07:44 Oýun bar! | |
OÝUN BAR!
Publisistika
HADYSALARA seredişimiz, analiz edip bilme formamyz dogry we sagdyndyr öýdemok. Ýönekeý adamlar bilmän biler, emma bärlerde pikir edilişinden has köp adam daşary ýurtlularyñ hasabyna işleýär. Aklymyza sygjak sanda däl. Bolup geçýänleriñ garşysynda öwüsdirilen şemallaryñ köpüsi kontrolly we bilkastlaýyndyr! Belli bir ugra gönükdirme maksatlydyr. Teleýaýlymlarda, gazetlerde, sosial mediýada muña düşünmek olar ýalam añsat däl. Tüýsüñi üýtgedilýän ýurtlaryñ sanawynda iñ ýokarky orunlardadygymyzy biliñ! Sebitde dartgynlylyk möwç alýanam bolsa, sagdyn analizler edilenok. Aýyñ başynda Ysraýyl howadan hüjüm edip, Eýranyñ Siriýadaky konsullygyny bombalady. Sekiz adamyñ wepat bolandygy aýdyldy. Ölenleriñ arasynda Eýranyñ Rewolýusion gwarsiýasynyñ garamagyndaky "Kuddus güýji" goşun bölüminiñ ýokary wezipeli serkerdesi general Muhammet Ryza Zahedi hem bardy. Eýran hadysany "Zahedini nyşana alan terakt" rubrikasy bilen habar berdi. Kasym Süleýmanynyñ 2020-nji ýylyñ ýanwar aýynda öldürilmeginden soñ bolup geçen iñ uly ikinji operasiýady bu. Haýsy tarapdan seretseñiz serediñ, URUŞ YGLAN ETMÄGE sebäp boljak ädim! Eýranyñ jogap bermegi, hatda örän berk garşylyk bilen Ysraýyly awundyrmagyna garaşylýar. Kagtz ýüzünde şeýle bolmak bilen bir hatarda, real durmuşda işlerem, gatnaşyklaram biraz tapawutlydyr. Göze görünýän bilen hakykatda bolup geçýäniñ arasynda tapawut bar... Eýranda şa režimi döwründe Tähranyñ iñ ýakyn gatnaşyk saklaýan merkezi Waşingtondy. Halkyñam ABŞ-na hiç hili nägileligi ýokdy. Tersine, amerikanlara uly simpatiýa bilen seredýärdiler. Ýaşy ulularyñ ýadyna düşýändir, şol döwür ABŞ diñe özüniñ ulanýan "F-14"-lerini diñe EÝRANA berýärdi. Ne Saudlara, ne Ysraýyla ýeke "F-14" berilenokdy! Diñe Eýrana. Ine, şu ýerde-de biziñ düşünmegimiz kyn işler bolup geçdi. Homeýni Türkiýä çenli geldi. Biz bu oýuna gatnaşmadyk. Fransuzlar gatnaşdy, ony Pariže äkitdi. ABŞ bilen arasyndan gyl geçmeýän EÝRANa YSLAM REWOLÝUSIÝASYNY amala aşyrtdylar! KONTRRAZWEDKA diýilýän, ine, şular ýaly zat! Garşydaşyñ elinden uly oýunçyny almak we ýanyñda seýil etdirmekdir. Başardylar... Hem-de YSLAM REWOLÝUSIÝASY bilen... Fransiýa ABŞ bilen göreşine köp ýerde bolşy ýaly ÝAKYN GÜNDOGARDA-da dowam edýärdi. Eýran indi ABŞ-nyñ garşysyndady. Iñ düşünip bolmaýan ýerem şu ýeridi. Töweregimizdäki uruş ABŞ bilen ÝEWROPANYÑ arasynda bolup geçýärdi. Düşünemzokdyk. Gözden sypdyrýan zatlarymyz kändi! Milli Azat-edijilik uruşynda-da şu günki gün aýdylmaly kän jikme-jiklikler bar. Meselem, grekler garşymyza dikilýärdi. Ýagny, öñümize çykarylýardy. Izmirsen girip, Egeýiñ we Anadolynyñ jümmüşine çenli aralaşýardylar. Bu ýerlere gözegçilik etjek güýçleri-de ýokdy, akyllary-da, ukyplary-da, strategiýalary-da ýokdy. Şonda-da çozan-çopan bolup geldiler. Derbi-dagyn ediljekdikleri görnüp durdy. Şeýle-de boldy. Uruşda üstün çykdyk. Howpy başymyzdan sowduk. Täze DÖWLET DOLANDYRYŞ FORMASY bilen ýolumyza dowam etdik, edýärisem. Emma OSMANLYNY ýykan grekler däl-dä! IÑLISLER ýykdy, grekleri-de biziñ garşymyza şolar ýollaýardy. Muny eden korolewa Ýelizawetanyñ adamsy Edinburgyñ gersogy şazada Filippiñ maşgalasydy! Muny görmän-bilmän GRESIÝANY özümize DUŞMAN hasaplaýardyk! Angliýany görmezden öñe gidýärdik, hatda dostlyk gatnaşyklaryny ýola goýupdyk. Şol öñki senari ýene şol öñki akyl tarapyndan Kiprde-de garşymyza çykypdy. OÝUNY GURAÝAN bilen däl-de, oýnaýan bilen gidişýärdik. Gynansak-da... Şeýdik sagdyn akyl bilen HOWPY we DUŞMANY tanap bilemzokdyk. Ornumyzy kesgitlemekden ejiz gelýärdik. Birinji ilik ýalñyş urulansoñ, galany şonsuzam haosdan başga zat däldi. Ýurdumyz şuny başdan geçirýärdi. Şondan soñam üýtgän zat bolmady... Iñlisleriñ oýnuny dowam etdirýän ABŞ hem ÝAKYN GÜNDOGARDA "DUŞMAN" hasaplap boljak topar gözleýärdi. Şonuñ üçijem häzirki ýerleşen ýerlerinde ýeke garyş ýeri bolmadyk jöhitlere DÖWLET gurdurylýardy. Ýakyn Gündogar energetikanyñ ojagydy. ABŞ "Meniñ bilen däl-de, Ysraýyl bilen gidişsinler" diýip, Angliýanyñ arçan ýoluny tamamlady. Araplar, musulmanlar YSRAÝYL bilen çaknyşýardylar, uruşýardylar. Hakykatda bolýan başga, sahnanyñ öñünde bolýan düýbünden başgady... Bizi nädip GREKLERE duşman eden bolsalar, ARAPLARA-da YSRAÝYLY duşman etdiler.... Ýeri bolýar... Eýranyñ içinde ýörite we etniki toparlaryñ üstýnden ABŞ-na, WATIKANa garaşly maşgalalar bardy. Bizde bolşy ýaly... Kripto (ýaşyryn) bölegi kän tanalmaýardy. Bizde-de şeýle... Ýörite habarlar şu pereuloglardan berilerdi. Bilmezdigem. Şular ýaly şertlerse EÝRANyñ TEL-AWIWi bombalamagy gerekdi. Çünki Ysraýtl onuñ KONSULLYGYNY çekinmän-etmän ýer bilen ýegsan edipdi. Ysraýylyñ general Muhammet Ryza Zahediniñ janyna kast etjekdigi EÝRANa habar berildimikä eýse? Öñünden maglumat berilipmidi? Eýranyñ gurnama jogaby bu soragy hökmany berilmegi soraga öwürýär. Haýsy döwlet operasiýa başlandygyny we DRONlarynyñ dört sagatdan soñ nyşanany urjakdygyny aýdýar? NÄME ÜÇIN? Git, senem ur, gaýdyp gel. Ýa-da hiç ädim ätme, dym, otur. "HAMAS"-yñ hüjüminden soñ sebite gelen amerikan harby-deñiz güýçleri ANGLIÝA garşy ädim ädýärdi. Garaşylmadyk ädimler bilen hemmelere signal berilýärdi. Hytaý bilen birlikde hiç kim sesini çykaryp bilenokdy. Eýranyñ añyrsyndaky esasy gol Hytaýa, şondanam Angliýa uzaýardy. Hytaý Ysraýylyñ töweregindäki sebitde juda täsirlidi. Eýranyñ bu ýaranlygy bärik getirmegi bilen Tel-Awiwe gaty kän ýerde hetdini tanadyp biljekdi. Hiç biri synalyp görülmedi. Çünki hiç biri "SAÝRY" hökmünde sebitde ekilmedik ýerde gögerdilen YSRAÝYLYÑ aradan aýrylmagyny islemeýärdi. Edil häzir-ä ABŞ-dan başga muny edip biljek güýç hem ýok. ABŞ-nyñ YSRAÝYLY ýer bilen ýegsan eden wagty, rollary çalşan wagty ÝB bilen HYTAÝYÑ bu ýerlerde güýç birikdirmeginiñ öñüni almagy üçin durmuşa geçirmeli iki hemlesi bardy! Ýa MEZHEP oñşuksyzlyklaryny gaşajak ARAPLAR bilen EÝRANy uruşdyrmalydy ýa-da sebitdäki howp görünişini artdyrýan Tährany ANKARA bilen garşyma-garşy getirmelidi. Özi hiç haçanam gidip EÝRAN bilen uruşjak däldi. MUSULMANLARy tutuşlygyna garşysyna alyp bilmezdi. Ol bu gür adamly tegelek stolyñ başynda hiç haçanam oturmandy, bolmandy. Şol sebäpli Ysraýyl-Eýran dartgynlylygy çyndan däldi! Ysraýyl Eýrany däl-de, onuñ içinde başga koordinatlara işleýänleri we bähbitlerine zyýan berýänleri nyşana aljak bolýardy! Eýranyñ global möçberde aradan aýrylmagy we hereketsiz ýagdaýa getirilmegi diñe we diñe ABŞ-nyñ ara girmegi bilen amala aşyp biljekdi. Bulam hiç haçan boljak zat däldi! Eger YSRAÝYLa 1948-nji ýylda berilen rol yzyna alynyp, kartlar täzeden paýlanjak bolsa, bu diñe TÜRKIÝÄNIÑ öñe çykarylmagy ýa-da ARAPLARyñ EÝRANy howp hasaplap, hemmesi birikende amala aşmalydy. EÝRAN EDIL HÄZIRKI WAGT ÜÇIN YSRAÝYLYÑ ÜSTÜNDEN GURLAN "DUŞMAN DEÑAGRAMLYLYGY" ÜÇIN IÑ ARZAN, IÑ DÜŞÜNIŞIP BOLÝAN, IÑ GARŞYLYKSYZ hyzmatdaş... Eger Ysraýylyñ wezipesi gutaran we ýerine täze "DUŞMAN" tapmaly bolsa, bulam hökman EÝRAN bolar. Sebitiñ ähli hüjreleri bilen gidişip biljek iñ oñaýly ýeke-täk salgy şol ýer. Heniz şol tapgyra gelinendir öýdemok. ABŞ-da beýle inisiatiwa ýok. Häzirlikçe... Deñagramlylygy we göreşi "Ysraýyl-Eýran" diýip däl-de, olaryñ añyrsyndaky güýçleriñ atlary bilen bilmek peýdaly. Hatda 17-25-nji dekabr operasiýalarynyñ baş maksady-da Türkiýe-Eýran ýakynlaşmasydy. Gurlan deñagramlylygy bozup biljek hemle hasaplanýandygy üçin şu ýerde düwmä basylyp operasiýa başlayardy, dartgynlylyk güýjeýärdi. Hem şu ýazanlarymam öñümizdäki günlerde garşymyza içerdäki garpyşyklar bolup çykýardy. Garaşylmadyk üýtgeşmeler bolmalydy. Hem-de ymgyr köp... Ergün DILER. "TAKVIM" gazeti, 16.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |