20:39 Ýumşak güýjüñ öñi we soñy | |
ÝUMŞAK GÜÝJÜÑ ÖÑI we SOÑY!
Publisistika
ABŞ tarapyndan düýbi tutulan dünýä düzgüni goduklaýar we ondan öñem ýumşak güýji goduklaýar! Meşhur amerikan dilçi alymy we ýazyjysy Noam Homskiniñ soñky "Dünýäni kim dolandyrýar?" (2017 ý.) kitabynda äpet guramaçylykly kapitalizm amerikan we global ýagdaýlara agalyk etmek üçin gaýdyp gelýär. "The New York Review of Books"-yñ soñky ýagdaýy Homskiniñ kitabynyñ we şuña meñzeşleriniñ üstünde täzeden durup geçýän we ynandyryjy däl gabartmalara ünsi çekýär. Emma bazarda şu günüñ we ertiriñ öñüni alyjy korporatizmi däl-de, amerikan sistemasynyñ özüni ýa-da artykmaçlyklaryny terk etmek niýetidir. Halkara Jeza beriş Sudy (HJBS) jemlenip, Netanýahuny, onuñ goranmak mijistrini we "Hamasyñ" üç liderini bütindünýä parahatçylygyna howp salýan hem-de adam hukuklaryny bozýan hereketleri sebäpli tussag edip bilmezn amerikanlaram (ysraýyllylardan has beter!) HJBS-ny ýazgarmak üçin gyssandylar. ABŞ-nyñ Kongresinde eýýäm bu suda garşy sanksiýalar girizilýär we derñew işleriniñ ýazgarylmagy üçin barlaglar geçirilýär! HJBS, Halkara Adalat diwany (HAD) we BMG-nyñ Adam hukuklary boýunça Geñeşi bilen birlikde halkara sistemalaryñ ähli düzgünleri 1945-nji ýyldan we BMG-nyñ dargamagyndan soñ bolup geçdi. Komissiýalaryñ, agentlikleriñ, şertnamalaryñ we ylalaşyklaryñ hemmesi global adalat, parahatçylyk we adam hukuklary üçin amatly mümkinçiliklerdir. Elbetde, Sowet Soýuzy ol ýerde ýokdy, emma kolonializmden soñ orta çykan döwletleriñ daşyndan görnüşi ýaly täsir tapýardy. Emma ABŞ-nyñ häzirki ýagdaýdaky düzgüniniñ tarapdary, goragçysy we habarçysy bolmagyny dowam etdirýär. Renessansyñ ýewropaly köklerine garamazdan, ABŞ iki uruş wagtynda we soñunda bu renessansyñ goragçysy we onuñ iñ uly öñbaşçysy ýaly çemeleşdi. Hirosima we Nagasakä atylan atom bombalaryndan, ellinji ýyllardaky Koreýa uruşyndan, altmyşynjy we ýetmişinji ýyllardaky Wýetnam uruşyndan soñam bu täsiriñ zyýanyna garşy çykdy. ABŞ HJBS we HAD bilen hiç wagtam şertnama baglaşmandy. Emma ýewropaly ýaranlary bular arkaly Sowet Soýuzy we onuj ýaranlary bilen bolan çaknyşyklarynda we birnäçe afrika ýurduna, Serbiýa we Orta Aziýa garşy ulanyldy. Ronald Reýgan döwründe başlan, ondan soñky Respublikanlar we Demokratlar döwründe-de partiýaly hem-de bahanasyz tolkunlar bilen dowam eden ikiýan çaýkanyşyñ gürrüñini edýäris. Tramp döwründe ABŞ BMG-nyñ Adam hukuklary Geñeşinden we BMG-nyñ Ylym-bilim we medeniýet guramasyndan (UNESCO) çykdy. Şeýle-de BMG-da Ysraýyla arka durmak we Palestina garşy goranyş çärelerini doeam etdirmek üçin ýygy-ýygydan weto ulanyldy. 2003-nji ýylda Yragyñ okkupirlenmeginden soñ azatlyk azatlygy, adam hukuklary, mediýa, at-abraýly ýokary okuw jaýlary, ylmy-barlag institutlary, haýyr-sahawat guramalary tarapyndan wekilçilik edilen amerikan "ýumşak güýjüniñ" gürrüñini etmek örän kyn ýagdaýa öwrüldi. ABŞ kommunizmiñ we Makkartiniñ döwründe hem-de onuñ yzyndan ýaşlardyr garaýahyzlaryñ gozgalañynyñ basylyp ýatyrylmagy sebäpli raýat hukuklarynyñ bozulmalaryny we Wýetnam uruşyny başdan geçirdi. Emma polisiýanyñ neşirlere bolan basyşynyñ Gazadaky uruş sebäpli bu gezekki ýaly ýowuz bolan döwri hiç bolmandy. Köpçülikleýin lagerlerde müñlerçe adam tussag astyna alyndy. Amerikan polisiýasy häzirem rehim-şepagatsyz hereket edip, azatlyk ugrunda bolýan parahatçylykly çykyşlary äsgermezligini dowam etdirýär. Jöhit meselesiniñ aýratynam ABŞ-daky we Germaniýadaky özboluşlylygy boýunça hiç hili şübhe ýok. Emma Kongresde esasy umumylyga garşy biragyzdan ses bermeler göze dürtülip dur welin, Yrak okkupirlenende-de beýle ýagdaýa gabat gelinmändi. Mesele diñe jöhitlere mahsus däl, şol bir wagtyñ özünde sag ganatyñ güýçlenmegi we liberallaryñ çepe ýa-da nigilistlerdir anarhistler derejesine düşmegi bilen baglanyşykly. Amerikanlar hytaýlaryñ maksatnamalary, ruslaryñ "Wagneriñ" üsti bilen basyp alan we fransuzlaryñ agdarlyşykçylar tarapyndan kowulan Afrikasyny gaýdyp almak bilen gyzyklanýan ýaly bolup görünýär. Emma birinji işleriniñ çaltlyk bilen ösýän agdarlyşykçy harbylaryñ öñüni alyp bilmedik terrorizmi bulen göreşmekdigini pikir edýärler. ABŞ-nyñ Atlantik, Ýuwaş okeanlaryndaky, Hytaý deñzindäki harby bileleşikleri güýçlenýär. Bularyñ düzümindäki halklaram indi näderini bilenok. Çünki amerikan güýjüniñ ýany bilen demokratiýanyñ we durnuklylygyñ ýumşak düşegini öñ düşenip gördüler. Beýleki bir ýandan Russiýanyñ diýdimzorlugyndan we Hytaýyñ "Guşak-Ýol" taslamasynyñ (2013) añyrsyndaky niýetleriñ nämälimliginden gorkulýar. Mesele şudur ki, dagdaky şäheriñ (Beýtulmukaddes) liberal we idealistik özüneçekijilihi indi daşarky syýasata täsir etjek güýje we berklige eýe däl. Emma Russiýa we Hytaýa garşy gegemonlyk pikiri azaldy, amerikanlar bolsa ýumşak taraplaryny görkezmegiñ deregne harby güýç ulananyny gowy görýär. Häzir ýumşak güýjüñ añyrsynda we hatda öñünde, diñe Ýewropada däl, Ýakyn Gündogarda ýüze çykýan harby öñegidişlikler bar. Çaknyşyklarda ýumşak güýje ýer ýok. ABŞ tarapyndan düýbi tutulan dünýä düzgüni goduklaýar we ondan öñem ýumşak güýji goduklaýar! Rydwan SEÝIT, Liwanly syýasaty öwreniji, Liwan uniwersitetiniñ Yslam ylymlary professory. Anna, 04.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |