22:04 Kuran: Simwolyñ güýji we ýumruk çenemeler | |
KURAN: SIMWOLYÑ GÜÝJI WE ÝUMRUK ÇENEMELER
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
"Biziñ hemmämiz dogan, uç-gyraksyz we umman ýaly çuñ adamkärçilikli gatnaşyklarymyz akmaklardan asgyn gelmeli däl. Akmaklaryñ dymdyrylmagy bilen bir hatarda-da aragatnaşygy saklama borjy umumydyr. Şeýle bolmajak bolsa, goñşuçylygyñ we myhmansöýüjiligiñ nämä geregi bar?" Kuran boýunça uly ylmy-barlagçy Angelika Noýwirt eýýäm ýigrimi ýyl bäri bize we täze gündogarşynaslara göz görkezip gelýär: ol tutanýerlilik bilen öñe sürýän pikirine görä, Kurany-Kerim edil Köne we Täze Äht ýaly signaly we medeni gijigen klassyky asyrlarda (IV-VII asyrlar) anyklaşan mukaddes kitaplaryñ biridir we şeýle bolandygy üçinem antiki yklymyñ medeniýetindäki ygtybarly orunlaryndan ötri beýleki iki kitap ýaly olam ýewropalydyr ýa-da şeýle bolmagy gerek. Bu tema uzak we çylşyrymly bolmak bilen bir hatarda, Kuranyñ beýleki iki kitaba bolan baglanyşygyna degişli ownuk we missionerçilikli tezislerden ozduran onlarça klassyky ylmy-barlagçynyñ gyzyklanýan ugruna öwrüldi. Angelika Noýwirt Kuran - XII asyrda Kuranyñ latyn diline terjime edilmeginiñ başyny çeken Kluni monastyryndaky Apostol Pýotr döwründen bäri müñ ýyllap musulmanlar we olaryñ duşmanlarynyñ arasyndaky pitnesiniñ syrlary öwrenilmezden ýa-ga ýok etmek ýa-da ruhlanmak üçin üznüksiz tagallalar bilen Renessans döwrüniñ intellektuallarynyñ, teologlarynyñ, filosoflarynyñ ünsüni özüne çeken jadyly güýç çeşmesi bolup geldi. XIX asyrda gündogarşynas alymlar Kuran boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmajaklaryny, ony ýoýmaga ýa-da üýtgetmäge synanyşmajaklaryny aýtdylar. Ýöne edil beýle bolubam durmady. Aglabasy protestant ýa-da jöhit bolan okyjylar, şerhçiler, terjimeçiler iki çemeleşmeden birini dowam etdirdi. Gelip çykyşy boýunça jöhit bolanlar-a Kuranyñ Töwratda duş gelýän sýužetlerine üns berdiler. Olar XX asyryñ ortalaryna we ahyryna çenli şu barada ýazdylar. Protestantlaram Kuranyñ Injile gabatlaşýan köklerine ýapyşdylar. Ýogsa-da, Kuranyñ añyrsy Töwratdan gelip çykýan bolsa, nämüçin onda jöhitligi gazaply tankyt edýär? Eger añyrsy Injile goldanýan bolsa, onda nämüçin Injiliñ esasy prinsiplerini tankyt topuna tutýar? Örän az sanlysy umumylyklara üns berdi. Ehli-Kitabyñ (Kitap-ähli - kitaba ynanýanlar -t.b.) bilýän Kuranynyñ VII asyryñ başynda inen wagtlary iki taraply signaly bardy: Ybraýymçy (hanifilik - ýagny, monoteizm, ýekehudaýlylyk) çagyryş aslynda bir bolýar we islenýän zat haýsam bolsa bir tarapy aradan aýyrmazdan "kelimetüs-sewâ", ýagny, umumy söz öz akymyna gidip, ýazgylarda we ruhanylyk gurluşynda düzedişleri girizýär. Ahyrynda "Imperiýa çaknyşygynyñ merkezindäki parahatlyk ilçisi Muhammet" atly kitabyñ (2019) awtory Huan Koul ikitaraply signalyñ ýany bilen Kuranyñ we Pygamberiñ (s.a.w) pers-rum uruşlaryndan çykyp, parahatçylygy wagyz etmek isländigini aýdýar. Huan Koul Öñem aýdylyşy ýaly Renessans döwründe kadadan çykmalar gabat gelmän duranokdy. Käbirleri arap diliniñ ösüşiniñ sebäbi bilen Kuranyñ poetiki dilini we özüne çekijiligini duýsa-da, beýleki kitaplar bilen arasyndaky tapawudyny ýüze çykaryp bilmändiler. Her niçik-de bolsa, XIX asyrda Kurana bolan garaýyş Osmanly döwleti bilen Ýewropa döwletleriniñ arasyndaky üç asyrlyk çaknyşyklar sebäpli ýaramaz täsirini aldy. Osmanly döwleti yza galyp ugranda we gündogarşynaslyk ylmy orta çykanda-da ýagdaý onçakly üýtgäp durmady, gaýtam barsy teologik medeniýetiñ yzky hataryny dolduryp duran gündogarşynaslar öñem nygtalyşy ýaly gyzyklanmalaryny Kuranyñ Köne ýa-da Täze Ähtden alandygyna üns berdiler. Kuranda beýleki iki kitabyñ tekstinde gabat gelmeýän kyssa ýa-da tebigat suratlandyrmasyny görenlerinde, "bu ysraýylyýatdan (jöhit hekaýatlary -t.b.) ýa-da dil üsti bilen aýdylyp gelinen jöhit-hristian rowaýatlaryndan alynypdyr!" diýdiler. Döwürdeş ylahyýetçileriñ biri Köne ýa-da Täze Ähtde meñzeş ýerleri bolan Kuran kyssalarynyñ hemişe dürli-dürli mantyga we maksada eýedigini anyklapdyr hem-de Töwratdan ýa-da Injilden alynandyr öýdülmesin diýip hut Pygamberiñ (s.a.w) özi muny bilgeşleýin edipdir diýen netijä gelipdir. Munuñ özi öñem aýdylyşy ýaly gadymy çekişmedir, möwriti we tutaryklary geçen dini-syýasy çekişmäniñ görkezijisidir. Ine, şoñ üçinem Rim papasy Frensis we El-Ezher şeýhi ýazgylarda hemişe häzirki möhüm umumy bähbitlere yşarat edýän ynsanperwer doganlyk deklarasiýasyny baglaşmak üçin 2019-njy ýylyñ 4-nji fewralynda Abu-Dabide duşuşdylar. Ýöne taryh kolossal hadysalary bilen onuñ añ edilip, halanylmagyna ýol berenokdy. Şeýle duşuşyk birinji gezek bolmandy. Ikinji Watikan Soborynda (1962-1965) yslamyýet ybraýymçy dinleriñ biri hasaplanypdy. Şol wagtdan bäri diñe katolik buthanasy bilen däl, beýleki ýewangelik buthanalar bilenem dialoglaryñ yzy üzülmedi. Ýagdaýyñ şular ýalydygyna garamazdan, Şwesiýada we Daniýada näme sebäpli Kurany parçalap ýakma hereketine gaýdyp barylýar? Birnäçe ýyl öñ ABŞ-da bolup geçen indiwidual wakanyñ soñky ýigrimi ýylyñ dowamynda Ýewropada we başga ýerlerde gowur turuzan urha-urluklar we terrorçylykly aktlar bilen baglanyşygy barmy? Munuñ agzalyp geçilen urha-urlugyñ sebäp bolan yslamofobiýa bilen elbetde baglanyşygy bar. Ýöne fakt ýagdaýyna gelen şeýle wakalaryñ Ýewropa yklymynda otuz ýyldan bäri ýokarlanan dini we ladini sagçy akymlar bilen örän köp baglanyşygy bar. Bize elmydama dini fanatizmiñ indi Ýewropanyñ dinden daşlaşmagynyñ faktory däldigini, olaryñ hemme zatdan ötri yslamy migrasiýanyñ ýygjamlygy bilen gyzyklanýandygy we her hili ýagdaý bolanda-da söz azatlygyna gol ýapýandyklary aýdylýardy! Käbir radikallar munuñ bilen öz aralarynda ýaşaýan şol adamlary masgaralamagy maksat edinýär. Kuran simwoldygyny ýatdan çykarmañ, oña el uzatjak bolanyñyzda dindar bolsun ýa-da bolmasyn tapawudy ýok - Ýewropadaky we bütin musulmanlara el uzatdygyñyz bolar. Şweýsariýada minara gurluşygynyñ gadagan edilmegi üçin geçirilen referendumda, Fransiýadaky "Çarli Hebdo"-nyñ karikaturalarynda we Daniýa bilen Gollandiýadaky başga karikaturalarda bolup geçenlerem şular ýalydy. Günbatarda ýaşaýan käbirleri maña şeýle hereketleriñ köplenç protestant jemgyýetlerde bolýandygyny ýatlatdy, men oña Fransiýanyñ katolik ynançly ýurtdugyny ýatladanymda bolsa, geñ galmakdan ýaña dymdy! Hernä Türkiýede bolup geçen demonstrasiýalardan başga gazaply garşylyk görkezilmedi. Halky garşylyk görkezmekde tanalýan Päkistan bolsa suw-silden, güýçli ýagyşlardan we metjitlerde jan alýan terrorizmden ýaña halys surnugan ýagdaýda. Sosial mediýada görşümiz ýaly özlerini masgaralanan ýagdaýda duýýan ähli musulmanlar skandinaw hökümetleriñ şeýle ýaramaz hereketleriñ garşysynda dymýandygyna ýa-da söz-pikir azatlygy hasaplap, göz ýumýandygyna ynananok. Azatlygyñ Kuran ýakmak bilen näme baglanyşygy bolup biler?!. Olar şeýle hereketi aşa ýigrenjiñ alamaty hasaplaýar we agressiýanyñ (Salman Rüşdi we "Çarli Hebdo" wakalaryndaky ýaly) ýa Pygambere (s.a.w) ýa-da Kurana hüjüm etmek arkaly amala aşandygyny ýatladýar. "El-Kaide", "Taliban" ýaly terrorçylykly toparlar hakda ýazýan päkistanly žurnalist Ahmet Reşit haçan urha-urly hereketlerden daşlaşylsa, musulmanlara we olaryñ simwollaryna gönükdirilen hüjümleriñ peselýändigini aýdýar. Angelika Noýwirt bolsa Kuranyñ Töwrat ýaly kitapdygyna hemmeleri ynandyrjak bolup jan edýär we IV-V asyrdakylardan başgalaryny kitap diýip atlandyrmaýar! Şol döwrede öñe çykan we özüni pygamberligiñ başky ýyllaryndan başlap kitap diýip atlandyran Kuran osmanlylaryñ ýewropalylar bilen arasynda bolup geçen problemalary sebäpli Ýewropanyñ medeni ýadygärliklerinden aýry saýylyp bilinmez. Ýöne men ýewropalylar şertler nähili bolsa-da, barybir Kurany Ýewropanyñ hem medeni gymmatlygy hasaplar öýdemok. Biz olardan gorkunç sessizligi söz azatlygy arkaly hakly görkezjek bolmazlyklaryny isleýäris. Iki uly din adamy - Rim Papasy we El-Ezher Şeýhi ynsanperwerçilikli dost-doganlyk deklarasiýasynda Gündogar bilen Günbatar gatnaşygynyñ diñe deñizlerde, söwdada, energetikada we maliýe alyş-çalşygynda bolman, şol bir wagtyñ özünde medeni we adamkärçilik taýdanam zerurdygy nygtalýar. Biz ýewropaly adamy üç müñ ýyldan gowrak wagt bäri tanaýarys, olar bizi, belki-de, has gadymy eýýamlardan bäri tanaýar. Geçmişde, dinlerden öñ we soñ medeniýetlerimiz biri-birine gatyşdy, hatda hristianlyk Ýewropa biziñ ýanymyzdan gitdi. XX asyryñ nesli her düzlemde bu gatyşygyñ uly we möhüm bölegine şaýatlyk etdi. Kurana garşy gönükdirilen ýaramaz hadysalaryñ minimal derejä düşüriljegine ýa-da düýpgöter soñuna çykyljagyna kepil geçip bilemzok. Emma zol-zol hasaplary äşgär etmek ýakynlyk döretmeýär we medeni işjeñligi emele getirmeýär Papanyñ hatynda-da (2020 ý.) nygtalyşy ýaly: "Biziñ hemmämiz dogan, uç-gyraksyz we umman ýaly çuñ adamkärçilikli gatnaşyklarymyz akmaklardan asgyn gelmeli däl. Akmaklaryñ dymdyrylmagy bilen bir hatarda-da aragatnaşygy saklama borjy umumydyr. Şeýle bolmajak bolsa, goñşuçylygyñ we myhmansöýüjiligiñ nämä geregi bar?" Rydwan SEÝIT, Liwanly alym, syýasaty öwreniji, Liwan uniwersitetiniñ yslam ylymlary boýunça professory. Şenbe, 04.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |