09:49 Korona günlerinde pelsepe | |
KORONA GÜNLERINDE PELSEPE
Filosofiýa
Boljak zatmy? Nämüçin bolmasyn! Korona ýaşaýyşa näçe howp salýan bolsa, pelsepe-de ýaşaýyşa şonça dostdur we güýç berýär. Serediñ, korona sebäpli käbirlerimiz pikirlenmäge, pelsepä yşarat edýän sözleri aýtmaga başladylar: "Taryhy çemeleşme bilen "özüm etdim, özüm tapdym!.." Korona hadysasy biziñ eserimiz!.. Täze eýýam başlaýar..." ýaly pikirler bireýýämden dillerden düşenok. Bir topary bolsa kimiñ günäkärdiginiñ üstünde kelle döwýär. Pylan ýurt, pylan ýurt bilen birlikde ýa-da şu ýurt şu ýurduñ ösüşine böwet bolmak isleýär we ş.m. ş.m... Isleseñiz şu ýerde duralyñ we şeýle pikirleneliñ: Aýdaly, bir ýurt öz bähbidi üçin koronawirusy oýlap tapanmyş. Şol ýurduñ arkasynda kim bar? Öz uly şereketleri bar. Ol şereketleriñ arkasynda näme bar? Halkara şereketler bar. Halkara şereketleriñ arkasynda näme bar? Ol şereketlere eýelik edýän käbir güýçler bar. Ol güýçleriñ añyrsynda näme bar? Oýunbozarlyk etmegiñ geregi ýok, pikirlenmäge başladyk we muny dowam etmek gerek: Iñ arkadaky, iñ uly güýçleriñ we bolup biläýjek ol ýeke güýjüñ arkasynda näme bar? Aýdyñ bakaly, asyl günäkär şol ýerde. Nämekä ol? Jogaba menden garaşýarsyñyz gerek... Aýdaýyn onda: Ullakan bir Boşluk bar, howpurgadyjy Hiçlik, adamzadyñ iñ uly gaýgysy - ýok bolmakdyr, ölüm bilen birleşdirýän we içinde damja-damja duýýan, emma bilibilmedik iñ esasy derdi Boşluk we Hiçlikdir. Ine, korona-da şol ýerden: Hiçligi duýýan, aýyl-saýyl edýän, onuñ ähli oñaýsyzlyklaryny başdan geçirýän Adamdan - Hiç boluşy başdan geçirýän adamdan döreýär. Korona adam bolup bilmegiñ zerurlugy. Başga haýsydyr bir barlygyñ Hiçligi başdan geçirip bilmegi mümkin däl. Koronadan halas bolmak üçin her bir adam hakykatda belli bir derejede koronany dörediji. Şonuñ üçin size öýñüzden çykman oturyñ diýilýär. Öýñüzden çykman oturyñ welin, hiçlik sizi iýip-gemrip gutarsyn, özüñiz özüñizde ýok boluñ. Oña çenli bizi boşluga, hiçlige, ýok boluşa iteren biz öz ýaşaýşymyzy we belki-de, täze eýýamy gurup ýetişeris. Belki-de.... Bu ýöne bir umyt. Şeýle döwrüñ gerekdigini baryp 250 ýyl öñ Immanuel Kant aýdyp gidipdir. Kimiñ piñine!.. Şu pandemiýany bir sag-aman başymyzdan sowalyñ, biraz demimizi dürsäliñ, serediñ-de duruberiñ, ýene nämeleri ederis. Adam-da bü... Bütin dünýä häzirlikçe wirusyñ söbügine düşdi. Öñüni alyş çäresi hökmünde azajygam gorky içinde köçeler, prospektler boşap galdy. Iş ýerleri boşap galdy. Kinoteatrlar, teatrlar ýapyldy. Howpsuz aralygy saklaýan ýaşaýyş formasy ýüze çykdy. Adamlar göýä gytçylyk günlerinde bolşy ýaly holodilniklerini, aşhanalarynyñ şkaflaryny doldurmaga başladylar. Ž.Saramagonyñ "Körlük" romanynda beýan edilen birgeñsi ýaşaýşa meñzeş ýaşaýyş formasy başymyzdan indi. Teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleriñ agramly bölegi korona hakda. Olara tomaşa etdigimizçe daşymyza çykmaýan gaýgy-ünjilere batyp ugradyk, "birden aýdylyşyndanam uzaga çekäýse!.." Öýden çykmak oturmak borç. Käbir döwlet ýolbaşçylary wirusyñ ýaýraýşyny Ikinji jahan urşy bilen baglanyşdyryp, täze duşmana garşy söweşmekden söz açýarlar. Mekdepler, ýokary okuw jaýlary bir-iki hepdeläp ýapyldy. Bu ýapylmalaryñ dowam edip gitjegi-gitmejegi heniz belli däl. Işleýänlere aýlykly-aýlyksyz rugsatlar berilýär. Korona hemme ýerde: adamlar ony görenoklar, emma ol özi birlikde mekirlik bilen ýaýylýan başga bir belany-da getirýär: adamlaryñ durmuşa bolan garaýyşlary üýtgeýär, umytsyzlyklar, umytsyz synanşyklar aralaşýar, tehniki dil bilen aýdanda adamlaryñ psihologiýasy bozulmaga başlady. Indi gije-gündiz diýen zat ýok, diñe korona bar, diñe koronaly günler... Geliñ, biz ýene pelsepä dolanalyñ. Soñky wagtlarda bizde pelsepä bolan gyzyklanma artdy. Bu oñyn ýagdaý. Hemmeler pelsepäniñ ylgaýar welin, bu yzyndan ylganýan pelsepe nämekä? Muny soraýan ýok. Haýdegger soragy şeýle görnüşde sorapdyr: "Was ist das die Philosophie?" Haýdeggeriñ soragynyñ yzyna düşmekçi däl. Meniñ meseläm - ýaşamak. Ýaşamak näme? Nähili ýaşamaly? Korona ýa-da kowid-19 meniñ üçin şu sebäpli manydar gelýär. Pelsepe ýaşamaga dostdur, güýç berýändir diýipdim. Dogry. Pelsepe gündelik, bähbitçi, çemeçil, öz ýerinde wagşylaşyp bilýän hadysalary şol ugurlar boýunça iş alyp barýan alymlaryñ paýyna goýýar. Bu meseleleriñ üstünde pikir ýöredende alymlaryñ berýän maglumatyna goldanýar. Pelsepe ýaşaýşy bitewilikde göz öñüne getirýär. Adam ýaşaýan durmuş şertlerinden näçe ýokaryk galyp bilse, şonça gözýetimi giñär, şonça giñ pikirlener, şonça güýç-kuwwaty, islegi artar, ýaşamaga has höwesli ýapyşar. Pelsepäniñ ýaşaýyşa bolan gymmatly goşandy şulary öwrenme güýjüne esaslanýar. Täsin üýtgeşmeler bolup geçdi we şu döwürde käbir üýtgeşmeler öz-özünden durmuşymyza aralaşdy. Meselem, arassaçylyk. Hususan elleriñizi arassa saklamak, eliñizi ýuwmak, yzyndan dogry iýip-içmek, soñra ine-gana dynç almak, uklamak. Maksat bedeniñ goragyny güýçlendirmek: güýçli beden. Korona söweşini bedenimizi goramak arkaly ýeñmeli boljaga meñzeýär. Munda iñ möhüm syna eller. Ellerimiz aklymyza-oýumyza girmejek derejede ýaşaýşymyza aralaşdy. Durmuşymyzda elleriñ ýeri nähili? Atilla ERDEMLI. | |
|