KEPDERINIÑ NESIHATY
Günleriň birinde baýguş bilen kepderi pete-pet gelipdir.
– Ugur nirä? – diýip, kepderi sorapdyr.
– Başga oba barýan – diýip, baýguş jogap gaýtarypdyr.
Näme üçin birden özge mekany saýladyň? – diýip, kepderi onuň ýakasyny goýbermändir.
– Goňşularym meniň sesimi halanoklar. Şu sebäpli gaýry biri ýere göçmegi karar etdim.
Kepderi başyny ýaýkap, şeýle diýipdir:
- Onuň ýaly bolsa, sesiňi üýtgetmeli ekeniň-dä. Sesiň şu bolsa, täze baran ýeriňde-de adamlar seni halarlar öýdemok.
■ Ýel bilen sazak
Gumda daş-töweregine gözellik paýlap, bir sazak ösüp oturanmyş. Ýeliň her gezek sazagy görende, oňa rehimi iner eken. Ahyry bir gün ol sazagyň ýanynda dil ýarypdyr.
Özüň bir görk-görmekli ösümlik, ýöne bu çölde tomsuna epgege bişip, gyşyna sowuga çydaman oturyşyňa geň galýan. Men bir ykmanda ýel, dagy-düzleri aýlanyp ýörýän. Isleseň, seni özüm bilen alyp gideýin...
Sazak pürlerini yrapdyr:
– Sylanyňa sag bol, ýöne men bu ýerden gitmäýin...
– Näme üçin?
- Men bu ýerde lezzet aljak bolup oturamok, şu çägelige görk berjek bolup otyryn...
Taýýarlan Mämmet ARAZALYÝEW,
talyp.
Halk döredijiligi we rowaýatlar