13:29 Imanyñ - şol ýasan melhemiñ... | |
IMANYÑ - ŞOL ÝASAN MELHEMIÑ...
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Söz diýlen - bir ezber gural, haýp, oñam ejiz ýerleri bolman duranok. Söz bilen añladyp bolmaýan manylar bar. Imanam şo jüreräk... Hawa, belli piriñ ýanyna bir ejizlän bende gelýä. Ejeme kast edip, gargyşyna galdym. Indem endamymdan bir baş döredi, telim ýyldyr ne ýatyp bilýän, ne turup. Emini salgy berseñiz, pirim, sopy edinseñiz meni, aýak tozuñyzy gözüme sürtüp gezsem, hyzmat etsem - diýen. Pir aýdan: - Ýaman derde uçrapsyñ bende. Därisi tapylmajakdan-a däl, aýdanymy etseñ. Maýyp jogap ýerine "Wah!" diýip, hyrçyny dişläp, eleniberipdir. Ýene pir aýdan: - Kyrk günläp kempir eneñi arkaña hopba edip, kä boýnuña göterip gez. Dürli-dümen nygmaty agzyna tutup ber. Dözmezlik eder, şonda-da arkañdan düşürme. Käte-de oturyp, zar-zar aglaber. Birdenem kempiriñ göwüslerine süýt iner. Şol süýde dag gülüni eýläp, melhem ýasa-da, ýap ýaraña. Kem-kem saplanarsyñ, ejir çekmedik ýaly bolarsyñ. Şonda-da bir gel ýanyma. Piriñ aýdanlary çyn bolup çykýar. Ol bende gelip, "Indi men, pirim, ölinçäm siziñ guluñyz" diýýä, gözýaş edýä. Yzyndanam, "Maña, pirim, indi bir imanam berseñiz. Henize çen maña "enesi näletlän imansyz" diýip sögünip gezdiler. Şu gyjalatdanam bir dyndaryñ - diýýä. Pir şonda şeýle jogap beripdir: - Indi sen iman küýseme, bende. Imanyñ - şol ýasan melhemiñ... Hudaýberdi DURDYÝEW. # "Imanyñ kaýda, adam?", Aşgabat "Türkmenistan" 1997, 230-321 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |