20:44 Kepderiniñ hormatyna dikilen ýadygärlik | |
KEPDERINIÑ HORMATYNA DIKILEN ÝADYGÄRLIK
Geň-taňsy wakalar
Bu waka 1942-nji ýylda bolup geçipdi. Iñlis suwasty gämisi suwuñ üstünden ýüzüp barýan wagty nemes harby uçarlarynyñ gözüne ildi we olar ony bombaladylar. Netijede, gäminiñ dolandyryjy we aragatnaşyk enjamlary hatardan çykaryldy. Harby gämidäkilere öz ajallaryna garaşyp oturmakdan başga alaç galmady. Gämide iki sany öý kepderisini saklaýarlar. Belki, olar bolan waka dogrusynda gerekli ýerine habar ýetirip bilerler. Kepderileri gowy iýmitlendirip uçuryp goýberdiler. Iki gije-gündizden soñra betbagtçylyga uçran harby gämä kömege geldiler. Görüp otursalar, öý kepderileri ummanyñ üsti bilen birnäçe ýüz kilometrlik aralygy uçup geçip Merkeze harby gäminiñ ýerleşýän ýeri baradaky maglumaty (koordinatlary) ýetiripdir. Adamlary halas etmekde görkezen bu uly gahrymançylygy üçin ol kepderiler Beýik Britaniýanyñ ýörite harby sylagyna mynasyp bolýarlar. Öý kepderisine ýadygärlik dikilýär we onuñ ady harby gäminiñ toparyna hemişelik ýazylýar. #balkan_2003 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |