KEÝMIR KÖRÜŇ ŞARPYGY
Bir gezek üç sany gelin ogullarynyň elinden tutup, çeşmäniň boýuna suw almaga barypdyr. Kädilerini suwdan doldurup, ugramakçy bolanlarynda, olar golaý ýanlaryndan Keýmir körüň geçip barýanyny görüpdirler.Birhili hyşy-wuşy başlanypdyr. Soňra suwly kädilerini ýerde goýup, «sen aýt-da sen aýt» bolşupdyrlar. Ahyryn dilewarrak biri:
– Keýmir aga, aýak çekiň – diýipdir.
Keýmir kör atdan düşüpdir-de:
– Näme, gyzym,aýdyberiň, çekinmäň – diýipdir.
Ýene-de ýaňky dilewar gelin gürläpdir.
– Biziň ogullarymyz nähiliräk adamlar bolarka, şony bilip beräýseňiz...
Keýmir kör başyny ýaýkap ýylgyrypdyr.
– Bä-ä, gyzym, öz-ä kyn mesele eken... Aý, näme, şonuň bilen göwnüňiz bitýän bolsa, synanyp göräýmeli bor...– Keýmir kör köpmanyly ýylgyrypdyr.–Ýöne soňky gün öýke-kine bolmasyn, men dogrymy aýdýandyryn.
Gelinler:
– Bize-de şo gerek-dä...– diýipdirler.
Keýmir kör birinji gelniň ogluny ýanyna çagyryp, sen-men ýok onuň dulugyna çalypdyr. Oglanjyk aglamanyň deregine serdaryň inini tikenekledip, jykyrdap gülüpdir.
Keýmir kör bir «hä-ä...» diýipdir-de, ikinji oglanjygy urupdyr. Ol uly il bilen möňňüripdir.Üçünji oglanyň dulugyna çalnan şarpyk beýleki oglanlaryňkydan has-da gaty bolupdyr.Emma ol garaja gözlerini uçganakladyp, dişini gysypdyr,ýumruguny düwüpdir. Soňundanam uly adam ýaly iki-üç gezek guraksy ýuwdunypdyr.
Serdar gelinlere ýüzlenip:
– Meni gürledip nätjek, hemmesini özüňiz gördüňiz – diýipdir.
Gelinler razylaşmandyrlar.
– Bunça bolanyna görä aýdyň – diýipdirler.
– Aýtsam şeýle – diýip, Keýmir kör söze başlapdyr. – Başarsaňyz, dulugyna çalnanda gülýän ogul dogurmaň. Olar binamys bor... Ýaňky urlanda aglaýan oglanam il derdine ýarap duran adam-a bolmaz .Ýöne, näme, daşyny dolap dursaň, bir adam çeni bor-la... Üçünji oglany gördüňizmi? Ol nämeden ýuwdunýandyr öýdýäňiz?
Onda ýigidiň namysy bar.Häzirem, hanha, gözüne serediň. Şindem köşeşenok, onuň ýaşajyk ýüregi mynçgalanyp dur. Başaryp bilseňiz, şonuň ýaly ogul dogruň. Olar il ogly, ýurt ogly bolar...
▶ USSANYŇ ÖLÜMI
Heňňama myhyn uran goja daglaryň howalanyp görünýän ýerinde, aňňat-aňňat gum depelerini etekläp oturan, giň aýtymlary, günüň nury çaýylanda gümmezleri älemgoşar ýasaýan metjitleri, asmanyň diregi minaralary, çapraz-çapraz dişli galalary, hol ýokarda, gögüň bäri ýanynda şaglap duran şahyrana çynarlary bilen giňden meşhur bolan Şähryslamda elinden dür dökülýän bir ussa ýaşapdyr. Onuň ismi Muhammet ibn-Mahmyt bolupdyr. Eliniň hünäri bilen ol neberesiniň mertebesini beýgeldipdir. Nusaýyň senturionlary, Merwiň esgerleri oňa Yrak poladyndan gylyç ýasadypdyrlar.Elek ýaly ýeňil, ot ýaly ýiti şol gylyçlaryň deminden galkan gümmürdäpdir. Muhammet ibn-Mahmydyň elinden çykan tyglaryň, sowutlaryň, gürzüleriň şöhraty Eýrany, Çynmaçyny, Hindini, Hebeşi baglapdyr.
Ussa Muhammet mert ýaşaýşy ýaly, mert ölüpdir. Şähryslamyň depesinde tyg oýnadyp, ony ele salan mongol hulagidleriniň biri ussanyň özi üçin gylyç ýasamagyny haýyş edipdir. Emma Muhammet kes-kelläm göwnemändir. Onuň baş bermejekdigine göz ýetiren han çapary iki elini burnuna sokup gitmeli bolupdyr. Dergazap bolan han:
– Getiriň ol haram guly! – diýip,ýowuz perman beripdir.Şeýlelikde, ussany hanyň huzuryna südenekledip eltipdirler. Hiç wagt, hiç kimiň öňünde baş egmedik Muhammet ibn-Mahmyt hanyň ýarynyň deşigi ýaly gyýkmak gözlerine dikanlap seredipdir.
– Agramyň?
Ussa bir bada aňşyrmadyk bolarly, ol sesini çykarmandyr. Han gyzyp ugrapdyr.
– Näçeräk agramyň bar diýýän? – Gyýkmak gözlerde owsun atan ýeser öwrüm halkalanyp-halkalanyp gidipdir.
– Bäş batman!
Han elini çarpýar. Şol demde-de üç sany pyýada taýýar bolýar.
– Baş batman tylla getiriň. – Hanyň gözlerindäki halkalardäli derýanyň girdabyny ýatladýar. – Nähili görýäň? Diliň gymyldasa bolýa, aýdyber...
– Ýok, han, men duşman üçin gylyç ýasaman. –Muhammmet arkaýyn gürläpdir. – Meň elimden çykan gylyç öz ilimi parçalasa, görümde-de rahat ýatyp bilmerin. Ýok, ýok...
Ýüzüne urlan han gaharyna bäs gelmän gygyrypdyr.
– Ýolbarsyň öňüne oklaň!
Ýolbarsyň öňüne oklanjak bolupdurka, ussa jellatlara garap, şeýle diýipdir:
– Kysmatdyr, ondan gaçyp gutulyp bolmaz, elbetde. Ýöne bir begenýän zadym:ilime söýgimi haram tylla çalyşmadym.Ol şu ýerde, şu topragyň üstünde galar. Oňa bolsa ölme ýokdur...
▶ IŇ GYMMATLY ÝÜK
...Makedonskiý soňra ýylgyryp şelaýynlyk bilen sorag berdi...
– Ýogsa-da baktriýalylaryň aýallary owadan bolýarmyş diýýärler. Şol ugrunda barmyka?
– Owadan boldugy, akylly boldugy däl. – Gefestion ýaş sallah şanyň gürrüňi haýsy tarapa barýandygyny aňdy. – Men ozaly bilen adamyň akyl-paýhasyna sarpa gaýýaryn. Ýöne henize çenli dünýä akylly aýalyň inenini gören ýok. Seniň mugallymyň Aristotelaýaly hem gul bilen des-deň derejede kembaha saýýan wagtynda gaty mamla... Ol aýalyňam, guluňam gowusy bolýar, ýogsa aýal erkek adamça ýokdur, gul bolsa haram erbetdir diýip ýazýar. Bu onuň «Poetika» kitabyndan.
– Gündogarly bir kişi maňa başgaçarak gürrüň berdi.
– Aleksandr Gefestionyň öňünde iki ýana gezmeleýär. – Gulak as, senem aýallar hakda başgaça pikir edersiň... Başga ýurtly bir serdar Baktriýa şäherini basyp alypdyr. –Aleksandr Gefestionyň özüne syn edýänini duýýan ýaly, oňa tarap garady. – Ol öz esgerlerine aýallara zat degmeli däl diýip buýruk beripdir. Goý, olar özleriniň göterip bilen iň gymmatly zatlaryny alsynlar-da, şäherden çyksynlar, galan zatlaryň hemmesini ýeňijiler olja alsyn diýipdir. Onsaň sen aýallar näme edendir öýdýärsiň? – Makedonskiý hezil edinip güldi. – Olar öz ärlerini arkalaryna mündüripdirler-de, bu gymmatly ýükleri bilen galanyň derwezesine tarap ugrapdyrlar. Aýallaryň wepalylygyna hem akyl-paýhasyna haýran galan serdaryň rehimi inipdir, ol şäherlileriň baryna erkinlik beripdir, hiç kime azar bermän, goşunyny alyp gidipdir.
Halk döredijiligi we rowaýatlar