11:43 Seýrek zehin | |
SEÝREK ZEHIN
Ýatlamalar
70-nji ýyllaryň başlarynda maňa Nury bilen bile döredijilik işini bitirmek miýesser geldi. SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew meniň aýal bagşy hakdaky edebi senarim boýunça çeper filmi surata düşürmekçi boldy. “Syrly mukam” kartinasy, elbetde, türkmen halk aýdym-sazyny köp ulanmagy talap edýärdi. Özem, ony ýöne bir daşky bezeg hökmünde däl-de, geljekki çeper lentanyň dramaturgiýasynyň sostaw bölegi, esasy aňladyş komponentleriniň biri hökmünde ulanmagy talap edýärdi. Režissýor ikimiz geňeşip, haýsy kompozitor bilen “guda boljagymyz” hakda kän oýlandyk, çünki filmiň kompozitory, halk aýdym-sazyň nusgalaryny alaga-da, biri-birine sepläp oňaýmaly däldi, eýsem eseriň dramaturgik dokumasyna aralaşyp, şuňa laýyk gelýän “dramaturgik” saz döretmeli, özem hem-ä owazy taýdan halk heňleriniň ruhunda ýaňlanmalydy hem-de olara meňzemeýän original saz bolmalydy. Biz Nury Halmämmedi saýlap tutduk. Onuň bilen işleşmek aňsatdy. Bigerek ynjyklygy, men-menligi ýokdy, ýoldaşlaryň sözüni diňlemegi, hä bermegi başarýardy. Meniň dutar çalýandygymy bilen soň, ol her gezek gelip, maňa halk mukamlaryndan çalyp bermegimi haýyş edýärdi. İşden soň meniň gulluk kabinetimde iki-çäk oturyp, saz edýärdik. Men dutar çalýan, ol – pianino. Men käbir aýdymyň ýa mukamyň “Ynha, şu ýerini, şu bölegini ulanaýsaň nädýä” diýen ýaly, dürli ýollardan nusga görkezýärdim. Gulagyna ýaksa, pianinoda çalmasyny goýup, maňa öwran-öwran gaýtaladardy, şol owazyň içinden öz owazyny tapjak bolýan ýalydy. Az salymdan soň Nury filmde aýdylmaly aýdymlaryň heň özenini çalyp görkezende, režissýor ikimiz kompozitoryň şol nusgalary düýbünden özüçe, üstesine-de halk sazynyň tagamyna şeýle ýakyn, onuň bilen şeýle ruh-daş edip bilşine telpek goýduk. Ýaňlanyşy, aýdaly, edil halk aýdymy ýalydy. Emma onuň ilkinji nusgasy şeýle bir ezberlik bilen özgerdilýärdi, kompozitor oňa şeýle bir nepislik bilen “özüni goşýardy”, onsoň şol heň diňledigiňçe goýalyp, çuňlaşyp, täsinden-täsin öwşün atyp barýan ýalydy. Onda hergiz düşündirip bolmajak bir alamat bardy, ony düşündirjek bolman, ýöne “Nury Halmämmedowyň sazy” diýmek galýardy. Ol halkyň sazyny alyp, eýläp, ýugrup, öz ýüreginden hem bagryndan geçirip, şeýlekin özgerdip, taraşlap, onuň hak eýesine gaýtaryp bermegi başarýardy, bu bolsa, diňe hakyky uly ussatlaryň ýetip bilýän döredijilik belentligidir. Soňra ol filmiň sazyny doly ýazyp gutardy. Maňa-da, halkyň döredijilik ruhuny inçeden duýýan Alty Garla-da kompozitory döredijilik üstünligi bilen gutlamakdan başga zat galmady. Ol biziň hoş sözlerimize tolgunýardy. “Syrly mukam” ekrana çykanda onuň sazyny, aýdymlaryny alyp göterdiler, olar professional sazandalaryňam, çeper höwesjeňleriňem repertuarlarynda mynasyp orun tapdy. ...Ol palatada pessejik agaç krowatda ýatyrdy. Men onuň ýüzünden ak prostyny çalaja serpip, hoşlaşdym. Hoşgylaw, göwni arassa, biçak zehinli dostumyzyň didaryndan gözümi aýrasym gelmedi. Öz döredijiliginiň taýsyz miwelerini halkyna bagyş edip, häzirki hem geljekki nesillere miras goýan şeýle seýrek, şeýle röwşen ömür bilen baky hoşlaşýandygyňa ynanar ýaly däldi.... Röwşen zehin birden dogup, birdenem ýaşdy ötägitdi. Emma Günüň şöhlesi ýaly ol biziň bütin häzirki zaman saz medeniýetimize ýagtysyny saçdy. Biz oňa “Nuryjan” ýa “Nurymyz” diýerdik. Mydama juwan, owadan ýigidiň göwni çaganyňky ýaly päk, ynanjaň hem duýgurdy. Bir gezek duşuşsaň, onuň bilen nähili ysnyşyp gideniňi duýman galýardyň. Häsiýetiniň bir jadysy – sadalygy hem tebigylygy bolsa gerek. Ýesir edýän zat welin sazandalyk zehininiň tebigylygydyr, beýle zehin diňe tebigatdan berilende bolýar. Şeýle bolansoň, onuň aýdymlaryndanam, romanslaryndanam, asyl älemgoşar ýaly öwşüne baý bütin saz mirasyndan teý gulagymyz gananok, sebäbi, olaryň heň-owazyda göýä guşlaryň saýraýşy kimin ýa bahar ýagşynyň “aýdymy” kimin tebigy, täsin. Oňa hemme kişi aşykdyr, her kim oňa lak atjakdyr, halyny sorajakdyr. Sazandamy, artistmi, ýazyjymy, şahyrmy, režissýordyr hudožnikmi, dürli ýaşdaky diňleýjilerimi – hemmesi üçin ol ezizdi hem gereklidi. Sebäbi, gursagynyň “içki öýjükleri” durşuna ýagşylykdan, mähirden ýasalan ýalydy. Onsoň oňa biygtyýar imrinmän, ajaýyp zehiniň ýesirine öwrülmän durup bolanokdy. Kompozitor Nury Halmämmedowyň türkmen saz medeniýeti üçin nähili hadysadygyna indi-indi gözümiz ýetýär. Onuň ýerini tutjak hiç kimiň ýokdugy, onuňky ýaly seýrek hem jomart, dury hem batly zehiniň diňe halkyň sazçylyk genisinden kämil bolýandygy, indi bildirýär. Ol bize juda agramly miras goýup gitdi. Ol miras, indi biziň çyn ruhy hazynamyza öwrüldi. Hudaýberdi DURDYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |