21:53 Klimat kyýamatyny göz öñüne getirip bilmeýän bolsañyz, daş-töweregiñize serediñ | |
KLIMAT KYÝAMATYNY GÖZ ÖÑÜNE GETIRIP BILMEÝÄN BOLSAÑYZ, DAŞ-TÖWEREGIÑIZE SEREDIÑ
Publisistika
Özüñizi kyýamatçylyga bermek isleseñizem, hernäme-de bolsa, muña garşy hemmämiz bile göreşmäge mejbur bolarys, käbirlerimiz şonsuzam göreşip gelýär. Rubrikalara ser salsag-a, dünýä añsatlyk soñlanjaga meñzänok. Klimat üýtgeşmeleri hakda pikir edeniñizde näme kelläñize gelýär? Onlarça ýyl soñunyñ gara-ört bolan, taşlanan boş meýdanlarymy? Müñlerçe kilometr gaýrada üstünde ýeke polýar aýysy bolmadyk eräp giden buzluklarmy? Belki-de, köpler ýaly sizem gap-gara ekran göz öñüñize gelýändir: Üstünde hiç zat galmadyk dünýäniñ gutarnykly soñy. Onlarça ýyllap klimat hakda was-wasa düşürýän habarlar, ýaramaz görnüşde berilen signallar, geljegi diñe doly gowy ýa-da tanap bolmajak derejede harap bolan formada añlap bolýan köstli ikilik döretdi. Alym dälleriñ hakyakatdanam düşünmeýän, global maýlama boýunça elýeter däl statistiki maglumatlara salgylanýan habarçylygy bu sanlaryñ hakyky adam täsiriniñ nähili boljakdygyny düşündirmegi ýatdan çykarýar. Mediýada bolsa düşnüksiz statistiki maglumatlar berilýär we munuñ praktikada hakykatdanam nämäni añladýandygyny görkezjek bolma gaýgysy-da ýok. Bu ýagdaý klimatyñ hakyky manyda nämä meñzeýändigine dahylly daş-töweregimizde bolan köp sanly mysalyñ bardygyna garamazdan şeýle: Nýu-Ýorka çenli baryp ýetýän tüsse bulutlaryna sebäp bolan Kanadadaky soñky tokaý ýangynlary munuñ iñ wawwaly we sarsgyna salyjy mysalyny düzýär. Şeýle-de, klimat üýtgeşmesiniñ nämä meñzeýändigini göz öñüne getirip bilmeýän bolsañyz, ýeke däldigiñizi biliñ. Daş-töweregiñizdäki maglumatlaryñ köpüsine seredende, klimat üýtgeşmesiniñ dünýäniñ soñuna sogan ekjekdigine ynanmak añsat bolar. Esasynda gürrüñi gidýän ynanyş hakykatlara mundan has uzak bolup bilmezdi. Şunuñ ýaly ýa hemma deñ, ýa hiç kime-de däl klimat şübhesine höküm eden öñdebaryjy iki düşünje gatlagynyñ beýgelmegine getirdi. Birinji çykalgasy "adamlar onlarça ýyllap klimat üýtgeşmesiniñ gürrüñini edýär, emma häzir ýagdaýymyz erbet däl-ä" diýýänler we aýratybam klimat üýtgeşmeleriniñ bolýandygyny düýpgöter ret edýän inkärçilere degişli. Beýlekisi bolsa, klimat üýtgeşmesiniñ bolýandygyna doly ynanýan, ýöne dünýäniñ her haýsy bolanda-da weýrançylyga tarap barýandygyny pikir edýän, şonuñ üçinem klimat boýunça protestlere gatnaşmaýan we ony goldamaýan klimat heläkçiligi dellallarynyñ öñe sürýän pikiri. Bu toparlar özlerini biri-birine garşy taraplar ýaly görüp biler, emma ahyrynda ikisiniñem ýagdaýy problemanyñ garşysynda hereketsizlige deñ gelýär. Klimat gatnaşyklarymyzyñ ýagdaýyna seredilende, munuñ sebäbini görmek añsat. Onlarça ýyl bäri dünýäniñ soñunyñ golaýlap gelýändigini gürrüñ berýän mediýa habarlaryndan bizar-peteñimiz çykdy. Bulam nämä uçrajagy hakda hiç hili pikiri bolmadyk jemgyýet döretdi. Klimat üýtgeşmesine garşy hakykatdanam göreşmek islesek, munuñ hakykatda nämediginiñ bilinmegini gazanmak gerek. Habar gatnaşygyny sap statistiki we ylmy maglumatlardan halas etmeli, adamlaryñ nukdaýnazaryndan klimatyñ geljekde nähili boljagy hakdaky gürrüñlere goldanmaly. Bulam ha çeper eser arkaly bolsa, ha teatr ýa sungat eseri ýa-da eýýämden öñki hatarlara geçenler bilen pikir alyşmak bolsun, adamy ileri tutýan serişdeler arkaly durmuşa geçirmeli bolarys. Rubrikalara ser salsag-a, dünýä añsatlyk soñlanjaga meñzänok. Klimat üýtgeşmesi netijesinde gorkunç hadysalary başdan geçirjegimiz dogry (eýýäm başdan geçiribem ýörüs), emma bularyñ hemmesinde barlygymyzy dowam etdireris. Klimat üýtgeşmesi, hamana, bular bolup geçende hötdesinden gelmek üçin aýatda diri galmajak ýaly hereket edip, arada çäk saklama tagallalaryndan özbaşdak, hemmämiziñ ýüzleşmeli hakykatymyz. Päkistandaky sillerden Çilidäki tokaý ýangynlaryna we dünýä möçberindäki ölüm howply gyzgyn howa akymlaryna çenli adamlar klimat üýtgeşmesiniñ jümmüşinde diri galmagyny dowam etdirýär we muny jemgyýetara hem-de ikitaraplaýyn goldaw ýoly bilenem dowam etse gerek. Klimat üýtgeşmesiniñ talap edýän çaltlygy bilen hereket etmedik ýagdaýymyzda depämizde kyýamatyñ gopjakdygyna şübhe ýok, ýöne bu duýdansyz ýagdaýda birdenkä bolup geçjek zat däl. Klimat kyýamaty hakykatdabam birtopar halk saglygy krizisine meñzär: Azyk gytçylygy, köpçülikleýin öýden-öwzardan jyda düşmeler, giñden ýaýran çagşamalar we mundanam beterleri. Emma adamlaryñ taryhda hötdesinden gelen her problemasynda bolşy ýaly milliardlarça adamyñ jemgyýetçilik goldawy arkaly şeýle hadysalary bilelikde ýeñip geçmegini öz içine alar. Uglerodlardan arassalanmak we klimat üýtgeşmesiniñ ýaramaz täsirlerini gowşatmak üçin şindizem wagtymyz bar. Muny başarmak üçin mätäçlik duýulýan klimat hereketiniñ durmuşa geçirilmeginde hemmeler rol oýnap biler. Emma, özüñizi kyýamatçylyga bermek isleseñizem, hernäme-de bolsa, muña garşy hemmämiz bile göreşmäge mejbur bolarys, käbirlerimiz şonsuzam göreşip gelýär. Klimatara gyssagly ýagdaýlarda klimat hereketi bilen diri galynýar. Elimizde başga hiç zat galmasa-da, biri-birimize esewan edip, diri galjak bolup jan ederis. Işler nähili kynlaşsa kynlaşybersin, hemişe ýagty ertirimiz boljagyna şübhäñiz bolmasyn. Skarlett UESTBRUK, iñlis žurnalistkasy. Anna, 23.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||