06:39 Sistema | |
SISTEMA
Publisistika
Eger isleseñiz, gelen soraglaryñ üstüne şu gün biraz açyk we kesgitli gideliñ... Tema Ysraýyl-Eýran dartgynlylygy... Ýagny wekilçilikli garpyşykda öñe çykanlar, aralaryndaky uruş we töweregine syçrama ähtimallygy... Ysraýylyñ Eýrany urmagy Tähran hökümetiniñ abraýyny gaçyrmakdan başga zada ýaramaz. Muña uruşlaryñ taryhyny okan islendik kişi gowy düşünýändir. Ysraýyl bärde öñe sürülýän pyýada. Onuñ añyrsynda ABŞ dur. Tel-Awiw Waşingtonyñ adyndan sebitde uly deñagramlylygy sazlap, öz peýdalaryna dolandyryp otyr. Eýran saýry bolup, garşy tarapda dur. Ýanynda-da "Hamas", "Hizbullah"... Tezis, antitezis ýagny... Bu ýagdaý perdäniñ añyrsyndaky oýny görmez ýaly edýär. Düýnem şuny ýazypdym. Geliñ, has giñişleýin durup geçeliñ we gürrüñi özümiz bilen baglanyşdyralyñ... Häzir hemmeler ýatdan çykardy, ýöne ABŞ-na garşy Germaniýanyñ, Fransiýanyñ, Angliýanyñ bilelikde öñe çykaran INSTEX (The Instrument in Support of Trade Exchanges) sistemasy bardy. Munuñ özi Eýran bilen söwdada dollardan el çekmegi añladýardy. Ýagny, ABŞ-na gös-göni ýumruk salgamakdy. Waşington hökümetiniñ sanksiýa yglan eden Eýrany Germaniýanyñ, Fransiýanyñ, Angliýanyñ ýardamy bilen bu böwedi aşyp geçmelidi. Şol döwür, ýagny 2018-nji ýylda ABŞ-na giden Germaniýanyñ Daşary işler ministri Heýko Maas "Ýewropanyñ indi dünýädäki amerikan agyrlygyny azaltmagynyñ wagty geldi. Syýasy we ykdysady taýdan has güýçli we garaşsyz Ýewropanyñ ýolunda ädimler ädiler..." diýipdi. Ýewropanyñ agyrlygy gaýtadan öz eline almagyny ýanjap aýdan Maas bir makalasynda-da "Daşary syýasatymyzyñ baş maksady hökmürowan we güýçli Ýewropany gurmakdyr" diýýärdi. Ýygy-ýygydan ýatladyp durşum ýaly, Eýranam, Ysraýylam ABŞ-nyñ agzyna seredip durmazdan, Hytaý bilen bir ýola çykdylar. "Hamasyñ" hüjümi Netanýahu hökümetini bu ýoldan yza gaýtarmaga ýeterlik boldy, hatda artykmajam boldy. "Hamasyñ" hüjüminden soñam Eýranyñ dronlaryny ugratmagy bilen emele gelen ýagdaýda-da Hytaý belli-külli hereket ediberenokdy. Iki tarap bilenem gatnaşyklary çuñdy we ýatyrar ýaly däkdi. Ysraýyl diñe ABŞ diýmegi añladanok! Bärde Fransiýanyñam azyndan Angliýa ýaly agyrlygy bardy! Ýakyn Gündogarda iki ikiñ elmydama dört bolup duranokdy ýagny... Eýran boýunça INSTEX ýaranlygynyñ meñzeşi Hytaý üçinem ýöreýärdi. ABŞ strategik taýdan Ýewropa bilen Hytaýyñ dil tapyşmagynyñ, güýç birikdirmeginiñ öñüni almak isleýärdi. Eger bu iki uly güýç birikse, ABŞ üçin yza tesişlik başlajakdy we çagşaýyşa barýan gapylar açyljakdy. Muña düşünmek üçin geniý bolmagyñ geregi ýok. Ýewropa bilen Hytaýyñ el-ele beren pursatyndan soñ Russiýa diýen zatdanam nam-nyşan galanokdy! Putinem muña göz ýetirjek derejede akylly adamdy. Şol sebäpli ABŞ-dan onçakly uzaga gitmeýärdi, gidenoklardy! Ýazylýan, aýdylýan zatlara seretmäñ siz... Jo Baýden saýlanyp Ak Tama gelenden soñ dünýäniñ ritmini sazlaýan üç ýygnanyşyk geçirildi. Birinjisi Alýaskada... ABŞ Hytaý bilen tegelek stolyñ başyna geçdi. Yzyndan Baýden Ženewada Putin bilen duşuşdy. Baýdeniñ ABŞ-nyñ prezidenti bolandan soñ birinji resmi sapary Angliýada geçdi... Kararlara şu merkezlerde gelinerdi, dünýäniñ galan bölegi-de muña eýermelidi. Galany biderekdi. Ýazylan senari üýtgemeli däldi. Muny bilýändigim üçin uzak wagt bäri "Sebit üýtgär" diýip ýazýaryn. "Hamasyñ" 7-nji oktýabrdaky hüjüminden soñam yzygiderli aýdyp gelýärin. Öñräk "Prezident Erdogan gidip, Baýden bilen ikiçäk, gerek bolsa sagatlap gürleşmeli" diýip ýazdym. Bu hökman gerekdi. Sebit üýtgemelidi. Köne bulwarlar ýykylyp, täzeleri gurulmalydy. Ýalñyşýan däldirin diýip pikir edýärin. Uly ähtimallykda ABŞ bu ýerleri üýtgetmek islär, emma özi öñde bolmaz. Sebitiñ esasy oýunçylary razy edilip, sebit soñ şekillenmelidi. Angliýa-Fransiýa ýaranlygy Saýks-Pikot bilen sebiti jedwelli we iñ soñky derejede bulam-bujar halda gurdy. Bir maşgaladan holan adamlaryñ arasyndan serhet geçýär. Şular ýaly ýagdaýda kürtlere ýer berilmändi. Täze oýunda munuñ öñüni hökman aljakdylar. Kürt karty Yrakda, Siriýada, Türkiýede, Eýranda peýdalydy. Bilýärdiler. Taýýarlyklary bolsa uzak wagtdan bäri görülýärdi. Eýranyñ üstünden okanda düşünip bolşy ýaly, ABŞ Ýewropa bilen Hytaýy bärlerde güýçli aktýor hökmünde göresi gelenokdy. Şol sebäpli-de goraglaryny şu ýerlerddn başlapdylar. Hytaý bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan ykdysady we syýasy tarapdan Ýewropa bileleşiginiñ strategiki taýdan birinji orna goýýardylar. Bu netije tebigy taýdan Hytaýyñ agsamagy diýmekdi. "Chathamhouse" Eýranyñ eden hüjümi boýunça möhüm makala çap etdi! Analizde "Eýranyñ niýeti Ysraýyla zyýan ýetirmek bolsa, harby operasiýalarynyñ esasy prinsipi bolan garaşylmadyk faktoryny bozmazdy. Emma boldy. Näme etjek bolýandyklaryny Waşingtona, birnäçe Arap we ýewropa ýurtlarynyñ paýtagtyna telegramma bilen mälim etdi. Hüjümiñ çäklendirilen ýagdaýda gyýtaklaýyn ediljekdigine kepil geçdi" diýilýär. Soñundanam Eýrana Napoleonyñ "duşmanyñ ýalñyşanda asla sözüni kesäýmäñ" sözi ýatladylýar. Jemlemesinde-de "Ysraýyl palestin halkyny köpçülikleýin jezalandyryp, Gazada juda uly we bagyşlap bolmajak ýalñyşlyklary goýberýärdi, emma Eýranyñ hüjüminiñ yzysüre Günbatar Tel-Awiwiñ arkasynda jemlendi" diýilýär. Ysraýyl Siriýada Eýranyñ konsullygyny bombalaýar, uruş yglan etmäge sebäp döredýär, muña garşy oýundan jogap beren Eýran dünýä habar beriş serişdeleriniñ top okuna tutulýar. Ynanar ýaly zat däl. Bir el düwmä basylýardy we Eýran tutanýerlilik bilen "Saýry" ýagdaýyna düşürilýärdi. Bütin dünýäniñ habar beriş serişdelerinde Tähranyñ beren garşylyklaýyn jogaby birinji habar bolup çykýardy. Ýeke adamyñ bitiniñ burny ganamandy, ýeke adamyñ ömür tanapy üzülmändi, ýeke ýarag sesi eşidilmändi. Şonda-da Eýran dilden düşenokdy. Şundan täsin zat bolup bilermi! Hakykatdanam täsin ýagdaýy başdan geçirýärdik. Ähli sebäplerden üçrib Erdogan Baýden bilen aç-açan gürleşmelidi. Ýakyn Gündogarda Ýewropa bileleşigi bilen Hytaý islenenokdy we munuñ üçin Eýran didiwana mündüriljek bolsa, işiñ bir ujy hökman Türkiýä gelip diräýmelidi. ABŞ düýnem ýazyşym ýaly, muny araplar bilen, Ysraýyl bilen, Türkiýe bilen bilelikde etjek bolar. Birnäçe hemleden soñuny görüp, soñ ädim ädilmelidi. Bular ýaly karara gelinen bolsa, Russiýa Eýrany tanamaly däldi! Kömek etmeli däldi. Hytaýam Tährana asla "Garaş maña, barýaryn" diýmeli däldi! Uzak wagtlap utan tarapyñ şu blok boljagyny ýazyp gelýärin. Emma biziñ bu oýnalýan oýunlara gowy düşünip, alybildigimizçe artykmaç mümkinçiligi ele salmagymyz gerek! Hökman gerek! ABŞ gelip Ýewropa bilen Russiýanyñ arasyndaky Demirgazyk gaz geçirijilerini kesip zyñdymy? Zyñdy. Tramp-Pompeo "Näme bu INSTEX? Ýok ediñ, gözüm görmesin" diýdimi? Diýdi... Ýok edip, zibile zyñyldymy? Bolman näme... Ankara hem boljak zatlaryñ dükürdisini eşidip duranlygyndan bolsa gerek, Pars aýlagy ýurtlary bilenem, Müsür bilenem arasyny sazlady. "Hamas" ABŞ-Ysraýyl üçin "saýrydy". Syýasy yslamçylaryñ merkezi ýalydy. Türkiýe onuñam arkasynda durmakdan el çekdi. Beýleki toparlaram elini-aýagyny çekdi. Ýeke Eýran galdy. Düýnem ýazyşym ýaly 17-25-nji dekabr operasiýalarynyñ düýp maksatlarynyñ biri ýakynlaşýan Türkiýe-Eýran gatnaşyklarynyñ arasyna tow düşürmekdi. Eýran pes profilde "urulmakdan goranjak" bolýar. Bu görnüp duran zat. ABŞ-nyñ nädereje kararlydygy belli däl. Emma Türkiýäniñ sebitiñ üýtgejekdigini bilmegi we şoña görä stoluñ başyna geçmegi gerek. Eýran karty stola oklansa, bizi hökman işiñ içine çekerler. Şübhäñizem bolmasyn. Sünni bileleşik bilen Eýranyñ garşysyna blok çykararlar. Munuñ özi uly uruşyñ öñüsyrasynda oýunlary sarsdyryp taşlaýan regional hemle bolar. Telim gezek nygtap aýdyşym ýaly, muña ABŞ guramaçylyk eder, eger işler bulaşyp başlasa, diñe şonda ara girer! Ilkibaşda Ysraýyla, Saudlara, Müsüre, Pars aýlagy ýurtlaryna, Türkiýä rol beriler. Dartgynly sebit biziñ çäklerimizde boljagy üçin müñ gezek oýlanyp bir gezek hereket etmeli ýagdaýymyz bar... Günbatar mediýasyna gulak salsañ-a, tupan eýýämden turjaga meñzeýär. Turmaz diýip umyt edeliñ. Eger beýle bolsa, Türkiýe örän jogapkärli döwre gadam basar. Juda akyllylyk, sowukganlylyk, pähimlilik,, giñ gurşawlylyk, zehinlilik bilen oýun çözüji frekansda galmaly... Içimizdäki bolgusyz çekişmelerem haýal etmän soñlanmaly... Ünsden daşa düşmejek bolmaly... Ergün DILER. "TAKVIM" gazeti, 17.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |