12:54 Korrupsiýanyñ taryhyndan | |
Aly Jem GÜLMEN
Jemgyýetçilik tankydy
▶ KORRUPSIÝANYÑ TARYHYNA GEZELENÇ... ♣ Pis işleriñ köki Pis işleriñ köki şumerlere çenli uzalýar. Munuñ bu golaýda soñuna çykyp boljaga-da meñzänok. Her näme-de bolsa, biz içki we daşky tejribelerimize bil baglamaly bolýarys. Güýç we ygtyýarlygy bolan adamlaryñ sany köpeldigiçe, şonça-da korrupsiýa we pyssy-pyjurlyga az duş gelerismikä diýýäs... Bu pikirimizi gysgaça şeýle düşündirjek bolalyñ: Ygtyýarlyklary mümkin boldugyndan köp adamlara paýlalyñ we gapylary soñuna çenli açalyñ. Goý, Günüñ şöhlesi içeri girsin… ◆ ◆ ◆ ♣ Belanyñ başy nireden başlaýar?... Baryp-ha, b.e.öñ 4000-nji ýyllara degişli bir şumer tabletkasy (palçyk kerpiçlere ýazylan ýazuw ýadygärlikleri) bütindünýä taryhy boýunça ilkinji parahorluk we wezipe ygtyýarlygyny betnebisçilikli peýdalanmak baradaky maglumatlary berýär. "Şumer okuw günleri" atly bir tabletkada okuwa ýetişigi pes okuwçylaryñ birinden söhbet açylýar: "Bu okuwçynyñ ene-atasy çagasynyñ derslerde öñdebaryjy we göreldeli bolmagyny isleýär. Bu maksat bilenem mugallymy öýlerine çagyrýarlar, ony iýdirip-içirýärler, hatda her dürli sowgatlary äberýärler". Tabletka şol gijäniñ tutuş şunuñ ýaly görnüşde geçendigini ýazýar. ♣ Soñy nähili bolduka? Soñy nähili boldy diýýäñizmi? Soragyñ jogaby tabletkanyñ dowamynda berilýär: ýetişigi pes okuwçy birdenkä toparyñ iñ gowy okuwçysyna öwrülip duruberýär. Munuñam üstesine ol synpyñ şefi edilýär.[1] ♣ Parahorlugyñ kesgitlmesi Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde agzalýan parahorluklara kesgitleme berlende, bada-bat "wezipe ygtyýarlygyny şahsy bähbitler üçin ulanylmagy" ýaly görnüşde göz öñüne getirsegem, dünýä taryhy korrupsiýanyñ batgasyna batan hususy şereketleriñ kezzapçylykly hereketleri we dawalary bilen doludyr. Bu babatda korrupsiýany "haýsydyr bir wezipäniñ şahsy bähbitler üçin betnebislçilikli ulanylmagy" diýip kesgitlesek has dogry bolardy. "Medici"-lerden "Enron" dawasyna, "South Sea Company" şereketiiñ batmagyndan "Lehman Doganlaryñ" ("Lehman Brothers") döreden krizisine çenli dünýäniñ ykdysady taryhy, öz döwürleriniñ iñ uly şereketleriniñ korrupsiýa hereketleri kezzapçylyklar we krizisler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Geliñ, "Pis işleriñ Atlasynda" korrupsiýanyñ taryhyna tragikomiki syýahat edeliñ. ▶ "MEDİCİ" ŞEREKETI BAR ZADYÑ BAŞYNY BAŞLADY... Şereketara korrupsiýalarynyñ taryhynda iñ uly katastrofa şol wagtyñ Ýewropasynyñ iñ uly maşgala şereketi hasaplanan "Medici"-leriñ we olaryñ banklarynyñ batmagy bilen boldy diýsek, öte geçdigimiz bolmazdy. Italiýanyñ iri söwda şäheri bolan Florensiýada höküm süren, iñ ýokary derejede güýçli we täsirli maşgala bolan "Medici"-ler, üç Papa we köp sanly florensiýaly hökümdary, has soñra Fransiýa korollygynyñ adamlaryny ýetişdirdi, hususanam medeniýete eden howandarlyklary bilen italýan Renessansyny (Gaýtadan döreýşini) doly öz täsirine alypdy. Maşgala öz döreden "Medici" banky bilen Ýewropanyñ iñ kuwwatly we derejeli maliýe merkezlerimden biri bolmagy başaryp, söwdadaky güýçlerine güýç goşdular. Emma Renessansyñ möhüm döredijilik we sungat işgärleriniñ belli bir derejede baş sponsory we howandary bolan "Medici"-ler bu babatda çakdanaşa bisowutlyga we adatdan daşary lýuks ýaşaýyş şertlerine üns berip, wezipeli işgärleri öz gysymynda saklamakda şowsuzlyga uçradylar. 1455-1485-nji ýyllarda Angliýany öz içinde ullakan gapma-garşylyga iteklän "Bägüller urşy" we Orta Ýer deñziniñ söwdasynyñ bagtyny ýatyran Osmanly-Wenesiýa urşy, bankyñ 1490-njy ýyllaryñ başynda düýpli batmagyna sebäp boldy. 1494-nji ýylda bankyñ Milandaky filialy hem ýapyldy we şol ýyl "Medici" maşgalasy bir wagtlar siýdigi bilen degirmen ýöreden Florensiýasyndan yzyna it salynyp kowuldy. Köpçülikleýin korrupsiýanyñ ilkinji uly heläkçilikli netijesi hökmünde taryha geçen bu hadysa aslynda täze-täze wakalaryñ başlangyjydy we gynansak-da munuñ dowamy geldi durdy, geldi durdy... XVIII asyrda Günorta Amerikada iş alyp barýan britan asylly "South Sea Company" ("Günorta deñiz kompaniýasy") şereketi ispan urşy ýyllarynda (1700-1715) baglaşylan bir şertnama arkaly Ispaniýanyñ Günorta Amerikadaky koloniýalarynyñ lokomotiwine öwrüldi. Bazar gatnaşyklaryndaky spekulýasiýalary bilen aksiýalary 1.000 sterlinge çykan şereket ahyrsoñunda ýanyny ýere berdi. 1720-nji ýylyñ sentýabrynda şereketi "ýylan sokan ýaly" boldy. "Günorta deñiz balony" diýip at berilen bu ykdysady krizise sebäp bolan "sokulma" Maliýe ministri Jon Eýslebi bilen birlikde şereketiñ ýolbaşçy düzüminiñ ählisiniñ tussag edilmegi bilen tamamlandy. Krizisden soñ şereketiñ işi täzeden gurnaldy we ol ýene-de ýüz ýyldan gowrak wagt öz işini dowam etdirdi. ▶ "ULY DEPRESSIÝA WE ONUÑ MIRASDÜŞERLERI" 1929-njy ýyldaky ykdysady krizis esasanam ABŞ-da maliýe çökgünligini döretdi diýilse-de, krizis bütin dünýani gorpdan başaşak sallady we birnäçe şereketiñ korrupsiýa hereketleriniñ orta çykmagyna, dünýäniñ çar künjündäki ýüz müñlerçe ynsanyñ ömrüniñ garalanmagyna sebäp boldy. Şolaryñ biri-de Germaniýanyñ iñ esasy banklarynyñ biri bolan we gysgaça "Danat-Bank" diýilýän “Darmstädter und Nationalbank” bankydy. Bankyñ ýolbaşçylaryndan Karl Boenekurunyñ iñ esasy müşderileriniñ biri bolan "Nordwalle" tekstil şereketiniñ beren wedomostlarynyñ galplygyny bilmegi ýangynyñ tutaşmagyna sebäp boldy. "Nordwelle"-niñ eden bu oýunlarynyñ bank üçin getiren netijesi düzedip bolmajak heläkçilige getirdi. Bankyñ iñ esasy müşderisiniñ batmagy diýmek ~ bankyñ batmagy diýmekdir. Has soñra bankyñ müşderileri uly başagaýlyga düşdüler we hakykatdanam "Danat-Bank" batdy.[2] Köpçülikleýin korrupsiýa dawalarynyñ iñ ulusy 1963-nji ýylda bolup geçdi. "Salat ýagy dawasy" ady bilen ýatlanýan bu sarsgyn "American Express", "Bank of America" we "Bank Leumi" ýaly uly halkara kompaniýalaryñ 150 million dollar (häzirki gymmaty bilen 1,1 milliard dollar) ýitirmegine getirdi. Döwrüniñ iñ uly maliýe şereketlerinden bolan "American Express" dürli ösümlik we salat ýaglaryny satýan "Tino de Angelis" şereketine kredit bermek üçin ammarlaryndaky ýaglary girew hökmünde görkezmegi talap etdi. Girew görkezildi we netijede kreditem berildi. Emma oýun indi başlanýardy: Tankerler ýag däl-de, suw bilen doldurylandy we fizikadan gowy bilýän Angelis ýagyñ suwuñ ýüzüne çykýandygyny bilensoñ "Bank Express" şereketini ullakan duzaga düşürmegi başarypdy.[3] Barlag üçin gelen wekiller hiç hili şübhelenmändi, emma ahyrynda görkezilen mukdaryñ çişirilişinden bir pyrryldagyñ barlygy ýüze çykdy. Edil Warren Buffetiñ 2008-nji ýylda "Süýde suw köpräk goşuldy" diýip, ykdysady krizisi düşündirişi ýaly, 1963-nji ýylda-da ýaga köpräk suw goşulypdy.[4] ▶ UHOD BILEN PROWOR AGALYGYNY AMALA AŞYRMAK MÜMKIN 80-nji ýyllara gelinende, bu gezek Wall Stritiñ (Wall Street) esasy maýa goýumlaryny goýýan banklaryndan "Drexel Burnham Lambert" bankynyñ dawalary we korrupsiýa hereketleri orta çykyp başlady. ABŞ-da iñ uly bäş bankyñ biri bolan bu firma görlüp-eşdilmedik derejedede kök ýaýradyşy bilen göze ilýärdi. (tä "junk bonk bazarynda" /ýokary riskli (töwekgelçilikli) şereketleriñ döredýän bonosy"/ illegal operasiýalaryñ orta çykarylan wagtyna çenli). Netije juda çökder boldy: "Uly depressiýadan" bäri berilen iñ uly jerime bolan 650 million dollar öweztölegi... ABŞ-nyñ iñ uly uhod dolandyryjy şereketlerinden "Waste Management Inc." öwezine göräýmäge galp bolmadyk 1,7 milliard dollarlyk girdeji alyp, taryhyñ iñ uly şereket korrupsiýasynyñ awtorlygyny etdi. Şereketiñ esaslandyryjysy we şol wagtky ketdesi Dean L.Bantrokyñ jogapkärlik çeken we 1992-1997-nji ýyllary gurşap alan korrupsiýa hereketleri täze baron Maurike Meýeriñ şereketiñ içinde bikanunçylykly işleriñ barlygyndan şübhelenmeginden we gizlin diñleme serişdelerini gurup işgärleriñ gepleşiklerini diñlemeginden soñ 2002-nji ýylda orta çykaryldy. ABŞ-da bolup geçen we bütin dünýäni entirekledip alan korrupsiýa wakalarynyñ biri-de "Enron dawasy" ady bilen taryha girdi. Amerikan energetikasynyñ esasy şereketleriinden bolan "Enron" 1999-njy ýylyñ başynda 20 dollara deñ bolan aksiýasyny 90 dollara çenli ýokarlandyrmagy başarypdy. "Enronyñ" üstünliginden şübhelenmedik maýadarlar bu şereketiñ dolanşyk gymmatyny barha ýokarlandyrýardylar. Dünýäniñ iñ uly bäş serenjam beriji şereketlerinden biri bolan "Arthur Andersen"-iñ esewanyndan geçen habarnamalar hem maýadarlaryñ ýüregine ynam guýýardy. Hakykat bolsa pikir edilişinden başga hilidi. Şereketiñ ýolbaşçylarynyñ eden korrupsiýa hereketleri 74 milliard dollarlyk zyýany emele getirdi. "Enronyñ" aksiýalaryna eýeçilik edýän maýadarlaryñ pullary bir günüñ içinde ýele sowruldy. Pensiýa ýaşyna gelen işgärler näme etjeklerini bilmäb galdy. Netijede "Enron" näçeräk batandygyny mälim etmäge mejbur boldy, serenjam beriji "Arthur Anderson" bolsa ýitirim boldy. "Enron" öz toslamalaryna hemmeleri şeýle bir ynandyrypdy welin, şol dawadan öñ "Fortune" žurnaly "Enrony" bassyr alty ýyl ABŞ-nyñ iñ innowasion şereketi saýlapdy. ABŞ-nyñ iñ uly ikinji telefon şereketi we telekommunikasion läheñi bolan "Worldcom" öz gaznasyny eden galplyklary bilen gabardyp tutuş 11 milliard dollar köp görkezip rekord netije gazanypdy. 2002-nji ýylda "Enronyñ" yzysüre ýüze çykan dawanyñ beren zyýany hem juda çökder boldy. Maýadarlar tegelek 180 milliard dollar zyýan çekdi, 30 müñ adam bolsa işinden kowuldy. Şereketiñ içindäki bir bölümiñ 3.8 milliard dollarlyk sçýot boşlugyny orta çykarmagy bilen üsti açylan korrupsiýa dawasynda şereketiñ barony Bernie Ebberstam 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi. ▶ KORRUPSIÝA GLOBAL KRIZISI DÖREDIP BILERMI? 2003-nji ýylda bolsa "Mortgage-Finans" läheñi "Freddie Mac" 5 milliard dollarlyk girdeji babatda nädogry beýannama bilen çykyş edip şereket korrupsiýasynyñ taryhyna girdi. Nädogry beýannama bilen çykyş eden we girdejini hakyky bolşundan az görkezen dolandyryjylar "SEC" guramasynyñ (U.S. Securities and Exchange Commission ~ býužet firmalarynyñ işini utgaşdyrýan jemgyýetçilik guramasy) alyp baran derñewinde ele düşdüler. Netijede 125 million dollar jerime salyndy we dolandyryjylar wezipelerinden pyzyldy. Iñ gyzykly ýeri edil şol pudakdan bolan Fannie Mae" şereketinde-de şular úaly bikanunçylykly hereketleriñ edilendigi ýüze çykdy. Howpsuzlyk sistemalaryny öndürýän "Tyco" amerikan şereketiniñ baronlary Dennis Kozlowskiý we Mark Swartz şereketden 150 million dollar gyrp-çyrp etdiler. 2005-nji ýylda "samanhanada tutulan bu iki ýyndam pişik" şereketiñ girdejisini 500 million dollar edip, galplaşyrandyklary üçin demir gözenegiñ añyrsyna düşdüler. Munuñ netijesi "Tyco" şereketine we onuñ maýadarlaryna 2 milliard dollar zyýan çekdirdi. Iñ gülkünç ýeri bolsa, bu dawa ýüze çykmazdan öñ Kozlowskiý Sardiniýa adasynda 2 million dollar harçlap aýalynyñ doglan gününi belläpdi we bu haý-haýly üýşmeleñ dillerw dessan bolupdy. Dünýä ykdysadyýetini bilinden uran 2008-nji ýylyñ krizisine iñ köp täsir eden sebäpleriniñ biri hökmünde görkezilen "Lehman Brothers" dawasy hem korrupsiýa taryhynyñ möhüm görkezijilerinden hasaplanýar. Agzyñy uçukladýan derejedäki ösüşe gadam basan, hakykatyna seredende bolsa hiç hili ýokary ösüşe golaýlaşmadyk "CDS" kagyzlaryny satuwa çykaran şereketiñ batyşy juda aýylganç boldy. Özi bilen birlikde amerikan ykdysadyýetini düýpli batyran "Lehman Brothers" ("Lehman doganlar") taryhyñ iñ uly çökgünligini başdan geçirdi. Delilleriñ ýeterlik dälligi üçin "SEC" tarapyndan derñew işi açylmadyk şereket krizisden bir ýyl öñ "Fortune" žurnaly tarapyndan iñ ynamly bank hökmünde görkezilipdi. 2008-nji ýyl korrupsiýalaryñ ýüze çykmagy taýdan hereketli we bereketli ýyllaryñ biri boldy. Şol ýyl meşhur "Hedge Fon" korrupsiýasynyñ biri bolan "Madoff" dawasy gulaklary şañlatdy. Nýu-Ýorkuñ maliýe ulgamynyñ esasy baronlaryndan bolan Bernard "Bernie" Madoff şol wagta çenli maliýe sektorynyñ iñ ygtybarly adamlarynyñ biridi. 2008-nji ýylyñ krizisi Madoffyñ şereketiniñ aslynda "Ponzi oýuny" ("Sagadat zynjyry") arkaly maýadarlary "suwsuz äkidip suwsuz getirendigini" ýüze çykardy. Madoff 50 ýyllyk goýum bilen toplan pullaryny "Hedge fon" fondlarynda jemleýän ýaly görünip, aslynda başga oýun gurnapdy. "Hedge fon"-laryñ indelip durulmaýanlygy sebäpli Madoff goýumlaryñ fondda saklanýandygyna hemmeleri ynandyryp bilipdi. Hakyna seredende goýumam ýokdy, töwekgellige-de salynanokdy, tersine, täze gelenlerden alan puluny öñkülere girdeji paýy hökmünde paýlaýardy.[5] Madoffyñ pyrryldagy uzak wagtlap dowam eden, birnäçe pudaklara täsirini ýetiren we taryhdaky muña meñzeş korrupsiýalardan has beter zarba uran, 50 milliard dollara barabar aýylganç katastrofady. Netije? Madoff tegelek 150 ýyl azatlykdan mahrum edildi... ▶ KORRUPSIÝANYÑ SOÑUNA ÇYKYP BOLARMY? Bu agzalyp geçen kirli pyrryldaklary eşideniñizden soñra, "heý, bu zatlaryñ çykalgasy ýokmy?" diýýändigiñizi duýýan ýaly bolduk. Netijede az-uçuk mysaldan we wakadan söz açmadyk. "Ernst & Young"-yñ 2010-njy ýyldaky global korrupsiýa boýunça seljermesine görä, dünýä derejesinde şereket ýolbaşçylarunyñ 16 %-i, soñky iki ýylyñ içinde şereketlerinde uly bikanunçylyklara şaýatlyk edendiklerini ýazýar. Elbetde, hemme zadyñ bir çykalgasy bar. Bikanunçylykly hereketleri azaltmak üçin etmeli işleriñ başynda özbaşdak firmalaryñ gözegçiligi bilen birlikde berk içerki sazlaşyk mehanizmini döretmek gerek. Netijede utgaşdyryjy firmalar guramalaryñ we birmeñzeş problemalaryñ içine düşüp bilerler. Bu sebäplu guramaçylykly medeniýet we içerki sazlaşyk mehanizmleri iñ azyndan daşarky sazlaşyk ýaly täsirli bolup biler. Beýleki bir çykalgasy bolsa, ygtyýarlygy bir elde jemlemezlik. Netijede: “Güýç çüýreder, absolýut güýç bolsa düýpli çüýreder". Ygtyýarlygy we güýji näçe köp adama paýlasañyz, korrupsiýa garşy iñ güýçli öñüni alyş çäresini geçirdigiñiz bolar. Has açyk söz bilen aýdanymyzda, elinde has köp ygtyýarlyk jemlenen adamyñ korrupsiýa ýüz urmak ähtimallygynyñ bardygyny düşünsek, ygtyýarlygyñ birden köp adamyñ arasynda paýlanmagy bu howpy ep-esli azaldýar. Aýtsañ aýdyp oturmaly, korrupsiýanyñ uzyn taryhy we tradisiýasy bar. Emma şol bir wagtyñ özünde korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreşiñem, hakykaty we adalaty dabaralandyrmak üçin janyny orta goýanlaryñam kyssasy şondan birjigem pes däl. Iñ esasy zat: tutanýerli bolmak we adamlaryñ kollektiwleýin dogruçyllygyna, birek-birege esewan we haý-küş edip boljakdygyna ynanmakdyr. Korrupsiýanyñ taryhyna göz aýlanymyzda, olaryñ ählisiniñ az sanly adamlaryñ ýapyk gapylaryñ añyrsynda bir-biriniñ syrtyny ýamajak boluşlaryndan başlanýandygyny görýäris. Näçe aç-açanlyk, sabyr-takatlylyk we köpçülikleýin erada bolsa ~ şonça-da korrupsiýa we parahorluk az bolar… ♣ Peýdalanylan çeşmeler: [1] TEPAV: Yolsuzlukla Mücadele TBMM Raporu, “Bir olgu olarak Yolsuzluk: Nedenler, Etkiler, Çözüm Önerileri”. [2] The Great Crash: How the Stock Market Crash of 1929 Plunged the World into Depression, Selwyn Parker. [3] Business Insider: How The Salad Oil Swindle Of 1963 Nearly Crippled The NYSE BRYAN TAYLOR. [4] Ekonominin çokbilmişleri için yazalım: Yağ sudan hafiftir, Tarık Yılmaz: www.manset.at [5] Dr. Okan Acar http://www.okanacar.com/ @ "Direliş EDEBIÝAT" | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |