklere tankytçylaryñ näderejede çemeleşip bilişleri hakda degerli pikirler aýdan bolsa, ýerlikli bolardy. Biziñ tankytçylarymyzyñ gerimi, edebi prosese bütinsoýuz prosesiñ nazaryndan garap, baha bermäge ukyby, şu ýagdaýyñ pesligi zerarly türkmen tankydynyñ Soýuz möçberine çykyp bilmeýändigi çynlakaý derñewe garaşýar. Eger şu meseleler barada oýlanyşykly, çynlakaý gürrüñ açylan bolsady, dokladdaky subýektiw äheñlere ýer galmazdy. Häzirki diñlän dokladymyzda, esasan, Hojageldiýewiñ şahsy halamaýan awtorlarynyñ eserleriniñ mertebesini her edip-hesip edip peseltmek tendensiýasy bar. Doklad ýazylandan soñ, tankyt Sowetiniñ ähli çlenleri bilen maslahat edilmeli ekeni. "Edebiýat we Sungat" gazetinde Nuralyýewiñ jedelli makalasy bilen bagly dowam eden poeziýa jedeli barada köp gürrüñ edildi. Şol jedele ýazyjylaryñ, tankytçylaryñ işeññir gatnaşmadyklary bellendi. Meniñ pikirimçe, munuñ degerli sebäbi bar. Nuralyýewiñ makalasy mahabatlandyryp oturar ýaly çuññur makala däl. Gazet jedel başlamak islän bolsa, makalany bermezden öñ, awtorlaryñ şahsyýetine kesek atylýan äheñleri aýyrmaly eken. Goý, poeziýa barada adalatly jedel bolsun. Gazet dürli pikirleri sabyrlylyk bilen diñläp, soñra redkollegiýanyñ adyndan gowy äheñde öz pikirini aýtmalydy, medeniýetli etika şuny talap edýärdi. Gazet nätdi? Nuralyýewiñ pikirini öz pozisiýasy hökmünde tutanýerlilik bilen goramaga başlady. Beýle boljak bolsa, jedele çagyrmagyñ nämä derkary bardy! Jedeliñ garaşylmaýan ugra gidenini gören adamlar oña gatnaşmakdan saklanan bolsalar gerek. Gazet jedeliñ dowamynda aralyk ýagdaýy saklap, ahyrda dürli pikirlere çeper edebiýatyñ bähbidi bilen baha bermegi başaran halatynda peýdaly jedeller geçirip biler! Biziñ tankytçylarymyzyñ käbirinde ýazyja syýasy ýarlyk dakmaga bolan meýil güýçli. Käbiri bolsa, diñe meniñ pikirim ykrar edilmeli diýýär. Tankytda monopoliýa gazanmak meýli çeper pikiriñ ösmegine däl-de, onuñ bogulmagyna getirýär. Edebiýatyñ baýlygy dürli stilde işleýän ýazyjylaryñ döredijiligine bagly. Her ýazyjynyñ öz orny bar. Edebiýatda bir awtoryñ ornuny, şöhratyny başga biri eýeläp bilmeýär. Şu hakykata düşünip, birek-birege sarpa goýup işlemegimiz gerek. Men tankytçy Swetlana Alyýewanyñ zehinli ýaş ýazyjymyz Juma Hudaýgulyýewiñ döredijiligine aýratyn tankydy bellikleriniñ käbiri bilen ylalaşmaýaryn. Bir eserden bir bölek alyp, şol bölek boýunça tutuş netijä gelmekden saklanylsa gowy bolardy. ▶ Nafi JUSOÝTY, (Gruziýa): - Men Rahym Esenowyñ "bize gelen tankytçylaryñ hiç haýsy hem türkmençe okap bilenok" diýen pikirini unap duramok. Bizde myhmanyñ hatyrasyny saklamak iñ gowy däpleriñ biri. Däbi ýitirmek gerek däl. Gep bu ýerde eseriñ haýsy dilde ýazylanlygynda däl-de, nähili ýazylanlygyndadyr. Biz Gomeri hem Gýotäni hem rus dili arkaly bilýäris. Gamzatowy, Kaýsyn Kulyýewi, Mustaý Kerimi hem rusça okaýarys. Beýik Şota Rustaweliniñ "Gaplañ derisinine giren pälwan" eserini N.Zaboloskiniñ terjimesi arkaly bilýäris. Bu ajaýyp eseri rus dilini gowy bilýän gruzin professory hem terjime etdi. Ýöne ol terjime hiç kime derkar bolmady. Şonuñ üçinem eseriñ originalyny bilenok diýip, terjimeçä hem, tankytça hem igenmek nädogrudyr. Biz bu ýere dil öwrenmäge gelmedik, gaýta birek-biregiñ edebiýat hojalygymyzda bolup geçýän, umumysoýuz edebiýatynda bolup geçýän ýagdaýlar hakda, tankydyñ ýagdaýy hakynda pikir alyşmaga geldik. Elbetde, men hem meniñ ýoldaşlarym türkmençe bilse, oña ýetesi zat ýok. Birek-biregiñ dilini öwrenip, sözme-söz terjimesiz düşünişsek, terjime etsek gowy boljakdygyna şek ýok. Bu geljegiñ işi. Edebiýat hojalygymyzda, jemgyýetimizde durgunlyk döwründe bolan ýaramaz hadysalar tankydyñ ösmegine zyýan berdi. Köplenç ýerlerde tankytçynyñ pikirine derek, başga adamlaryñ pikiri diñlendi. Biziñ öz edebiýatymyzda hem ýokary guramalara ýaranjañlyk edip, öz galp pikirlerini geçirýän çinownik-edebiýatçylar boldy. Galdyr-basdyrlyk, ýazyjyny her edip, hesip edip ürküzjek bolmak tankytçynyñ borjuna girmeýär. Tankytçy öz sözli, öz pikirli, kast etmek meýli bolmadyk adam bolmaly. Ýazyjy bilen tankytçy biri-birine garşy bolmaly däl-de, biri-birine söýenişmeli, şeýle ýagdaýda edebiýat hem ösýär, ýazyjam nadyl bolanok. Siziñ gazet-žurnallaryñyzda soñky döwürlerde çap edilen makalalaryñ sözme-söz terjimesini okap çykdym. Hemme ýerde horaz deñräk gygyrýar. Sizde hem şeýle. Edebi tankydyñ professional derejesi gynansak-da, pes. Pawel Ulýaşow şol makalalaryñ birinden "Ýazyjylaryñ komandirowkalarda özlerini alyp baryşlaryna berk kontrollyk etmeli" diýen sözleri okap: "Şundan soñ men-ä Siziñ respublikañyza gelmäge hem çekindim" diýip dogry aýtdy. Ýazyjynyñ komandirowkada özüni alyp barşyna seredýän edaralar bar, oña ýazyjylar soýuzy ýa-da tankytçy kontrollyk etse bolmaz ahyry. Men "Литературная газета"-nyñ sahypalarynda çykyş edip durýaryn. Ýöne nämüçindir türkmen tankytçylarynyñ umumy soýuz edebiýaty hakda-ha däl, türkmen edebiýaty hakynda hem makalalaryna duş gelemok. Beýleki merkezi neşirlerde-de şeýle. Elbetde, biz arkalaşyp, öz kömegimizi gaýgyrmarys, ýöne türkmen tankytçylary-da diñe öz çygryndan çykyp bilmän ýörmän, beýkeli halklaryñ edebiýatlary hakynda hem öz pikirlerini aýtsalar, oñat bolar. Birek-biregiñ dilini bilmesek-de, edebiýatyny bilsek, öwrensek, diñe şonda biz hakyky internasionalistler bolarys. ▶ Gurbandurdy GELDIÝEW: - Çykyş eden ýoldaşlaryñ teýeneli gürrüñleriniñ içinde biziñ neşir eden kitaplarymyzyñ hem ady agzaldy. Edilen belliklere, tankydy pikirlere däl diýjek bolamzok. Ýugrumy ýetmedik kitaplaryñ neşir edilýändigi hemmä mälim, olar barada metbugatda, ýygnaklarda durlup geçildi. Emma bir ýagdaýa düşünişmek gerek. Neşirçilere gezek gelende, şeýle bir batyrgaý "topulynylýar" welin, hamana diýersiñ, awtorlar kitabyny neşirýatyñ talaby boýunça şeýle gowşak edip ýazýan ýaly bir duýgy döreýär. Garamaty öz boýnumyzdan aýyrmak niýetimiz ýok, ýöne tereziniñ agramly tarapy awtorlaryñ paýyna düşýär. Onsoñam, şol kämil däl diýilýän eserleri ýazanam, ýazýanam Siziñ özüñiz ~ şu zalda oturan ýazyjylaryñ özleri ahyryn. Bu meseledäki "belanyñ körügi" öz-özüñe tankyt, öz ýazýan eserlerimize tankydy garamak ukybymyzyñ gowşap gidenliginde. Käbirimiz bolsa şeýle derwaýys zatdan düýpgöter mahrum bolupdyrys. Edebi tankydy, edebiýaty öwreniş kitaplary az planlaşdyrylýar diýlen pikir bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Her ýyl bu žanra degişli iki-üçden artyk kitap çykaryp bilemzok. Dogrudanam, žanryñ žanr sarpasy saklanmagy gerek, "dadyrdym-da guwdurdym" etmek nädogry. Ýöne taýagyñ ikinji ujuny - hödürlenjek golýazmalaryñ derwaýys problemalara bagyşlanan bolmalydygyny, başgaça aýtsak, edebi tankyt, edebiýaty öwreniş diýilýän žanra mynasyp işler bolmalydygyny unutmaly däldiris. Tankydy kitaplaryñ tiražy juda az diýip, menden öñürti çykyş eden ýoldaşlar belläp geçdi. Dogry aýdylýar. Okyjyda şeýle kitaplara bolan islegiñ bardygyna-da ynanýaryn. Duşuşyklarda ol barada soraglaram berilýär. Bu neşirýata başbitin çözdürjek mesele däl, muña kitap söwdasy guramalarynyñ hem baş galdyrmagy gerek, edebi tankyda, edebiýaty öwrenişe bolsun diýen niýet gerek. T.Jumageldiýew dogry belläp geçdi, edebi tankyt üçin üýşüp, edebi tankyt hakda az gürrüñ edýäris, çykyşlaryñ birentegi özge žanrlara sowlup gitdi, käbirinde bolsa hiç bir žanra, aslynda, edebiýata dahyly bolmadyk gürrüñler edildi. Çeninden, "Aç-açan gürrüñ" diýilýän zada bir taraply düşünýän bolmaga çemelimiz. "Aç-açanlyga" geçip, özgänin kemçiligi hakda aýdýarkak, özümiz, öz sözümiz barada-da oýlanmasak bolmaz. Men muny A.Welsaparowyñ çykyşyny göz öñüne tutup aýdýaryn. Dogry, N.Hojageldiýewiñ dokladynda subýektiw äheñler ýok diýip boljak däl. Ýöne subýektiwizm meselede A.Welsaparowyñ özi hiç kimden kem oturmady, dilewar jümlelere, emosiýaly ritorikalara agram berlip edilen çykyşyñ tendensiýalydygy hakda aýtmanymyzda-da, Magtymguly we realizm meselesinde, J.Allakowyñ, D.Nuralyýewiñ makalalary baradaky ýañsyly gürrüñlerinde edebiýatyñ, edebi tankydyñ bähbidi aralmaýandygy düşnükli boldy. Onsoñam juda aýdyñ bir hakykat bar: ÖWRETMEK ÜÇIN ILKI ÖZÜÑ ÖWRENMELIDIR. Sözümiziñ ahyrynda edebi tankyda bagyşlanan bu giñişleýin maslahatyñ juda peýdaly bolandygyny aýtmakçy. Galyberse-de, edebi tankydyñ medeniýetine ähmiýet bermelidigimizi, ondanam has derwaýys mesele - TANKYDY KABUL ETMEK, DOGRY NETIJE ÇYKARMAK MEDENIÝETIMIZIÑ heniz-henizler juda bärden gaýdýandygyny şu maslahat bütin dolulygynda äşgär etdi. ▶ Abdyrahman MÜLKAMANOW: - Türkmen klassyk edebiýatynyñ wekilleri barasynda ýazylýan eserler we olardaky bärden gaýtmalar dogrusynda hem aýdyldy. Şunuñ bilen baglanyşykly bir zady nygtasym gelýär. Klassyk şahyrlarymyz hakynda ýazýan ýazyjynyñ hökmany suratda TSSR YA-nyñ Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyñ golýazmalar fondunda saklanýan materiallary özleşdirmegi zerur. Şol materiallaryñ 600-e golaý bukjasy Magtymgula degişli. Şolaryñ 100-e golaýy arap hatyndaky doly golýazma diwany, 200 töweregi doly däl diwan, onlarça daşbasma nusgalary, dürli ýyllarda halk arasyndan ýazylyp getirilen şahyr baradaky gürrüñler, rowaýatlar, maglumatlar. Obýektiw sebäplere görä, Magtymgulynyñ şygyr mirasynyñ ählisiniñ çap edilmeýändigini hem ýatlalyñ. Şahyryñ çap edilmeýän eserleriniñ möçberi iki-üç kitaplyk bar. (Biz şolary 1970-nji ýylda toplap, häzirki elipbiýde, maşynkadan geçen görnüşiniñ bir ekzemlýaryny golýazmalar fonduna tabşyrypdyk). Eger Magtymguly hakda eser ýazýan awtor şahyryñ neşirlerinden başga çap edilmedik eserlerini hem öwrense, her bir setiriniñ onlarça tapawutly, ýöne biri-birinden çeper görnüşde gelýän wariantlaryny özleşdirse, şahyryñ gözýetiminiñ nähili giñ bolandygyny, eserleriniñ ýöne bir şygyr däl-de, ylymdygyna, akyldygyna has doly göz ýetirjekdigi, şahyryñ obrazyny has göwnejaý döretjekdigi bellidir. Emma ýazyjylarymyz şeýle materiallary öwrenmeýärler. Şeýle materiallary esere baha berýän tankytçynyñ has beter öwrenmelidigi öz-özünden düşnükli. Rahym Magtymowiç öz çykyşynda Magtymgulynyñ eserleriniñ rus diline terjime edilişiniñ göwnejaý däldigini dogry belledi. Hakykatdan hem şahyryñ şygyrlarynyñ rusça terjimesiniñ köp essesi okyjynyñ lapyny keç edýär. Men Magtymgulynyñ eserlerini täzeden terjime etmegi arap-pars dillerini, türki dilleri, şol sanda türkmen dilini bilýän we türkmençeden göni terjime edip biljek Leningrad uniwersitetiniñ professory, şahyr-terjimeçi Sergeý Iwanowdan haýyş etmegi teklip edýärin. Bu ýerde G.Kulyýewiñ "Magtymguly" romany hakda hem gürrüñ gitdi. Bu barada jedel köp boldy. Bu taryhy roman geljekde çuñ işleniler diýip pikir edýäris. Ýöne bu eser hakda tankyt taryh esasynda ylmy çemeleşmelidir. Şeýle çuñ analiziñ ýazylmagy bolsa zerur, ol awtora kömek eder. Gadymy we klassyky edebiýatymyzy işlemekde ylmy kadrlaryñ ýetmeýänligi hakda hem dogry aýtdylar. Dogrusyny aýtsak, käbir şyltakçylar orta asyr edebiýaty boýunça işleýän alymlaryñ işden elini sowatdylar. Mysala ýüzleneliñ. Men 1970-nji ýylyñ başynda XVII asyrda Kiçi Aziýada ýaşap geçen Garajaoglanyñ 500-e golaý şygrynyñ tekstini taýýarlapdym. Ol alymlaryñ, edebiýatçylaryñ maslahatynda oñat baha aldy. Ýygyndyny Berdi Kerbabaýew redaktirläp, 1973-nji ýylyñ plany boýunça "Türkmenistan" neşirýaty" neşir etmelidi. Birden ýygyndyny çap etmeli däl diýip, täsirli ýerden buýruk geldi. "Entek garaşmaly!" diýdiler. Indi on bäş ýyl bäri Garajaoglan garañky künjekden çykman garaşýar. Ýene bir mesele bar. Bizde "Gorkut ata", Magrupynyñ "Ýusup-Ahmet", Şabendäniñ "Hojamberdi" dessanlary gadagan edilipdi. Bizde şol "gadagan zolagyndan" çykmaga çak bolmadymyka? Goñşymyz Azerbaýjanda "Däde Gorkut" baryp, 1950-nji ýyllardan bäri öwrenilýär we çap edilip gelinýär. Şu mesele hem özüniñ çözgüdine garaşýar. ▶ Sapar ÖRÄÝEW: - Çeper eser bir adam, bir oba hakynda ýazylsa-da, şol bir adam, şol bir oba üçin ýazylanok. Ol tutuş adamzada hyzmat etmelidir. Adamlar görnüşleri, gylyk-häsiýetleri, ýaşaýyş, durmuş obrazlary boýunça dürli-dürli. Şol bir wagtyñ özünde olary birleşdirýän birmeñzeş beýik ideallar hem kän. Ylaýta-da häzir. Şolaryñ biri-de berk parahatçylykdyr. Şu mahal parahatçylyk ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandaryñ, tutuş zeminiñ ykbalyna öwrüldi. Esasy materialy adam bolan çeper eseriñ şol zerurlygy her bir adamyñ añyna ýetirmekde, pugta parahatçylygy berkarar etmäge her bir adamy galkyndyrmakda bitirýän hyzmaty uludyr. Onuñ hyzmatlary has ýokary götermek, ösdürmek üçin bolsa edebi güýçleriñ birleşen tagallasy, birleşen hereketi gerek. Edebi tankyt bilen iş salyşýan her bir adam döredijilik adamlarynyñ ýakyn maslahatçysy bolmaly. Maslahatçy bolmak üçin bolsa has köp bilmek derwaýys. Ýazyjynyñ galyp barýan belentligine edebi tankytçy ondan has öñ galan bolmaly, hemişe öñde gitmeli. Şeýdibem ýazyjyny ýalñyşsyz ýol bilen, dogry hereket etmäge ganatlandyrmaly. Tankyt talap edijilik bilen birlikde öwrediji, ynandyryjy, hoşniýetli pikirleri hemişe hemra edinmeli. Gynansak-da, käbir tankytçylar tankydy temmi bermek guralyna öwürjwk bolýarlar. Dogry, günäli temmi almaly. Ýöne tankydy taýaga öwürmeli däl. Söz ýykylany galdyrybam bilýär, dik durany heläkläbem bilýär. Şonuñ üçinem ondan gaty ähtibar peýdalanmak gerek. Tankytçy çeper esere diagnoz goýujy wraçdyr. Wraç syrkawa derman bermezden öñ onuñ derdini kesgitleýär. Ony takyk kesgitlemän derman berýän tebibiñ syrkawy galdyrman, öldürmegi mümkin. Şoña görä-de has takyk, has dogry hereket etmek zerur. Her ýazyjy miweli daragta barabar bolsa, tankytçy bagbandyr. Bagban her daragtyñ häsiýetine, ösüş, miwe getiriş prosesine belet bolmalydyr. Şonda ol agaç has köp, has şirin miwe getirer ýaly alada etmeli. Agajy gysýan, bigerek hapa-haşallardan arassalap, miwesiz şahalary nädip aýyrmalydygyny aýdyp durmaly. Biziñ respublikamyzyñ edebi tankydy bilen iş salyşýanlaryñ çeper eser döretmeýäni ýok diýseñem boljak. Biz oña garşy däl. Ol bizi begendirýär. Ýöne edebi eserleriñ ussatlyk, çeperçilik derejesini kesgitleýän, olara baha berýän adamlaryñ özleri gowşak ýazsalar, munuñ özi has-da geçirimsizdir. Allamyrat Garaýew bilen Begmyrat Ussaýew özlerini tapylgysyz tankytçy hasap edişleri ýaly, özlerini talantly şahyram hasap edýärler. Emma olaryñ ýazýan goşgulary köplenç çeperçilik taýdan juda gowşak çykýar. Ony aýtsañ, olar ör-gökden gelýärler. Tankytçy hemme tarapdan görelde bolmalydyr, oña hukuk gazanmalydyr. Tankytçy gowşak eser ýazsa, ýaş şahyryñ gowşak eserinden erbetdir. ▶ Akmyrat HOJANYÝAZOW: - Türkmen edebi tankydy ýaş güýçleriñ hasabyna ösdürilmese, öñki tankytçylar azlyk edýär. Arassa, açyk, adamkärçilikli, bir-birege sarpa goýýan, çynlakaý tankyt okyjy üçin peýdaly. Türkmen edebi tankydy çeper terjimäniñ meselelerine az üns berýär. Terjime edilýän eserleriñ hili barada gürrüñ edilmeýär diýen ýaly. Türkmençe okaýan okyjylar Eduardas Meželaýtisiñ adyny köp eşidýärler. Ýöne onuñ poeziýasynyñ hakyky belentligini Saparmyrat Öwezberdiýewiñ terjimesi arkaly göz öñüne getirmek mümkin däl. Bu terjimeler okyjynyñ ýüregine ýeterden gowşak. Edebi tankyt şeýle gowşak terjimeleriñ öñüne böwet basmaly. Öz zehiniñ ýagdaýyny bilmän, şeýle güýçli poeziýany terjime edip, harlamak nämä gerek? Ine, biziñ tankydymyz şu zatlar hakda hem oýlansa gowy bolar. ▶ Hajy KAKALYÝEW: - Men şu bolup geçýän zatlara ýürekden gynanýaryn. Iki gün bäri biz näme hakda gürrüñ edýäris. Iñ bir derwaýys mesele hakda, ýöne zeýrençli we igençli sözlerem ýetik. Şunda tireparazlyk bar hasap edýärin. Bu täzd hadysa däl, onlarça ýyllaryñ dowamynda onuñ agzalalyk döredýäniniñ şaýady bolup gelýäris. Emma şu ýigrenji zat barada köplenç dymýarys. Onsoñ, bu gün şu mesele biziñ milli betbagtçylygymyza öwrülýär. Birleri hüjüm edýär, beýlekileri goranýarlar. Ýeñýän bolsa bolmandy, häzirem ýok, bolmazam. Şu ýagdaýdan çykalga ýokmy? Bar diýip pikir edýärin. Ýöne şunda jemgyýetçilik pikiriniñ güýjüni ulanmak gerek. Şeýle bölünişige meçew berýän belli-belli adamlaryñ ýüzünden perdesinu syrmak gerek. Bize, ýaş şahyrlara we ýazyjylara üns berlişi ýaramaz. Ýaşlar hakynda hakyky alada az. Şol sebäpdenem ýaşlar bir topardan başga topara goşulýarlar, umumy işiñ hatyrasyna däl-de, diñe özlerine peýda gözleýärler. Biri bilen gürleşseñ beýlekiler gyýa bakýarlar, beýlekiler bilen gürrüñdeş bolsañ, öñküler gözlerini alardýarlar. Şu-da käbir ýaşlaryñ arasynda prinsipsizligi, ýöwselligi döredýär. Bu meselede berk durmak üçin ägirt graždanlyk mertligi gerek, paýhasly akyl hem paýhasly ýürek gerek. Özüm hakda aýtsam, men şeýle ýaramaz hadysany näletleýärin. tutuş sowet halkynyñ anyk pozisiýasynda durup, hemmeleri-de jebisleşikli herekete çagyrýaryn. Başga maksat bolup bilmez. Biziñ milli guwanjymyzy harlaýan gepden-gybatdan daş durup, öz ýüzümizi halkymyzyñ aladalaryna tarap öwreliñ, biziñ beýik zamanamyza bap gelýän ajaýyp eserler döredeliñ. ▶ Berdinazar HUDAÝNAZAROW: - Durgunlyk ýyllary öz etjegini etdi: çeper tankyt ýüzgörüjilige ýüz urdy, her kim özüne baha bermäge başlady. Mälim bolşy ýaly, özüne pes baha berýän ýok diýen ýaly. Hemmeleri deñ aýakdan sürme meýli-de uzak ýyllaryñ dowamynda Ýazyjylar soýuzynyñ ýolbaşçylary tarapyndan ýazgarylman geldi. Tankydy ösdürmegiñ aladasy tankytçy hakyndaky anyk alada öwrülse, diñe şonda peýda berip biler. Dogryñy aýtmak añsat däl, dogryñy aýtsañ senden ýüzüni sowýanam tapylýar, öýkeleýänem. Bularyñ üstesine-de tankydy makalalary kitap edip çykartmak kyn. Şu ýagdaý ukyply adamlaryñ bu žanrdan daşlaşmagyna ýa-da sowaşmagyna getirdi. Emma tankyt ýarym göwün bilen işlemegi halamaýar... Ýazyjylaryñ soýuzy soñky ýyllarda geçirilen bütinsoýuz gurultaýynda, plenumlarda biziñ milli edebiýatymyz babatda hiç zat agzalmady diýen ýaly. "Литературная газета"-nyñ sahypalarynda türkmen sowet edebiýatyna berilýän orun nega-da berilýän bäş setirlik informasiýa bilen çäklenýär. Merkezi metbugatda "Gündogar poeziýasyna", dogrusyny aýtsañ, möwriti geçen poeziýa hökmünde garalýandygynyñ faktlaryny biz bilýäris. Öz zadyñy çap etdirmek üçin talantly bolanyñdan ugurtapyjy bolanyñ kem däl ýaly... Emma biziñ bazarlarymyzda öz dokan gymmatbahaly, müñ öwüşginli el halysynyñ üstünde harydyna hyrydar tapjak bolup oda-köze düşmän, buýsanç bilen çaý içip oturan adamlara syn ediñ. Görene el serip, halysyna hyrydar gözläp ýörmegi olar özlerine kiçilik bilýärler. Çyn şahyram şeýle. Ýöne biziñ goşgularymyz propoganda mätäç. Biz üçin tankytçy şol propogandist. Tankydy halaýan adam bardyr öýdemok. Ýöne tankyt bilen her edip-hesip edip kimdir birine şyltak atjak bolmagyñ tapawudy bar... "Tankytçynyñ" kime näme diýjegi heniz tribuna çykmanka saba mälimkä, ony diñläsiñ gelenok. Men özümi geniý hasaplamok. Men öwrenýärin. Ýöne mynasyp ussatlardan öwrenýärin. Milli çeperçilik medeniýetimiziñ ösüşiniñ häzirki döwründe akylly-başly, hoşniýetli, professional derejedäki tankydy pikiriñ zerurdygyny biz iññän ýiti duýýarys. ▶ Atamyrat ATABAÝEW: - Tankyt hakyndaky şu günki gürrüñe merkezden gelen abraýly tankytçylaryñ hem gelip goşulmagy bizi begendirýär. Biz şeýle aç-aç-açan gürrüñe kän garaşdyk. Edilýän çykyşlardan çen tutsak, biziñ hemmämiz bu gürrüñe çynlakaý taýynlyk görüpdiris. Durgunlyk ýyllarynda hem graždanlyk mertligi bilen çykyş eden, eser ýazan ýazyjy-şahyrlarymyz boldy. Şeýle mertlik bilen ýazylan eserleriñ okyja ýetmeginde kynçylyk çekilen hem bolsa, barybir şol eserler biziñ şu günümiziñ ~ täzeden gurmak döwrüniñ gelmegini tizleşdirdi. Ýöne şol batyrgaýlyk bilen eser ýazan, kynçylyk gören ýazyjy-şahyrlar hem bu günki günde halt-halta ýüz uran grafomanlar bilen deñ hatarda bolup galdylar. Öñki körzehinler şu gün: "Pursat geldi, öñki ýyllarda bize kyn boldy" diýip gygyrsalar-da, olara asla kyn bolmandy. Şeýle adamlar şu günem hakykatçy bolan bolup, öz sözlerini käte diñledýärler. Hakyky talanta mydama kyn bolupdy. Ýöne olar häzirem kynçylyk çekýärler. Sebäbi, gowy eser, çynlakaý eser ýazmak hiç kime añsat bolan däldir. Emma şu günki günüñ geljegine ynam bilen ýaşap, erbetlige garşy göreşen ýazyjylaryñ abraýy indi hasam ýokary göterildi. Köp mahallap biziñ tankydymyz ýaş poeziýamyzda graždanlyk äheñleriniñ ýokdugyny tekrarlady. Ýaş poeziýanyñ iñ talantly wekilleri Orazguly Annaýewiñ, Nobatguly Rejebowyñ, Ahmet Gurbannepesowyñ, Gurbanýaz Daşgynowyñ, Atajan Annaberdiýewiñ, Kakabaý Gurbanmyradowyñ, Tirkeş Sadykowyñ döredijiliginde gowy graždanlyk goşgularynyñ bardygyny welin hiç kim inkär edip bilmez. Moskwaly dostlarymyz, gowy şahyrlar Ýuriý Kuznesow, Nowella Matweýewa, Wadim Kuznesow, Gennadiý Krasnikow, Aleksandr Şuplow dagy biziñ iñ oñat goşgularymyzy bütinsoýuz okyjysyna ýetirdi. Biziñ şahyrana neslimiziñ bütinsoýuz okyjysyna ýetmegine gyýa göz bilen garaýan käbir ýoldaşlaryñ öz galamdaşlarynyñ üstünligine begenmeýändigi bizi gynandyrýar. Edebiýata düýrmegi bilen gulluk edýän tankytçy bizde ýok diýen ýaly. Elbetde, tankytçy hem, tankyt hem ýok diýip bolmaz. Köp tankytçylar goşgy ýazmaga, proza ýazmaga ýykgyn edip, tankydy esasy işiniñ gapdalyndan ýöredýärler. Şeýlelikde olar ne tankydy gönendirýärler, ne prozany, ne poeziýany. Biz moskwaly tankytçylar Swetlana Alyýewa, Pawel Ulýaşow, Wladimir Bondarenko dagylara minnetdarlyk bildirmeli. Elbetde, käte biziñ edebiýatymyz hakda çyn tankydy sözi aýtmak olara-da kyn düşýär. Olar bütinsoýuz metbugatda ol ýa-da beýleki ýazyjy hakda tankydy bellik aýdaýsalar, bärden käbir ýoldaşlar gygyryp başlaýarlar. "Dat, bize başga ýeriñ tankytçysy gerek däl, olar eserleri ýazylan dilinde okap bilmän, nädip baha bersinler. Öz edebiýatymyzyñ meselesini özümiz çözeris" we ş.m... Bu biziñ medeni derejämiziñ pesliginden nyşan. Eger bardy-geldi öwäýseler welin, mümkin bolan ýerde olañ diýen sözlerini getirip, peýdalanyp başlaýarys. Ençeme poeziýa kitabyny üýşürip, birbada okap çykan D.Nuralyýew ýaly tankytçylaryñ şahyryñ ruhy ahwalatyna, haýsy goşgynyñ nähili ýagdaýda dörändigine akyl ýetirip bilmejekdigi düşnükli zat. Köplenç tankytçylar şahyryñ ruhy ahwalatyna öz ruhy ahwalatyndan, redaksiýanyñ tabşyrygyndan ugur alyp çemeleşýärler. Ine, şu ýerden hem şahyr bilen tankytçynyñ arasyndaky düşünişmezlik başlanýar. Gazetde ýazylan zatlara absolýut hakykat diýip düşünýän okyjylar hem alasarmyk ýagdaýa sezewar bolýar. D.Nuralyýewiñ makalalaryny täze döwrüñ sesi hökmünde düşündirjek bolýan adamlar ýalñyşdylar. Ol makalalar jemgyýetiñ täzelenýän döwründäki köneçe ses. Ine, şu günki gürrüñimizde emosiýanyñ güýçlüdigi, sesimizi gataldyp, birek-birege igenmegimiz hem şu zatlardan gelip çykýar. Ýöne, meniñ pikirimce, indi emosoýany - gykylygy azaldyp, umumy edebiýat işimiz üçin köp aladalansak, öz döredijilik hem fiziki, ruhy güýçlerimizi edebiýaty ösdürmegiñ, hakyky dostlarça, obýektiw tankydyñ ösmegine sarp etsek gowy bolardy. ▶ Maral ABAÝEWA, filosofiýa ylymlarynyñ kandidaty: - Indi ikinji günüñ içidir, bu zalda milli edebiýatyñ möhüm meseleleri barada çynlakaý gürrüñ gidýär. Menem maslahatyñ temasyna belli bir derejede baglanyşygy bolan käbir meseleleriñ üstünde durup geçmekçi. Edebiýatyñ bir özûniñ ähli zatdan üzñelikde ösüşi mümkin däl. Respublikamyzyñ Ýazyjylar soýuzynyñ işini diñe bir edebiýaty öwrenijileriñ däl, eýsem ideologiýa frontunyñ jemgyýeti öwreniji alymlaryñ, filosoflaryñ, taryhçylaryñ, ýuristleriñ we başgalaryñ işleri bilenem ýygjam aragatnaşykda alyp barmaga wagt ýetdi. Adam faktorynyñ, taryhy faktlaryñ obýektiw şöhlelendirilişiniñ hem beýleki meseleleriñ Ýazyjylar soýuzynda hem-de ylmy edaralaryñ alymlar sowetiniñ mejlisinde bilelikde maslahatlaşylmagy göwnejaý bolardy. SSKP MK-nyñ ýanwar Plenumynda milli gatnaşyklaryñ meselelerini derñeýän käbir jemgyýeti öwrenijileriñ ähli zady "gülala-güllük" edip görkezendikleri nygtalyp geçildi. Türkmenistan Kompartiýasynyñ MK-nyñ VII Plenumynda hem şu meselä deglip geçildi. Soñky ýyllarda döredilen edebi eserler bu aýdylan adalatly bellikleriñ ýazyjylara-da degişlidigini görkezdi. Häzir döwrümiz internasionalizm, internasional terbiýe barada täze, has çuññur talaplary öñe sürýär. Sosialistik milletleriñ, milli medeniýetleriñ doganlyk gatnaşyklary sosializmde kanuna laýyklykdyr. Döredijilik intelligensiýasynyñ dürli halklardan bolan wekilleriniñ gatnaşmagynda bolup geçýän şu maslahatam muny tekrarlaýar. Demokratiýanyñ, aýdyñlygyñ güýçlenýän häzirki şertleri milletler arasyndaky gatnaşykda her bir adamyñ özünde ýokary medeniýeti terbiýelemegi talap edýär. Bu ugurda ýüze çykýan ol ýa-da beýleki meseleleriñ oñyn çözgüdi marksistik-leninçilik ideologiýa kämilligine, kommunistik ynamlylygyñ derejesine baglydyr. ▶ Hudaýberdi DURDYÝEW: Biz bu ýere edebiýat hakda, edebiýat tankydy hakda uly hem çynlakaý gürrüñ etmäge ýygnandyk. Beýle gürrüñiñ zerurlygy häzir biziñ jemgyýetimiziñ ýaşaýşynyñ ähli sferalarynda bolup geçýän ullalan özgerişlerden gelip çykýar. Täzeden gurmak döwri çeper edebiýatyñ missiýasynyñ täze belentligini kesgitledi. Bu gün çeper edebiýat özüniñ adamlary päkleýjilik we terbiýeleýjilik roluny hemme wagtdakysyndan has zor oýnamaly. Ýañy-ýakynda Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ plenumy bolup geçdi, şonda sowet ýazyjylary ykdysadyýetiñ, syýasatyñ, moralyñ, umuman terbiýeçilik işiniñ örän möhüm meseleleri hakda tolgunyp gürrüñ etdiler, Oktýabryñ ideallary, sosializmiñ, halklaryñ hakyky doganlygynyñ ideallary ugrunda göreşijileriñ ençeme nesilleriniñ yhlas-höwesi bilen döredilen gymmatlyklary aýap saklamagyñ, öñküden-de baýlaşdyrmagyñ zerurdygyny öwran-öwran nygtadylar. Olar partiýanyñ we halkyñ iñ belent ideallaryna ak ýürekden hyzmat etmäge, halkyñ iñ mukaddes oý-arzuwlaryny, hyýal-umytlaryny añladyjy hökmünde Çeper Sözüñ sarpasyny hem mertebesini saklamaga taýýardyklaryny bildirdiler. Soñky ýyllar biziñ respublikamyzda obýektiw, professional tankydy pikiriñ ösmegine ýaramaz täsir etdi diýmek bolar. Özem diñe bir biziñ respublikamyzda-da däl. Şeýle bolansoñ, biz indi žanr hökmünde edebi tankydy güýçlendirmegiñ hem kämilleşdirmegiñ, ony häzirki zamanyñ öñe süren wezipelerini çözmäge ukyply etmegiñ täze formalaryny we serişdelerini gözleýäris. Bu gün şu belent tribunadan her kim öz ýüregindäkini dökdi, her kim soñky birnäçe ýyllar bäri özüne yza berýän agyrylary barada aýtdy. Ýöne men munda hiç hili howatyrlanar ýaly zat göremok. Munuñ özi işe täzeçe çemeleşmegiñ, aýanlygyñ ýüze çykarýan ajaýyp aýdyñlygydyr. Ýöne hemmämiz ähli ýetmezlerimizi derrew düzedäýjek bolýarys. Ýetmezçiliklerimiz welin juda köp. Şol sebäpli entek köp işleri etmeli bolar. Hatda biz edebiýatymyzda, şeýle hem tankydymyzda goýberen kemçilikler, harsallyklar barada hem birek-birege heniz doly düşünemzok. Pikirlerimiziñ gapma-garşy, çapraz gelýän ýerleri bar. Ine, şol agyrylarymyz barada gürrüñ eden wagtymyz bize dostlarça, doganlarça duýgudaşlyk bildirip, şol agyrylardan saplanmaga hemaýat etmäge çalyşýan bu günki myhmanlarymyza minnedarlyk bildirýärin. Dogry, çykyp geplän ýoldaşlaryñ birentegi edebiýatymyzdaky, umumy işimizdäki şol kemçilikleri düzetmek üçin bir asudalyk, parahat ýagdaý döredeliñ diýýärler. Ýöne, ýoldaşlar, parahat ýagdaý bolmaz. Onda-da tankyt barada gürrüñ gidýän mahalynda hiç wagt parahat ýagdaýyñ bolmajagyny ýatladasym gelýär. Sebäbi tankyt üçin ýokuş görenler-de, öýkelänler-de, hatda salamlaşman ýörenler-de bolar. Aslyýetinde, tankydy halaýan ýok bolsa gerek. Esasy maksat biziñ öz sözümiziñ, pikirimiziñ, orta atýan meselämiziñ dogrudygyny düşündirmegi başarmagymyzdan ybaratdyr. Biz döwrüñ derejesinde pikirlenmelidiris, tankydyñ täze tipi, edebiýatyñ täze tipi barada oýlanmalydyrys. Biz pikirlenişiñ täze belentliklerine galmalydyrys. Elbetde, bu zatlary bir demde düzedäýmek kyn. Bize güýçli, sowatly, medeniýetli tankytçylar gerek. TSSR Ylymlar akademiýasynda we beýleki ýerlerde bir topar edebiýatçy, dilçi alymlar işleýär. Emma olar edebi tankydyñ, edebiýaty öwreniş ylmynyñ keşigini deñ çekişip bilýänler däl. Respublikada ýokary medeniýetli, oýlandyrýan, pikirlendirýän tankyt, entek gynansagam ýok. Bize täze, taýýarlykly kadrlar gerek. Şol sebäpli-de biz ýaş edebiýatçy Akmuhammet Welsaparowy Moskwa - tankytçylaryñ iki ýyllyk kursuna ibermegi göz öñünde tutýarys. Ol o ýerde okar, öwrener, birneme paýhaslanar, akyllanar. Onsoñ ol bu günki ýaly morta bir zadyny atyp oturman, nädogry netijelere salgylanyp, çökder gürlemän, meselä has başgaça, has paýhasly çemeleşer diýip düşünýärin. Edebiýatçylaryñ iki ýyllyk kursuna beýleki bir zehinli ýigidimiz Hajy Kakalyýewi iberýäris. Biziñ birentegimize, şol sanda ýaşlarymyza hem intelligentlik paýhasy, intellektual duýgurlyk ýetenok. Hawa, ap-arkaýynlyga garaşmaly däl. Beýle ýagdaý hiç mahal bolmaz. Gowusy ýüregimizi, beýnimizi zaýalaýan ähli bulaşyk pikirlerden, hapysa zatlardan saplanmagymyz gerek. Onsoñam, soñky ýyllarda edebiýatymyzda goýberilen harsallyklar, çig-çarsylyklar üçin hemmämiz günäkärdiris. Bu ýerde kim ak guşduryn öýdýän bolsa, ol ýalñyşýandyr. Bu günki nogsanlar ~ hemmämiziñ kemçiligimiz. Biz muña belent graždanlyk duýgusy bilen akyl ýetirmelidiris. Ýazyjy halkyñ ynsabydyr, päk wyždanydyr. Diýmek, biz ýazyjy bolýan bolsak, onda paýhaslylygy, intellektual eserdeñligi, hoşniýetliligi elden bermeli däldiris. Şol sebäpli, biz öñi bilen özümizi düzetmelidiris. Geliñ, tankydy güýçlendireliñ. Ýöne hiç kime ala göz bilen garamalyñ, hiç kimi tankytdan daşarda galdyrmalyñ. Ýaşulymy, ýaşkiçimi, wezipelimi, wezipesizmi, Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ sekretarymy, başlygymy, tapawudy ýok, hemmeleriñ eserleri barada gürrüñ edeliñ, ýetmezlerini tankytlalyñ. Ýöne tankydymyz juda ýerlikli bolmalydyr, edebiýata, çeper senede hormat goýmakdan ugur almalydygymyzy ýatdan çykarmalyñ. Bu meselede ýazyjy bilen ýazyjynyñ arasynda kän tapawudyñ bardygyny-da unutmalyñ. Gruzin ýazyjysy Sisişwili aýtmyşlaýyn, käbir ýazyjy bar ~ on ýazyja degýär. Bu gün köp mesele orta atyldy. Ýöne men çykyp geplänleriñ Durdymuhammet Nuralyýewiñ poeziýa baradaky makalasyny asyryñ uly bir wakasy hökmünde alamatlandyrmagy bilen ylalaşamok. Hut özüm-ä ol makalanyñ ýüze çykmagyna beýle geñ galmadym. Onuñ ýazylmagy tebigy zat. Ol, geliñ ýoldaşlar, batyrgaý işläliñ diýdi. Biz, elbetde, bir ýygnak bilen, bir maslahat bilen sagdyn tankyt döredip bilmeris. Tijeneliñ, işe çynlakaý ýapyşalyñ. Her kim ilki özünden talap etmegi başarmaly. Biziñ SSSR Ýazyjylar soýuzyndaly wekilimiz hökmünde Atajan Taganow hem geljekde umumy işimiziñ bähbitleri üçin öz guramaçylygyny güýçlendirer diýip umyt edýäris. Umuman, şonuñ ýaly çäreler edebiýatymyzyñ ösüş praktikasyna položitel täsir edýär. Şeýle regional maslahatlar goñşy respublikalaryñ wekilleri bilen bilelikde geçirilse hem, döredijilikli tejribe alyşmak manysynda peýdaly bolardy. ▶ Aleksandr MIHAÝLOW (Moskwa): - Iki günläp dowam eden maslahatda türkmen edebiýatynyñ hem-de tankydynyñ iñ bir zerur meseleleri barada çynlakaý gürrüñ edildi diýip, SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ sekretary Aleksandr MIHAÝLOW jemleýji sözüniñ başynda aýtdy. - Hawa, käbir çykyşlaryñ gyzmaç taraplarynu hasaba almasañ, umuman, peýdaly, netijeli gürrüñ ýaýbañlandy. Köp adam gepledi. Edebiýar tankydynyñ ýetmezi barada alada bilen aýdanlar köp boldy. Elbetde, çykyş edenleriñ arasynda toparlanyşyk, tireparazlyk hakynda ýañzydanlaram boldy. Bu ýagdaý biziñ umumy işimize biçak uly zyýan ýetirýär. Men ýaş edebiýatçy Hajy Kakalyýewiñ sözüni haladym. Ol içki duýgusyny joşgun bilen beýan etdi. Ýöne türkmen edebiýatçylarynyñ arasyndaky zyýanly hadysalary partiýanyñ Merkezi Komiteti düzetmeli diýen pikir bilen ylalaşmak bolmaz. ÖZÜÑIZ DÜZETMELI! Her bir ýazyjy özüniñ ynsabyna görä hereket edip, negatiw hadysalary aradan aýyrmaly. Tankydy halaýan ýok. Bir ýygnakda: "Siz tankyda bada-bat jogap berdiñiz" diýip, maña hat gowuşdy. Men zala ýüzlendim: "Kim-de kim tankydy gowy görýän bolsa elini galdyrsyn" diýdim. El galmady. Ine, tankydyñ her kime-de ýokuş degýäniniñ ýekeje mysaly. Ýöne her niçik ýokuş degse-de, özüñi köşeşdirmeli, geregiñi almaly. Tankyda oñat düşünýänler gerek. Bu ylaýta-da ýaşlara degişli. Tankytda iñ erbedi gykylyk, howaýy şowhunlar. Ýaş tankytçylaryñ ýalñyşlaryny aladaly düzetmeli, olary ugrukdyrmaly. Tankytçylary taýýarlamagyñ formalaryny gözlemeli. Zehinli ýaşlary aspiranturalara ibermeli, beýleki respublikalardan görelde almaly. Şu mynasybetli RSFSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesi köp iş edýär. Ýaş tankytçylaryñ hepdelik, aýlyk seminarlary, okuwlary geçirilip durulýar. Ýaş tankytçylaryñ jemleýji ýygyndylary çykarylýar. Netijede belli tankytçylar ösüp ýetişýär. Sizde-de neşirýatlarda ýyllyk ýygyndylar çykarylsa, edebi prosesiñ ösüşine oñaýly täsir ederdi. Şu ýerde 20-30-njy ýyllaryñ edebiýat tankydynyñ tejribesi barada aýdyldy. Bu meselede seresaplygy saklamak gerek. Eserleri anyk mysallar arkaly seljermegi başarmaly, biderek günä ýöñkemekden, esassyz igençden gaça durmak gerek. Ekologiýa meselesini alyp göreliñ. Biziñ ýazyjylarymyzyñ bu ugurdan bitirýän işleri daşary ýurtlarda-da goldaw tapýar. Sebäbi ýazyjynyñ durmuş hakykatyna batyrgaý goşulmagy iñ bir möhüm problemalaryñ-da döwlet möçberinde çözülmegine ýardam berýär. Demirgazyk derýalarynyñ akymy ýa-da Baýkal köli baradaky aýgytly netijeler muña mysal bolup biler. Ýazyja uly hormat goýulýar. Hut şonuñ üçin-de ýazyjynyñ tutuş durky durmuş bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmalydyr. SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ aýry-aýry döredijilik sowetlerine degişli tankydy bellikleri dogry hasap edýäris. Milli edebiýatlara ýeterlik üns berilmeýänligini biz bilýäris. Ynha, biziñ şu günki geçirýän çärämiz hem şol işi öñküden has janlandyrmagyñ hatyrasyna. Bu täzeden gurmak döwründe biziñ işimiziñ başlangyjy. Hudaýberdi Durdyýewiñ öz işinde adalatly belleýşi ýaly, biz şu maslahat bilen işi boýdan-başa düzederis diýip bilmeris. Iş indi başlanýar. Has batyrgaý çözmeli meseleler öñde durýar. Biz ähli güýjümizi, ukybymyzy, başarnygymyzy tutuş sowet edebiýatynyñ mundan buýana-da netijeli ösmegine gönükdireliñ. Şuña bizde güýç hem bar, mümkinçiligem. (soñy). "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.05.1987 ý. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |