16:27 Kitap okamak näme üçin peýdaly | |
KITAP OKAMAK NÄME ÜÇIN PEÝDALY
Psihologiýa
• Alymlar onuñ 6 sany sebäbini ýüze çykardylar Okamak, gürrüñsiz, peýdaly pişe. Ol her bir adamyñ durmuş ýörelgesiniñ bir parçasy bolup durýar. Hili oñat, wakalary durmuşy bolan çeper eserler adam añyna hasam gowy täsir edýär. Alymlar bu babatda synag işlerini yzygiderli geçirip durýarlar. Bilermenler kitap okamagyñ täze, gymmatly häsiýetlerini ýüze çykarýarlar. Eger-de okamagyñ peýdasy barada ylmy maglumatlary toparlara bölseñ, onda kitap okamagy söýmegi hut şu wagtdan başlamagyñ 6 sany sebäbine salgylanmak göwnejaý bolar: 1. Kitap okasañyz, söz baýlygyñyz artar. Abraýly awtorlary saýlap almak başardan halatynda, söz sözleýşiñ çeperçiliginiñ ep-esli artmak mümkinçiligi bar. Ondan başga-da, kitap okamak bilen, sizde dil biliminiñ (orfografik we sintaktik) talaplaryna duýgurlyk öser. 2. Kitaby köp okaýan adamlaryñ düşünjelilik duýgurlyk derejesiniñ beýlekileriñkiden ýokarydygy subut edilen hakykatdyr. 3. Kitap okamagyñ kömegi bilen, beýniniñ tersine öwrüp bolmaýan özgerişlerinden goranyp bolýar. Şeýle hem garrylyk döwri huşsuzlykdan, gaça durmak mümkindir. 4. Köp okamak arkaly añyñ derejesi hem ýokarlanýar. Sebäbi awtorlar öz gahrymanlarynyñ her bir işde ugurtapyjylygyny esaslandyryjy deliller arkaly doly açyp görkezýärler. 5. Kitap okalanda, emosional dartgynlylygyñ aradan aýrylýanlygy-da subut edildi. Barlaglara görä, gowy kitabyñ kömegi bilen añ dartgynlylygybyñ derejesini 60% pese düşürip bolýar. Kerwen ŞYHMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |