15:40

Keltegoñur gyrgynçylygy

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 618 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Amanmyrat Amanmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
2
1 myhman  
732
kiçikäm ejem maňa bir wakany gürrüň beripdi. soň daýymam gürrüň berdi. şondan bäri okumyşdyr öýden adamlarymyň köpüsinden şol waka hakynda kän sorapdym. taryh mollymlardanam soradym. "bilemok" diýdiler. Hydyr ýa Ylýas Amangeldileň birinede sorap ýazdym mailden. jogap ýazmady. S.A. Ineroglynyň "Keltegoňur kyssasy" diýen powesti bar eken. adyny okap şol hakdadyr diýip begendim. däl eken.

gepiň küle ýeri meň mamam çagalaryna gürrüň beripdir:

mamamyň daýysy düýesini gözlemäge gidipdir. ol wagtlar düýäni ýöne goýberäýýän ekenler. soňam gözläp tapýan ekenler. goýberlen düýäni ýany torumlyja tapýan wagtlaram bolan eken. onsoň, ýaňky mamamyň daýysy (meň pro pro daýym bolýamy) baran oýundan (obasyndan) "şunýaly tagmaly düýe bolmaly, görmediňizmi" diýip sorap-sorap, "şol töwerekde gördük" diýlensoň, keltegoňura barypdyr. düýesinem tapypdyr. agşama ýakyn bolansoň bir öýde myhman bolupdyr. ol obalylar öňünden bilen bolmagam ahmal. sebäbi öý eýesi meň pro daýyma "myhman, sen gaç, şunýaly ýagdaý" diýipdir. olam "men myhman diýsem zat diýmezler" diýipdir. soňam belli.

Ata aganyň Şeýle hem Şarlama oýdan düýe gözläp baran bir adam diýýäni mamamyň daýysy bolmaly.

ejem-ä "kän bilemok, ýöne şol obaň hemme erkek göbeklisi bilen ejemiň bir daýysy öldürilipdir" diýýä goýýa. daýym (bu wagt neresse boldy) özüniň nähili bilimlidigini görkezmek üçin aklyňa sygmajak zatlar aýdýady.

daýymyň pikiriçe (men pikiriçe diýýän, ýöne daýym toçna şonýaly diýýädi)

gyrgynçylygyň sebäbi samalýot (mamam aýrapylan diýýän eken) geçip barýaka biri (daýym adynam berýädi, ýadyma düşenok, ynanmamsoň ýadymda saklajagam bolmadym) atypmyşyn. ýekeje ok. belaň körügem şol bolanmyş (bärde daýym sögünýädi şoňa).

ertesi gün gyrgynçylyk başlanmyş. daýym gyrgynçylygy şol wagtyň ady belli hökümet işgärini günäkärleýär. adyny aýtmaýyn. sebäbi häzirem şeýledigine ynanamok. şol wagtky buýruk şeýlemişin "erkek göbekli bolsa gyryň, sallançakda ýatanam bolsa" (hydaý saklasyn @m).

gyzyl esgerler buýrugy berjaý edip başlanlarynda ýene bir samalýot (aýraplylan) gelip kän hat taşlapdyrmyş. hatlaň hemmesinde-de şol bir prikaz bar eken "bes ediň (ostawit)". onam şol wagtyň beýleki bir ady belli hökümet işgäri (muň adyny aýtjak G. Atabaýew) iberipmiş. şol wagt G.A bilen hälkiň arasynda jetlik barmyş.

menem daýymyň aýdýanlaryna ynanmamsoň özümden çykana soradym ýördüm.

mamamyň (1925-de doglan öýdýän) gözi bilen gören zadyna welin ynanýan. olam şol gözlenen düýä ýüklenip getirilen daýysy. ejesiniň "waý, doganeý" diýip aglaýyşy.

bu makala üçin juda minnetdar.

1
3 meylishalyk90  
806
Tüweleme 1 myhman teswiriňize haýran galdym. Şu wakany okanymdan soň-da mende 2 zat göz önüne gelýär.
1. Gaýgysyz Atabaýewiň - Berdi Kerbabaýewe "Bu döwlet ýykylar, sebäbi gan astynda guruldy" diýen sözleri.
2. Ikinjiden hem taryhyň haýsy wagtynda bolandygyna garamazdan, esger diýlen adamlary kontrol etmek kyn bolýar. Meselem iň gowy esgerden iň elhenç wagşylyklar çykýar. Maksady döwlet gurmakdyram welin, düýp sebäbi adam öldirmek, zenan zorlamak, emläk talamak bolany üçin esger bolup urşa gidýärler. Garaz gepiň gysgasy esgeri urşuň içinde kontrol etmek hiç bir döwirde hem hiç bir ýagdaýda hem başardanok.
Gyzykly teswiriňe minnetdar dost.

2
4 myhman  
732
Juma agaň (Juma Hudaýguly) agzaýan Ýeroýulanduz gyrgynçylygam bolan zat bolmaly. ondaky öldürilenleň sany keltegoňurdakyň çenem däl ýaly. ondan soňkular. diňe 37 däl. iň köp gurban şonda bolansoň 37 diýiläýýä.

onsoň özüň pikir edip gör. şo zatlary bilip durkaň polady öwüp, keli öwüp ýazylan goşgulara janyň ýansa, gaty görýän tapylýa.

1
2 myhman  
732
*öňümden çykana

1
5 Trigger  
643
Meylis aga, döwletiňiz artsyn!

2
6 Myhman0430  
778
öýe geldim. ejeme aýdyp berdim. käýýeldim.

düzedýän:

ol mamamyň ene başga dogany eken. ejemiň daýysy eken.

ýene ejem "şol aýrapylany atan maňlardan birimiş" diýdi. men oňa makaladaky maglumatlary aýdyp beremok entek.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]