19:49 Koronalar diñe Kurandan gorkar | |
KORONALAR DIÑE KURANDAN GORKAR!
Edebi makalalar
“Oñaýly şertlerde Allany ýatdan çykaran zalymlar uly gämä münüp, açyk deñizlere çykanlarynda, ölüm howpy başlaryna inen wagtynda diñe Allanyñ gulluk we ybadata laýykdygyny kabul edip, durky-düýrmekleri bilen Oña ýalbaryp-ýakararlar, emma Alla olary gury ýere çykaryp halas edip-etmänkä Alladan başga barlyklaryñ tabynlygyna girip, ýene Oña şirk goşmaga başlarlar". ("Ankebut" süresi, 65)” Ylahy duýduryşlaryñ tejelli edýän we bu duýduryşa degişlileriñ barha artýan tüm-garañky asyrynda ýaşaýarys! Kynçylyklar başyna ineninde Rebbine doga edip ýalbarmaga başlaýan adamyñ, kynçylyklary sowlup, az-owlak arkaýynlaşan badyna nädip Rebbini ýatdan çykaryşyna geçip giden asyrlar, ýagny eýýamlar we taryh şaýat! Ynha, zalym Korona we onuñ tarapdarlary ýarganatlaryñ gorkuly düýşi bolan Kurany-Kerimiñ kelamy bilen taryhdan ders: “Şeýdip, Pyrgun we adamlary Musanyñ garşysyna dikilip: “Sen bizi jadylamak üçin haýsy mugjyzany görkezseñ görkez, barybir biz saña ynanamzok!” diýdiler. Bizem her biri aýry-aýry mugjyza bolan üstlerine birnäçe günläp sil suwlaryny inderen gaý-tupany, çar tarapy gaplap alan we ýaşaýyş togtadyp taşlan süri-süri çekirtgeleri, ekinleri zaýalaýan zyýanly mör-möjekleri, derýalary we şäherleri dolduran gurbagalary, agyz suwlaryny gyp-gyzyla boýan gany gönderdik. Emma berilen bütin bu duýduryşlara garamazdan, akmaklar kimin men-menlik edip, dowamly günä işleri edýän jemgyýete öwrüldiler. Haçan ýokarda agzalan belalardan biri başlaryna inse, her gezek: “Eý Musa! Saña beren sözümiziñ hormatyna, biziñ üçin Rebbiñe ýalbar, şu beladan bir başymyzy dyndarsyn! Ähdimiz bolsun, eger bizi şu azapdan dyndarsañ, saña gutarnykly iman ederis we Ysraýyl ogullarynyñ seniñ bilen birlikde Müsürden çykyp gitmegine rugsat bereris!” diýip ýalbarýardylar! Haçanda olaryñ üstünden ýigrenji azaby aýranymyzda, olar ýene sözlerini bozup (inkäre we garşylyk görkezmäge dolandylar). Bizem şonuñ üçin aýatlarymyzy ýalan saýyp gezendikleri sebäpli hemmesini zalym hökümdarlary Pyrgun bilen bile jezalandyryp (Gyzyl) deñizde gark etdik! ("Araf" süresi, 132—136) Ylahy duýduryşlardan ders almaýan adamlaryñ köpüsi öz elleri bilen edýän ýalñyşlarynyñ, edýän zulumlarynyñ we görkezýän garşylygynyñ netijesini görmäge şol dowam edip dur, dowam edip dur! Baş Durmuş kodeksimiz Kurany-Kerimiñ aýatlarynyñ ýarysynyñ näm üçin diñe Allaha gullugy we Yslam dinini inkär eden, amal edilmegine we amal etdirilmegine garşylyk görkezip ahlak gymmatlyklaryny ýitiren jemgyýetleriñ, kowumlaryñ we döwletleriñ tragiki ýagdaýda tamamlanýan kyssalaryny öwran-öwran beýan edendigine koronawirus belasy bilen-ä hasam gowy düşündik! Kurany-Kerimiñ deñsiz-taýsyz mugjyzasyna ýene bir gezek iman etdik, elhamdülillah! Hezreti Nuh (a.s) ependimiziñ yslam dinine eden çagyryşyna görkezen garşylyklary we ahlaksyzlaşmalary sebäpli turan uly Tupan belasyndan on müñlerçe ýyl geçenden soñ bütin dünýäni we külli adamzady gurşap alan bir bela, bir heläkçilik bolan göze ilmeýän kiçijik zerreden-de kiçi "korona mikroby" bilen ýûzbe-ýüz galdyk! Adamlary gulçulyga iterme, hak-hukuklaryñ iýilmegi, sebäpsiz ýere adam öldürmeler, uruşlar, okkupasiýalar, söwdada galplyk, süýthorluk, jelepçilik, humarly oýunlar, içgi, narkotiki serişdeler, gomoseksualizm, LGBT azgynlygy we muña meñzeş ahlaksyzlyklaryñ bir bölegini edendikleri üçin bela-beterlere uçran kowumlaryñ ýerine bu ahlaksyz etmişleriñ hemmesiniñ edilýän zalymlaryñ, tohumsyzlaryñ we ahlaksyzlaryñ agalyk sürýän asyrynda ýaşaýarys! Birnäçe ýyl öñ ýazan makalalarymyñ birinde “Azyp ahlaksyzlaşandyklary üçin heläk edilen Ad, Semud, Medýen we Eýkeli kowumlaryna, Sodom we Gomorra, Sebe kowmuna, Ashabul-Uhdud hadysasyna, Pil wakasyndaky Ebrehä we onuñ leşgerine, Pyrguna we Pompeý halkyna... we başga nijeme azgyn gullaryna tagapyl etmedik Alla (j.j), gel-gel indi, döwrümizdäki basybalyjylara, sionistlere, imperialistlere, kolonialistlere, süýthorlara, mugthorlara, azgynlara, hüý-häsiýetsiz ahlaksyzlara, zalymlara, asylara, haýyn gullaryna tagapyl edermi eýse!” diýen sözümizdäki ajy hakykatlary we bela-beterleri dynnym ýalyja korona mikroby arkaly şindi hemmämiz başdan geçirýäris! Bir koronanyñ gutaryp, ýene bir korona belasynyñ gelmezligini isleýän bolsak, ýeke-täk çäre bar, olam: Koronalaryñ gorkuly düýşi we antibiotigi bolan Kurana dolanmak! Hem-de Kuran şypahanasynyñ hödürleýän däri-dermanlaryny hut Lukmanymyz, Baş mugallymymyz we deñsiz-taýsyz Öñbaşçymyz Hezreti Muhammmet (s.a.w) ependimiziñ mübärek elinden alyp ulanmakdyr! Maşgala gatnaşyklarynda, jemgyýetde we döwletde yslam şerigatyna dolanyp barmakdyr! Her dürli şirk, küpür, parahorluk, gybat, ýalan, töhmet, süýthorluk, jelepçilik, zulum, haksyz uruş we basybalyjylyk ýaly her tüýsli haramlary terk edip, kowçum-kowçum, ýagny hemmämiz bile Allaha we töwhidi-imana toba-ystygfar, jihat, zekat, namaz we doga-dileg arkaly dolanyp barmakdyr! Ak ýürekden ýalbaryp-ýakarmalar bilen Allaha gulluga, ýagny musulmanlyga dolanyp barmakdyr! “Allaha daýan, mäkäm saryl, hikmete ram bol! Ger ýol bolsa budur, bilemok men başga ýol!” “...Ey Rebbimiz! Bize gatyñdan bir rahmet ber ve içinde gezip ýören şu ýagdaýymyzdan bize bir halas boluş ýoluny lutf eýle! Hem-de dogrulyga barýan ýolumyzy ýakynlaşdyr” ("Kehf" süresi, 10) Omyn! “Ey belalary dep eden Allahym! Bizden belalary dep eýle! Alla goraýanlaryñ iñ hayyrlysydyr! Ol Alla merhemetlileriñ iñ merhemetlisidir! Allahym! Seniñ hemme zada güýjüñ ýeter!” Eý Rebbimiz! Bu koronawirus şerini musulmanlaryñ ýañadan Nebewi Kuran durmuşyna dolanmalaryna, musulman däl gullaryñam yslama hidaýat etmeleri haýryna öwür!” Doga-dilegler we ýagşy umyt-arzuwlar bilen Alla ýaryñyz bolsun! Medisina işgärlerimiziñ 7-13-nji apreldäki Saglyk hepdesini tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Alla (j.j) olaryñ Hakyñ razylygy ugrundaky alyp barýan asylly işlerinde elmydama ýar we ýardamçylary bolsun. Köp dogaýy salamlar, söýgüler we ýagşy dilegler bilen... Şewki ÝYLMAZ, bilgi@sevkiyilmaz.net "Yeni Akit" gazeti, 10.04.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |