KERWENBAŞY WE TEBIP
Gadym eýýamlarda Rum ilinden Çyn-Maçyna ýola çykan agyr kerweniñ kerwenbaşysy Marakanda şäherinde agyr derde uçrapdyr. Kerwenbaşy ençe kynçylyk çekse-de şäherden kerweni alyp ýola rowana bolupdyr. Bu kesel kerwenbaşyny halys surnukdyrypdyr. Kerwen ahyry Amula baryp ýetende kerwenbaşy özüni ýitirip, agyr keseliñ girdabyna düşüpdir. Agyr we gymmatly ýüklerden howatyrly kerweniñ agzalary kerwenbaşynyñ keselini dürli ýollar bilen bejermekçi bolupdyrlar. Emma bu jelegaýlarda kesele garşy ne tebip kömek edip bilipdir, ne-de däri-derman. Kerwenbaşynyñ ýagdaýy bolsa gün-günden agyrlaşypdyr. Kerwendäkiler maslahat edipdirler. Ähli harytlaryny Amulda satmalymy ýa-da Çyn ýurduna çenli barmalymy? Ýöne olaryñ öñünde bir ýol galypdyr, olam Amuldan yza dolanmakdy. Maslahatda yza dolanmaly diýen karara gelnipdir. Emma muña kerweniñ bir ýaşuly wekili goşulmandyr. Ol:
— Biz ömrümizi, bar mal-döwletimizi şu söwda bagladyk. Indi mundan yza gaýtmagymyz hiç kime peýda getirmez. Hiçden giç ýagşy. Gowusy biz Horezm iline çapar ýollap, şo taýdan Seýwan atly tebibi tapyp gelmegimiz gerek. Ol elbetde, biziñ müşgilimizi asan eder. Aýtmaklaryna görä, onuñ arzuwy Çyn-Maçyn ýurduna barmak we ol ýerleriñ hem lukmançylygyny öwrenmekmiş - diýipdir.
Maslahatdakylar başga bir degerli alaçlary bolmansoñ, onuñ bilen ylalaşypdyrlar we tebibiñ yzyndan çapar ýollapdyrlar. Seýwan bu habary eşiden dessine derhal ýola şaýlanypdyr. Ençe gije-gündiz ýol söküp Amula ýetip gelipdir. Kerwenbaşynyñ halyndan habar alandan soñ, bu derde ýeke dermanyñ bardygyny aýdypdyr. Bu dermany ýasamak üçin oña birnäçe gün we on düýp ýaşajyk ýandak, on ýyl saklanan arassa ary baly we Köýten dagynda ösýän ýüz ýyllyk Şemşat daragtynyñ on ýylly şahalaryndan edil gyjagyñ kädisi ýaly içi köwlen gaplaryñ gerekdigini aýdypdyr. Agyr kerweniñ ezber nökerleri bularyñ barysyny tebibe tapyp getirip beripdirler. Tebip ýandaklary kökünden dört barmak ýokardan kesip, uzak wagtlap aýawlanyp saklanan baldan külbike barmagynyñ birinji bogny ýaly alyp onuñ üstüne goýupdyr. Soñra bal çalnan ýandaklary kybla tarap egip, Şemşat gaplaryna uçlaryny salyp, üstüni ýüpek mata bilen basyryp, üç gije-gündiz goýupdyr. Derman taýýar bolandan soñra ählisini jemläp, käsä guýsa bir owurtlarlyk em çykypdyr. Ony derrew haly teñ kerwenbaşa içiripdirler. Tebip bir gijeläp kerwenbaşynyñ başujynda naý çalypdyr. Seýwan erte namazyna azan aýdylan çagy naý çalmasyny bes eden dessine kerwenbaşy gözüni açypdyr. Bu tebibiñ ussatlygy külli oguz iline dessan bolupdyr. Kerwenbaşy özüni dürsänden soñra tebibi Çyn ýurduna alyp gitjekdigini, ol ýerde onuñ hünärini artdyrmaga mümkinçilik döredip berjekdigini aýdypdyr.
Bu wakadan soñra, kerwenbaşy ýene-de birnäçe sapar bu ýurda kerwen gurapdyr. Üçünji sapar Çyn ýurduna baranda, ýañky Seýwan tebip bütin Hindi-Hytaýa belli hekim bolup ýetişipdir. Kerwenbaşy indi ony öz Rum ýurduna alyp gitjekdigini aýdanda Seýwan onuñ bilen razylaşmandyr. Özüni Horezm ýurduna alyp gitmegi haýyş edipdir. Kerwenbaşy Seýwanyñ eden ýagşylygyny göz öñünde tutup, ilkinji gezek Gürgenje sapara ugraýar. Bu illeriñ gözelligine haýran galýar. Halkynyñ sada göwünliginiñ, lebzihalallygynyñ öñünde baş egýär we Gürgenç şäheriniñ esasy köçeleriniñ birinde Seýwan üçin şypahana gurduryp berýär. Ussat lukman şypahanada tebigatyñ, tükeniksiz dermanlyk ösümlikleriniñ hasabyna jana derman emleri taýýarlap, öz işini ýöredipdir.
Aýtmaklaryna görä, Seýwan tebibiñ ýaşan döwründe Horezm ilinde hiç keselçilik bolmandyr. Onuñ baý tejribesi halkyñ ruhuna ornaşypdyr. Onuñ dürli lukmançylyk emleri hakynda köpsanly gürrünleri bu kerwen geçen ýollarda dilden-dile geçip, argyşçylaryñ elmydama söhbetleriniñ başlangyjyna öwrülipdir.
Halk döredijiligi we rowaýatlar