22:42 Planetany müdimilik üýtgedip biljek referendum | |
PLANETANY MÜDIMILIK ÜÝTGEDIP BILJEK REFERENDUM
Publisistika
Bu ýerde - nebite garaşly Ekwadorda halk ýaşaýşy girdejiden öñde hasaplamagynyñ "almytyny" agyr almaly bolsa-da, Amazonkadaky nebit-burawlaýyş işlerini togtatmak üçin ses berdi. Olar şeýdip bilýän bolsa, dünýäniñ galan bölegi nämüçin şeýdip bilmeli däl? Ýakyn wagtlarda Ekwadorda geçirilen ses berişlikde Amazonkanyñ bir böleginde alnyp barylýan nebit-burawlaýyş işleri gadagan edildi (AP). Ekwadorlylar bary-ýogy bir hepde öñ (20-nji awgustda) ýurduñ köp ýerine ýaýran ýerli kowçumlaryñ on ýyldan gowrak wagt dowam eden kampaniýasy netijesinde öwrülişik sepgidi hasap edip boljsk referendumda 20% tapawut bilen Amazonkanyñ "Ýasuni" zapowedniginiñ içindäki nebit-burawlaýyş işlerini duruzmak üçin ses berdi. Bu taryhy netije Ekwadoryñ nebit önümçiliginiñ 12%-ni üpjün edýän "Işpingo-Tambokoça-Tiputini" nebit maksatnamasynyñ nebit-burawlaýyş işleriniñ hemişelik gadagan edilendigini we maksatnamanyñ infrastrukturasynyñ sökülendigini añladýar. Munuñ bilenem çäklenmeýär, indi hökümet nebit ýatakly meýdanlaryñ ýetiren zyýanyny düzetmek üçin öñümizdäki ýylyñ dowamynda abadanlaşdyryş işlerini geçirmeli bolar. 2,5 million gektardan gowrak meýdanda ýaýylyp ýatan we 610-dan gowrak guşlaryñ görnüşi bilen ýüzlerçe süýrenijini we amfibiýany öz içine alýan "Ýasuni" umuman alanda dünýäniñ iñ köp biodürlilige eýe zolaklarynyñ biri hasaplanýar. Bu ýer nebit çykarylýandygy we klimat üýtgeşmeleri sebäpli bolýan weýrançylyklardan öý-öwzarlaryny goramak üçin arman-irmän göreşýän Tagaeri we Taromenane halklary bilen bir hatarda köp sanly ýerli kowçumlary goýnunda saklaýar. 2013-nji ýylda şol wagtyñ prezidenti Rafael Korreanyñ halkara jemgyýetçiligiñ ýitirilen girdejiniñ ýerine dolduryp biljek haýyr-sahawat kömegini eden ýagdaýynda "Ýasunidäki" nebit-burawlaýyş işlerini togtatmaga söz berenden soñ referendum geçirmek meselesi orta atylypdy. Emma gerekli mukdaryñ 20%-denem az möçberiniñ toplanmagy bilen teklip şowsuzlyga uçrapdy we 2016-njy ýylda nebit-burawlaýyş işleri öz işine başlapdy. Ekwadoryñ daşky gurşawy goramak boýunça jogapkär işgärleri ýerli kowçumlaryñ öñbaşçylygynda "Ýasunidäki" nebit-burawlaýyş meselesiniñ sese goýulmagy üçin 750 müñden gowrak gol toplap, referendum geçirmegi talap etdi. Birnäçe ýyla çeken kanuny kynçylyklaryñ we we beýleki logistiki bökdençlikleriñ aşylmagynyñ yzyndan ahyrsoñy 20-nji awgustda geçirilen ses berlişikde halkyñ 60%-i daşky gurşawyñ harap edilmegi üçin däl-de, goralmagy üçin ses berdi. Munuñ özi hemme zady üýtgedip biljek çözgüt. Atmosferadaky kömürturşy gazlary, hapalary sorup alýan Amanzonka hemmämiz üçin karbon ýaşşigi wezipesini ýerine ýetirýär, şeýle-de bolsa alymlar nebit we beýleki magdanlary çykarmak işleriniñ sebäp bolýan tokaý gyrgynçylyklaryny ýagyş-ýagmyrlaryñ azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bulam öz gezeginde ýagyş tokaýlarynyñ soñunyñ gelmegini çaltlandyryp biljek biodürlilige howp salýar we has giñ gerimli daşky gurşawlaýyn weýrançylyga getirýär. Amazonka tokaýynyñ "Ýasuni" zolagynda nebit-burawlaýyş işlerini togtatmak üçin ses beren ekwador halky emele gelop biljek ummasyz uly maliýe yza tesişliklere garamazdan biodürliligi we ýaşaýşy gorap saklamagy saýlap aldy. "Fitch" derejelendirme guramasy geçen aýlarda ses berilşikde üstün çykylan ýagdaýynda girdejileriñ 600 million dollar töweregi peseljegini çak edipdi. Bu ýagdaý gürrüñsiz kemer gysma çärelerine ýol açar. Emma nämüçin bütin bu zatlaryñ ýetirýän zyýanynyñ öwezini dolmak "Global Günorta" diýilýän ýurtlaryñ boýnuna atylýar? Gürrüñsiz, daşky gurşawy hapalaýanlaryñ tebigata ýetiren uç-gyraksyz zyýanyny azajygam bolsa düzetmegi we nebit ýataklaryna degilmezligi üçin öweztölegini tölemeli bolarlar. Ekwador ýaly ýurtlaryñ daşky gurşawyna zeper ýetirjegini öñünden bilip duranam bolsa, öz baýlyklaryny artdyran ýurtlardyr kompaniýalaram öweztölegini tölemeli. Ekologiýamyzyñ ýa-da ykdysadyýetimiziñ haýsam bolsa birini saýlamaga mejbur ýagdaýa gelmäliñ. Eger kompaniýalardyr ýurtlar ýetiren zyýanlaryny düzetmek üçin taryhy jogapkärçiliklerini berjaý etseler, beýle ýagdaýa düşmerisem. Ekwadordaky taryhy netije özlerine güýç berilende jemgyýetiñ planetany girdejiden ileri tutmaga taýýardygyny şundan gowy görkezip bilmezdi. Beýleki bir ýandan Ekwadordaky referendum ýurtdaky nebit-burawlaýyş işlerini doly togtatmanlygyndan şindizem etmeli işler bar. Emma edil şu ýerde - Ekwadorda dünýäni özgerdip bilen bir zatlar başlady. Ekwador ýaly nebite garaşly ýurt nebit-burawlaýyş işleriniñ öñüne taýak oklap bilýän bolsa, dünýäniñ galan bölegi nämüçin şeýdip bilmeli däl? Skarlett UESTBRUK. Sişenbe, 29.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |